Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilýän sepgitler ýurdumyzyň ilatynyň hal-ýagdaýynyň ösen derejesini kesgitleýär. Munuň şeýledigine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 5-nji aprelinde üstümizdäki ýylyň ilkinji üç aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabatlardan hem göz ýetirmek bolýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy wezipesi ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny yzygiderli pugtalandyrmak bolup durýar. Şu maksat bilen ýurdumyzyň şäherdir obalarynyň durky düýpli döwrebaplaşdyrylýar, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulandyrylýar, milli ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzüminde ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň paýy artdyrylýar. Bu işleriň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti syýasy zehininiň, çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasatynyň, halkymyzyň bolelin, abadan ýaşamagy ugrundaky ýadawsyz tagallalarynyň aýdyň miweleridir.
Ýylyň birinji çärýeginde gazanylan ykdysady ösüşler baradaky hasabatlara salgylanmak bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynda netijeli görkezijileriň üpjün edilendigini bellemek bolar. Milli ykdysadyýetiň önümçilik pudaklarynda ulanylýan netijeli çemeleşmeleriň peýdalanylmagy esasynda durnukly makroykdysady görkezijiler üpjün edildi. Hususan-da, ýurdumyz boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy, senagat pudagynda 0,3 göterim, gurluşykda 3,8 göterim, ulag we aragatnaşyk toplumynda 11,1 göterim, söwda ulgamynda 9,9 göterim, oba hojalygynda 4,0 göterim, hyzmatlar böleginde 8,8 göterim ösüş gazanyldy. Ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanylyp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,6 göterim artdy. Jemi içerki önümiň ösüşi, ilatyň zähmete meşgullygy, milli puluň hümmetini saklamak, önümçiligiň, bazardaky sarp ediş isleginiň we teklibiniň gyradeňligini üpjün etmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, döwlet çykdajylaryny düzgünleşdirmek ýaly makroykdysady görkezijileriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagy hem-de düýpli seljerilmegi durmuş ulgamyna gönükdirilen ykdysady syýasaty üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Ýylyň başyndan bäri bölek-satuw söwda dolanyşygy 12,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy 2,9 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102 göterim ýada 8,7 milliard manat, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýa-da 7,4 milliard manat möçberinde hasaba alyndy. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalarda zähmet çekýänleriň ortaça aýlyk zähmet haklary 2 993,8 manada deň bolup, ol, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,2 göterim ýokarlandy. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly pul-karz dolanyşygyny kämilleşdirmek, nagt däl hasaplaşyklaryň paýyny 40 göterimden hem artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bazar ykdysadyýetiniň möhüm düzümi hasaplanylýan hususyýetçiligi goldamak, ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak, döwlet emlägini hususylaşdyrmak hem-de hususy kärhanalara öwürmek, olary bellige almagy ýeňilleşdirmek, sanly karz ulgamyny ornaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça toplumlaýyn çäreler kesgitlenildi. Şu ýylda milli ykdysadyýetde, nebitgaz pudagyny hasaba almazdan, jemi içerki önümiň düzüminde hususy bölegiň paýyny 71,6 göterime ýetirmek bellenildi. Ýylyň birinji çärýeginde «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde 94,4 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, 153,8 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň, 832,5 kilometr aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy we ulanyşa goýbermek işleri tamamlandy. Häzirki wagtda 47 sany durmuş we medeni maksatly binanyň, 25 sany suw we lagym arassalaýjy desganyň, şeýle hem 2 463,4 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň, 698 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar, munda jemi 604,5 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Şeýle desgadyr binalaryň inženerçilik ulgamlarynyň uly böleginiň ulanyşa girizilmegi mynasybetli geçirilýän dabaralar ildeşlerimiziň kalbynda ýakymly ýatlama bolup galar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda maýa goýumlary netijeli özleşdirmek meselelerine uly orun berilýär. Iri möçberli daşary ýurt maýalaryny çekmegiň çäklerinde ýurdumyzda milli we daşary ýurtly maýadarlar üçin amatly iş şertleri hem täjirçilik gurşawy kemala