«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Parahatçylyk we ykdysady ösüş
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
“Paýhas çeşmesiniň” dürdäneleri
Puluň ýüze çykyş taryhy
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Dünýä pulunyň wezipesi
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Statistikanyň taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Halkara guramalaryň ösüş taryhy

Halkara guramalar gadym zamanda döredi we jemgyýetiň ösüşine laýyklykda kämilleşdi. Gadymy Gresiýada biziň eýýamymyzdan öňki VI asyrda şäherleriň we jemgyýetiň bileleşigi görnüşinde (mysal üçin, Lakediminsk) ilkinji hemişelik halkara birleşikler döredildi. Şular ýaly birleşikler halkara guramalaryň geljekki nusgasy bolup hyzmat etdi. Halkara guramalaryň indiki ösüş döwri halkara ykdysady we gümrük bileleşikleriniň döredilmegi bilen baglydyr. Olaryň ilkinji birleşiklerine ХVI asyrda resmileşdirilen Ganzeý söwda bileleşigi degişlidir.

1648-nji ýyldaky Westfal ylalaşygy dünýä giňişliginde garaşsyz döwletleriň özara gatnaşyk döwrüniň başyny başlady. Halkara gatnaşyklaryň täze subýekti bolan garaşsyz döwletler bir-birinden öz tutýan territoriýasynyň möçberi, ilatynyň sany we düzümi, tebigy serişdeleriň barlygy ýa-da ýoklugy, geografiki ýerleşişi, ösüş derejesi, döwlet gurluşynyň görnüşleri, ykdysady we harby kuwwaty boýunça tapawutlanýardylar. Bu döwürde aragatnaşygyň agdyklyk edýän görnüşi iki taraplaýyn gatnaşyklar boldy. Tiz wagtda garaşsyz ýurtlaryň arasyndan territoriýalary, serişdeleri, täze bazarlary eýelemek boýunça harby we ykdysady taýdan has kuwwatly döwletleriň uly bolmadyk topary tapawutlanyp başlady hem-de olar bir-biri bilen ýiti bäsleşige geçdiler we halkara gatnaşyklar ulgamynda hökümdarlyk edýän ýagdaýy eýelediler. Olaryň birnäçesi uly kolonial ýerlere eýelik gazandylar. Olaryň halkara syýasatynyň esasy guraly we delili harby güýç bolup durdy. Kiçi we orta ýurtlar halkara işlere işjeň gatnaşmakdan boýun gaçyryp, beýik döwletler bilen wagtlaýyn birleşige girmekligiň ýa-da doly goşulmazlyk syýasatynyň mejbury tarapdary boldular.

Şonuň ýaly dünýä düzgüniniň hakykylygy 1814-1815-nji ýyllardaky Wena kongresiniň netijesinde beýanyny tapdy. 1815-nji ýylyň sentýabr aýynda Awstriýanyň, Prussiýanyň we Russiýanyň monarhlary Keramatly bileleşigi döretmek boýunça şertnama baglaşdylar. Soňra oňa Ýewropanyň köp sanly ýurtlary goşuldylar. Hristian Ýewropa ýurtlarynyň halkara bileleşigi diňe bir ýewropada halkara gatnaşyklary dolandyrmak bilen çäklenmän, eýsem aýry-aýry ýewropa ýurtlarynyň içerki ösüşlerini gözegçilikde saklap, hakykatda ýewropa hökümetiniň wezipesini ýerine ýetirdi. Olar tarapyndan döredilen halkara birleşme Westfal parahatçylygyndan soň döwletleriň hemişelik hereket edýän köptaraply diplomatik instituty döretmek boýunça ikinji synanyşygy boldy.

