YKDYSADY GATNAŞYKLARYŇ HUKUK DÜZGÜNLEŞDIRMESI: TARYHY, ÖSÜŞ ÝOLY, ESASY ÝÖRELGELERI
Dünýägözel TÄÇMYRADOWA,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet»ylmy-amaly žurnalynyň jogapkär kätibi
Hormatly Prezidentimiziň tutanýerli tagallalary bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüş ugurlaryny takyk kesgitlemek, ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip gurmak, işi guramagyň hem-de ýöretmegiň täze, has netijeli usullaryny ornaşdyrmak bilen bagly düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan sözüň doly manysynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşyny başdan geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryna esaslanýan hem-de asylly maksatlara gönükdirilen giň möçberli özgertmeler milli Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny has-da berkidýär, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň durmuş abadançylygyny yzygiderli pugtalandyrmak, Watanymyzyň bagtyýarlygyň, parahatçylygyň, asudalygyň we abadançylygyň ýurdy hökmündäki şan-şöhratyny dünýä ýaýmak üçin täze gözýetimleri açýar. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ylmy taýdan esaslandyrylan, öňden görüjilikli ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda durmuş taýdan nazarlandyrylan bazar ykdysadyýetiniň täze modeli kemala gelýär. Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, maliýe-bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň özenidir. Haryt önümçiligi pul dolanyşygynyň netijeli ýola goýulmagyny, pul dolanyşygy bolsa, üznüksiz önümçilikde maliýe akymlarynyň degişli döwlet düzümleri, şeýle-de dürli eýeçilik görnüşindäki kärhanalar tarapyndan sowatly düzgünleşdirilmegini we maksatly ugurlar boýunça harçlanylmagyny talap edýär. Ykdysady gatnaşyklar ykdysady iş ulgamynda ýüze çykýar. Ykdysady hukuk – hukuk ulgamynyň toplumlaýyn pudagy bolup, onuň kadalary köp ugurlara öz täsirini ýetirýär hem-de döwletiň ykdysady işiniň çygrynda döreýän köpdürli jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Bu gatnaşyklaryň goraglylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan kepillendirilýär. Ykdysady işde bu wajyp hukuklara sarp edijileriň ýokary hilli howpsuz harytlara we hyzmatlara bolan hukugy, raýatlaryň emläk hukuklarynyň goraglylygy, olaryň zähmet goraglylygyna, saglyga, mynasyp ýaşaýşa we şol mynasyp ýaşaýşy üpjün edýän zähmete hak tölemegiň kepillendirilen iň az möçberine bolan hukuklary we beýleki hukuklar degişlidir. Bu hukuklaryň berjaý edilmegi haryt önümçiligi, dürli binalary, jaýlary we tehniki desgalary gurmak we ulanyşa girizmek, hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen baglydyr. Şonuň üçin ykdysady gatnaşyklarda raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün edýän umumy durmuş kadalarynyň diňe bir ýerine ýetirilmegi ýeterlik däldir. Mundan başga-da, bellenen tehniki we tehnologik kadalary, dürli desgalaryň gurluşygynda we ulanylyşynda, şeýle hem harytlar öndürilende we hyzmatlar ýerine ýetirilende dürli guramaçylyk-hukuk görnüşli hojalyk subýektleri tarapyndan talaplaryň we şertleriň berk berjaý edilmegi zerurdyr. Aslynda, döwlet köpasyrlyk taryhy ewolýusiýanyň netijesidir. Bu ösüşiň dowamynda döwletiň ykdysadyýete täsir etmeginiň şertleri, görnüşleri we usullary hemişe üýtgäp geldi. Bazar ykdysadyýetinde döwlete wajyp orun berilýär, sebäbi islendik hojalyk ulgamynda bolşy ýaly, bazar hemişe şol bir durkuny saklamaýar, yzygiderli kämilleşýär. Onuň oňyn taraplary bilen deň derejede, käbir oňaýsyz taraplary hem bar. Şonuň üçin hojalyk işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň netijeli mehanizmini döretmegiň zerurlygy saklanyp galýar. Bu mehanizm maliýe-ykdysadyýet ulgamynda oňaýsyz netijeleriň öňüni almaga kömek berýär. Jemgyýetiň taryhy ösüşiniň her bir döwründe diňe döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmeli hajatlaryň (zerurlyklaryň) bardygyny bellemek gerek. Bulara umumy häsiýetli infrastruktura üpjünçiligi (mysal üçin poçta, ulag-aragatnaşyk, älem giňişliginiň özleşdirilmegi, şeýle-de ileri tutulýan pudaklaryň maýa goýumlar bilen üpjün edilmegi we ş.m.) degişlidir. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynda maliýe-hukuk kadalaryna we maliýe-hukuk gatnaşyklaryna aýratyn orun berilýär. Maliýe-hukuk kadalary maliýe hukugynyň başlangyç esaslaryny düzýär. Maliýe-hukuk kadalary umumy hukuk häsiýet- 5 lerine eýedir, maliýe hukugy hukuk kadalarynyň jemi bolup öňe çykýar. Olar döwletiň maliýe işlerini amala aşyrmakda takyk bellenen gatnaşyklary, ýagny maliýe hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Bu hukuk gatnaşyklary döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Maliýe hukugy – döwletiň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň öz wezipelerini ýerine ýetirmek üçin gerek bolan pul gaznalaryny (maliýe serişdelerini) döretmek, paýlamak we peýdalanmak boýunça alyp barýan işinde döreýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hukuk kadalarynyň jemidir. Bu kadalar döwlet tarapyndan bellenilýär we goralýar. Konstitusion hukuk kadalary döwlet býjetini, onuň salgyt we girdeji, döwlet karzy, ätiýaçlandyryş, pul we karz ulgamlaryny, olaryň umumy ýörelgelerini hem-de ýagdaýlaryny, maliýeişini kesgitleýär. Býujet we salgytlar, karz hem-de pul aýlanyşygy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň degişli maddalary tarapyndan düzgünleşdirilýär. Maliýe hukugynyň çeşmeleri bolup Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kanunlar we gaýry hukuknamalary, ýerli häkimiýetleriň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, Geňeşleriň hukuk namalary çykyş edýär. Bu çeşmeler jemlenip, maliýe-hukuk kanunçylygyny döredýär. Maliýe hukugynyň esasy çeşmesi bolup Türkmenistanyň Konstitusiýasy çykyş edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy maliýe kanunçylygyny kämilleşdirmegiň esasy hukuk çeşmesi bolup durýar. Şeýlelikde, maliýe hukugy döwlet maliýe işi bilen baglylykda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak meselelerini öwrenýän özbaşdak ylym ugry hökmünde kemala geldi. Bu hukuk namalary bazar ykdysadyýeti şertlerinde döwletiň maliýe işi ulgamynda (hususan-da salgyt, karz, ätiýaçlandyryş we ş.m.) jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar. Maliýe hukuk kadalarynyň hatarynda Türkmenistanyň hökümetiniň kararlaryna, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň tabynlygyndaky namalara aýratyn orun berilýär. Döwletiň maliýe işini kadalaşdyrmakda kanunyň tabynlygyndaky namalar esasy orna eýedir. Olara Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kabul edýä namalary degişlidir. Bu hukuk namalarynyň mazmunynda maliýe-hukuk kadalarynyň mazmuny beýan edilen, şonuň üçin bu kadalar hökmanylyk güýjüne eýedir. Türkmenistanyň hukuk ulgamy birnäçe pudaklardan ybarat. Her bir hukuk pudagy belli bir jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar we onuň hukuk usulyna eýe bolýar. Türkmenistanda ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunçylyk: -Türkmenistanyň Konstitusiýasyny; -«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny; -Türkmenistanyň Jenaýat kodeksini; -Türkmenistanyň Raýat kodeksini; -Türkmenistanyň Býujet kodeksini; -Türkmenistanyň Gümrük kodeksini; -Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksini we beýleki resminamalary öz içine alýar. Ykdysady gatnaşyklaryň hukuk düzgünleşdirmesi ykdysady gatnaşyklary durnuklaşdyrmaga we düzgünleşdirmäge gönükdirilen ýörite hukuk serişdeleriniň we usullarynyň kömegi bilen, şol ykdysady gatnaşyklara döwlet tarapyndan belli bir maksada gönükdirilen täsiri ýetirmek işidir. Ykdysadyýeti dolandyrmak boýunça döwletiň hukuk düzgünleşdirmesiniň esasy ugurlary:
