OBA MIL­LI MAK­SAT­NA­MA­SY — TÄ­ZE EÝ­ÝA­MYŇ BE­LENT MAK­SAT­LA­RY

Şu ýylyň 11-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» kabul edildi. Maksatnama göz öňünde tutulýan döwürde Watanymyzda ýokary depginli ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, welaýatlarda ilatyň ýaşaýyşdurmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, durmuş amatlyklaryny we jemagat üpjünçiligini hem-de infrastrukturasyny kämilleşdirmäge gönükdirilýär.

 Milli Liderimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan di­ňe halky bilen Watandyr! Döwlet di­ňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygaryndan ugur alýan milli durmuş-ykdysady ösüş strategiýalarynyň esasy wezipesi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli gowulandyrmakdan ybarat. Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdiren ilkinji döwletleriň biri bolmak bilen, degişli wezipeleri milli maksatnamalara ornaşdyrmak arkaly, bu ugurda giň gerimli işleri amala aşyrýar. Döwletimiz DÖM-niň esasy ýörelgelerini goldamak bilen, ileri tutulýan ugurlar kesgitlenende adamy we onuň mertebesini esasy orunda goýýar. Munuň subutnamasy Durnukly ösüş ulgamynda ählumumy Gün tertibiniň durmuşa geçirilişi barada 2023-nji ýylda çap edilen Türkmenistanyň Meýletin milli synynda öz beýanyny tapýar. Amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan wezipeleriň durmuşa geçirilişini has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, gurluşyk-gurnama işleri başlanmadyk hem-de dowam edýän binalar, desgalar we inženerçilik ulgamlary boýunça seljerme işleri geçirilip, netijede, olaryň sanawy, durmuşa geçirmegiň meýilnamalary welaýat häkimliklerinden, ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan tekliplere laýyklykda rejelendi hemde «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» (Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşi) işlenip taýýarlanyldy. Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde 2025 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap durmuş-medeni binalary we desgalary gurmak meýilleşdirildi. Maksatnama laýyklykda, ilatly nokatlar abadanlaşdyrylanda, täze ýaşaýyş toplumlary hem-de döwrebap düzümleýin desgalar gurlanda, köçeleriň we binalaryň durky täzelenende öň­debaryjy tejribelerden, gurluşyk, inženerçilik-tehniki ulgamlarda soň­ky gazanylanlardan peýdalanylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek Watanymyzyň täze eýýamynyň möhüm strategiýasydyr» diýen çuň manyly sözlerinden ugur alnyp, sebitlerde täze şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň gurulmagy dowam etdiriler. Sebitleri senagatlaşdyrmak başlangyjy ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga we oba ilaty üçin täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa oba ilatynyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň çäklerinde obalarda, şäherçelerde, etraplardaky şäherlerde we etrap merkezlerinde jemi 87 sany durmuş-medeni maksatly binanyň we desganyň, şol sanda 4 sany hassahananyň, 12 sany saglyk öýüniň we merkeziniň, 4 müň 560 orunlyk 17 sany mekdebe çenli çagalar edarasynyň, 19 müň 980 orunlyk 32 sany umumybilim berýän edaranyň, 4 sany medeniýet öýüniň, 12 sany suw arassalaýjy desganyň we 6 sany lagym arassalaýjy desganyň, şeýle hem köp sanly inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň oba ilatynyň sanynyň barha artmagy netijesinde, köp sanly täze maşgalalar emele gelýär, maşgalalaryň adam sany köpelýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň oba ýerlerinde ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy ýokary depginler bilen ösdürilýär. Obalarda, şäherçelerde, etraplardaky şäherlerde we etrap merkezlerinde müň­lerçe inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy hem-de gurulýar. Olar döwlet, karz, şeýle hem ilatyň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň adam hakdaky alada ýugrulan durmuş-ykdysady syýasatynyň düýpli aýratynlygy bolmagynda galýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we ýaşaýyş jaý üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen, şäherlerde hem-de oba ýerlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şunda adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu babatda 2028-nji ýylda ýurt boýunça bir adama düşýän ýaşaýyş jaýynyň meýdanyny 23,7 inedördül metre ýetirmek maksat edinilýär. Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, 2025 — 2028-nji ýyllarda welaýatlarda jemi 1 million 372,6 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga tabşyrylar. Gürrü­ňi edilýän döwürde Ahal welaýatynda 19 sany binanyň we desganyň gurulmagy meýilleşdirilýär. Olar her biri 320 orunlyk bolan 5 sany mekdebe çenli çagalar edarasynyň, her biri 640 orunlyk bolan 3 sany we her biri 960 orunlyk bolan 3 sany umumybilim edarasynyň, 4 sany saglyk öýüniň we merkeziniň, 2 sany agyz suwuny arassalaýjy hem-de 2 sany lagym arassalaýjy desganyň gurluşyklarydyr. Mundan başga-da, welaýatda 849,0 kilometrlik suw geçirijilerini, 163,0 kilometrlik lagym geçirijilerini, 562,7 kilometrlik awtomobil ýollaryny, 263,0 kilometrlik gaz geçirijilerini, 485,3 kilometrlik elektrik geçirijilerini gurmak maksat edinilýär. Şu döwürde welaýatda 150,0 kilometrlik telefon ulgamy, 2 048 sany telefon belgisi işe giriziler, şeýle hem 437,2 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berler. Şu işler üçin jemi 1 488,32 million manat möçberinde maýa goýumlary özleşdirmek meýilleşdirilýär. Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň çäklerinde Balkan welaýatynda 2025 — 2028-nji ýyllarda 14 sany binanyň we desganyň gurulmagy hem-de durkunyň täzelenmegi göz öňünde tutulýar. Şolaryň 2-si hassahana, 2-si saglyk öýi we merkezi, 2-si medeniýet öýi, 3 sany suw arassalaýjy desga, 1 sany lagym arassalaýjy desga bolup durýar. Şeýle-de 3 sany umumybilim edarasyny gurmak hem-de 1 sanysynyň durkuny täzelemek meýilleşdirilýär. Şu döwürde 339,3 kilometrlik suw geçirijileri, 27,2 kilometrlik lagym geçirijileri, 368,3 kilometrlik awtomobil ýollary, 151,5 kilometrlik gaz geçirijileri, 157,1 kilometrlik elektrik geçirijileri gurlar. Bulardan başga-da, 32,0 kilometrlik telefon ulgamy, 4 416 sany telefon belgisi işe giriziler hem-de 337,7 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. Munuň üçin jemi 938,02 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu babatda Daşoguz welaýaty boýunça 2025 — 2028-nji ýyllarda 19 sany binanyň we desganyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda 2 sany saglyk öýi we merkezi, 3 sany her biri 240 we 2 sany her biri 160 orunlyk mekdebe çenli çagalar edarasy, 4 sany hersi 600 we 4 sany hersi 420 orunlyk umumybilim edarasy, 1 sany 200 orunlyk medeniýet öýi, 2 sany agyz suwuny arassalaýjy hem-de 1 sany lagym arassalaýjy desga bar. Daşoguz welaýatynda meýilleşdirilýän döwürde 141,4 kilometrlik suw geçirijileri, 46,5 kilometrlik lagym geçirijileri, 213,1 kilometrlik awtomobil ýollary, 420,0 kilometrlik gaz geçirijileri, 247,9 kilometrlik elektrik geçirijileri gurlar. Şeýle-de 161,0 kilometrlik telefon ulgamy we 2 048 sany telefon belgisi işe giriziler. Bu döwürde 214,7 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berlip, jemi 918,73 million manat möçberinde maýa goýumlaryny özleşdirmek meýilleşdirilýär. Lebap welaýaty boýunça bu döwürde 16 sany binany we desgany gurmak, 1 sany hassahananyň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. Olara 1 sany saglyk öýi, 2 sany hersi 320 orunlyk we 2 sany her biri 160 orunlyk mekdebe çenli çagalar edarasy, jemi 4 müň 900 orunlyk 8 sany umumybilim edarasy, 1 sany 200 orunlyk medeniýet öýi, 1 sany agyz suwuny arassalaýjy hem-de 1 sany lagym arassalaýjy desga degişlidir. Lebap welaýatynda meýilleşdirilýän döwürde 234,8 kilometrlik suw geçirijileri, 40,2 kilometrlik lagym geçirijileri, 242,1 kilometrlik awtomobil ýollary, 233,7 kilometrlik gaz geçirijileri, 278,6 kilometrlik elektrik geçirijileri gurlar. Aragatnaşyk ulgamy boýunça 184,6 kilometrlik telefon ulgamy we 2 müň 928 sany telefon belgisi işe giriziler. Şonuň ýaly-da 235,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler hem-de jemi 778,22 million manat möçberinde maýa goýumlary özleşdiriler. 2025 — 2028-nji ýyllarda Mary welaýaty boýunça 18 sany binanyň we desganyň gurulmagy hem-de durkunyň täzelenmegi meýilleşdirilýär. Şolaryň 1 sanysy 300 orunlyk hassahana, 3 sanysy saglyk öýi we merkezi, her biri 320 orunlyk 3 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, jemi 4 müň orunlyk 6 sany umumybilim edarasy, 4 sany agyz suwuny arassalaýjy hem-de 1 sany lagym arassalaýjy desgadyr. Bu döwürde 443,8 kilometrlik suw geçirijileri, 19,3 kilometrlik lagym geçirijileri, 398,8 kilometrlik awtomobil ýollary, 364,8 kilometrlik gaz geçirijileri, 370,4 kilometrlik elektrik geçirijileri gurlar. Şonuň bilen birlikde-de 110,7 kilometrlik telefon ulgamy we 2 müň 112 sany telefon belgisi işe giriziler, 147,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. Jemi 1 102,11 million manat möçberinde maýa goýumlary özleşdiriler. Ýakyn geljekde ýurdumyzda döwrebap, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek, ulag-logistika ulgamynyň amatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, üstaşyr we multimodal ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak boýunça-da uly işler alnyp barlar. Bu babatda awtomobil ýollarynyň, şol sanda ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň hem-de olaryň ugrundaky desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns berler, bu işlere ykdysadyýetimiziň hususy bölegi giň­den çekiler. Ýurdumyzy durnukly ösdürmek babatda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler üçin 2028-nji ýyla çenli 5 225,4 million manat maýa goýumlaryny özleşdirmek meýilleşdirilýär. Olaryň esasy bölegi durmuş maksatly gurluşyklara gönükdiriler. Netijede, dünýä ül­ňülerine laýyk gelýän durmuş üpjünçilik ulgamynyň desgalary gurlup ulanmaga berler. Maksatnamanyň meýilleşdirilýän döwründe aragatnaşyk ulgamyny täze tehnologiýalar esasynda ösdürmäge üns berler. Ilatyň telefon belgilerine we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleginiň artmagy bilen, sebitleriň telekommunikasiýa infrastrukturasy kämilleşdiriler. Täze sanly awtomatik telefon beketleriniň gurluşyklary alnyp barlar, öň­ki telefon beketleriniň durky täzelener. Bu işleriň ählisi eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýan halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. 

Seidnur JAPBAROW, 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategiýa we durnukly ösüş müdirliginiň başlygy.