Halkara birleşigiň hemişelik hereket edýän köptaraply diplomatik institutyny döretmek zerurlygy ýurtlaryň arasyndaky dünýä hojalyk arabaglanyşygynyň we söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň güýçli ösmegi bilen ýüze çykdy. Olaryň soňraky ösüşi ölçegi we agramy bir nusga getirmegi, durnukly halkara-hukuk, ulag, kommunikasiýa, poçta, maliýe we beýleki işleri amala aşyrmak üçin amatly şertleri döretmegi we saklamagy talap etdi. Döwletleriň hojalyk zerurlyklary ýurtlaryň arasynda iki taraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda söwda-ykdysady alyş-çalşy üçin amatly mümkinçilikleriň döredilmegini şertlendirdi. Diňe ähli ýurtlaryň meýletin we ygrarly ýardam bermeginde şol şertleri üpjün etmek mümkindir. Netijede döwletler söwda-ykdysady we hojalyk gatnaşyklary, ilkinji nobatda olaryň ösüşine düýpli päsgelçilik berýän kadalary ýeňilleşdirýän düzgünleri we şertleri ylalaşmaga girişdiler. Gazanylan ylalaşyklary berkitmek üçin hemişelik halkara hökümetara guramalary döretmek boýunça karara gelindi. Halkara hökümetara guramalaryň ýerine ýetiriji edaralary döwletleriň tabşyrygy boýunça we olara berlen ygtyýarlygyň çäginde maksatlary adalatlylyk bilen çözüp bilerdi.

ХIХ asyryň başynda German gümrük bileleşigi döredildi. Bu bileleşige giren ähli ýurtlar getirilýän, çykarylýan we üstaşyr harytlar üçin deň kanuna garaşly boldylar. Ähli gümrük paçlary umumy diýlip ykrar edilýärdi we bileleşigiň agzalarynyň arasynda ilatyň sany boýunça paýlanýardy. 1831-nji ýylda Reýnde gämi gatnawy boýunça döredilen Merkezi iş topary ilkinji nusgawy hökümetara gurama bolup durýar. ХIХ asyryň ikinji ýarymynda Ýeri ölçemek boýunça halkara bileleşigi (1864 ý.), Bütindünýä telegraf bileleşigi (1865 ý.), Bütindünýä poçta bileleşigi (1874 ý.), Halkara ölçeg we agram edarasy (1875 ý.), edebiýat we çeper eýeçiligi goramak boýunça Halkara bileleşigi (1886 ý.), Halkara ulagyň halkara bileleşigi (1890 ý.), döredildi. Ilkinji halkara hökümetara guramalar ulag, aragatnaşyk, söwda we hojalyk gatnaşyklarynyň beýleki ugurlary boýunça agza ýurtlar tarapyndan kesgitlenen düzgünleri we kadalary ýerine ýetirmegi üpjün etdiler. Halkara hökümetara guramalary esaslandyryjy döwletler tarapyndan baglaşylan, ähli agza-ýurtlarda tassyklanmaga degişli bolan şertnamalar ylalaşylan düzgünleri we kadalary berjaý etmegiň kepili boldy. Netijede halkara hökümetara guramalaryň esaslandyryjy şertnamalarynda bellige alnan düzgünler we kadalar içerki kanunda güýje girdi. Bu döwürde döwletleriň hyzmatdaşlygy has giň häsiýete eýe bolup, durmuşyň barha köp çägine galtaşdy.

Parahatçylyk boýunça ilkinji Halkara konferensiýa howply ýagdaýlary parahatçylykly çözmek, urşy öňünden duýdurmak we urşy alyp barmagyň düzgüni boýunça ylalaşyklary işläp taýýarlamak maksady bilen 1899-njy ýylda Gaaga şäherinde geçirildi. Konferensiýa halkara dawalary parahatçylykly çözmek barada Konwensiýa kabul etdi we 1902-nji ýylda öz işine başlan eminiň gatnaşmagynda geçirilýän kazyýetiň Hemişelik edarasyny döretdi.

ХIХ asyryň birinji ýarymynda ilkinji halkara hökümete degişli bolmadyk guramalar döräp başlady. Şunuň ýaly ilkinji guramalara 1823-nji ýylda döredilen gul eýeçiligine garşy göreşmek boýunça Britan we Halkara jemgyýeti degişlidir. 1905-nji ýylda dünýäde hökümete degişli bolmadyk 134 sany guramalar hasaba alyndy. BMG-niň we onuň köp ugurly edaralar ulgamynyň döremegi halkara hökümete degişli bolmadyk guramalaryň çalt ösmegine ýardam etdi. 1950-nji ýylda BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşi “hökümete degişli bolmadyk gurama” adalgasyny resmi taýdan teklip etdi we degişli karar çykardy.

