Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Parahatçylyk we ykdysady ösüş
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Gadymy senediň mesgeni
Ykdysady ösüş milli medeniýetiň kemala gelmeginiň möhüm şertidir
“Paýhas çeşmesiniň” dürdäneleri
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi Milli ykdysadyýetiň synmaz diregi
Puluň ýüze çykyş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Dünýä pulunyň wezipesi
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Statistikanyň taryhy
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Puluň gelip çykyşy we mazmuny


Ykdysady nazaryýetiň iň möhüm düşünjeleriniň biri bolup pul çykyş edýär. Ol harydyň alyş-çalyş gymmatynyň taryhy ösüşiniň netijesinde emele gelipdir.

Mälim bolşy ýaly, harydyň gymmaty önümçilikde döredilýär. Emma gymmat şol harydyň başga haryda deňeşdirilmegi arkaly alyş-çalyş gymmaty görnüşinde ýüze çykýar. Mysal üçin, bir palta 20 kg dänä çalşylýar diýeliň. Şonda palta özüniň gymmatyny dänäniň isleg ödeýiş gymmatynda aňladýar. Munuň özi paltanyň ýasalmagy üçin-de, dänäniň öndürilmegi üçin-de birmeňzeş ululykda zähmetiň sarp edilendigini aňladýar. Öz gymmatyny başga bir harydyň isleg ödeýiş gymmatynyň üsti bilen aňladýan haryt, ýagny biziň mysalymyzda palta gymmatyň otnositel görnüşinde durýar. Haýsy harydyň isleg ödeýiş gymmaty başga bir harydyň gymmatyny aňladýan bolsa, ýagny biziň getiren mysalymyzda däne, gymmatyň ekwiwalent görnüşinde durýar. Eger haryt gymmatyň otnositel görnüşinde durýan bolsa, ol alyş-çalyşda aktiw orun tutýar. Munuň tersine, ekwiwalent bolup hyzmat edýän haryda passiw orun degişlidir.

Şu ýerde alyş-çalyş gymmatynyň ýönekeý görnüşinden başlap, tä pul görnüşine çenli ösüş ýoluna ser salalyň.

Haryt önümçiliginiň ilkinji ýüze çykan ýagdaýynda, alyş-çalyş tötänleýin amal edilipdir. Ilkidurmuş jemagatlary tötänleýin dörän artykmaç önümlerini öz aralarynda çalşypdyrlar. Bu ýerde haýsy-da bolsa bir haryt, gös-göni başga bir haryda çalşylypdyr. Muňa göz ýetirmek üçin ýokardaky getirilen mysalymyzy ýatlamak ýeterlikdir (1 palta = 20 kg dänä). Alyş-çalyş gymmatynyň bu görnüşine gymmatyň ýönekeý ýa-da tötänleýin görnüşi diýilýär.

Jemgyýetiň ösüşiniň dowamynda zähmet bölünişigi gitdigiçe çuňlaşýar. Ilkidurmuş jemagat gurluşy mahalynda zähmetiň ilkinji iri jemgyýetçilik bölünişigi, ýagny maldarçylygyň ekerançylykdan bölünip aýrylmagy bolup geçýär. Şonuň netijesinde harytlaryň sany köpelýär, alyş-çalyş birsyhly bolup durýan hadysa öwrülýär. Indi şol bir haryt birnäçe harytlar bilen çalşylyp ugraýar. Mysal üçin:

 = 40 kg dänä, 

 1 goýun = 20 m mata,

 = 2 palta,

 = 3 g altyna we ş.m. 

çalşylyp bilner. Şu ýerde bir haryt (goýun) özüniň gymmatyny birnäçe hartylaryň isleg ödeýiş gymmatynda aňladýar. Alyş-çalyş gymmatynyň ösüşiniň bu görnüşine gymmatyň doly ýa-da ýaýbaňlandyrylan görnüşi diýilýär.

Alyş-çalşyň ösüşiniň bu basgançagynda harytlaryň biri-birine gönüden-göni çalşylmagy entäk aradan aýrylmaýar. Bu bolsa alyş-çalşyň ýaýbaňlanmagyna belli bir derejede päsgel berýär.

Jemgyýetçilik zähmet bölünişiginiň mundan buýana çuňlaşmagy bilen ähli harytlaryň arasyndan has ýörgünli, hyrydarly bolan bir haryt saýlanyp çykýar. Beýleki harytlaryň hemmesi özleriniň gymmatyny şol saýlanyp çykan haryt bilen aňladyp ugraýar. Ol saýlanan haryt bolsa beýleki harytlaryň ählumumy ekwiwalenti hökmünde çykyş edýär. Ählumumy ekwiwalent nämä? Islendik beýleki haryda gös-göni alyş-çalyş etmäge ukyby bolan haryda ählumumy ekwiwalent diýilýär.

Ählumumy ekwiwalentiň peýda bolmagy alyş-çalşy ýeňilleşdirýär, hem-de bir harydyň başga bir haryda gönüden-göni çalşylmagynyň ýitip gitmegine esas döredýär.

Alyş-çalşyň ösüşiniň bu basgançagynda gymmat özüniň doly ýa-da ýaýbaňlandyrylan görnüşinden ählumumy görnüşine geçýär. Ony aşakdaky ýaly görkezmek bolar:

 40 kg däne =

 20 m mata = = 1 goýna

 2 palta =

 3 g altyn we ş.m.=

Şu ýerde ählumumy ekwiwalentiň ornunyň entäk belli bir haryda berkidilmändigini bellemek gerek. Ol orny aýry-aýry ýerlerde, ýurtlarda dürli-dürli harytlar ýerine ýetiripdir. Käbir ýerlerde ählumumy ekwiwalent ornunda duz, başga ýerlerde mal, ýene bir ýerlerde deri ýa-da pil süňki we ş.m. çykyş edipdir.

Ählumumy ekwiwalentiň köp dürlüligi alyş-çalşa belli bir derejede päsgel beripdir. Haryt gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösmegi, ähli ýerde ýeke-täk ekwiwalente geçilmegini talap edipdir.

Ählumumy ekwiwalentiň ornunyň haýsy hem bolsa bir haryda, ýagny altyna berkidilmegi gymmatyň pul görnüşiniň ýüze çykmagyna getiripdir. Ony şeýle görkezmek bolar:

 40 kg däne =

 20 m mata = = 39 altyna 

 2 palta = 

 1 goýun we ş.m.=

Puluň peýda bolmagy bilen harytlar dünýäsi iki bölege bölünipdir. Onuň bir böleginde ýönekeý harytlar, beýleki bir böleginde bolsa, pul harydy bolýar. Puluň kömegi bilen galan hemme harytlaryň gymmaty aňladylýar. Pul ählumumy isleg ödeýiş gymmaty hökmünde çykyş edýär. Diýmek, pul ählumumy ekwiwalentlilik wezipäni ýerine ýetirýän aýratyn bir harytdyr.


Arbabow B., Kazygulyýew A., Rahmanowa M. Ykdysady nazaryýet.

Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020., 49-51sah.