Ýene-de bir ýyl taryh gatyna siňdi. 2020-nji ýylda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ösüşler gazanyldy we ykdysady kuwwatyň durnukly ýagdaýda galmagyny üpjün edildi. Bu elbetde, hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasy, ykdysady, maliýe we medeni ulgamlarda alyp barýan syýasatlarynyň netijeleridir.
Döwletimiziň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň uludan bellenmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna ählitaraplaýyn we giňden taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly işlere badalga berilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde milli parlamentiň 2 palataly ulgama geçirilmegi bilen baglanyşykly Konstitusion kanuna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň biragyzdan kabul edilmegi we beýlekiler geçen ýylyň möhüm wakalarynyň hataryna girdi.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk ýyllarynda gazanan ýokary netijeleri, ýeten belent sepgitleri mynasybetli biz şu makalamyzda käbir pudaklarda gazanylan üstünlikler barada gürrüň açmagy makul bildik.
Arkadagyň suw diplomatiýasy rowaçlanýar
Suw — ýaşaýşyň çeşmesi. Ol düýn hem şeýledi, bu gün hem şeýle, ertir hem şeýle bolmagynda galar. Gadymy döwürlerden häzirki günlere çenli diriligiň özeni hasaplanan suw serişdeleri islendik döwletiň, sebitleriň, bütin dünýäniň howpsuzlygyna, ykdysadydyr durmuş babatdaky ösüşine gönümel täsir edýär. Ösüşleriňdir ýaşaýşyň ählumumylaşýan we täze ülňülere geçilýän häzirki zaman şertlerinde suwa bolan islegleriň yzygiderli ýokarlanmagy, onuň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly meseleleri-de emele getirýär. Olaryň oňyn çözülmegi bilen baglanyşykly tagallalaryň durmuşa geçirilmegi bolsa, sazlaşykly, jogapkärçilikli we uzakmöhletli maksatnamalary işläp düzmegi talap edýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň tagallalarydyr öňdengörüjilikli we sebitiň bähbitlerine hyzmat edýän parasatly suw diplomatyýasy netijesinde, Türkmenistan öz üstüne düşýän borçlarydyr wezipeleri gyşarnyksyz berjaý edýär. Sebitiň suw gorlaryndan netijeli we aýawly peýdalanmak, serhetüsti suw çeşmeleriniň goraglylygyny ýokarlandyrmak milli Liderimiziň suw diplomatiýasynyň özeninde orun alýar. Sebitiň suw serişdeleriniň Aral basseýnindäki altmyş million töweregi ilatyň ählisiniň hem bähbitlerine deň derejede hyzmat etmegini gazanmak babatdaky tagallalaryň we onuň rowaçlanmagy ugrundaky başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiligi, halkara guramalardyr maliýe institutlar tarapyndan ýokary goldawa eýe bolmagy Gahryman Arkadagymyzyň adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen syýasatynyň dabaralanmasydyr. Şeýle bolansoň 2017 — 2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde amala aşyrylan işler bu ugurda gazanylan üstünlikleriň girewi bolmak bilen, onuň geljekki ilerlemelerine-de esas döretdi.
Türkmenistan sebitde suw diplomatiýasynyň öňbaşçylarynyň biri hökmünde çykyş etmek bilen, bu gün tutuş adamzadyň meselesine öwrülen suw serişdelerinden ýerlikli peýdalanmakda we onuň gorlaryny aýawly saklamakda täzeçe çemeleşmeleri öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen BMG-niň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş boýunça sammitinde, BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň howpuny peseltmek boýunça Ýaponiýada geçirilen III Bütindünýä maslahatynda we Koreýa Respublikasynda bolup geçen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden başlangyçlary şeýle çemeleşmeleriň käbirleridir. Bu iri halkara forumlarda öňe sürlen pikirleriňdir garaýyşlaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan oňyn garşylanmagy bolsa Türkmenistanyň suw serişdeleri babatda eýeleýän ornunyň üýtgewsizdigini we suw babatdaky türkmen diplomatiýasynyň netijeli aýratynlyklaryny tassyklaýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny we BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipleri hem Merkezi Aziýanyň ekologiýasyny goramak, şonuň bilen birlikde-de, Aral deňziniň dünýä ekologiýasyna edýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almak babatda derwaýys ädim hökmündäki aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň döredilmeginiň taryhy ähmiýeti dogrusynda pikir edeniňde bolsa, bu gaznanyň netijeli işlemeginde, sebitiň ekologiýasyna we oba hojalygyna Aralyň oňaýsyz täsirlerini azaltmakda onuň ähmiýetini artdyrmakda, Aral basseýni ýurtlarynda tokaý zolaklaryny has köpeltmekde Türkmenistanyň jedelsiz täsirlerini görmek bolýar. Ýadyňyza düşýän bolsa, gürrüňi edilýän gazna Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy tarapyndan döredilipdi.
2008-nji ýylda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna BMG-niň Baş Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmeginde hem Türkmenistanyň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täsiri ýokary bolandygy jedelsiz hakykatdyr. Gürrüňi edilýän gazna Milletler Bileleşiginde berlen synçy derejesi onuň diňe bir sebitdäki täsirliligini artdyrman, eýsem, halkara guramalar, maýa goýujy döwletler, ekologiýa gaznalary, halkara maliýe institutlary bilen Aral meselesi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine-de oňyn täsir etdi. Şonuň netijesinde geçen döwrüň içinde we Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde bu babatdaky maksatnamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi we geçirilmegi dowam edýär. Muňa «Aral deňzi sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň maksatnamasynyň», BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisinde tassyklanylan «Aralyň guramagynyň netijelerini aradan aýyrmak we Aralyň ýakasynda ekologiýa ulgamynyň heläkçiliginiň öňüni almak boýunça çäreleriň maksatnamasynyň» tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýändigini mysal getirmek hem ýeterlik bolsa gerek.
Häzirki döwürde Türkmenistanda we Aral basseýniniň beýleki döwletlerinde sebitiň, hatda dünýäniň ählumumy meselesine öwrülen gurap barýan Aral deňzi babatdaky wezipeleri çözmekde aýgytly çäreler, anyk ädimler, netijeli başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň toplan tejribelerine aýratyn ähmiýet berilmegi ýöne ýerden däldir. Çünki ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu mesele bilen baglanyşykly giň möçberli döwlet maksatnamalary we taslamalary amala aşyrylýar. Şeýle maksatnamalaryň we taslamalaryň çäklerinde Türkmenistan sebitlerde häzirki zaman durmuş-ykdysady ulgamlaryň döredilmegine, ilatyň iş bilen üpjünçiligine, daşky gurşawyň goralmagyna ägirt uly serişdeler gönükdirýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasy» şeýle çäreleriň diňe käbiridir. Ýurdumyzda emeli we tebigy tokaýlary köpeltmek, Daşoguz welaýatynyň Bötendag sebitinde ýigrimi müň gektar meýdanda tokaý döretmek bilen, Araldan göterilýän duzuň ýurdumyzyň ekologiýasyna we oba hojalygyna edýän täsirini azaltmak, netijede bolsa diňe bir Türkmenistanyň däl, sebitiň ekologiýasynyň goraglylygyny güýçlendirmek häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň bu babatdaky esasy talaplarynyň biri bolmagynda galýar.
Merkezi Garagumda döredilen ägirt uly gidrotehniki toplumyň, ähli welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň şor suwlaryny toplamaga niýetlenen çylşyrymly gidromelioratiw desganyň — «Altyn asyr» Türkmen kölüniň birinji nobatdakysynyň işe girizilmegi, ikinji nobatdakysynyň bolsa gurluşygynyň dowam etdirilmegi Türkmenistana bolşy ýaly, tutuş Merkezi Aziýa döwletleri üçin-de aýratyn ähmiýetli bolmagynda galýar. Bu iri taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi diňe bir Diýarymyzyň oba hojalygy üçin täze mümkinçilikleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň ekologiýa abadançylygyna täsirini ýetirer.
Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, howanyň duýulýan we garaşylýan üýtgemelerine uýgunlaşmak boýunça bellenen wezipeleriň durmuşa geçirilmegine, Araly halas etmek boýunça konwensiýany durmuşa ornaşdyrmaga, Durnukly ösüşiň wajyp hasaplanýan «Açlygy ýok etmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we iýmitlenmegi gowulandyrmak hem-de oba hojalygynyň durnukly ösüşine ýardam bermek» we «Hemmeler üçin suw serişdeleriniň bolmagyny we rejeli peýdalanmagyny üpjün etmek» ýaly esasy maksatlarynyň gutarnykly durmuşa ornaşdyrmakda hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň suw diplomatiýasyny toplumlaýyn esasda durmuşa geçirmekde örän ähmiýetlidir. Şonuň üçin «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde özleşdiriljek ekerançylyk hem maldarçylyk toplumlaryna suwdan peýdalanmagyň innowasion häsiýetli tygşytly görnüşleri ornaşdyrylar.
«Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň», şeýle-de «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginiň dowamly ýagdaýa öwrülmegi, durmuş-ekologiýa ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagyna berilýän aýratyn ähmiýet, ilaty arassa agyz suw bilen üpjün etmek, çölleşmä garşy göreşmegiň, biologik köpdürlüligi gorap saklamagyň çäklerinde giň möçberli tokaý zolaklarynyň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawyň goraglylygyna berýän üýtgewsiz ähmiýetini görkezmek bilen birlikde, sebitiňdir yklymyň ekologiýa abadançylygyna Türkmenistanyň goşýan aýratyn uly goşandy bolmagynda galýar. Bu bolsa Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň Aralyň bioňaý täsirleriniň netijelerine garşy göreşmäge hem-de Aral sebitinde ekoulgamyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almaga, biodürlüligi goramaga we tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmaga, sebitiň altmyş milliony töwerekleýän halklarynyň ykdysady-durmuş goraglylygyna goşant goşmaga gönükdirilendir. «Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň täze maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň gurluşyny hem-de hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça sebitleýin iş toparynyň üçünji duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşylan hem-de ylalaşyk gazanylan şu we şuňa meňzeş meseleleriň ençemesi geljekde Aral meselesinde has-da öňegidişlik gazanmakda ähmiýetli orun eýelär. Bularyň ählisi sebitiň halklarynyň ählumumy abadançylyk we rowaç ösüşler babatdaky maksatlaryna hyzmat edýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ýagdaýda saklamaga ýardam eder. Maksatlaryňdyr tagallalaryň şeýle oňyn netijelerde birleşmegi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň suw hem-de sebitiň ekologiýasynyň abadançylygy ugrunda öňe sürýän syýasatlarynyň baş maksadyny emele getirýär.
Köpugurly özgertmeleriň täze tapgyry
Häzirki zaman dünýäsinde, iň azyndan, öz halkyny ekläp biljek derejede azyk önümlerini öndürmeýän döwlet, garaşsyz döwletdigine garamazdan, daşarky bazarlara garaşly bolmaga mejburdyr. Çünki garaşsyz döwlet bolmak üçin çäk bitewiligi esasy şertleriň biri bolsa-da, ýurduň doly manysyndaky garaşsyzlygyny gazanmak halkyňy azyk önümleri bilen üpjün etmegi hem talap edýär. Ykdysadyýeti güýçli döwletler-de halkyny azyk harytlary bilen doly üpjün edip bilmedik ýagdaýynda, maliýe babatdaky kuwwatyna garamazdan, kynçylyk çekip bilýärler. Bu bolsa geljekde olaryň durmuş üpjünçiliginiň, ykdysady ösüşiniň gowşamagyna getirýär.
Şu güne çenli bütin dünýäde ykdysady ösüşe oba hojalyk we azyk senagaty pudagy esas döretdi. Çünki bu pudak geçmişdir geljek bilen berk baglanyşyklydygy sebäpli, ykdysady ösüşiň düzümini üpjün edýän pudakdyr. Şonuň üçin hem beýleki pudaklara garanyňda bu pudagyň ähmiýeti has uludyr. Onuň sebäbini azyk önümçiliginiň gönüden-göni adamyň saglygy bilen baglanyşyklydygy, onuň ýaşamak üçin esasy zerurlyk bolup durýandygy, hiç hili ýagdaýda-da bazarlary azyk bilen üpjün etmek meselesini soňa süýşürip bolmaýandygy bilen düşündirip bolar. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalygyny ösdürmek, galla garaşsyzlygyny gazanmak üçin hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanda oba hojalygynda özgertmeleriň uly toplumy durmuşa geçirildi we geçirilýär.
Ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ilatyň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak, gaýtadan işleýän pudagy çig mal bilen üpjün etmek, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak we täze hojalyk gatnaşyklaryny kemala getirmek, şonuň netijesinde-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak wezipesi durýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge daýhan birleşiklerini we fermer hojalyklaryny, telekeçilik başlangyçlaryny döwlet tarapyndan goldamaga, oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberini durnukly artdyrmaga gönükdirilen täze oba hojalyk syýasaty yzygiderli hem-de netijeli durmuşa geçirilýär. Bu ulgamda edilmeli işleriň, ýetilmeli sepgitleriň sanawy «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» anyk görkezilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen daýhanyna işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, eşretli durmuşda ýaşamaga döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda öndürilýän bugdaýyň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, dünýäniň ösen tehnikalary bilen yzygiderli üpjün edilip durulmagy, tehniki hyzmatyň, tohumyň, döküniň elýeter bahalardan berilmegi, tarp ýerleriň özleşdirilip, täze ekerançylyk ýerleriniň açylmagy topragyň hasyllylygynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirdi. Türkmenistan häzirki wagtda öz azyk howpsuzlygyny doly üpjün edýän kuwwatly döwlete öwrüldi we özünden artan gallasyny dünýä bazarlarynda satmaga mümkinçilik gazandy.
Halkyň, şonuň bilen birlikde-de döwletiň abadan durmuşyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolan azyk garaşsyzlygyna önjeýli goşant goşýan oba hojalygy ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy pudagy bolmak bilen, ol, esasan, iki wezipäni özünde jemleýär: birinjiden, ýurdumyzyň ilatyny azyk önümleri bilen üznüksiz üpjün edýär, ikinjiden, senagat kärhanalarynyň çig mal gorlaryny emele getirýär. Olaryň netijeleri bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oba hojalyk syýasatynyň baş maksatlarynyň biri bolan oba ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga şert döredýär. Şonuň üçin döwlet durmuşynyň ähli döwürlerinde-de oba hojalyk pudagyny ösdürmek esasy mesele bolmagynda galýar.
