Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-HABITAT) halkara hünärmeni hanym Katýa Şafer bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň maksady Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamada kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Duşuşykda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyz bilen bu düzümiň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha işjeňleşýär. Bu hyzmatdaşlyk milli şähergurluşyk syýasatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine düzgünleşdiriş, meýilnamalaşdyryş, dizaýn ýörelgeleri, şäherlerde we beýleki ilatly ýerlerde daşky gurşawy goramak, şäher ykdysadyýeti babatdaky işlere işjeň goşant goşýar. Myhmanlar saparyň dowamynda Diýarymyzyň beýleki sebitlerindäki şäherlere hem baryp görmegi, ýurdumyzyň şäher gurluşygyna öz goşantlaryny goşmak üçin maksatnamalaýyn resminamany taýýarlamagy meýilleşdirýändikleri barada gürrüň berdiler. Öňde goýlan şeýle maksatlara ýetmek üçin türkmen tarapy bilen tejribeleriň we bilimleriň paýlaşylmagynyň wajypdygy bellenilip, guramanyň geljekde-de işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy nygtaldy. Iri halkara guramanyň wekilleri ýurdumyzda şäherleşmegiň maliýe we ykdysady taraplary babatdaky maglumatlar bilen hem tanyşdyryldy. Şeýle hem BMG we onuň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berlip, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmäge gyzyklanma bildirildi. Wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamada kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik, Daşary işler, Daşky gurşawy goramak ministrliklerinde hem-de Aşgabat şäher häkimliginde hem duşuşyklary geçirdiler.
Tirkeşmyrat KURRAÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen işleşmek boýunça baş hünärmeni.