Döwrebap energetika toplumy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ýangyç-energetika ugruna degişli uly möçberdäki maýa goýumly taslamalaryň ençemesi alnyp barylýar. Şolaryň aglabasy türkmen döwletiniň nebitgaz pudagynyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy energiýa howpsuzlygynyň berkidilmegine degerli ýardam berýär. Şeýle-de Türkmenistanyň halkara energetika bileleşiginiň öňdebaryjylarynyň biri hökmündäki derejesiniň has-da belende galýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ulag, energetika ulgamlarynda öňe sürýän başlangyçlaryna, tekliplerine halkara derejede has uly üns berilýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan milli Liderimiziň tekliplerine, başlangyçlaryna uly goldaw berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Durnukly ösüş babatda maksatlara ýetmek üçin energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly üstaşyr geçirmek, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmek boýunça Türkmenistanyň işläp taýýarlan we öňe süren rezolýusiýalarynyň taslamalary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy we daşary ýurt maýadarlar üçin hyzmatdaşlyga amatly şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň dünýäde iri energetika döwlet hökmünde ykrar edilmegine getirdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda bu hyzmatdaşlyk oýlanyşykly işjeň we maksada okgunly alnyp barylýar. Şeýle il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli döwletli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Nurbibi TAŇŇYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19640