Türkmenistanda oba ilatynyň şäher ilatyna garanyňda agdyklyk edýänligi sebäpli, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň girdejilerini artdyrmak diýmek, tutuş ýurduň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy diýmekdir. «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda önümçilik düzümlerini artdyrmagyň, eksportyň möçberlerinidir görnüşlerini ýokarlandyrmagyň we onda oba hojalyk hem-de azyk harytlaryna aýratyn orun berilmeginiň döwletimiz üçin örän wajyp meseledigini görkezýär.
Bir döwürler ýeralmanyň, miwe önümleriniň, ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän pomidordyr hyýaryň, gaplanan süýt hem süýt önümleriniň, azyklyk bugdaýyň... agramly bölegini daşary döwletlerden satyn alan Türkmenistan bu gün şeýle önümler bilen diňe bir içerki bazarlary üpjün etmek bilen çäklenmän, olary eksporta ugratmaga-da mümkinçilik tapdy. Bu gün türkmen telekeçileri häzirki zamanyň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhanalarda ýetişdiren pomidorlaryny daşary döwletleriň ençemesine uly möçberlerde ugradýar. Bu gün türkmen telekeçileri islendik görnüşdäki çig maly, gaýtadan işlemek arkaly, taýýar önüme öwrüp, mundan 30 — 35 ýyl öň hem biziň üçin elýetmez görnen harytlar bilen içerki bazarlarymyzy üpjün edýär. Käbir önümleri bolsa, öň ony özlerinden satyn alan döwletlerimize eksport edýär.
Eýsem, oba hojalygynda, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, eksporty artdyrmakda gazanylan bu ösüşler öz gözbaşyny nireden alyp gaýdýar?!
Oňa, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletimiziň ykdysadyýetiniň bazar ykdysadyýetine esaslanýandygynyň şöhlelendirilmegi esas döretdi. Bu öz-özüňi dolandyrmak, halkyň durmuş üpjünçiligini berkitmek, ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmak üçin döwlet tarapyndan saýlanyp alnan iň dogry hem iň bähbitli ykdysady ugurdy. Şonuň netijesinde Türkmenistanyň oba hojalygy gysga döwrüň içinde düýpli özgertmeleri başdan geçirdi. Daýhanlara mülk ýerleri berildi, daýhan hojalyklary döredildi, fermer hojalyklary işe girizildi, ýöne bu ýerde ýene bir mesele, onda-da derwaýys mesele ýüze çykýardy. Türkmenistanda oba hojalygyny hususylaşdyrmakda juda oýlanyşykly ädim ädilmelidi, çünki döwletimizde ýer serişdeleri ýeterlik bolsa-da, suw serişdeleriniň ýerlikli, tygşytly peýdalanylmagy zerurdyr. Tarp ýerleri özleşdirmek, öň ulanylmadyk ýerleri ekin dolanyşygyna girizmek meselesi daýhanlaryň güýji ýeterden birbada agyrrakdy. Şu ýerde-de döwlet Baştutanymyz öňdengörüjilikli çözgüdi orta atdy. Milli Liderimiz ýeriň daýhanlara uzak möhletleýin kärendesine ýa-da ulanmaga berilmelidigini, şonuň netijesinde daýhanlaryň tarp ýerleri tapgyrlaýyn özleşdirip biljekdigini öňe sürdi. Suw üpjünçiligi meselesini çözmek hem-de ondan tygşytly peýdalanmak üçin bolsa mümkin bolan ähli ýerlerde suwaryşyň damjalaýyn usulyny ulanmagy degişli ýolbaşçylardan talap etdi. Munuň üçin ähli mümkinçilikleridir goldawlary elýeterli etdi. Döwletimiziň daýhanlara berýän goldawlary, elbetde, munuň bilen çäklenmedi. Uly möçberde ýer böleklerini alan daýhanlarymyza ýerleri özleşdirmek, ekin dolanyşygyny giňeltmek, olaryň tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak üçin ýeňillikli karzlary hödürledi. Miweli agaçlary eken bagbanlarymyzy hasyl alýança salgytlardan we töleglerden boşatdy, alan hasyllaryny içerki bazarlarda erkin bahalardan satmaga, alan hasyllarynyň 10 göteriminden galanynyň girdejisini özlerine almaga rugsat berdi. Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny özgertmek, ýerden alynýan hasylyň möçberlerini artdyrmak, şonuň netijesinde-de azyk howpsuzlygyny berkitmek üçin geçirilen bu çäreler bilen birlikde, pudaga türkmen telekeçilerini hem-de işewürleri giňişleýin çekmegi müwessa bildi. Çünki telekeçileriň ýerleri özleşdirmäge we hasylyň köpdürlüligini gazanmaga gönükdirjek maýa goýumlary Döwlet býujetiniň çykdajylaryny azaltmak bilen birlikde, onuň girdejilerini artdyrýar. Bu milli Liderimiziň göz öňünde tutuşy ýaly hem boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşleri üçin müňlerçe gektar ýer alyp, olary özleşdirmäge girişdiler. Bu bolsa gysga döwrüň içinde özüniň oňyn netijesini-de berdi. Bu gün ýurdumyzyň telekeçileridir işewürleri öz topragymyzda biten azyk önümleri bilen ýylyň bütin dowamynda içerki bazarlarymyzy üznüksiz üpjün edýärler. Munuň şeýle bolmagy öň daşary ýurtlardan gyzyl pula satyn alynýan azyk önümleriniň importynyň görnetin azalmagyna we bu ugurdaky eksportyň artmagyna getirdi.
Oba hojalygynda ekerançylyga goýulýan maýa goýumlar, şol bir wagtyň özünde, azyk howpsuzlygy syýasatynda esas goýujy ugur hasaplanýar. Makroykdysady nazaryýetden seredilende, ösýän hem kanun taýdan kämil döwletiň ekerançylyk bilen baglanyşygy diňe bir obadan şähere edilýän göçüň ýüze çykarýan meseleleriniňdir kynçylyklarynyň öňüni almak ýaly wagtlaýyn çözgütlerden ybarat däldir. Oba hojalyk önümçiligi, ilkinji nobatda, azyk önümlerine bolan islegleri kanagatlandyrmaga gönükdirilen önümçilikdir. Şonuň üçin hem Türkmenistan azyk howpsuzlygynyň beýleki ugurlaryna degişli çäreleri-de durmuşa geçirýär. Olaryň ilkinjisi howpsuz azyk önümçiligidir. Azyk harytlarynyň önümçiligiň ilkinji tapgyryndan başlap, jana ýaramly, arassa we howpsuz öndürilmegi, gaýtadan işlenende hil derejesiniň goralyp saklanmagy, şeýle hem sarp edijilere ýetirilende talap edilýän ülňüler iýmitiň howpsuzlygy babatda aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Bu ülňüleri ýa-da standartlara degişli esaslary üpjün edýän Türkmenistan olara laýyk gözegçiligi, önümçiligiň bu standartlara laýyklykda amala aşyrylmagy üçin zerur bolan işçi güýjüniň (ekerançylykda tehniki we önümçilikde işçi güýji) kemala gelmegi, önümçiligiň özgertmelere kybap gelýän esaslarynyň döredilmegi babatda-da oba hojalykçylara ýokary goldaw berýär.
