Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti

  • salgyt töleýjileriň (salgyt ýumuşçylarynyň) doly we wagtynda hasaba alynmagyny üpjün etmek, Türkmenistanyň döwlet býujetine salgytlaryň dogry hasaplanylyşyna, salgytlaryň doly we wagtynda tölenilişine gözegçilik geçirmek;


  • salgyt kanunçylygynyň ýerine ýetirilişi boýunça maglumatlary ýygnamak we olary seljermek, ony kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak;


  • öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda pula gözegçilik edýän agent hökmünde Türkmenistanyň pul kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilmegine gönükdirilen işi amala aşyrmagyň çäklerinde dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan ýol berlen Türkmenistanyň pul kanunçylygynyň bozulmalary barada özlerine mälim bolan ýagdaýlar hakynda pula gözegçilik edýän edara habar bermek;


  • öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen meseleler boýunça usulýet we gollanma görkezmelerini çykarmak;


  • salgyt edaralarynyň ygtyýarlyklaryna degişli meseleler boýunça fiziki we ýuridik şahslaryň arzalaryna we ýüz tutmalaryna bellenilen tertipde garamak;


  • beýleki döwletler bilen salgyt salmak meseleleri boýunça ylalaşyklaryň taslamalaryny taýýarlamaga gatnaşmak;


  • beýleki döwletleriň salgyt edaralary bilen özara iş alyp barmak.


  • Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti özüniň welaýatlardaky, şäherlerdäki, etraplardaky düzüm birlikleriniň işlerini guraýar we olara ýolbaşçylyk edýär.