getirilýär. «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum maksatnamasynyň» çäklerinde umumy özleşdirilmeli düýpli maýa goýumlaryň möçberi 40,1 milliard manat möçberinde kesgitlenip, onuň 26,6 million manatdan gowragy ykdysadyýet, maliýe, bank toplumyna, 12,3 milliard manady nebitgaz pudagyna, 3 976,4 million manady gurluşyk hem senagat toplumyna, 904,2 million manady ulag we kommunikasiýa pudagyna, 516,6 million manady söwda toplumyna, 260,86 million manady oba hojalyk toplumyna, ýene-de uly bölegi bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, hyzmatlar ulgamyna, welaýatlarda, Aşgabatdyr Arkadag şäherlerinde içerki önümçilik desgalaryny gurmaga, ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmaga, durmuş-medeni maksatly binalary ulanmaga bermäge gönükdiriler. Şeýle-de şu ýylda 3 müňden gowrak täze iş orunlaryny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň paýyny 20,9 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär. Çärýekleýin döwürde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen düýpli maýalaryň möçberi 17 göterim artyp, ol jemi içerki önümiň 16,4 göterimine deň boldy. Oba hojalygy barada aýdylanda, ýurdumyzyň sebitleriniň toprak-howa şertleriniň aýratynlygyna laýyklykda möwsümleýin işler alnyp baryldy. Ekinlere mineral we organiki dökünler dökülýär, ösüş suwlary tutulýar. Oba hojalygynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124,2 göterime deň boldy, maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 262,9 göterim ýerine ýetirildi. Şol sanda 990 million manada barabar bank karzlarynyň hasabyna 3 597 sany oba hojalyk tehnikalary, zerur bolan enjamlar, gurallar, şeýle-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlary, çalgy ýaglar we beýleki serişdeler satyn alyndy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynda özleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberi barada durup geçmek bilen, bu ýylda pudakda özleşdiriljek düýpli maýalaryň aglaba böleginiň ýurdumyzyň suw howdanlarynyň gurluşygyna, suwaryş we zeýkeş ulgamlaryny kämilleşdirmäge, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, derýalarda hem-de hojalygara akabalarda döwrebap suw enjamlaryny ornaşdyrmaga gönükdirilýändigini belledi. Şonuň ýaly-da, oba hojalygyna suwy tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, suwy bellenen kadalara laýyklykda peýdalanmagyň çäklerinde ekerançylyk ýerlerindäki gidrantlara suw ölçeýji abzallary oturtmak meselesiniň çynlakaý öwrenilmegini degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Medeni zolakdaky hatardan çykan ekin meýdanlaryny taba getirmegiň zerurdygyny bellemek bilen, bu ýerleri tiz wagtda ekin dolanyşygyna girizmek, şor suw akabalaryny abatlamak bilen bagly meseleleriň üstünde durdy. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň ekinleriň hasyllylygyna oňyn täsir edýändigini nazara almak bilen, geljekde toplumyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilýän maýa goýumlaryň köp böleginiň ekerançylyk, suwaryş işleri bilen baglanyşdyrylmagyny agrar toplumyň öňündäki möhüm wezipe hökmünde belledi. Oba hojalyk toplumynyň işiniň netijeliligine baha bermek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň tebigy gurşawyny sagdynlaşdyrmaga, ekologik abadançylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen çärelere aýratyn ünsi çekdi, ekilen pürli, saýaly, gyrymsy, miweli baglara gündelik, möwsümleýin dowamly idegiň edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy» halkara derejede alnyp barylýan gepleşiklerde Türkmenistanyň garaýyşlaryna syn taýýarlamakda esasy gural we ählumumy howanyň üýtgemegi bilen bagly ylalaşyklaryň çäklerinde baş resminama bolup durýar. Ýurdumyzyň sebitlerinde, şäherlerinde gök zolaklaryň döredilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Medeni ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylyk seçgisini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak boýunça işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, oba hojalyk toplumynyň düzüminde ylmy-barlag edaralary döredildi hem-de olar indi birnäçe ýyldan bäri netijeli hereket edip gelýär. Şol edaralaryň işiniň döwrebap derejede ýola goýulmagy netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyna girizilen ýabany ösümlikleri derman senagaty üçin medenileşdirmek, ekinleriň, baglaryň, gülleriň, şonuň ýaly-da, pagtanyň, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini döretmek zerur. Mejlisde döwlet derejesinde kabul edilýän milli, döwlet maksatnamalarynyň ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesine täsirini bahalandyrmak