Bu çäreleriň ikinjisi azyk bolçulygyna bolan kepillik bolup durýar. Halkda azyk bolçulygyna bolan ynamy berkitmek bilen birlikde, olaryň isleg bildirýän azyk önümleriniň ýeterlik mukdarynyň öndürilmegi we olara elýeterliligiň üpjün edilmegi hem azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde aýratyn ähmiýetlidir. Ýurdumyzda makroönümçilik maksatnamasynyň işlenilip düzülmegi bilen birlikde, oba hojalykçylar öz mümkinçilikleriniň we döwletden alýan goldawlarynyň netijesinde, döwlet borçnamalaryndan daşgary, gaýry ekinleriň önümçiligini-de ýola goýýarlar. Munuň kanun esasynda berkidilmegi daýhanlara has erkin hereket etmäge we girdejilerini artdyrmaga esas berýär.
Işewürlik — ykdysady ösüşe badalga
Milli ykdysadyýeti ösdürmekde bazar gatnaşyklary ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýan telekeçiligiň kämilleşdirilmegi döwletiň ösüşlerine täze badalga bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin hem innowasion ykdysadyýetiň kemala getirilmegine hususy işewürligiň gatnaşmagyny üpjün etmek ýa-da oňa telekeçileri giňişleýin çekmek esasy şertleriň biridir. Munuň şeýledigini ýurduň milli ykdysadyýetinde döwlete dahylsyz pudagyň tutýan ornunyň has-da ýokarlandyrylmagy meselesiniň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy hem görkezýär.
Hususy pudagyň dünýä bazarlaryndaky ornuny berkitmek, ony döwletara hyzmatdaşlykda işjeň ýagdaýa getirmek, şol bir wagtyň özünde-de, telekeçiligiň heniz ulanylmadyk mümkinçiliklerini hereketlendirmek, ýurdumyzyň telekeçileriniň işiniň ugurlarynyň, olaryň ygtyýarlyklarynyň giňeldilmegini, işewürleriň iri maýa goýum taslamalaryny we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge has işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek häzirki zaman ösüşiniň esasy talaplarydyr.
Ýurdumyzda hususy işewürligi ösdürmek we telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlary goldamak üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bilen berkidildi. Bu kanunçylyk namalary TSTP-niň agzalarynyň sanynyň artmagyna, olaryň hereket ediş çygyrlarynyň barha giňemegine, şonuň bilen birlikde-de türkmen telekeçileriniň dünýä bazarlaryna aralaşmagyna esas döretdi. Şonuň netijesinde, häzirki döwürde «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýarlyk bilen eksporta ugradylýan harytlar dünýä jemgyýetçiliginde uly islegden peýdalanýar. Bu bolsa bir tarapdan öň diňe çig mal hökmünde ugradylýan harytlaryň harytlyk önüm halyna getirilmegi bilen, ykdysady mümkinçilikleriň ýokarlanmagyna täsir etse, beýleki tarapdan dünýä halklarynyň ünsüni Türkmenistana çekmäge, importyň möçberlerini azaltmak bilen, milli puluň hümmetiniň goraglylygyny güýçlendirmäge şert döredýär.
Türkmenistanda döwlete degişli kärhanalary hususylaşdyrmak ugrunda ädilen ädimler ýurduň ykdysady gorlaryny güýçlendirmekde, pudaklaryň hereketsiz, girdejisiz ýa-da pes girdejili ugurlaryny işjeňleşdirmekde we telekeçileriň mümkinçilikleri esasynda ýurtda innowasion tehnologiýalary giň ýaýrawda ornaşdyrmakda aýratyn ähmiýetli boldy. Döwletiň äden bu ädimi uzak ýyllaryň dowamynda býujede, şonuň bilen birlikde-de, milli ykdysadyýete agram salýan önümçilik kärhanalarynyň täze güýç gazanyp, girdejili çeşmä öwrülmegine, içerki bazarlar üçin täze bolan önümçiligiň ýola goýulmagyna, täze iş orunlarynyň döremegine getirdi. Şunda işçi birliginiň saklanylyp galynmagynyň esasy şertleriň biri hökmünde öňe sürülmegi halkyň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmeginde, ýurtda işsizligiň derejesini mümkin bolan iň pes derejelerde saklamakda möhüm orun eýeleýär.
Türkmenistanda telekeçiligiň ösmeginde işewürlere diňe bir hukuk mümkinçilikleri döredilip berlip, «Öz günüňi özüň gör!» düşünjesinden ugur alynman, kynçylyk çekýän ýerlerinde döwlet tarapyndan ýeňillikli karzlaryň berilmegi, has uly başlangyçlarda döwlet pudaklarynyň paýdar hökmünde goşulyşmagy, halkara hyzmatdaşlyga giň mümkinçilik döredilmegi, onuň döwletara ylalaşyklar bilen berkidilmegi pudagyň ýaýrawynyň barha giňemegine getirdi. Muňa Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň dünýäniň abraýly maliýe institutlary bilen telekeçiligi goldamak ugrunda baglaşan şertnamalary-da şaýatlyk edýär. Döwlet tarapyndan berilýän şeýle ýeňillikler we döredilýän giň mümkinçilikler ýurdumyzda önümçiligiň täze ugurlarynyň kemala gelmegine hem-de olaryň dünýä bazarlarynda mynasyp orun eýelemegine getirdi. Türkmenistanda täze döredilen şeýle ugurlaryň biri-de, elektron we elektrotehnika senagatydyr.
Döwlet Baştutanymyz senagat toplumynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegine aýratyn üns berýär. Geçen ýylyň fewral aýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli Liderimiz «2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakynda» Karara gol çekdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň işjeň gatnaşmagynda hem-de milli Liderimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzda elektron senagaty ösdürilýär. Innowasiýa tehnologiýalara daýanýan ugurdaş düzümler emele gelýär. Şonuň bilen birlikde-de, durmuş tehnikalarynyň — gazdyr elektrik enjamlarynyň, howur peçleriň, tozan sorujylaryň hem-de sowadyjylaryň dürli görnüşlerini çykarmak boýunça önümçilikler döredilýär. Bular bolsa daşyndan getirilýän harytlaryň möçberlerini ýyl-ýyldan azaltmaga hem-de ilaty isleg bildirýän senagat harytlary bilen elýeterli bahadan üpjün etmäge täze mümkinçilikleri döreder.
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda işewürler üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, ykdysadyýetiň elektron we elektrotehnika senagaty pudagynda önümçiligi ornaşdyran ilkinji hususy tarapdyr. Hojalyk jemgyýeti häzirki döwürde Smart TV platformaly we IP-týunerli telewizorlaryň önümçiligini ýola goýdy. Içerki hem-de daşarky bazarlaryň alyjylaryna telewizoryň suwuk kristal ekranly we 4K Ultra HD görnüşli, diagonaly 32 hem 42 dýuým «Tolkun», şeýle-de 55 dýuým «Zemin» nusgalaryny hödürleýän «Aýdyň gijeler» ýylda gürrüňi edilýän telewizorlaryň 100 müňüsini çykarmagy meýilleşdirýär. Täze kärhana munuň üçin «Xin Hong Bo Trading Limited» (Hytaý) kompaniýasynyň tehnologiýasyny we komplektleýjilerini ulanýar. Bu bolsa türkmen telekeçileriniň halkara kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk saklamakda, içerki bazarlarda täze önümçilikleri ýola goýmakda täze ädimleri ädendigini görkezýär.
«Aýdyň gijeler» gürrüňi edilýän önümçiligi ýola goýmak üçin täzeden gurnama işlerini geçirdi, ýygnama enjamlaryny oturtdy, arassaçylyk zolaklaryny, elektron komponentleri ýygnamak üçin tämiz otag we beýleki nokatlary enjamlaşdyrdy. Gabara parçalaryny plastmas önümlerini taýýarlaýan önümçilik bölüminde ýerli çig maldan öndürmegi ýola goýdy. Bu bolsa goşmaça iş orunlarynyň 130-synyň emele gelmegine mümkinçilik berdi.
Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti elektron we elektrotehnika senagatyny döretmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmegi ýola goýmak we eksporta gönükdirmek strategiýasyndan ugur alnyp döredilen ilkinji kärhanalaryň biridir. Bu hojalyk jemgyýeti ýaşaýyş we senagat otaglarynda ulanylýan LED çyralar, asma çyralar, köçe yşyklandyryjylar önümçiligini işe girizdi. Bulardan daşgary-da, kompýuterleri, planşetleri, ýurduň bilim edaralary üçin bilim berýän kompýuterleri ýygnamak işini ugrukdyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegi, bazar gatnaşyklaryna giň ýol açylmagy hususyýetçileriň sanynyň artyp, olaryň arasyndaky bäsleşigi hem güýçlendirdi. Türkmen işewürleri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda alnyp barylýan gurluşyklara gatnaşyp, milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň halkara işewür gatnaşyklary gol çekilen ylalaşyklaryň birnäçesinde, dünýä döwletleriniň esasy işewür toparlary bilen giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda öz aýdyň beýanyny tapdy.
TSTB-niň agzalary bolan hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri durmuş-medeni maksatly desgalaryň, senagat kärhanalarynyň ýüzlerçesiniň gurluşygyny tamamladylar we alyp barýarlar. Olaryň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulanmaga beren ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, saglyk öýleri, sport toplumlary, medeniýet öýleri... göreniň göwnüni galkyndyryp, töwerege özboluşly gözellik çaýýar. Telekeçilerimiziň ukyp-başarnyklaryna, zehinlerine bil baglaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ýakyn geljekde dünýä derejesinde öz garaýşy, strategik pikirlenişi hem-de durmuş taýdan jogapkärçiligi bolan, jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösmegine uly goşant goşmaga ukyply halkara derejeli işewürler bolup ýetişmekleriniň zerurdygyny öňe sürýär. Bu bolsa türkmen işewürleri üçin gaty uly jogapkärçilik we aýratyn ähmiýetli ynamdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň hem nygtaýşy ýaly, örän gysga wagtyň — bary-ýogy on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda telekeçilerimiz diňe bir ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda däl, eýsem, jemgyýetimiziň ösüşiniň hilini kesgitleýän täsirli güýç hökmünde döwletimiziň syýasy durmuşynda-da özlerini ykrar etdirmegi başardylar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagyna bazar ykdysadyýetiniň esasy pudagy hökmünde hereket etmäge şert döretdi. Telekeçiler gurluşyk pudagynda, gurluşyk materiallaryny öndürmekde daşary ýurt kompaniýalary bilen üstünlikli bäsleşip bilýärler. Ony telekeçileriň durmuşa geçirýän işlerinde-de aýdyň görmek bolýar. Şeýle bolansoň döwlet Baştutanymyz Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky meýilnamasyny durmuşa geçirmegi, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň we onuň çäklerindäki dürli maksatly binalaryň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanyň, Lebap welaýatynda Magdan baýlaşdyryjy toplumyň... we ýene-ýeneleriň gurluşyklaryny türkmen telekeçilerine ynandy. Olar bolsa özlerine bildirilen bu ýokary ynamy ödemek üçin öňde goýlan ähmiýetli wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmäge jan edýärler.
Kiçi we orta telekeçiligi goldamak, aslyýetinde, täze döwrüň talaplaryna kybap gelýän ykdysadyýetiň nusgasyny döredýär. Bu bolsa maýalar üçin ýurdumyzyň özüne çekijiligini, türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny, ata Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär. Sözümizi jemläp aýdanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk pudagyny ösdürmek ugrunda amala aşyrýan syýasatynyň durmuşa geçirilmegi täze gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmek, öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak, ilaty täze iş orunlary bilen üpjün etmek hem-de olaryň girdejilerini artdyrmakda täze mümkinçilikleri emele getirýär.
Logistika: täze ösüş
Döwletleriň ykdysady ösüşlerini ýokarlandyrmakda we olaryň dünýä bazarlarynda has köp paýa eýe bolmaklarynda daşary söwdanyň, esasan-da, eksportyň ähmiýeti juda uludyr. Onuň kanagatlandyryjy derejede bolmagy we üznüksizliginiň üpjün edilmegi döwletleriň gymmaty ýokary bolan harytlary eksport etmeklerine, önümdir bazar köpdürlüligini gazanmaklaryna baglydyr. Şonuň bilen birlikde-de, soňky ýyllarda toplumlaýyn häsiýete eýe bolýan daşary söwda işleri logistikanyň ähmiýetini artdyrdy. Bu bolsa ýurtlaryň eksport syýasatlaryny we strategiýalaryny logistik strategiýalary bilen bilelikde ösdürmek hem-de integrirlemek zerurlygyny ýüze çykardy.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy netijesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi we onuň agzalarynyň ýurduň senagatlaşmagynda hem-de eksportunda işjeň orun almaklary, bäsdeşlige ukyply ýerli hem milli önümçiligiň ýola goýulmagy netijesinde, logistika pudagyna uly ähmiýet berlip başlandy. Şeýlelikde, türkmen logistik kompaniýalarynyň birnäçesi döredildi. Munda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde berlen syýasy-diplomatik hem ykdysady goldawlar aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň üstaşyr ulag geçelgeleri bilen baglanyşykly 2014-nji ýylyň 19-njy dekabryndaky, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky we 2017-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky kararlarynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda alyp barýan işleri diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäde-de uly goldaw tapýar. Sebäbi ählumumylaşýan dünýäde halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň orny barha berkeýär we ol döwletleriň durnukly ösüşini üpjün etmekde mümkinçilikleriň ençemesini özünde jemleýär. Şeýle geçelgeleriň döredilmegi we onuň köpugurlylygynyň gazanylmagy, esasan-da, dünýäniň ösüp barýan döwletleri üçin zerurdyr. Merkezi Aziýada Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşiniň döwrebap ugurlaryny dikeltmekde 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen halkara hyzmatdaşlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr ulag koridorlarynyň ornuna bagyşlanan halkara