Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady ösüşiň senagat-innowasiýa nusgasyny kemala getirmek, önüm öndürilýän pudaklarda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar. Düzümleýin özgertmeler ýerli çig malyň hasabyna dünýä bazarynda isleg bildirilýän taýýar önümleri öndürmegiň esasynda ýokary goşulan gymmaty bolan, gaýtadan işleýän pudaklaryň diwersifikasiýa ýoly bilen ilerledilmegini nazarlaýar.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işjeňligine uly ähmiýet berlip, durnukly ykdysady ösüş üpjün edilýär. Amala aşyrylýan maýa goýum syýasaty makroykdysady görkezijileriň deňagramly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetde gaýtadan işleýän we taýýar önümleri öndürýän senagat pudaklaryny ýokary depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi yzygiderli artýar. Kabul edilen milli we döwlet ösüş maksatnamalarynda täze, döwrebap kärhanalary gurmak boýunça möhüm wezipeler kesgitlenendir. Bu bolsa daşary ýurt tehnikalaryny we tehnologiýalaryny satyn almak bilen bir hatarda, milli innowasiýalar ulgamynyň bazar ýagdaýlaryna laýyk ösdürilmegini talap edýär hemde maýa goýum syýasatynyň işjeň alnyp barylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Ykdysady ösüşiň ugurlaryny we gerimini yzygiderli giňeltmek bilen, şol sanda ýerli hem-de daşary ýurtly maýadarlaryň netijeli iş alyp barmagy üçin oňyn şertleri döretmegiň hasabyna Türkmenistan maýa goýum hyzmatdaşlygyny özara peýdaly esasda ösdürmegiň täze mümkinçiliklerine giň ýol açýar. Maýa goýum syýasatynyň baş maksady esasy serişdelere maýa goýumlary çekmäge we olary ileri tutulýan ugurlar bolan innowasiýalara, ýokary goşulan gymmatly önümçiliklere, adam maýasyny ösdürmäge, ýurduň ekologik we durmuş-ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirmäge esaslanýar. Ýurdumyzda senagatlaşan jemgyýeti döretmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýeti düýpgöter özgertmek, ony çig mal nusgasyndan senagat-innowasion ösüş nusgasyna gönükdirmek, ýokary tehnologiýaly, ylmy tutumly pudaklary ornaşdyrmak işleri, sanly ykdysadyýete geçmek bilen birlikde, dünýä bazarlarynda köp isleg bildirilýän ýokary goşulan gymmaty bolan önümleri öndürýän häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşyk işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Döwlet kadalaşdyryş ulgamy guramaçylyk, hukuk we ykdysady gurallar arkaly üpjün edilýär. Maýa goýum syýasaty «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» uzak we orta möhletli döwürlerde kesgitlenen görkezijilere ýetmäge gönükdirilendir. Geçen ýyl ýurdumyz boýunça ähli maliýeleşdiriş çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 42,4 milliard manada deň bolup, bu babatda ýyllyk maksatnama 110 göterim berjaý edildi. Hasabat ýylynda iri önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy dowam etdirilip, birnäçesi ulanmaga berildi. Şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, gurulýan we durky täzelenýän desgalarda 5 256,3 million manatlyk maýa goýumlar özleşdirildi. Sebitlerde ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam etdirildi. Ýurduň ykdysady ösüşini 2025-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan derejelerde üpjün etmek, innowasion tehnologiýalara esaslanýan senagat pudaklaryny ösdürmek hem-de ählisinde sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy dowam etmek maksady bilen, ykdysadyýetde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna, şu ýyl jemi 40,1 milliard manat (11,5 milliard amerikan dollary) möçberinde düýpli maýa goýumlary özleşdirmek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň 8-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Ösüş depgini senagatda 0,6 göterime, gurluşykda 4,4 göterime, ulag-aragatnaşykda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy. Gazanylýan ösüşler halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarynyň iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirilýändiginiň guwandyryjy güwäsidir.
Meýlismyrat SAPAROW.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnaly.