2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýy barha beýgelýär. Munuň netijesinde eziz Watanymyz ýokary depgin bilen ösýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasynda durmuşa geçirilýän parasatly maksatlarynyň iş ýüzünde aýdyň şöhlelenmesidir.

    Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ajaýyp kitabynda şeýle diýilýär: “Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň hem Günbataryň halklarynyň taryhynda wajyp orun eýeledi. Onuň bilen bagly taryhy ýazgylar, arheologik tapyndylar, etnografik we edebi gymmatlyklar, halk hakydasynda saklanyp galan ruhy miras gitdigiçe gyzyklanmany artdyrýar. Bu ýol adamzat ykballarynyň ösüşine täsir eden gahrymançylykly we yklymlaryň halklarynyň dost-doganlygyny  bakyýete öwren altyn ýoldur”.   



    Türkmenistan taryhy Ýüpek ýoluny XXI asyrda ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede täzeden ykdysady ýol derejesinde dikeldýär. Ulag logistika düzümi häzirki wagtda dünýä ykdysady giňişligine girmegiň iň möhüm şertleriniň birine öwrüldi. Türkmenistan watanymyz hem soňky ýyllarda ulag pudagyny çalt ösdürýän üstaşyr logistika düzümini döredýän döwlet hökmünde tanalýar. Ulag häzirki döwrüň kerweni bolup durýar. Kerweniň baran ýerinde bolsa söwda-ykdysady gatnaşyklar, milletleriň biri-birine ýakynlaşmaga bolan meýiller, halkara gatnaşyklaryň täze tapgyrlary, iň esasysy hem parahatçylykdyr durnuklylyk rowaçlyk tapýar. Hut şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden taryhy çykyşlarynda Merkezi Aziýada we Hazar zolagynda ulag kommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek boýunça ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, onda Hazar we Gara deňizleriniň, Merkezi Aziýanyň, şeýle-de ýakyn Gündogaryň arasynda ulag üstaşyr mümkinçiliklerini göz önünde tutmak baradaky başlangyçlaryny öňe sürüpdi. Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherinde täze halkara deňiz menziliniň gurulmagy diňe bir Hazar suwunyň üsti bilen dälde, eýsem bu deňiz menzili arkaly ulaglaryň howa, awtomobil, demir ýol ýaly görnüşleri üçin hem giň mümkinçikleriň açylmagyny aňladýar. Diýmek, ulaglaryň ähli görnüşleriniň sazlaşykly utgaşýan bitewi merkezi emele gelýär. Bu ýollaryň üsti bilen daşaljak ýükler gündogarda Çyn-Maçyndan gaýdyp, soňunda Ýewropa ýetiriler ýa-da Pars aýlagynyň üsti bilen Arap ýarym adasyndaky ýurtlara barmaly ýükler Türkmenbaşy halkara deňiz portyndan dürli ugurlar boýunça ugradylar. Bular ykdysady taýdan has arzan düşýän iň gysga ugurlara öwrüler. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoly Ýer ýüzünde täze Ykdysady Ýüpek ýoly ady bilen barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Hytaýdan, Ýaponiýadan, Günorta Koreýadan hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlardan Türkmenbaşa gelýän ýükler soňra Hazar deňziniň üsti bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şaherine, Azerbeýjanyň paýtagty Baku şäherine, Eýran Yslam Respublikasynyň Bender Abbas deňiz menziline ugradylar. 

    Ýurdumyzyň içinden geçýän ýollarda dürli ýurtlardan geçýan dürli ýük ulaglarynyň köpelmegi hem gadymy Ýüpek ýolunyň täzeçe şöhlelenmegidir. Türkmenistanda ulag kommunikasiýa infrastrukturasynyň ösmegi bilen milli ykdysadyýetiň ýokary depginli ösüşlere eýe bolýan esasy pudaklarynyň hatarynda jahankeşdelik pudagyny-da görkezmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, eziz Watanymyz baý taryhy, tebigy aýratynlyklary hem-de gözel mekanlary bilen halkara jahankeşdeleriniň ünsüni çekýär. Paýtagtymyz Aşgabatda we ähli welaýatlarda gurulýan döwrebap, kaşaň myhmanhanalar hem-de dynç alyş toplumlary ýurdumyzyň halkara syýahatçylyk bazaryndaky ornuny has-da berkitmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň subutnamasydyr.

    Türkmen halky myhmansöýer halk. Ýurdumyza gelýän myhmanlary hormat bilen garşy almak, olarda Türkmenistanda bolan döwürleri barada ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary galdyrmak halkymyzyň tebigatyna siňen ajaýyp häsiýet. Häzirki wagtda Aşgabat şäheri ajaýyp seýilgähleriň, öwüşgin atýan altyn gümmezli köşkleriň, köp sanly suw çüwdürimleriniň, belent we kaşaň binalardyr desgalaryň, haýran galdyrýan özboluşly binagärligiň jemlenen ýerine öwrülip, dünýäde iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriň hataryna goşuldy. Türkmen paýtagtynyň Aziýanyň dürdänesine öwrülen ajaýyp künjekleriniň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ata Watanymyzyň üstünlikleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýän ýene-de bir subutnamadyr. Ak mermerli paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan örän uly şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmakda innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we şu ugur boýunça dünýäde toplanan iň oňat tejribäni işjeňlik bilen ornaşdyrmak esasy ugur edilip alyndy we ýokary derejelere ýetildi. Bularyň hemmesi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarymyzyň ýaşaýyş şertleriniň ýokary ölçeglere laýyk gelmegini, türkmenistanlylaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, göwnejaý ýaşamagy we dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegini üpjün etmäge mümkinçilik döredýär.