konferensiýada kabul edilen Aşgabat jarnamasynyň ähmiýeti uly boldy diýsek ýalňyşmarys. Şondan soňky geçen döwrüň içinde milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň içerki ýol-ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmekde, döwrebaplaşdyrmakda we täze ugurlary döretmekde uly öňegidişlik gazanyldy. Aşgabat şäherinde we welaýatlarda Halkara howa menzilleriniň bina edilmegi, täze demir ýol şahalarynyň gurulmagy, awtoulag ýollarynyň çekilmegi ýa-da durkunyň täzelenmegi, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi... munuň diňe käbir mysallarydyr. Geçen gysga döwrüň içinde Türkmenistan diňe bir içerki ýol-ulag infrastrukturasyny berkitmek bilen çäklenmän, goňşy Owganystanyň-da demirýol düzümleriniň ösdürilmegine giň goldaw berdi we berýär. Serhetabat — Turgundy demir ýol şahasynyň we goňşy döwletiň içinde täze demir ýol ugurlarynyň gurulmagy munuň diňe käbir mysallarydyr. Türkmenistanyň şeýle ýokary goldawlary netijesinde bu gün Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa ugry boýunça dünýä bazarlaryna çykmaga mümkinçilik tapdy we bu ýagdaý owgan ykdysadyýetine oňyn täsir etjekdigi bilen tapawutlanýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat hem netijeliligi bilen köpleriň ünsüni özüne çekdi we onda kabul edilen Aşgabat beýannamasy dünýäniň syýasy sahnasynda hoşallyk bilen garşylandy. Çünki ol durnukly ykdysady ösüşi goldamakda, durmuş abadançylygyny ýokarlandyrmakda we ýurtlaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygydyr söwdany ösdürmekde, harytlaryň hem-de adamlaryň netijeli hereket etmegi üçin durnukly, ygtybarly, täsirli, şeýle-de elýeterli multimodal üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm ähmiýetini ykrar etmekde derwaýys resminama öwrüldi. Şonuň bilen birlikde-de, Aşgabat beýannamasy ulagdyr serhet infrastrukturasyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkara üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça hyzmatlary birleşdirmegiň we kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde-de, gürrüňi edilýän Aşgabat duşuşygy halkara bazarlar bilen baglanyşdyrýan netijeli üstaşyr ulag ulgamlaryny döretmek we ösdürmek arkaly, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ykdysady ösüşine oňyn täsir etmegiň mümkindigini beýan etdi.
Türkmenistan bu gün multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamyny, şol sanda demir ýollar, awtoulag, deňiz ýollary, ammarlardyr portlar ýaly infrastrukturalary ösdürmek we goldamak üçin döwlet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny jebisleşdirmegiň, bilelikdäki maliýeleşdirmeler arkaly, bu ugra şereketleriň maýa goýumlaryny çekmegiň möhümdiginden ugur alyp, bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň emele gelmegine aýratyn üns berýär. Şonuň bilen birlikde-de, halkara ýollaryň, demir ýollarynyň, intermodal logistika merkezleriniň, şeýle-de portlaryň, ählumumy logistika we üpjünçilik zynjyrlarynyň, ulag integrasiýasynyň, biri-biri bilen baglanyşykly tehnologiýalardyr tehniki hyzmatlaryň hem-de infrastrukturanyň kämilleşdirilmeginiň halkara ulag-aragatnaşyk ulgamyna edýän oňyn täsirine ünsi çekýär. Bu, elbetde, öz miwelerini hem berýär. Ýadyňyza düşýän bolsa, üstümizdäki ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üçtaraplaýyn duşuşyk geçirilipdi. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) halkara üstaşyr ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky meseläniň gürrüňi edilýän iş maslahatynyň gün tertibine çykarylmagy, onuň sebitiň we yklymyň ählumumy bähbitlerine hyzmat edýändigini görkezdi. Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiziň Bitewi logistik merkezi döretmek baradaky teklibi öňe sürmegi we onuň kärdeşleri tarapyndan oňyn garşylanmagy sebitiň ösüşi üçin ählumumylaşmagyň zerurdygyny tassyklaýar.
Elbetde, döwletleriň ösüş derejelerine göz ýetirmäge mümkinçilik berýän iň esasy görkezijileriň biri-de, şol ýurduň ykdysady görkezijileridir. Bu görkezijileriň ösüşe daýanýandygy ýurduň durmuş-ykdysady we medeni gurluşyna oňyn täsir edýär. Şeýle täsirler jemgyýetdäki şahsyýetleriň medeniýetini, durmuşyny, hal-ýagdaýyny ýokarlandyrýar. Bu ykdysady görkezijileriň üýtgemeginde we ýokarlanmagynda-da iň möhüm orny eýeleýän gurallaryň biri ýene-de logistika bolup durýar. Esasan-da, soňky ýyllarda ykdysady ösüşi we has çylşyrymly daşary söwda amallary bolan ýurtlaryň daşary söwda meýilleriniň artmagy logistikanyň ähmiýetini ýokarlandyrdy. Bu nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistan ykdysady işleriň dowam etmegi üçin ýurtlaryň içerkidir daşarky söwda ulgamlarynyň durnukly bolmalydygyny we bu söwdanyň logistika strategiýalary bilen goldanmalydygyny öňe sürýär. Şeýle bolan ýagdaýynda logistika, ykdysady gurluşda mynasyp orny eýeläp, ýurduň ykdysadyýetine köp taraplaýyn goşant goşup biljekdigi ikuçsuzdyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz logistika işleriniň mikro we makro ölçeglere oňyn täsir edýändigini göz öňünde tutup, onuň ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmagy maksat edinýär. Pudagyň kärhanalaryň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrýandygy bolsa döwletler we şereketler babatdan alanyňda başga bir amatlylykdyr. Çünki ösüş durnuklylygyny saklaýan kärhanalar logistika işlerine, önümçilik işlerine we marketing işlerine deň derejede ähmiýet berýär. Häzirki döwürde türkmen telekeçileri logistikany netijeli dolandyrmak bilen, şereketlerde çykdajylary azaldýan, önümçiligi we onuň hilini ýokarlandyrýan, müşderileriň kanagatlylygyny artdyrýan, şeýlelik bilen bazaryň paýyny we bäsdeşlik güýjüni ýokarlandyrýan täsirleri gazanmak arkaly, dünýä ýaýraýarlar.
Döwletimiziň orta hem uzak geljekdäki eksport syýasatynyň amala aşyrylmagynda, şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde we onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda-da logistika iň bir möhüm pudakdyr. Türkmenistanyň logistikada we üstaşyr ulag geçelgelerinde eýeleýän orny Merkezi Aziýany ähli mümkinçilikleri bilen bilelikde Gara deňiz sebitine birleşdirmäge şert döredýär. Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky üýtgeýän söwda dinamikasyna laýyklykda, barha janlanýan taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşini-de hasaba alanymyzda bu mümkinçilikleriň neneňsi uludygyny görmek bolýar. Şonuň üçin-de sebitde Türkmenistanyň logistika pudagyndaky ähmiýeti barha ýokarlanýar, berkeýär, ykrar tapýar. Bu ýagdaý bolsa ýurdumyzda logistikany hyzmat ediş pudaklarynyň birine öwürmek bilen, onuň geljeginiň parlak boljakdygyndan habar berýär.
