Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Parahatçylyk we ykdysady ösüş
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Gadymy senediň mesgeni
Ykdysady ösüş milli medeniýetiň kemala gelmeginiň möhüm şertidir
“Paýhas çeşmesiniň” dürdäneleri
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi Milli ykdysadyýetiň synmaz diregi
Puluň ýüze çykyş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Dünýä pulunyň wezipesi
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Statistikanyň taryhy
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Ykdysady ösüş milli medeniýetiň kemala gelmeginiň möhüm şertidir

Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidentiniň 2015-nji ýylda neşir edilen “Türkmen medeniýeti” kitabynda türkmen döwletliliginiň berk binýady bolan ykdysadyýetiň ösüş aýratynlyklaryna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Kitapda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň çäginde ýaşan taýpalaryň we halkyýetleriň öndüriji hojalyga – ekerançylyga we maldarçylyga geçmeginiň uly taryhy-medeni ähmiýete eýedigine hiç bir ikirjiňlenme ýokdur. Elbetde, ekerançylyk we maldarçylyk gadymy dünýäniň ykdysady ösüşiniň möhüm şerti bolupdyr. Emma onuň taryhy-medeni ähmiýeti diňe bir oba hojalygynyň özgermegi bilen çäklenmeýär, ol ynsan aňynyň kämilleşmegine, medeniýetiň, sungatyň ösmegine hem-de bilimleriň, asylly ruhy ýörelgeleriň peýda bolmagyna hem ýardam beripdir. Ak bugdaý hem-de Orta Aziýada ekerançylyk guraly bolan ilkinji tapyndy – daşdan ýasalan kätmen Jeýtun medeniýetiniň inkär edip bolmajak medeni subutnamalarydyr.” (28sah.) Diýmek, adamzadyň ilkinji ykdysady gazananlary medeniýetiň kemala gelmeginiň möhüm şertidir.

“Türkmen medeniýeti” atly kitap pederlerimiziň şöhratly durmuş ýolunyň buýsançly beýanydyr. Ine, anyk mysallar!

“Jeýtun medeniýetiniň ösen zamanynda bugdaýy iki daşyň arasynda goýup, owguçlar bilen owradan bolsalar, soňra soky, el degirmeni oýlanyp tapylypdyr. Dünýäni özgerden bu açyşlar Türkmenistanyň çäginde ýaşan taýpalaryň miladydan öňki VII –VI müňýyllyklarda ilkinji bugdaý çöregini we arpa nanyny bişirendiklerine şaýatlyk edýär. Adatça bolşy ýaly, ykdysady durmuş medeni durmuş bilen utgaşykly ösüpdir. Oturymly ekerançylygyň peýda bolmagy bilen hasyllylygyň alamatyna öwrülen bugdaýyň şekili sungat eserlerine – dürli nagyşlara salnypdyr, bugdaý – çörek bilen bagly ilkinji ynançlar döräpdir. Hasyllylygyň alamaty hökmünde ýer we ene mukaddesleşdirmek derejesine ýetirilipdir. Şonuň üçin hem ilkinji ekerançylar hasylyň bol bitmegini arzuwlap, zenan heýkeljiklerini ýasap, oňa tagzym edipdirler. Elbetde, munuň özi gadymy döwrüň – türkmen halkynyň buýsançly gadymy dünýäsiniň pelsepesidir. (29sah.)

Köneürgenç türkmen döwletiniň düzümine Türkmenistanyň çäginiň uly bölegi girip, ol Orta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň gadymy we orta asyrlar medeni-ykdysady ösüşine uly täsir edýär. Biziň günlerimize gelip ýeten baý arheologik we binagärlik ýadygärlikleri Köneürgenç türkmen döwletiniň dünýä taryhynda tutýan beýik ornuny ykrar edýär.(52)

Magryp bilen maşrygyň arasynda ýerleşen döwletleriň ykdysady-durmuş, söwda-täjirçilik, medeni-ynsanperwerlik ugurlarynyň ösmegine iňňän ähmiýetli täsirini ýetiren Beýik Ýüpek ýolunyň barha işjeňleşmegi milli dokma senediniň ösüşine düýpli täsir edýär. Türkmenistanda öndürilen ýüpek, ýüň, nah matalar Gündogar bilen Günbatar döwletleriniň köp mähelleli bazarlarynyň gymmatbahaly harydyna öwrülipdir.(141sah.)


Abadan Ataýewa

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň“Ykdysady nazaryýet” kafedrasynyň mugallymy