PULY TYGŞYTLAMAGYŇ WE DOLANDYRMAGYŇ DÜZGÜNLERI
Puly tygşytlamak we oňa çynlakaý çemeleşmek häzirki zaman ykdysadyýetiniň iň möhüm meseleleriniň biridir. Bazaryň, ykdysadyýetiň we bahalaryň üýtgäp durmagy her bir adamyň maliýe taýdan sowatly bolmagyny talap edýär. Puly dogry ulanmak girdejiniň artmagyna täsir edýär. Ýaşlykdan maliýe sowatlylygyny özleşdiren adamlar geljekde has ýokary girdeji gazanýarlar hemde çylşyrymly ýagdaýlarda has gowy çözgüt tapýarlar. Maliýe sowatlylygy bolan ýaşlaryň ýaşaýyşdurmuş derejesini durnukly ýola goýmak bilen ýurduň ykdysady ösüşine hem täsir edip biljekdikleri düşnükli. Puly tygşytlamak esasy maksat däl. Sebäbi tygşytlanan pul herekete getirilmese, onuň bir gysym kagyzdan artyk gadyrgymmaty bolmaýar. Şonuň üçin puluň hereketini, ýagny işjeňligini dogry dolandyrmagyň käbir esasy düzgünlerini bilmek hem hökmanydyr. Tygşytlylyk maliýe taýdan durnuklylyk üçin esasy ädimdir. Ýorgandüşegiň arasynda, bank kartynda duran puluň hümmeti, satyn alyjylyk ukyby pesdir. Eger siz maliýe taýdan erkinlige ýetmek, bar bolan puluňyzdan düşewünt gazanmak isleseňiz, ony dogry dolandyrmagyň aşakdaky düzgünlerine berk eýermelisiňiz. 1nji düzgün. Şahsy býujetiňizikesgitläň, oňa gözegçilikediň.Harajatlaryňyzyň sanawyny düzüň. Puly dolandyrmagyň iň möhüm şerti, onuňniredengelip,niräharçlanýandygynybilmekdir. • Bir aýda gelen girdejileriň we edilen çykdajylaryň sanawyny düzüň. •Çykdajylary toparlara bölüň. Şonda azyk harajatlary, jemagat tölegleri ýaly zerur çykdajylaryň, mümkin boldugyndan aýlyk girdejiňiziň 60 göteriminden kän bolmazlygyny gazanyň. • Galan puluň 40%ini ätiýaçlykgory ýada möhüm zerurlyklar üçintygşytlaň.Girdejialangünüňiz,azyndan onuň 10%ini hökman çykdajylardanöňtygşytlajakboluň. Netijede, şahsy býujetiňizi düzmek bilen, näçe manat tygşytlamalydygyny hemde näçemanat artykmaçpulsowýandygyňyzygörersiňiz. Adamlaryň köpüsi özleri üçin zerurbolmadyk zatlara pul harçlaýarlar, sebäbijemgyýetýadamahabatolarysatynalmagaiterýär. 2njidüzgün.Gordörediň,sebäbiadamyňdurmuşyhemişealaýazbolup durmaýar. Käbir garaşylmadykýagdaýlarüçindöredilenserişdegorypulytygşytlamagyňbirtäridir. • 3 aýdaýada 6 aýda zerurçykdajylaryňyza ýeterlik serişde gorunydörediň.Meselem, aýlykçykdajyňyz2müňmanat bolsa, 6müň ýada 12 müň manat aralygynda serişde tygşytlamagaçalşyň. •Tygşytlanan pul aýlyk zähmet haky bank kartynda dälde, goýum bank kartynda goýulsa, has netijeli bolar.
Häzirki wagtda «Daýhanbank» DTBsi ýyllyk 5% derejesinde ýada «Türkmenbaşy» PTBsi ýyllyk 6,5 % derejesinde goýum goýanyňyz üçinsizehaktöleýär.Bellibirmöhletbilengoýmakhemgerekdäl,islendikwagtpullaryňyzy yzyna alyp ýada nagtdälgörnüşindeulanypbilersiňiz.Goýumbankkartyndannagtdälgörnüşinde tölegler geçirilen ýagdaýynda, herbirgeçirilen tölegiň 2%möçberigaýtadanhasabyňyzageçirilýär,ýagny100manatlyktöleggeçirilse,şonuň2 manady goýum bank kartyňyzagaýdyp gelýär. Muňa «keşbäk hyzmaty»diýilýär.Çykgynsyzýagdaýlarüçinniýetläp tygşytlan ätiýaçlykpulserişdeleriňizisowmazlygaçalşyň. 