«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligi

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 12759 belgili Karary esasynda 2013-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda döredildi. Agentligiň öňünde ýurdumyzyň ykdysadyýetini töwekgelçiliklerden goramak, aýry-aýry ýagdaýlar bilen baglylykda döräp biljek syýasy, ykdysady, maliýe, hukuk, pudaklaýyn, sebitleýin we tebigy töwekgelçilikleri dolandyrmagyň netijeli gurallaryny kemala getirmek we milli ykdysadyýetimizde netijeli durmuşa geçirmek boýunça möhüm wezipeler goýuldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji iýunyndaky 1294 belgili «Balyk tutmagy we suwuň bioserişdelerini gorap saklamagy düzgünleşdirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligi suw bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy diýip bellenilen. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň gurluş düzüminde Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirligi döredildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 9-njy awgustyndaky 1370 belgili «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň işini kämilleşdirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, Agentliginiň üstüne Türkmenistanda harytlaryň eksporty we importy babatdaky daşary ykdysady işi seljermek hem-de bu ugurda degişli işleri ýerine ýetirmek, harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň dünýä bazaryndaky ýagdaýynyň marketing seljermesini geçirmek hem-de daşary ykdysady işi kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak wezipeleri ýüklenilen. Şeýle-de, Agentligiň esasy wezipeleri bolup:

  • Milli ykdysadyýetde aýry-aýry ýagdaýlar bilen baglylykda döräp biljek syýasy, ykdysady, maliýe, hukuk, pudaklaýyn, sebitleýin we tebigy töwekgelçilikleri dolandyrmak we seljermek;
  • Döwlet we döwletiň paýy bolan edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň Türkmenistanda maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagy üçin saýlanyp alnan daşary ýurt ýuridik şahslar, olaryň şahamçalary, wekillikleri, şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlary gatnaşýan kärhanalar baradaky maglumatlary ýygnamak, olaryň ygtybarlylygyny barlamak hem-de maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyna ygtyýar bermegiň maksadalaýykdygy ýa-da maksadalaýyk däldigi barada teklipleri taýýarlamak we Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramagyň pudagara toparynyň garamagyna hödürlemek we Pudagara toparyň çözgüdi esasynda degişli netijenamany bermek;
  • Döwlet hem-de döwletiň paýy bolan edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň buýurmasy boýunça Türkmenistanda ýuridiki şahslar, olaryň şahamçalary, wekillikleri tarapyndan amala aşyrylýan maýa goýum taslamalarynda göz öňünde tutulan işleri, hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin kömekçi potratçy hökmünde işe çekilýän daşary ýurt ýuridik şahslar baradaky maglumatlary ýygnamak, ygtybarlylygyny barlamak hem-de olaryň maýa goýum taslamalarynda kömekçi potratçy hökmünde işleri we hyzmatlary amala aşyrmagyna razylyk bermegiň maksadalaýykdygy ýa-da maksadalaýyk däldigi barada teklipleri işläp taýýarlamak hem-de Pudagara toparyň garamagyna hödürlemek we Pudagara toparynyň çözgüdi esasynda degişli netijenamany bermek;
  • Daşary ýurt ýuridik şahslaryň şahamçalaryny, wekilliklerini we daşary ýurt maýa goýumlary gatnaşýan kärhanalary döwlet tarapyndan bellige almak, gaýtadan bellige almak we bellige almakdan ýüz döndermek barada teklipleri işläp taýýarlamak hem-de Pudagara toparyň garamagyna hödürlemek we Pudagara toparyň çözgüdi esasynda degişli netijenamany bermek;
  • Türkmenistanda daşary ýurt ýuridik şahslar tarapyndan alnyp barylýan gurluşyklaryň bellenen möhletlerde tamamlanmazlygy netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çekýän ýitgilerini seljermek we olaryň täsiriniň öňüni almak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak hem-de Pudagara toparyň garamagyna bermek we Pudagara toparyň çözgüdi esasynda olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermek;
  • Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurt ýuridik şahslar, halkara guramalar, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri barada maglumatlary ýygnamak, ygtybarlylygyny barlamak hem-de olaryň eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna gatnaşmagyna ygtyýar bermegiň maksadalaýykdygy ýa-da maksadalaýyk däldigi barada teklipleri işläp taýýarlamak hem-de Pudagara toparyň garamagyna hödürlemek we Pudagara toparyň çözgüdi esasynda degişli netijenamany bermek;
  • Suw bioserişdelerini goramak boýunça ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasynyň wezipesini amala aşyrmak;
  • Daşary ýurt maýa goýumlary boýunça Pudagara toparyň işini guramak;
  • Türkmenistanda harytlaryň eksporty we importy babatdaky daşary ykdysady işi seljermek hem-de bu ugurda degişli işleri ýerine ýetirmek;
  • Harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň dünýä bazaryndaky ýagdaýynyň marketing seljermesini geçirmek;
  • Daşary ykdysady işi kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemek üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine bermek;
  • Fiziki we döwlete dahylsyz ýuridik şahslaryň ýüztutmalary boýunça daşary ýurtlarda maýa goýumlaryny goýmak barada maslahat hyzmatlaryny amala aşyrmak bolup durýar.