а) döwletiň ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmek (hususylaşdyrmak, maýa goýum, ýaşaýyş jaý, energetika syýasaty we başgalar);
b) ykdysady giňişligiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny döretmek we netijeli durmuşa geçirmek (telekeçiligi döwlet tarapyndan höweslendirmek, eýeçili giň ähli görnüşleriniň deňhukuklylygyny üpjün etmek, hususyýetçiriň we sarp edijileriň hukuklaryny goramak, monopolizmiň we ynsapsyz bäsdeşligiň öňüni almak);
ç) döwlet edaralaryny we guramalaryny dolandyrmagyň tertibini bellemek;
d) döwlete dahylsyz ulgamyň obýektleriniň işini düzgünleşdirmek;
e) ykdysadyýetiň döwlet eýeçiligindäki we döwlete dahylsyz ulgamlarynyň işini utgaşdyrmak;
ä) ykdysady çygyrda fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny we borçlaryny durmuşa geçirmegi üpjün etmek we başgalar. Häzirki döwürde başy başlanan düýpli özgertmeleriň netijeliligi jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň hemmetaraplaýyn, yzygiderli kämilleşdirilmegini üpjün edýän köpugurly çemeleşmäni dürs saýlap almak başarnygyna bagly bolup durýar. Ykdysady özgertmeler dogry berjaý edilen halatynda, durmuş ulgamynyň netijeli ösmegine getirýär. Başgaça aýdanyňda, kuwwatly döwlet-hukuk ulgamyny kemala getirmekde degişli bazar institutlarynyň hem-de durmuş üpjünçiligi ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine ýeterlik derejede üns bermek zerur. Dünýä taryhynyň her tapgyry özüne mahsus bolan aýratynlyklar, ileri tutulýan maksatlar hem aýdyň meýiller bilen häsiýetlendirilýär. Hukuk ulgamy önümçilik ykdysadyýetiniň irki ösüş döwürlerinde, proto döwletler döräp başlanda aýratyn pudak hökmünde bölünip aýrylýar. Hukuk ösüşiniň bu tapgyryny «ar-haik» (ýagny gadymy), «tire-taýpa», «adaty», «hukuk» diýip atlandyrmak ýörgünlidir. Bu döwrüň wagt çäklerini takyk bellemek kyn, sebäbi Rim şadöwleti dargandan soň Ýewropa yklymynda bu hukuk ulgamy eýýäm ýaýrap başlapdyr. Arhaik hukugyň hereket etmeginiň soňky döwri IX-XI asyrlara gabat gelýär. Arhaik hukugyň ilkinji ýazmaça subutnamalary biziň eýýamymyzdan öňki VII asyra degişli. Müsürde saklanyp galan papirus resminamalary, daşyň ýüzüne oýulyp ýazylan ýa-da ýadygärliklerde galdyrylan hatlar muňa şaýatlyk edýär. Hukuk çeşmeleri diýip baha berlen pahna pisintli ýazgylar Gadymy Wawilonyň we Islandiýanyň çäklerinde tapylypdyr. Arhaik hukugyň ornuna korporatiw hukuk gelýär (latynçadan: «corporatio»- birleşik, geňeş, bileleşik, umumy talaplar esasynda birleşen adamlaryň topary). Tire-taýpa gurluşyna derek emele gelen adaty ýa-da oba hojalyk jemgyýetinde feodallaryň, dindarlaryň, daýhanlaryň, şäherlileriň we beýleki toparlaryň korporasiýalary saýlanýar. Netijede, korporatiw hukugyň: feodal, krepostnoý, din-ybadat, şäher, söwda hukugy ýaly ulgamlar peýda bolýar. Korporatiw hukuk ähli jemgyýetçilik gatnaşyklary däl-de, jemgyýetiň diňe aýry-aýry gatlaklarynyň içindäki gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Oňa takyksyzlyk, özara baglanyşyklaryň ýoklugy mahsusdyr. Ilkibaşda korporatiw hukuk kadalary (adatlar, iş adatlary) ýazmaça görnüşde bolmandyr, uzagyndan olaryň ýazmaça nusgalary (ýönekeý şertnamalar, kazyýet presedentleri) hem peýda bolup başlaýar. Gyzyklanýan taraplara hukuk çeşmelerini ýetirmek zerurlygy ýüze çykýar. Ol döwürde bitewi kazyýet ulgamy, söwda, gildiýa, din-ybadat, şäher kazyýeti ýaly edaralaryň özara baglanyşygy bolmandyr. Hukugyň ösüşiniň nobatdaky, üçünji tapgyry «umumy», «şadöwlet» ýa-da «patyşa hukugy» diýip atlandyrylýar. Ol häzirki hukugyň öňüsyrasyndaky ösüş tapgyry bolup, birnäçe asyrlap dowam edýär. Onuň tapawutly häsiýetleri, ilki bilen, hukuk döredijiliginiň täze subýektiniň – hökümdaryň (patyşa, imperator) taryhy sahna çykmagy bilen bagly bolupdyr. Patyşanyň kanun çykaryjylyk işi patyşa iş dolandyryşyndan, maliýe we harby işinden aýrybaşgalanýar. Iş ýörediş hukugynyň ösmeginde köp üýtgeşmeler bolup geçýär. Döwletde işýöredişiň bitewiligi emele gelip başlaýar, derňew önümçiligi, jenaýat işleri boýunça patyşanyň adyndan garalawjynyň wezipesi girizilýär. Subutnamalaryň täze sanawy döredilýär, olara kasam etme, ýazmaça subutnamalar, şaýat görkezmeleri degişlidir. Dördünji tapgyr hukugyň häzirki ösen döwrüdir. Ol jemgyýetçilik ösüşiniň bazar gatnaşyklaryna geçen döwründe peýda boldy we dürli eýeçilikdäki hojalyk subýektlerinden belli bir derejede özbaşdaklygy, aýrybaşgalanmagy talap edýär. Ösen jemgyýet ösen hukugy kemala getirýär, oňa şu häsiýetler mahsusdyr:
- hukuk kadalarynyň hökmürowanlygy: ýagny hemme adamlar kanun öňünde deňdir. Bu ählumumy hökmanylyk hukuk jogapkärçiligi instituty bilen berkidildi;
- düzgünleşdiriji kadalar goraýjy kadalara garanyňda agdyklyk edýär;
- hukuk hemmelere degişli, ýagny döwletiň täsiri jemgyýetçilik toparlarynyň (raýatlara, eýeçiligi bar adamlara, kämillik ýaşyna ýetmediklere, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bar bolan aýallara, harby gullukçylara, pensionerlere we başgalara) ählisine deň derejede öz täsirini ýetirýär;
- hukuk kadalary formal kesgitlenen häsiýete eýedir, olar ilki bilen hukuk resminamalarynda berkidilýär;
- kazual kadalar taryhda galdy, häzirki zaman hukuga abstraktlyk mahsusdyr;
- ýuridik şahs, jogap beriji, bergidar, ygtyýarly adam, hukuk bozulmanyň düzümi, günä we başga düşünjeler döreýär;
- hukuk kadalarynyň içerki gurluşy (gipoteza, dispozisiýa, sanksiýa) bar we olar köp derejeli ulgama birleşýär; - ösen iş ýörediş hukugy hukuk pudaklary boýunça ýöriteleşdirilýär, iş ýöredişiň her bir tapgyry jikme-jik düzgünleşdirilýär, subutnamalaýyn önümçili giň we subutnamalar institutynyň düzümi kämilleşdirilýär. Şeýlelikde, döwletiň ykdysady işi hukuk namalarynyň giň gerimli ulgamyna esaslanýar. Ol kadalaryň düzümi, olary işläp taýýarlamagyň, tassyklamagyň, ýerine ýetirmegiň tertibi degişli kadalaşdyryjy namalarda bellenilendir. Munuň özi döwletiň ykdysady, maliýe karz, pul ulgamynyň ýeke-täkdigini, pul birliginiň ýekeligini, ykdysady işiň deňlik esasda amala aşyrylýandygyny, býujet çykdayjylarynyň bitewi maliýeleşdirmek arkaly amala aşyrylýandygyny, Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan kepillendirilen ykdysady bitewilik giňişliginde hereket edýändigini aňladýar.
Edebiýat:
1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadlaşdyrylyşy.- Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010.
2. Türkmenistanyň Konstitusiýasy. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.
3. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy». –Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022.
4. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy». – Aşgabat, 2022.