Logistika pudagy soňky ýyllarda diňe bir biziň ýurdumyzda däl, tutuş dünýäde çalt depginler bilen ösýär. Çünki onuň ösüş mümkinçilikleri, dünýä döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň ykdysady maksatlarynyň amala aşmagynda eýeleýän orny üýtgewsiz bolmagynda galýar. Şonuň üçin hem dünýäde logistikanyň ulag, harytlary saklamak, gaplamak, gümrük işlerini amala aşyrmak we sarp edijä gowşurmak ýaly hyzmatlarynyň mukdary artýar. Bu bolsa logistika infrastrukturasy ösen ýurtlaryň söwda dolanyşygynyň artmagyna getirýär.
Türkmenistan logistika pudagyny ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak bilen, ýurduň ykdysady ösüşinde jemi içerki önümiň paýyny artdyrdy. Şonuň netijesinde döwletimiz bu ugurda ösen ýurtlaryň tejribelerinden peýdalanmak arkaly, logistikanyň öndürijilik indeksinde sebitde öňdäki orny eýelemegi we iki yklymyň çatrygynda ýerleşen ykdysady taýdan kuwwatly logistik lidere öwrülmegi maksat edinýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, sebitleýin güýje öwrülmek üçin döwletimiziň logistika pudagynyň maddy-tehniki üpjünçiligini berkitmek, çykdajylary azaltmak bilen birlikde, söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr geçirijiligiň artmagy üçin zerur bolan ýeňillikleridir şertleri döretmek we pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Munuň üçin milli Liderimiziň baştutanlygynda juda uly işler amala aşyryldy we aşyrylmagy dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde Türkmenistanda telekeçilik ulgamynda eksporta gönükdirilen döwlete degişli we hususy önümçilik desgalaryny köpeltmek bilen bagly alnyp barylýan strategiýa ýerli logistika kompaniýalarynyň sanyny köpeltdi. Bu kompaniýalar satyjylaryň hem alyjylaryň arasyndaky esasy zynjyrlaryň biridir.
Ulag-aragatnaşyk hyzmatlaryny kämilleşdirmek, harytlaryň saklanyş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we munuň üçin tölegleri aradan aýyrmak ýa-da arzanlatmak, inwentar dolandyryşy hem-de ýeňilleşdirilen gümrük barlaglaryny ýola goýmak bu gün Türkmenistanyň hyzmatdaşlaryna hödürleýän teklipleriniň arasynda orun alýar. Çünki bu teklipler durmuşa geçirilen ýagdaýynda ulaglaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň dowamlylygy azalmak bilen, harytlaryň eksportçydan importça gowuşmaly möhleti gysgalýar. Bu bolsa birinjiden, logistik hyzmatlaryň ygtybarlylygyny artdyrýar we müşderini mähetdel etmezden harytlaryň gowşurylmagyna mümkinçilik berýär, ikinjiden, müşderä edilýän hyzmatyň hiliniň ýokarlanmagyna şert döredýär, üçünjiden, ýük hem-de ýolagçy gatnatmakdaky hyzmatlaryň tygşytly, ekologiýa taýdan arassa we howpsuz bolmagyna getirýär, dördünjiden, hyzmatdaşlaryň bir ýa-da birnäçesi bilen bilelikdäki logistik kompaniýalary, merkezleri döretmäge, onuň hilinidir howpsuzlygyny üpjün etmäge, iň amatly üstaşyr ulag geçelgelerini saýlap almaga we ýükleriň daşalyşynda demirýoldyr deňiz ulaglarynyň paýyny artdyrmaga, bäşinjiden bolsa, şu çäreleriň netijesinde, harytlaryň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge we gymmaty ýokary bolan milli harytlary dünýä bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berer.
Halkara ulag geçelgeleriniň ugrunda ýerleşýän ýurtlaryň halkara syýasatda täsirliliginiň, hödürleýän hyzmatlarynyň hiliniň, infrastrukturanyň hem-de dolandyryşyň, ulag-aragatnaşyga degişli çykdajylarda bäsdeşlik artykmaçlygynyň we logistik mümkinçilikleriniň ýokary bolýandygy tötänlik däldir. Şu nukdaýnazardan alanyňda Türkmenistan Merkezi hem-de Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň, Pars aýlagy ýurtlarynyň ulag geçelgelerine goşulyşmak üçin uly artykmaçlykdan peýdalanýar we sebitiň Ýewropa çykalgasy üçin iň amatly ugry özünde jemleýär. Şonuň üçin-de gürrüňi edilýän ugurlaryň portlarynyň, demir ýollarynyň, awtoulag ýollarynyň we howa menzilleriniň bu ugra birleşdirilmegi Türkmenistan üçin hem, degişli döwletler üçin hem juda bähbitlidigi bilen tapawutlanýar.
Türkmen sahawatynyň şuglasy
Milli Liderimiziň tagallasy we parasatly syýasaty netijesinde, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň möhüm tapgyrynyň — ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň gurluşygyna girişildi. Bu tapgyr Türkmenistanyň çäklerinden Owganystan Yslam Respublikasynyň serhedine çenli geçjek bölegi — 265 kilometrlik uzaklygy özünde jemlär. Gürrüňi edilýän elektrik geçiriji umumy uzynlygy boýunça iki ulgamy öz içine alar. Olaryň ikisi, ilki, 102 kilometr ýol geçip, Owganystanyň Hyrat welaýatyna, soňra jemi 575 kilometr menzil aşyp ýurduň Gandagar welaýatyna baryp ýeter. Geçirijiden çekiljek üçünji ulgam bolsa 1150 kilometri külterläninden soňra, Pakistanyň Kwetta welaýatyna we onuň töwereklerindäki welaýatlara ýagtylyk, ýylylyk, nur paýlar.
Energetika pudagyna ylmyň we halkara tejribäniň häzirki zaman gazananlarynyň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak bilen birlikde, onuň sebitiň energiýa çeşmelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakdaky, bu babatdaky baý mümkinçilikleri diplomatik serişde hökmünde ulanmakdaky, ýurdumyzyň orta we uzak geljege niýetlenen geosyýasy täsirini berkitmekdäki... artykmaçlygyny ýüze çykarýar. Bu bolsa milli Liderimiz tarapyndan işlenip düzülen we barha giň gerimde durmuşa ornaşdyrylýan Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň diňe bir bähbitlerden, ykdysady gazançlardan, birtaraplaýyn girdejilerden gözbaş alman, onuň şol bir wagtyň özünde dost-doganlyga, ynsanperwerlige, abadançylyga, parahatçylyga hyzmat edýändigini alamatlandyrýar. Şeýle bolansoň soňky ýyllarda Diýarymyzyň dürli künjeklerinde we Aşgabatda gazturbinaly elektrik beketleriniň birnäçesi bilen pudagyň düzümleriniň üsti ýetirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy we başlangyjy bilen durmuşa geçiriljek Daşoguz — Balkan we Balkan — Ahal welaýatlarynyň arasyndaky halkalaýyn ulgam diňe bir içerki bazaryň elektrik energiýasyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, artykmaç energiýa çeşmeleriniň eksport mümkinçiliklerini-de ýokarlandyrar. Bu bolsa türkmen ykdysadyýetiniň goşmaça, iň esasy-da, geljegi uly bolan girdeji çeşmesi bilen üpjün edilmegine täze bir mümkinçiligi döreder. Şeýle mümkinçiligiň biriniň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Mary DES-i bilen utgaşykly dolanyşyk esasynda işleýän ilkinji buggaz elektrik bekediniň işe girizilmeginiň taryhy waka bolandygy hemmämize mälimdir. Çünki bu häzirki zaman elektrik bekedi Türkmenistanyň energetika ulgamyndaky eksport kuwwatynyň artmagyna önjeýli goşant goşdy. Gürrüňimiziň esasy temasy bolan Türkmenistan—Owganystan—Pakistan halkara elektrik geçirijisiniň doly güýjünde işe girizilmegi bilen Mary DES-iň we buggaz elektrik bekediniň türkmen ykdysadyýetindäki ähmiýeti has-da artar. Elbetde, bu halkara elektrik geçirijisi elektrik akymy bilen birlikde, Owganystandyr Pakistana ýagtylyk, ýylylyk, aýdyňlyk, halkymyzyň mährem ýüreginiň dostana ynsanperwerligini alyp gider. Bu döwletleriň, esasanam Owganystanyň ykdysady kuwwatyna damýan altyn damja öwrüler, zawod-fabrikleriň ençemesiniň gurulmagyna, dostlukly döwletleriň ýaşlarynyň müňlerçesiniň iş bilen üpjün edilmegine mümkinçilik berer.
