Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Parahatçylyk we ykdysady ösüş
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Gadymy senediň mesgeni
Ykdysady ösüş milli medeniýetiň kemala gelmeginiň möhüm şertidir
“Paýhas çeşmesiniň” dürdäneleri
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi Milli ykdysadyýetiň synmaz diregi
Puluň ýüze çykyş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Dünýä pulunyň wezipesi
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Statistikanyň taryhy
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda

Adamzadyň durmuşynda maddy taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan pullar taryhda haýsy döwletleriň bolandygyna, haýsy hökümdaryň höküm sürendigine şaýatlyk edýän iň esasy delillerdir. Gadymy pullar belli bir döwletiň ykdysady gatnaşyklaryny öwrenmegiň çeşmesidir. Dolanyşygyň serişdesi bolan gadymy pullaryň daş görnüşiniň, keşbiniň özüneçekijiligi, şol döwrüň nakgaşlarynyň ussatlygyny, ussahanalaryň tehniki mümkinçiliklerini-de görkezýär.

Türki halklaryň durmuşynda pullar baradaky maglumatlar Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde hem öz beýanyny tapýar. Orta asyrlarda dünýä taryhynda uly yz goýan, Türkmenleriň Seljuklylar döwletiniň iň pajarlap ösen döwri bolan Soltan Mälikşanyň döwründe (1072 — 1092) «Türki dilleriň diwany» atly sözlügi bilen tanalan Mahmyt Kaşgarly bu eserini 1077-nji ýylda Apbasy halyfy Abulkasym Abdylla ibn Muhammet Muktady Biemrilla sowgat edýär. Bu eser türki halklaryň diliniň taryhyny öwrenmekde tapylgysyz hazynadyr. Şeýle-de, alym eseriniň başynda: «Türki diline öçmejek şöhrat, tükenmez hazyna bolsun» diýip, bu diwany ýazmagynyň sebäbini aýdyp geçýär.

Mahmyt Kaşgarlynyň bu eserinde bellenilişine görä, türki halklar XI asyrda pullary «ýarmak» diýip atlandyrypdyrlar. Sözlükde «ýarmak» sözüne örän köp ýerde duş gelinmegi, bu XI asyrda sözüň ýaýrawynyň giň bolandygyny görkezýär. Mahmyt Kaşgarly «ýarmak» sözüne düşündiriş berende, onuň ýene bir manysy hökmünde «dirhem» diýip belleýär. Alymyň «dirhem» beýanyna esaslanyp, «ýarmagyň» kümüş pul manysynyň bardygyny çaklamak mümkindir.

Dilçi alymyň beýanlary esasynda XI asyrda türki halklaryň arasynda adaty hilli pullardan başga, pes hilli pullar-da bolupdyr. Eserde adaty hilli pul «bitin ýarmak» — «bitin pul», pes hilli pullar bolsa «egsik ýarmak» — «kem pul» diýlip atlandyrylýar. Şol döwürde pullaryň dürli hilde bolandyklaryny alymyň ýene-de bir beýany tassyklaýar. Onda: «Ol puluň gowusyny toplady» ýaly sözlemleri getirip, oňa düşündiriş berýär.

Umuman, orta asyrlara degişli tapylan köp sanly zikgelenen pullar barada aýdylanlara ser salanymyzda, olaryň tegelek görnüşinde bolandygyny çaklamak bolýar. Mahmyt Kaşgarly eserinde «ýap» sözüniň manysynyň tegelekdigini ýazypdyr, tegelek kesilen pula «ýap ýarmak» diýilýändigini: «ýanymda tegelek pul ýok — abat pul ýok» setirleri arkaly beýan edipdir. Pullar wagtyň geçmegi bilen, gyralarynyň kertilip zaýalanýandyklary sebäpli, şekliniň tegelekliligini ýitirýärler. Ol barada Mahmyt Kaşgarly «byçuk» sözüne düşündiriş berende, bu ýagdaýy şeýle beýan edipdir: «Kesik — islendik zadyň ýarysy. Byçuk ýarmak — «ýarym pul». Dilçi alymyň «byçuk ýarmak» beýanynyň «ýarym dirhem» manysyndadygyna göz ýetirmek bolýar.