Halkara guramalaryň ösen indiki wajyp tapgyry birinji jahan urşundan soňky döwre degişlidir. Bu döwürde döwletler parahatçylygy we halkara howpsuzlygy saklamak boýunça halkara guramany döretmeklige başladylar. Bu maksatlara ýetmegiň guraly hökmünde 1919-njy ýylda Milletler Ligasy döredildi. Liganyň ähli agzalarynyň ýygnagy, geňeş we hemişelik müdiriýet Milletler Ligasynyň esasy edaralary hökmünde hereket etdi. Hemme döwletler Liganyň agzasy bolmady. Mysal üçin ABŞ hiç haçan agzasy bolmady, Liga giren käbir ýurtlar bolsa soňra onuň düzüminden çykdy. Hemmesini jemläp aýdanyňda 1920-nji ýyldan 1945-nji ýyla çenli aralykda 63 sany döwlet şu guramanyň agzasy boldy. Milletler Ligasynyň esasy wezipesi dünýä syýasaty, parahatçylygy saklamak we täze uruşlaryň öňüni almak bolup durýardy. Milletler Ligasynyň düzgünnamasynda parahatçylygy saklamak boýunça dürli netijeli çäreler göz öňünde tutulan. Onda milli ýaraglary iň az, ýagny, milli howpsuzlygy üpjün etmek üçin gerek bolan möçbere çenli çäklendirmek zerurlygy ykrar edilen. Liganyň Geňeşi her bir döwlet üçin ýaraglary çäklendirmegiň meýilnamalaryny taýýarlamalydy we olary gyzyklanýan hökümetleriň garamagyna hödürlemelidi. Emma, Milletler Ligasy parahatçylygy saklamak we halkara dawalary parahatçylykly çözmek boýunça öz üstüne ýüklenen esasy wezipesini ýerine ýetirip bilmedi. Liganyň agzalarynyň aralarynda dörän gapma-garşylyk, döwletleriň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmezlige sebäp boldy. Ol ikinji jahan urşunyň, şeýle hem Ýaponiýanyň-Hytaýa, Italiýanyň-Ispaniýa, Germaniýanyň-Awstriýa ýaragly çozmagynyň öňüni alyp başarmady. Öz wezipelerini ýerine ýetirip başarmanlygy sebäpli 1946-njy ýylyň 20-nji aprelinde Milletler Ligasy ýatyryldy we onuň serişdeleri BMG-a geçirildi.

Şonuň bilen birlikde Milletler Ligasynyň işine hakyky baha berlende (ol 1919-1939-njy ýyllar aralygynda işjeň hereket etdi) ony “beýik tejribe” diýip atlandyrmaga esas berdi hem-de Milletler Ligasynyň oňaýsyz tejribesi BMG döredilende nazara alyndy. Milletler Ligasynyň ulgamyna giren halkara howpsuzlyk, ykdysady we durmuş hyzmatdaşlyk hem-de halkara adalatlylyk ugurlaryna degişli bolan institutlar 1914-nji ýyldan öň döredilen guramalary birleşdiren we birinji jahan urşy ýyllarynda hyzmatdaşlygyň dürli görnüşlerini üpjün eden wajyp halka boldy. Milletler Ligasy tarapyndan döredilen halkara hyzmatdaşlygyň institusional görnüşleri arkaly geljekki BMG-niň has ygtybarly daýanjy üpjün edildi.

Ikinji jahan urşy köp sanly ýurtlarda, uruşdan soň parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerini ýerine ýetirip biljek guramany döretmek barada hökümet we jemgyýetçilik başlangyçlarynyň ösmegine güýçli itergi berdi. Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy saklamakda, şeýle hem syýasata degişli bolmadyk ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmekde, BMG-niň düzgünnamasynyň Milletler Ligasynyňkydan has abraýly bolandygyny wagt görkezdi. Hökümet we hökümete degişli bolmadyk halkara guramalaryň işlerini netijeli sazlaşdyrýan BMG ХХ asyryň ikinji ýarymynda halkara guramalar ulgamynda merkezi orny eýelemegi başardy. Netijede, köp sanly ýöriteleşdirilen we Birleşen Milletler Guramasy bilen bagly beýleki edaralary özüne jemleýän BMG-niň ulgamy döredi. Birleşen Milletler Guramasy adamzady howsala salýan esasy syýasy meseleler bilen meşgullanýan iň iri we has abraýly halkara gurama öwrüldi. BMG-niň syýasy işi ykdysady we durmuş meseleler bilen aýrylmaz baglanyşykda alnyp barylýar.

BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň işleri belli bir halkara ýagdaýlarda geçdi, şol hem olaryň üstünliklerini we şowsuzlyklaryny ep-esli derejede kesgitledi. Uruşdan soňky 1945-1990-njy ýyllar aralygynda BMG-niň halkara gatnaşyklar ulgamy iki sany möhüm faktoryň täsirinde ösdi. Onuň birinjisi Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky “sowuk uruş”, ikinjisi – ykdysady taýdan ösen Demirgazyk we yza galan we garyp Günorta ýurtlaryň arasyndaky güýjeýän dawa boldy. Ikinji jahan urşundan soň halkara guramalaryň ösen taryhy olaryň häzirki zaman industrial jemgyýetiň durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyny görkezýär. “Sowuk uruş” köptaraply diplomatiýanyň ösmegine uly täsir etdi. Iki sany ýokary harby we syýasy kuwwata eýe bolan ýurtlaryň bäsleşmegi netijesinde täze halkara guramalar döredi. Bu ýagdaýda Demirgazyk Atlantik Ylalaşyk Guramasy (NATO) we Warşawa Şertnama Guramasy döredi. Sowuk urşy döwründe BMG-a we halkara guramalara giren köp sanly täze garaşsyz döwletler döredi. “Sowuk uruş” tamamlanandan soň halkara guramalaryň wezipeleri has giňeldi, olaryň halkara dawalary we ählumumy meseleleri çözmek ukyby ýokarlandy.

1980-nji ýyllarda hökümete degişli bolmadyk guramalaryň okgunly ösüş sany we işjeňligi hasaba alyndy. Olar parahatçylyk ugrundaky göreş, ýewropa howpsuzlygy, adam hukugy we tebigaty goramak ugurlary boýunça döredildi. Hut

Halkara gatnaşyklaryň wajyp wezipelerini halkara hökümetara guramalaryň işi bilen bir hatarda hökümete degişli däl halkara guramalar ýerine ýetirýär. Halkara giňişliginde abraýly guramalar hökmünde halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý komiteti, Ýabany tebigatyň Bütindünýä gaznasy, Grinpis, Halkara olimpiýa komiteti we beýlekiler çykyş etdi. Şeýle hem, halkara söwda-senagat edaralary, sport federasiýalary, alymlaryň, saglygy goraýyş işgärleriň, hukuk goraýyş, medeniýet işgärleriň, ekologlaryň, ýaşlaryň we talyplaryň birleşikleri, senagatçylaryň we telekeçileriň, syýasy partiýalaryň we hereketleriň köp sanly guramalary hereket edip başlady.

ХХ asyryň soňky on ýyllygy we ХХI asyryň başy halkara guramalaryň taryhynda wajyp döwür boldy. Olar dünýä ulgamynyň ähli beýleki düzüm böleklerine garanyňda has düýpli özgerdi. Olar Ýewropadaky, Aziýadaky, Afrikadaky dawalary hem-de ösýän ýurtlaryň durmuş-ykdysady meselelerini çözmeklige işjeň gatnaşdylar. Halkara durmuşynda “uly ýedilik”, “ýigrimiler topary” ýaly köptaraplaýyn resmi däl halkara bileleşikleriň täsiri artyp başlaýar. Olar halkara durmuşyň zerur meselelerini gatnaşyjy-ýurtlaryň ylalaşykly hereketleri boýunça çözmek bilen meşgullanýarlar. Olaryň çözgütleriniň hökmany güýji ýok hem bolsa, dünýä syýasatynda olaryň tutýan düýpli ornuny inkär etmek kyn.


Türkmen döwlet ykdysadyýetwe dolandyryş institutynyň

mugallymy Ogulsuraý Hangulyýewa