NAZARLAÝAN ÖZGERTMELER

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zy ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edilen mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy esa­syn­da Di­ýa­ry­myz­da dur­nuk­ly ykdy­sa­dy ösüş üp­jün edil­ýär. Şun­da «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­leriň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem uly äh­mi­ýe­te eýe.

Ýur­du­myz­da amala aşyrylýan maýa goýum syýasaty makroykdysady görkezijileriň deňagramly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetde gaýtadan işleýän we taýýar önümleri öndürýän senagat pudaklaryny ýokary depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi yzygiderli artýar. Kabul edilen milli we döwlet maksatnamalarynda täze, döwrebap kärhanalary gurmak boýunça möhüm wezipeler kesgitlendi. Bu wezipeler daşary ýurtlardan tehnikalarydyr tehnologiýalary satyn almak bilen bir hatarda, milli innowasiýalar ulgamynyň bazar ýagdaýlaryna laýyklykda ösdürilmegini talap edip, maýa goýum syýasatynyň işjeň alnyp barylmagy bilen baglanyşdyrylýar. Milli Liderimiziň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Oba milli maksatnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden Durnukly ösüş maksatlarynyň köp ugurlaryny öz içine alýar. Oba milli maksatnamasynda ýurdumyzda ýaşamak üçin amatlylygy üpjün etmek babatda oba bilen şäheriň arasyndaky tapawudy azaltmagyň ugurlary, şeýle-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmagyň maksatlary, wezipeleridir esasy ugurlary kesgitlenilýär. Onda oba ýerleriniň, şäherçeleriň ilatynyň ýaşaýyşdurmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak, ilatly ýerleriň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň durmuş taýdan ösüşini üpjün etmek, inženerçilik ulgamlaryny özgertmek ýaly meselelere aýratyn üns berilýär. Maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistan boýunça 2008- nji ýyldan 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli binalardyr desgalaryň 1 müň 45-si gurlup ulanmaga berildi. Şolaryň 147-si Balkan, 226-sy Ahal, 240-sy Mary, 237-si Lebap, 195-si bolsa Daşoguz welaýatynda gurlan desgalardyr. Oba milli maksatnamasy oba ýerlerinde ýaşaýan ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini şäher ilatynyňky bilen deňleşdirmäge hem-de zerur bolan ýaşaýyş-durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028- nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem işjeň amala aşyrylmagyna goşant goşýar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, 2013-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň ähli sebitlerini durnukly ösdürmek, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edilýär. Ýylyň jemlerine görä, iň ýokary netije gazanyp, ýeňiji bolan göreldeli etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek boýunça ýörite topar döredilýär. Bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilen etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimligi bolsa 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçen 2024-nji ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby durmuş, ykdysady, medeni taýdan ýokary görkezijileri gazanmagy başardy. Bu barada geçen ýylda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berildi. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Sakarçäge etrabyny 2024-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. 10-njy fewralda bolsa Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinde şol baýragy gowşurmak dabarasy boldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, Sakarçäge etrabynda-da döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, ýaşaýyş jaýlary guruldy we täzeleriniň gurluşyklary alnyp barylýar. Etrabyň okgunly ösüşinde hususy telekeçileriň hem mynasyp paýy bar. Olar sebitiň çäginde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýarlar. Oba hojalyk önümlerini öndürýän daýhan hojalyklary, azyk kärhanalary azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýarlar. Etrabyň ýaşaýjylarynyň dowarlaryň, düýeleriň baş sanyny artdyrmak ugrunda gazanýan üstünlikleri-de örän guwandyryjydyr. Mahlasy, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygarlaryndan ugur alnyp amala aşyrylýan durmuş syýasaty durmuş-ykdysady ösüşiň öňdebaryjy görkezijilerine ýetmäge hem-de halkyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Bu ugurdaky işleriň ählisi ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak, zähmeti guramagy kämilleşdirmek, ilatyň durmuş üpjünçiligini durnukly ösdürmek, oba ilatynyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak ýaly asylly maksatlara ýetmegi nazarlaýar.

Meýlismyrat SAPAROW, 

«Maliýe we ykdysadyýet» yl­my-ama­ly žur­na­ly­nyň baş redaktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji.