IŞ DEPGINI ÝOKARY
Daşoguz şäherindäki motor abatlaýyş kärhanasy welaýatymyzyň iri senagat kärhanalarynyň biri hasaplanýar. Bu ýerde 60-a golaý işçi-hünärmen agzybirlikli zähmet çekýär. Olar oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny düýpli abatlamak, zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary ýasamak bilen meşgullanýarlar. Kärhanada «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji aýynda 220 müň manatlykdan gowrak iş edildi. Öndürilýän önümleriň arasynda ýetip gelýän ekiş möwsüminde ulanylmagy zerur bolan borona dişleri, çil ýumşadyjylaryň dişi, azalyň lemehleri, dürli ölçegdäki nurbatlar, podşipnikler bar. Kärhananyň işçilerinden ussalar Ýagşygeldi Atanepesow, Döwletmyrat Jumabaýew, Ruslan Ýaňabaýew, Atabaý Amanow, kebşirleýjiler Atagurban Atagurbanow, Ökdem Reýimbaýew dagy öndürijilikli işlemek bilen köplere görelde görkezýärler.
* * *
AGYZ SUW ÜPJÜNÇILIGI GOWULANÝAR
«Daşoguzagyzsuw» birleşigi boýunça «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji aýynda 670 müň kub metrden gowrak arassa içimlik agyz suwy öndürildi. Birleşik öz düzümine Daşoguz hem Köneürgenç şäher agyz suw müdirliklerini, şeýle hem etrap agyz suw bölümleriniň 9 sanysyny birleşdirýär. Olarda dik guýularyň 424 sanysy öndürijilikli işledilýär. Birleşigiň müdirlikleriniň we bölümleriniň suw çeşmelerinde bir gije-gündiziň dowamynda 21902 kub metr arassa agyz suwy öndürilip, sarp edijilere ýetirilýär.
* * *
ÜMZÜGI ILERLEÝÄN KÄRHANA
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem hususy telekeçilik işi has giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň gaýtadan işleýän önümçiligi işjeň ýola goýmak barada berýän maslahatlaryndan ugur alyp, bu babatda döredilen mümkinçiliklerden peýdalanýan telekeçiler pudaga dahylly möhüm wezipeleri durmuşa geçirýärler. Olaryň hatarynda «Çemenli daglar» hususy kärhanasynyň durmuşa geçirýän işleri bellenmäge mynasypdyr. Kärhanada her günde gök we beýleki önümleri salmak üçin niýetlenen gaplaryň 2500-den gowragynyň öndürilýändigini bellemek ýerliklidir. Kärhananyň önümleri welaýatymyzdaky we ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaky ýyladyşhanalaryna ugradylýar.
Bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler işiň talabalaýyk hil derejesini üpjün etmek üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Bu bolsa her günde gazanylýan netijeleriň ýokary bolmagyna mümkinçilik berýär. Kärhananyň işçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler. Işleriň göwnejaý alnyp barylmagy bolsa, bu maksadyň hasyl boljakdygyna ynam döredýär.
Islendik ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagynda ykdysadyýetiň beýleki gurallary bilen birlikde pul-karz syýasatyna-da aýratyn orun degişlidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň banklary tarapyndan edara-kärhanalara we ilata berilýän karzlaryň möçberleri yzygiderli artdyrylýar, möhleti uzaldylýar. Şeýlelikde, kärhanalaryň maliýe mümkinçilikleri ýokarlanýar, göz öňünde tutulan maksatnamalar üstünlikli ýerine ýetirilýär, önümçiligi düşewüntli dolandyrmaga zerur bolan amatly şertler döredilýär.
Karz edaralary tarapyndan berilýän karzlar bir gezekde ýa-da karz ugruny açmak görnüşlerinde berilýär. Karz ulgamy tarapyndan ykdysadyýetiň pudaklaryna, şol sanda döwlete dahylsyz bölege berilýän karzlar olara ýeterlik möçberde dolanyşyk serişdelerini almaga, önümçilik maksatly işleri çaltlandyrmaga, öňdebaryjy tehnikalary we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ýokary ykdysady netijeliligi gazanmaga, durnukly ösüşe saldamly goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Raýatlara ýeňillikli şertlerde berilýän karzlar olaryň harytlara, hyzmatlara ösen isleglerini kanagatlandyrmaga, has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga amatly şertleri döredýär. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň karz edaralary soňky ýyllarda karz syýasatyny döwrüň talabyna laýyklykda we dünýäniň ösen döwletleriniň tejribelerine esaslanyp, yzygiderli kämilleşdirýärler. Bu ugurda karz edaralarynyň hyzmatlar bazarynda halkara karz institutlarynyň tejribesini öwrenmekleri, milli ösüş aýratynlyklarymyzy göz öňünde tutup, olary bank önümçiligine ornaşdyrmaklary maksadalaýyk ýagdaýdyr. Şunda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» aýratyn ähmiýete eýedir. Karz amallarynyň sanlylaşdyrylmagy diňe wagty we serişdeleri tygşytlaman, eýsem, karzyň maksada görä ulanylyşyna gözegçiligi ýola goýmaga, ýüze çykarylan kemçilikleri çalt düzetmäge, karzyň ykdysady ösüşdäki ornuny we ähmiýetini ýokarlandyrmaga täze mümkinçilikleri döredýär. Milli ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçirilýän döwründe banklaryň karz gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär we täze görnüşleri peýda bolýar. Olaryň arasynda şahsy hojalygyny ýöredýän müşderilere goldaw bermek maksady bilen, kiçi göwrümli karz hyzmatlarynyň ýola goýulmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Kiçi göwrümli karzlar mellek ýeri, kömekçi hojalygy ýa-da bellenilen tertipde bölünip berlen ýer bölegi bar bolan raýatlara 30 müň manada çenli ýyllyk 10 göterimine, 6 aý ýeňillikli döwür bilen, 3 ýyla çenli möhlete berilýär. Karzyň üpjünçiligi hökmünde tölege ukyply üçünji tarapyň zamunlygy ýa-da girew emlägi kabul edilýär. Bu karzlaryň berilmegi ýurdumyzyň welaýatlarynyň oba ýerlerindäki kiçi önümçilikleriniň ýa-da önüm öndürijileriň ýerli çig mallar bilen üpjün edilmegine amatly şertleri döredýär.
Soňky ýyllarda banklar tarapyndan ýurdumyzyň raýatlaryna karzyň täze görnüşleri hödürlenýär. Olardan «Overdraft», «Talyp karzyny», ipoteka, ýaş maşgalalar üçin, sarp ediş we kiçi göwrümli beýleki karzlary görkezmek bolar. Täze ýola goýulýan döwrebap hyzmatlar nagt däl hasaplaşyklar arkaly bank kartlaryndan goşmaça girdeji almaga mümkinçilik berýär. Olaryň ykjam telefonlara ornaşdyrylan ýörite programma arkaly dolandyrylmagy, bank kartynda ýeterlik serişde ýok mahalynda, indiki aý geljek serişdeleriň 50 göterimine çenli karz berilmegi, tölegli esasda bilim alýan talyplaryň okuw üçin tölegleriniň, banka barmazdan, internetiň üsti bilen geçirilmegi we karzlaryň dürli görnüşlerini almak üçin resminamalaryň bankyň resmi internet sahypasynda onlaýn ýüzlenme arkaly ýollanmagy müşderileriň wagtyny ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň banklary tarapyndan karz gatnaşyklaryny kämilleşdirmek bilen bagly geçirilýän çäreleriň ählisi kärhanalaryň we raýatlaryň karz serişdelerine isleglerini öz wagtynda, doly derejede kanagatlandyrmaga, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Baýramdurdy TAÝHAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda döwrümiziň bagtyýarlygy, durmuşyň belent derejesi, giň möçberli tutumlar ildeşlerimiziň ýagty ertirlere bolan ynamyny artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýene uly tutumlara badalga berilýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji mejlisinde Gahryman Arkadagymyz fewral aýynyň başynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi hem-de geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň Maksatnamasyna seretmegi we tassyklamagy teklip etdi. Maksatnamada geljek 30 ýylda ýurdumyzy mundan beýläk-de ähli ugur boýunça ösdürmäge, ilatyň durmuş goraglylygyny berkitmäge gönükdirilen wezipeler kesgitleniler. Ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip gurmak arkaly durnukly ösüşi üpjün etmek, munuň üçin ähli serişdeleri we mümkinçilikleri doly peýdalanmak, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar gatnaşyklary şertlerinde ornaşdyrmagy çaltlandyrmak, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky wezipeler uly ähmiýetlidir.
Täze ösüşleri nazarlaýan Maksatnamanyň taslamasynda sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzyň ykdysady-geografik ýerleşişiniň amatlyklaryndan netijeli peýdalanyp, multimodal ulag geçelgelerini we ugurlaryny döretmäge, bu ulgamyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün etmäge uly üns gönükdirilýär. Geljek döwürde netijeli maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek işlerini dowam etmek bellenilýär.
Geljek 30 ýyla gönükdiriljek Maksatnamanyň düýp özeninde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi durýandyr. Bu Maksatnama halkymyzyň döredijilikli işi, oňaýly ýaşaýşy we dynç alşy üçin amatly şertleriň döredilmegine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdiriler.
Nesip bolsa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemi jemlenip, şu ýyl üçin wezipeleri kesgitlemek boýunça meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeler-ösüşler beýik maksatlary nazarlaýar. Bu bolsa halkymyzyň döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilmegini özünde jemleýän ýokary ösüşi bolan kuwwatly döwletde amal edilýän beýik işlerdir.
Oguljan ATDAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.