Gürrüňi edilýän taslamanyň bir günüň ýa-da bir aýyň dowamynda ýüze çykan taslama däldigini hemmämiz bilýän bolsak gerek. Onuň üstünde ýyllaryň dowamynda işlendi, ähli taraplaýyn öwrenildi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň we halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän ýörelgesine görä, ol taslama dahylly bolan ähli taraplaryň bähbitlerine hyzmat etmelidi. Şonuň üçin hem taslamanyň üstünde düýpli işlenilenden we öwrenilenden soňra, 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we «Çalyk Holding A.Ş». kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, bu Ähtnama Owganystanyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga, bu ýurdy üstünlikli dikeltmäge ähmiýetli hyzmat etjek taslamanyň hereketini tizleşdirdi. Çünki bu taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi Owganystanda diňe bir iri däl-de, eýsem, orta we kiçi işewürligiň ösdürilmegine, owgan bazarynyň dolanyşygynyň artmagyna şert döredip, serhetýaka söwdasyny ösdürmäge-de mümkinçilik berer. Türkmen energiýasy goňşy döwletde senagat harytlarynyň önümçiligini, hyzmatlar ulgamyny we beýlekileri janlandyryp, owgan telekeçileriniň işlerini ösdürmäge-de ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary syýasaty bilen baglanyşykly her bir çykyşynda diýen ýaly Owganystan meselesine degip geçmek bilen, ýurdumyzyň owgan halkyna durmuş düzümlerini gurmakda, olary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde, hünärmenleri taýýarlamakda we beýleki ugurlarda ýakyn goldaw berjekdigini hemişe nygtaýar. Şonuň bilen birlikde-de, Türkmenistan Owganystany parahatçylykly we döredijilikli ýol bilen ösdürmekde, sebitleýin durnuklylygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmekde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýar. Bu ýagdaýlaryň hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli goňşuçylyga, ählumumy parahatçylyga we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyna neneňsi ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Sebäbi Türkmenistan energiýa çeşmelerini diňe bir öz bähbitleri üçin ulanmaga çalyşman, eýsem, goňşy halklaryň bähbitlerine, hatda dünýä halklarynyň parahatçylygynyň hatyrasyna hyzmat etdirmäge çalyşýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şonuň üçin hem bu gün türkmen döwletiniň abraýy Zeminiň ähli künjegine ýaýylyp, mertebesi barha beýgelýär.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäklerinden geçýän böleginiň hem-de TOP optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna 2018-nji ýylyň fewral aýynda badalga berlipdi. Bu şanly wakalara bagyşlanan dabaralaryň çäklerinde bolsa taslama gatnaşyjy ýurtlaryň Hökümetleriniň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy hakynda ylalaşyga gol çekilipdi.
Türkmenistan soňky onýyllyklarda goňşy doganlyk owgan halkynyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine gönükdirilen anyk ädimleri ädýär. Muňa mysal hökmünde köp ýyllaryň dowamynda ýeňillikli bahalar boýunça elektrik energiýanyň we suwuklandyrylan gazyň iberilmeginiň amala aşyrylmagyny, dostlukly döwletiň energetika düzüminiň uly bölegine öwrülen Ymamnazar — Andhoý hem-de Serhetabat — Hyrat elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny görkezmek bolar. TOP taslamasy bolsa iki dostlukly ýurduň arasyndaky energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze bir badalgadyr. Türkmenistanyň we onuň milli Lideriniň tagallalary bilen owgan sarp edijileriniň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, täze önümçilikleridir iş orunlaryny emele getirmek üçin giň şertler döredildi. Owgan ýaşlarynyň ýüzlerçesi energetika hünäri boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim aldy.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň Owganystandaky ýagdaý babatdaky çemeleşmeleri hem-de geçirýän işleri bar bolan meseleleri diňe diplomatik ýollar we serişdeler bilen kadalaşdyrmaga esaslanýar. Şeýle bolansoň gürrüňi edilýän mesele boýunça halkara gatnaşyklaryň täsirli görnüşini işläp taýýarlamak Türkmenistanyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan goldaw tapýan oňyn ädimleriniň biridir.
Ählumumy ykdysadyýetiň ornunyň pugtalandyrylmagy dünýä energetikasynyň durnuklylygyna gönüden-göni baglydyr. Gymmat bolmadyk, ygtybarly häzirki zaman energiýa çeşmelerine elýeterliligiň üpjün edilmegi döwletleriň okgunly ösmegi, halklaryň abadançylygy üçin zerur şertleriň biridir. BMG-niň tagallalary, şeýle-de BMG tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş ulgamynda Gün tertibine laýyklykda edilýän tagallalar ýigrimi birinji asyryň derwaýys maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir.
Hawa, döwlet Baştutanymyz her bir taslama amala aşyrylanda iň täze tehnologiýalary ulanmagyň, innowasion önümçiligi döretmegiň zerurdygyny nygtaýar. Ýurdumyzyň elektrik energiýasy pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde ähli elektrik beketlerinde halkara tejribede synagdan geçen inžener-tehniki gazanylanlar ornaşdyrylýar. Bu bolsa innowasion artykmaçlygy, ykdysady ähmiýeti we ekologiýa howpsuzlygy bilen öňe saýlanýar. Bu gürrüňi edilýän elektrik geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda-da şeýle bolar. Çünki ekologiýa abadançylygy, daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiziň esasy talaplarynyň biridir.
Owganystan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän energetika we ulag-aragatnaşyk, durmuş ulgamlaryndaky taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly umyt bildirýär. Dostlukly owgan halky onuň tutuş sebitiň ösüşine ýardam etjekdigine ynanýar. Şonuň üçin hem olar Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmegine yzygiderli kömek-goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdýarlar. Bu başlangyçlardyr taslamalar owgan halkynyň türkmen halky bilen gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine mümkinçilik berýär.
Ysmaýyl TAGAN,
žurnalist
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19385