3nji düzgün. Maýa goýmak arkaly puluňyzy herekete getiriň. Puly dogry dolandyrmagyň esasy syry maýa goýuma gönükdirmekdir, ýagny pul siziň üçin işlemeli. Tygşytlanan pul ýuwaşýuwaşdan öz gymmatyny ýitirýär, emma maýa goýuma gönükdirilen pul hümmetsizlenmeden ýokary bolýar. • Puluňyzy ýylda iň bolmanda10%möçberindeköpeltmegimaksatediniň. Bu, köplenç, hümmetsizlenmäniňderejesindenýokarybolýar. •Maýagoýumlaryňesasyguralybolanpaýnamalaryöwreniň. • Iň gowy girdejini uzakmöhletlimaýagoýumlargetirýär.Siziňmaýa gönükdiren serişdäňiziň diňe göterimi hem gowy girdeji getirmägemümkinçilikberer. Ýurdumyzyň «Senagat» PTBsiýyllyk10%derejesindetürkmenmilli manadynyň dolanyşyga girizilengüni mynasybetli goýum goýmagyhödürledi, şolar ýaly goýum üçinýokary göterim hödürlenilýän wagtlary gözläp öwreniň ýada «Rysgal» PTBniň paýnamasyny satyn alanpaýçylara geçen ýyl üçin ýyllyk näçe göterim derejesinde diwident tölenendigini öwreniň. Ýurdumyzdahäzirki wagtda paýnamalary satyn almak üçin «Aşgabat gazna biržasy» ÝGPJ hereket edýär, onuň www.agb.com.tmresmiinternetsaýtynagirip,paýnamalaryňbahalarynyöwrenipbilersiňiz. 4njidüzgün.Bankdan karz alyp, onydogrypeýdalanmak.Dogryulanylan ýagdaýynda, karz girdeji gazanmagyňmöhümguralydyr.Emmanädogryulanylsa,maliýeçökgünliginegetirýär. • Geljekde girdeji getirjek zatlarüçin karz almaly. Mysal üçin, işewürligiýolagoýmakýadagymmatyýokarlanýanemlägi,harydysatynalmaküçinkarzalynsa,özüniödemägeukybyýokarybolýar. • Eger siziň ozaldan hem karzyňyzbarbolsa,onda,ilkibilen,onytizüzmägeçalşyň. Häzirki wagtda «Türkmenistan» hemde «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banklary tarapyndan raýatlara 5 ýyl möhletli 150 000 manadaçenli sarp ediş karzlary berilýär. Sizony geljekde girdeji getirjek zatlaragönükdirmek üçin hem ulanyp bilersiňiz. Şeýle hem TürkmenistanyňPrezidentiniň 2021nji ýylyň 8njiiýulynda çykaran 2269njy Kararynalaýyklykda işlenilip taýýarlanylan, Türkmenistanyň Döwlet karz edaralarynyň ýuridik şahsy döretmezdentelekeçilik işi bilen meşgullanmagabaşlaýan fiziki şahslara – hususy telekeçilerekarzlarybermegiňtertibinelaýyklykda,telekeçiligetäzebaşlaýanfizikişahslaraiňpeszähmethakynyň500 essesine çenli möçberde ýyllyk 5%derejesindeýeňilliklikarzlar berilýär.Möhletibolsa 7ýylaçenli,üstesinede, ýeňillikli döwür bilen, ýagny2ýylyňdowamyndaalankarzynyň esasy bergisini gaýtarmazdanberilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024nji ýylyň 12njiiýulynda çykaran PP384 belgiliPermanyna laýyklykda, Türkmenistanboýunçabellenileniňpes aýlyk zähmet hakynyň möçberi 1 410 manatbolup,onuňhem500essesi705müňmanatmöçberindebolýar.Bumöçberhem pikirleriňiziň durmuşa geçirilmegiüçinýeterlikdir. 5nji düzgün. Maliýe sowatlylygyňyzy yzygiderli ösdüriň. Dünýä we ykdysadyýet yzygiderli üýtgeýär. Dünýäde we ykdysadyýetde nähili üýtgeşmeleriň bolýandygyny, şeýle hem olaryň puluň hakyky gymmatyna nähili täsir edýändigini öwrenmeli. •Maliýeweykdysadyýetugrundaky kitaplary, ygtybarly internetsaýtlaryndanhabarlaryokamaly. • Maliýeçiler, ykdysadyýetçilerwe bank işgärleri bilen geňeşmegigözöňündetutmaly. Netijede, tygşytlamak puly dolandyrmagyňdiňebirbaşlangyjydyr. Hakykymaliýeerkinligibolsaözbýujetiňi dolandyrmak, kyn ýagdaýlarüçingordöretmek,pulyakyllyulanmakweiňmöhümibolsapuluňyzyňsiziň üçin işlemegini gazanmakdyr. Puluňbellibirmukdarynymaýagoýumagönükdirmekwagtyňgeçmegibilen has gowy netijeleri berer. Geljekde gazanjak girdejiňiziň binýadyny şugüngoýuň.Maliýe taýdanüstünlik gazanmagyň ýenede bir syry «wagt»bilenbaglanyşyklydyr.Maýagoýumdan gelýän girdeji diňe wagtbilenişleýär.Şonuňüçin,azajykmöçber bilen başlasaňyzam maýa goýumyertirdälde,şugündenbaşlamakörän möhümdir. Şahsy býujetiňizidüzüp, gordöredip,maýa goýumlarabaşlapwegirdejigetirýänaktiwlerüçin karz alyp bilersiňiz, ýöne bularyňhemmesihemýenedemaliýesowatlylygyňyzbilenhembaglydyr.
BatyrBAÝMYRADOW
ArkadagşäheriniňSalgyt müdirliginiňsalgytinspektory.