Aýdyň maksatlar, belent tutumlar
Täze taryhy eýýamda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz ösüşleriň hem özgertmeleriň ýoly bilen öňe barýar. Muny geçen döwürde ähli ugurlarda gazanylan uly ösüşler bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň belent ösüşleriniň dünýä ýaýylýan, bitaraplyk taglymaty bilen halklary dostlaşdyrýan ata Watanymyzyň halkara abraýynyň täze belentliklere göterilýän zamanasy hökmünde şöhratlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ähli pudaklarda belent sepgitlere ýetmek, döwletimiziň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, her bir raýatyň abadan durmuşda ýaşamagyny kepillendirmek, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlar bolmagynda galýar. Adam we onuň abadan durmuşy hakyndaky aladalar häzirki döwürde alnyp barylýan durmuş özgertmeleriniň mazmunynda aýdyň beýanyny tapýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyz: «Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek, bütin dünýäde parahatçylygy, özara ynanyşmagy has-da berkitmek biziň esasy maksatlarymyz bolup durýar» diýip belläp geçýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty ata- -babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýar. Berkarar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli tutumly işler, öňde goýlan belent wezipeler bolsa ýurdumyzy has-da ösdürmek baradaky aýdyň maksatlarda jemlenýär
Öwezdurdy Öwezdurdyýew, Bereket etrap salgyt bölüminiň salgyt inspektory.