Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabryndaky Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň we Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň binýadynda döredildi.

Ministrligiň esasy wezipeleri maliýe we ykdysady amallary ýerine ýetirmekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem, ykdysadyýeti seljermekden we çaklamalary taýýarlamakdan, ýurduň Döwlet býujetini işläp düzmekden we ony ýerine ýetirmekden başga, ministrligiň ýerine ýetirýän wezipelerine ykdysady, býujet, nyrh, durmuş, sebit, maýa goýum, salgyt syýasatyny işläp düzmek, döwlet emlägini hususylaşdyrmak we institusional özgertmeleri ýerine ýetirmek hem-de döwlet maliýesi we maliýe bazarlaryny ösdürmek, ätiýäçlandyryş we auditorçylyk işleri alyp barmak, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek, döwlet maliýe gözegçiligini amala aşyrmak, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň usulyýetini üpjün etmek, intellektual eýeçiligini goramak babatda syýasaty durmuşa geçirmek girýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösüşini üpjün etmekligi öz içine alýar.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen ykrar edilen we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ikinji gezek, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda 3-nji gezek gaýtadan goldanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurduň döwlet syýasatynyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bolan çemeleşmeleriniň esasy bolup çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, ministrligiň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Durnukly Ösüş Maksatlarynyň utgaşdyryjy edarasy bolmak bilen, bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. 2030-njy ýyla çenli Gün tertibi kabul edilenden soň, Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyryldy. Geçirilen işleriň netijesinde ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlarynda möhüm sepgitlere ýetildi.
Ministrlik, beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edarasy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň goldaw bermeginde 2023-nji ýylyň iýul aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Ykdysady we durmuş geňeşinde ýurdumyzda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmakda Ikinji Meýletin Milli Synynyň hasabatyny berdi.
Netijeli döwlet maliýe syýasatyny amala aşyrmak, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, býujet serişdeleriniň maksadalaýyk we tygşytly ulanylmagyna degişli gözegçiligi amala aşyrmak, döwletiň içerki we daşky nesýeleriniň hyzmat edilişini öz wagtynda üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň düzüm birlikleri tarapyndan zerur işler durmuşa geçirilýär.
Ministrligiň merkezi edarasy 15 müdirlikden we 8 bölümden ybarat bolup, garamagynda bäş welaýatyň we Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirlikleri, Arkadag şäheriniň Maliýe we ykdysadyýet müdirligi, ministrligiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy, ministrligiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligi, Salgyt müdiriýeti, Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy hereket edýär.