boýunça meseleleriň hem üstünde duruldy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda kabul edilen Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde etrap saglyk öýleriniň 150-si, hassahanalaryň 79-sy, köp sanly oba lukmançylyk ambulatoriýalary, tiz lukmançylyk kömegi merkezleri gurlup ulanmaga berildi, ozal bar bolanlarynyň ýüzlerçesinde düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Saglygy goraýyş edaralary gaýragoýulmasyz reanimasiýa enjamlary, sanitar dikuçarlary, ýörite awtoulaglar, döwrebap lukmançylyk esbaplary, iň täze aragatnaşyk enjamlary, derman serişdeleri bilen üpjün edilýär, olarda kliniki şertler döredilýär. Obalarda, şäherçelerde, etraplardaky şäherlerde we etrap merkezlerinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 280-si, sport mekdepleriniň 115-si, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň 272-si, sport desgalarynyň 73-si, oba medeni ojaklaryň 76-sy ulanyşa girizildi. Ýokary ösüş görkezijileri sebitleriň ösüşine-de mahsusdyr. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitlerinde oňyn demografik ýagdaýyň bellige alynýandygyna, bu görkeziji bilen bagly ilatyň zähmet üpjünçiligini ýokarlandyrmak, keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek, ilaty durmuş taýdan goramak ýaly ugurlaryň hemişelik gözegçilikde saklanylmalydygyna degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde oba ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, suwaryş we maldarçylyk maksatlary üçin suwy ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy zyýansyzlandyrmak maksady bilen, döwrebap suw arassalaýjy desgalaryň 14-si, dikguýularyň 588-si, lagym arassalaýjy desgalaryň 10-sy, suw we lagym suw geçirijileriň 2 039,0 kilometri, şeýle-de awtomobil ýollarynyň 5 356,0 kilometri, gazlaşdyryş desgalarynyňdyr geçirijileriň 14 721,5 kilometri, elektrik ýyladyjy geçirijileriň 14 096,8 kilometri, ýaşaýyş jaýlarynyň 14 802,2 inedördül metri ulanyşa girizildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen obasyny ykdysady taýdan gurplandyrmaga, oba durmuşyny düýpli özgertmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga, sebitlerde kiçi hemde orta telekeçiligi höweslendirmäge gönükdirilen işjeň makroykdysady we maýa goýum syýasatynyň çäklerinde üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda medeni-durmuş maksatly desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlar. Ýurdumyz boýunça özleşdirilmegi meýilleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň döwlete degişli böleginiň paýy 57,4 göterime ýa-da 22 979,7 million manada, döwlete dahylly däl böleginiň paýy 32,9 göterime ýada 13 187,6 million manada, daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy bolsa 9,7 göterime ýa-da 3 905,1 million manada deňdir. Bu ugurdaky işleriň bady birjik-de gowşadylanok. Gurulýan täze binalaryň daş-töweregi doly abatlanylýar, inženerçiliktehniki üpjünçiligi döwrebap derejede berjaý edilýär. Ýanaşyk ýerlere bagdyr güller ekilýär, gök zolaklar döredilýär. Ilatly ýerleriň kaşaň binalaryny, döwrebap desgalaryny synlanyňda, kalbyňy Watan buýsanjy gaplap alýar. Diýarymyzyň iň çetki obalary hem sanly ulgama birikdirilýär, olar ýokary tehnologiýaly ilatly ýerlere öwrülýär. Düýpli özgertmeleriň çäklerinde Ahal welaýatynyň Gökdepe, Ak bugdaý, Kaka etraplarynda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat, Bereket etraplarynda, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda, Lebap welaýatynyň Darganata, Çärjew, Saýat, Kerki etraplarynda, Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge, Türkmengala etraplarynda we beýleki etrap hukukly şäherlerinde, şäherçelerinde döwrebap ýaşaýyş toplumlary döredilýär. Şol döwrebap ýaşaýyş toplumlaryna hem-de «Altyn asyr» Türkmen kölüniň baş akabasynyň ugurlaryna az ilatly obalaryň ýaşaýjylary, çarwa, daglyk, çöllük ýerlerde, demir ýol geçelgelerine ýanaşyk ilatly nokatlarda ýaşaýan ýekebara maşgalalar, mümkinçiligi çäkli raýatlar, köp çagaly maşgalalar, ýaş çatynjalar göçürilip getirilýär. Aslyýetinde, uzak obalarda, gum içinde kowçum-kowçum bolup ýerleşýän ilatly nokatlarda häzirki zaman infrastruktura gurşawyny döretmegiň ykdysady taýdan netijesiz hasaplanylýandygy öz-özünden düşnükli. Olary ýer-çäk taýdan birleşdirmek, uzagyndan welaýatara, etrabara, oba geňeşliklerine özara baglanyşdyrmak boýunça öňe sürlen başlangyç tüýs ýerine düşen, netijeli çözgütdir. Ýurdumyzyň ösüşi bilen bagly meseleleriň döwlet derejesine çykarylmagy hem-de bu ugurda geljegi nazarlaýan kanunlaryň, kararlaryň, çözgütleriň kabul edilmegi döwrümiziň möhüm