Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Parahatçylyk we ykdysady ösüş
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Gadymy senediň mesgeni
Ykdysady ösüş milli medeniýetiň kemala gelmeginiň möhüm şertidir
“Paýhas çeşmesiniň” dürdäneleri
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi Milli ykdysadyýetiň synmaz diregi
Puluň ýüze çykyş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Dünýä pulunyň wezipesi
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Statistikanyň taryhy
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.

Fýuçers söwdalary hakyky harydyň söwdasyny edýän birža söwdalaryndan gelip çykdy. Ilkibaşda birža, hakyky birža harydy bilen baglaşylýan iri, lomaý haryt geleşikleriniň baglaşylýan ýöne bir ýeri bolup hyzmat edýärdi. Onuň harydy alyja haýal etmän ýada ýakyn möhletde gowşurylýardy. Munuň gapdaly bilen birža çykarylýan harytlary ýada olaryň nusgalaryny (şertnamalaryny) belli bir döwürde (birnäçe wagtda we aýda) gowşurmak bilen baglaşylýan söwdalar geçirilip başlandy. Bu ýagdaýlarda haryt ýaha eýýäm öndürilendi, ýada olary indi öndürjek bolýardylar. Harydy haýal etmän gowşurmak şerti bilen geçirilýän söwdalardan tapawutlylykda harydy belli bir döwürden soň gowşurmak bilen geçirilýän söwdalar şertnama baglaşýan taraplaryň geljekki harydyň hili barada, harydyň gowşuryljak tapgyrynyň möçberi barada anyk meseleleri çözmegi talap edýär.  Harydy haýal etmän gowşurmak bilen baglaşylýan şertnamalardan tapawutlylykda harydy geljekki möhletde gowşurmaga baglaşylýan geleşikler has dürs standartlygy we olaryň ýerine ýetirilmeginiň kepilini talap edýär. Başgaça aýdanyňda, iri senagatyň ösmegi bilen we ondan gelip çykýan talaplar haryt geleşikleriniň jemgyýetçilik-kabul edijilikli standartlaşmagynyň bir tarapdan zerurlygyny ýüze çykardy, beýleki tarapdan – olaryň ýerine ýetirilmeginiň kepilini hem ýüze çykardy.  Egerde geleşikleriň standartlaşdyrylmagy olaryň baglaşylmagyny ýeňilleşdirýän bolsa, onda söwda dolanyşygynyň artmagyna ýardam berýär. Şeýlede, kepil geçme görkezilen wezipäni öz üstüne alýan guramanyň bolmagyny talap edýär. Bu wezipäni baglaşylýan geleşikleriň şertleriniň standartlaşdyrylmagy boýunça uly işleri alyp barýan we olaryň ýerine ýetirilmegine kepil bolup çykyş edýän biržalar üstünlikli ýerine ýetirýärler.  Geleşikleri ýerine ýetirmegiň kepilnama ulgamy iki ugurda ösdi: - bir tarapdan, biržalar birža harytlarynyň ätiýaçlyk, kepil gorlaryny döretdiler, - beýleki tarapdan, öň baglaşylan birža şertnamalaryny başga birine satmak işleri giň gerim aldy. Olar, birža şertnamalaryny ýerine ýetirmekden dänmegiň ýerine satyja ýada alyja öz şertnama borçnamasyny satmaga ýada täze şertnama satyn almaga mümkinçilik berdi. Bu ýagdaýlar bolsa harydy birnäçe möhletde gowşurmak bilen baglaşylýan standart birža şertnamalaryny işläp düzmäge uýgunlaşma ýoly bilen getirdi. Fýuçers söwdalarynyň ösüşiniň esasy sebäpleri we zerurlygy gönüden-göni birža harytlary bilen edilýän söwdalaryň çäklendirilmesini aýyrmagy üpjün etdi. Harydyň özi maddy nygmatlar hökmünde birža söwdalarynyň ösmegi üçin çäklendirme getirýär. Olardan dynmak üçin, harydyň özi bilen däl-de, oňa bolan hukuk bilen-fýuçers şertnamalary bilen söwdalary gurnamak ýoly halas edýär. Biržada harytlary satyn almak-satmak amallary fýuçers şertnamalarynyň birža dolanyşygyna öz ornuny berýär. Fýuçers şertnamalarynyň hakyky harydyň bazary bilen gatnaşygy gytaklaýyn häsiýete eýe bolýar. Baglaşylýan fýuçers şertnamalarynyň ujypsyz göterimi soňundan harydy gowşurmak bilen gutarýar.  Fýuçers söwdalary XIX asyryň ikinji ýarymynda ýüze çykdy. Onuň ýüze çykmagy we ösüşi maýa goýumyň dolanyşygynyň bahalarynyň ýakymsyz üýtgemeginiň töwekgelçiligini azaltmaga, ätiýaçlyk gorly maýa goýumynyň möçberini azaltmaga, hakujy edilip geçirilýän maýa goýumlarynyň pul görnüşinde yzyna alynmagyna, karz söwdalaryny arzanlatmaga, dolanyşygyň çykdajylaryny azaltmaga ýardam berdi. Fýuçers biržalaryndaky söwdalar hakyky harydyň biržalary bilen deňeşdireňde geleşikleriň kesgitlenilen häsiýeti bilen tapawutlanýar. Käbir geleşikler soňundan harydy gowşurmak bilen jemlenilýär, galan esasy geleşikler – bahalardaky tapawudy tölemek bilen jemlenilýär. Fýuçers biržalarynda geleşikler satyjy bilen alyjynyň arasynda gönüden-göni baglaşylman, eýsem satyjy bilen Hasaplaşyk edarasynyň, alyjy bilen hem Hasaplaşyk edarasynyň arasynda baglaşylýar. Fýuçers biržalarynda geleşikler haryda bolşy ýaly, walýuta, paýnamalaryň indekslerine, göterim goýumlaryna hem baglaşylýar. Fýuçers biržalarynda amallaryň göwrümi hakyky haryt bilen edilýän söwdalaryň möçberinden birnäçe esse ýokary bolýar.  Fýuçers biržalarynda baglaşylýan geleşikleriň esasy harytlary: däne, ýag tohumy, ýag, nebit we nebitönümleri, gymmatbahaly we reňkli metallar, pagta, şeker, kofe, kakao-noýbalary, diri mallar we ş.m..  


Paşşyýew Orazgeldi Ylýasowiç 

Haryt - çig mal biržalarynda işi guramak we dolandyrmak 

dersinden umumy sapaklaryň ýazgysy Aşgabat – 2018ý.