Mahmyt Kaşgarlynyň ýaşan zamanasynyň pullary barada söhbet edilende, taryh ylymlarynyň kandidaty Tirkeş Hojanyýazowyň adyny aýratyn belläp geçmelidiris. Pullar barada ylmy işleri, eserleri bilen belli alymlaryň hataryna girmegi başaran türkmen alymynyň «Beýik Seljuk döwletinde pul dolanyşygy» atly eseri örän möhümdir. Onuň bu eserinde arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan Beýik Seljuk döwletiniň pullarynyň (dinarlaryň, dirhemleriň) gyralarynyň kertilendigini we şekillerini üýtgedendiklerini, bu ýagdaýyň bolsa pullaryň agramlarynyň dürli bolmaklaryna getirendigini belläp geçýär. Türkmen alymynyň berýän bu maglumaty Mahmyt Kaşgarlynyň eserindäki maglumatlar bilen gabat gelýär.

Kaşgarlynyň eserinde ünsümizi çeken sözleriň ýene bir-de «uruglug» sözüdir. Alym bu sözüň manysyny: «Uruglug altun — «Zikgelenen altyn, guýlan altyn» görnüşinde beýan edipdir. Ýagny eserdäki bu maglumat esasynda XI asyrda türki halklaryň «zikge» sözüne derek «uruglug» diýen sözi ulanandyklaryny aýtmak mümkindir. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenleriň Seljuklylar döwletinde ilkinji pul bolan altyn dinar 1041-nji ýylda Nişapurda Togrul begiň adyna zikgelenýär.

Alymyň eserindäki maglumatlar esasynda, XI asyrda türki halklaryň arasynda köp sanly gurply adamlar ýaşap geçipdir. Munuň bilen baglanyşykly Mahmyt Kaşgarly «tümen ming» sözüne düşündiriş berende: «Müň gezek müň, bir million» diýip ýazýar. Şeýle-de, eserde «Telim ýarmak» — «Köp pul» söz düzümi getirilýär. Sözlükde «öküm» sözüne düşündiriş berlende: «Bir öküm ýarmak» — «Bir üýşmek pul» diýip belläp geçilen bolsa, eseriň başga, bir ýerinde «ökün» sözüniň manysyny: «pul, gül ýaly zatlaryň üýşmegi, dessesi» diýip düşündiripdir. Mundan başga-da onda: «Ol ýarmak ökdi» — «Ol pul toplady» ýa-da «Ol ýarmak azutlady» — «Ol pul owuçlady» söz düzümleri hem öz beýanyny tapypdyr. Mahmyt Kaşgarlynyň berýän bu maglumatlaryna görä, XI asyrda belli şahslaryň ellerinde örän köp mukdarda pullar bolupdyr.

Şaýylyklar bilen bilelikde türki halklarda mata pullar hem ulanylypdyr. Ol bu barada «kamdu» sözüne düşündiriş berende: «Uzynlygy dört arşyn, ini bir garyş biz mata, ýüzüne uýgur hanynyň möhüri basylyp, pul ýerine ulanylýar. Mata könelse, her ýedi ýylda bir gezek ýamalyp, ýuwulýar, ýaňadan möhür basdyrylýar» diýip beýan edýär. Şeýle-de, alym eserinde «bakyr» atly hytaýda ulanylýan puluň bardygyny, şonuň bilen söwda işleriniň amala aşyrylýandygyny hem ýazypdyr. Dilçi alym eserinde şol döwür mis puluň «benek» diýlip atlandyrylandygyny belläp geçipdir.

Türki halklaryň söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynda esasy serişde bolup hyzmat eden pullar hakynda belli şahsyýetlerimiz köp maglumatlary berýärler. Şolaryň biri-de, Mahmyt Kaşgarlynyň bize miras goýan «Türki dilleriň diwany» eseridir. Onuň bu eseri milli taryhymyza içgin aralaşmakda, dil baýlyklarymyzy çuňňur öwrenmekde tapylgysyz hazynadyr.

çeşme:https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21993

Ah­met AN­NA­BER­DI­ÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.