Ministrligiň esasy wezipeleri:

  • Döwletiň ykdysady syýasatyny, durmuş-ykdysady ösüşiň strategiýasyny we esasy ugurlaryny, şol sanda makroykdysady durnuklylygy gazanmagyň, durnukly ykdysady ösüşi we ilatyň hal- ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin şertleri döretmegiň usullaryny we serişdelerini işläp taýýarlamak;

  • ykdysadyýeti döwlet tarapyndan dolandyrmak, durmuş-ykdysady ösüşiň meýilnamalaryny düzmek, ýurdy ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan konsepsiýalaryny, gysga we uzak möhletli meýilnamalaryny we maksatnamalaryny taýýarlamak;

  • Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini seljermek we oňa baha bermek, ykdysadyýeti döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň ýollaryny kämilleşdirmek;

  • döwlet maliýe ulgamyny guramak we dolandyrmak;

  • ykdysady, maliýe, salgyt-býujet, maýa goýum, nyrh, durmuş we sebit syýasatyny, maliýe bazarlaryny ösdürmek, ätiýaçlandyryş we auditorlyk işlerini, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça iş babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;

  • Türkmenistanyň býujet ulgamyny kämilleşdirmek;

  • döwletiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermek;

  • buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlarynyň usulyýetini üpjün etmek;

  • Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamak we onuň netijeli hem-de wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek;

  • döwletiň içerki bergisini dolandyrmak, oňa wagtynda hyzmat we gözegçilik etmek;

  • Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini netijeli dolandyrmak;

  • salgytlaryň we ýygymlaryň Türkmenistanyň býujet ulgamyna doly we öz wagtynda geçirilmegine gözegçiligi amala aşyrmak;

  • döwletiň maýa goýum syýasatyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, içerki we daşarky, şol sanda göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we olary peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri utgaşdyrmak;

  • maýa goýum serişdelerini peýdalanmakda ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek;

  • döwlet emlägi boýunça ygtyýarly edilen döwlet edarasynyň wezipelerini amala aşyrmak, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligi babatda döwletiň bähbitlerine wekilçilik etmek, emläk gatnaşyklary babatda döwlet syýasatyny alyp barmak;

  • ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny ösdürmek, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet syýasatyny amala aşyrmak;

  • senagat pudaklarynyň, agrosenagat toplumynyň, ulaglaryň we aragatnaşygyň, gurluşyk toplumynyň, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynyň, durmuş ulgamynyň, söwda we hyzmatlar ulgamynyň ösüşini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek;

  • nyrhlary emele getirmek, nyrhlary we tarifleri döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;

  • durmuş-ykdysady özgertmeler babatda döwlet syýasatyny alyp barmak;

  • beýleki döwletler bilen ykdysady gatnaşyklary bellenen tertipde ýola goýmak we ikitaraplaýyn döwletara toparlarynyň işine gatnaşmak;

  • ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan bellige almak;

  • ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň wezipesini amala aşyrmak, ygtyýalylandyryjy edaralaryň işini utgaşdyrmagy üpjün etmek;

  • ygtyýarlylandyrmak babatynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi kämilleşdirmek barada teklipleri işläp taýýarlamak;

  • intellektual eýeçilik babatda döwlet syýasatyny amala aşyrmak;

  • býujet serişdeleriniň peýdalanylyşyna, döwlet kärhanalarynda, edaralarynda we guramalarynda maliýe serişdeleriniň hem-de haryt-maddy gymmatlyklaryň abat saklanylyşyna, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlaryny ýöretmek baradaky kadalaryň berjaý edilişine, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda döwletiň maliýe-ykdysady bähbitleriniň üpjün edilişine döwlet maliýe gözegçiligini amala aşyrmak;

  • Türkmenistanyň ykdysady ösüşine geçirilýän seljermeleriň esasynda ykdysady ylmy çaklamalary işläp taýýarlamak;

  • dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň halkara tejribesini öwrenmek we milli ykdysadyýeti düzgünleşdirmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamak;

  • ykdysadyýetiň häzirki ýagdaýy we ykdysady ösüşiň geljegi boýunça ylmy-seljeriş maglumatlaryny taýýarlamak;

  • Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň usulyýet esaslaryny kämilleşdirmek;

  • Türkmenistanyň daşary ykdysady işi babatynda dürli ylmy-barlag, ylmy-maglumat, seljeriş we konsalting işlerini ýerine ýetirmek;

  • ykdysadyýetiň pudaklary boýunça eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak barada teklipleri işläp taýýarlamak;

  • halkara bazarlaryndaky ýagdaýy öwrenmek;

  • önümleriň we hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň nyrhlarynyň emele getirilişini öwrenmek;

  • harytlaryň, önümleriň we hyzmatlaryň dünýä bahalaryny çaklamak bolup durýar.