talabydyr. Gür ilatly, ýaýrawly köne obalaryň merkezinde döwrebap söwda dükanlaryny, maglumat beriş, poçta aragatnaşyk, bank gulluklaryny, awtomenzilleri, kiçi ýangyç guýujy beketleri, jemagat ugurly desgalary (hammam, sertaraşhana, teleradiofon ussahanalary, himiki arassalaýjy fotostudiýalar, awtoulag ussahanalary, awtoýuwalgalar, ýaşuly nesil üçin küşt, düzzüm oýnalýan güýmenjeli çaýhanalar, çörek-süýjülikler bişirilýän ýerler, garbanyşhanalar, kiçi kerpiç zawodlary, köpugurly gaýtadan işleýän kärhanalar, has uly obalarda «Bagt öýleri», toý mekanlary, matam-hatyra hyzmaty desgalary) gurup, kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýanlara kärendesine bermek göz öňünde tutulýar. Elektrik kabul ediji, paýlaýjy we geçiriji beketler, diňler, agyz suwuny arassalaýjylar, dikguýular, suw geçirijiler, lagym geçirijiler, döwrebap awtomobil ýollary, köprüler, serhowuzlar gurlar. Oba ýerlerinde köçeleri aňlatma we ýolyşyk belgileri, wideogözegçilik enjamlary, ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon geçirijiler, yşyklandyryjylar, döwrebap duralgalar, zir-zibilleri ýygnaýjylar, gazy, elektrik toguny we suwy ölçeýji abzallar bilen doly üpjün etmek boýunça wezipeler bilen bagly maliýe meýilnamalary kesgitleniler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gurlup ulanmaga berlen Arkadag şäheri «ýaşlaryň şäheri» adyna eýe boldy. Biziň şertlerimizde barha ählumumylaşýan dünýäde pes uglerodly alternatiw energiýa çeşmelerini, aýratyn-da, oba hojalygynyň infrastruktura desgalaryny eltmegiň ykdysady taýdan amatsyz, barmasy kyn, hiç hili şertleriň bolmadyk çäkli ýerlerinde peýdalanmaga mümkinçilik döreýär. Hökümet mejlisinde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän söwda-ykdysady ugurly işewürlik forumlarynyň möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle forumlary ýokary guramaçylykly geçirmegiň, olarda baglaşylýan şertnamalaryň netijeli amala aşyrylmagyna içgin girişmegiň zerurdygy bellenildi. Indi birnäçe ýyl bäri döwletimizde azyk howpsuzlygyny yzygiderli pugtalandyrmak meselesine aýratyn orun berilýär. Hut şol maksatlara esaslanyp, döwlet serişdeleriniň hasabyna zerur önümçilik kuwwatlyklary kemala getirilýär. Hususan-da, düzüminde 37 sany iri möçberli maldarçylyk, 18 sany guşçulyk toplumlary, 106 sany ýyladyşhana, 20 sany sowadyjy ammar bolan kämil önümçilik infrastrukturasyny ýerlerde döretmekde ýurdumyzyň hususy telekeçileri ýokary işjeňlik görkezdiler. Türkmenistanyň oba hojalygynda hususy eýeçilige daýanýan daýhan hojalyklarynyň, azyk önümçilik kärhanalarynyň paýy barha ýokarlanýar. Oba ýerlerinde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň binýadynda paýly agrar ugurly senagat birleşiklerini, dokmaçylyk, ýüpekçilik, maldarçylyk, guşçulyk, balçylyk, balykçylyk, tikinçilik, keçedir haly önümçilik kärhanalaryny, şonuň ýaly-da, döwrebap tehnologiýaly ýyladyşhanalary, şitilhanalary, bagçylyk, gülçülik hojalyklaryny, sowadyjy ammarlary, gök önümdir ir-iýmişleri kakatmak hem-de gaplamak, dürli şireleri, suwlary, alkogolsyz içgileri öndürmek we gaplamak boýunça kiçi göwrümli sehleri, az kuwwatly degirmenleri, ot-iým dükanlaryny, gökbakja söwda nokatlaryny, aýna gaplary, dürli çüýşeleri, demir böleklerini, kagyz, gaty kagyz (karton), plastmassa galyndylaryny, mal derisini, ýüňi kabul ediji nokatlary, senetçilik-külalçylyk ussahanalaryny, zir-zibili gaýtadan işleýän kärhanalary esaslandyrmak bellenilýär. Munuň özi oba medeniýetini gowulandyrmakda hem-de ilatyň zähmet üpjünçiligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Hökümetiň hasabat mejlisinde medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işiniň netijelerine hem garaldy. Döwletimizde okuw maksatnamalary, çap edilýän kitaplar hem gollanmalar millilik ýörelgelerine we ösen dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň bilim edaralaryny okuw kitaplary, okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olardan ýerlikli peýdalanmak boýunça netijeli işler ýola goýulýar. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatynda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy», Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýalary durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we oňyn dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli derejelerinde okatmagyň hilini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir. Geljekde ýurdumyzda berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, sargytlar boýunça hünär bilimini alýanlaryň öz bilimini ýerlerde önümçilik şertlerinde çuňňur özleşdirmegini gazanmak, ýaş hünärmenleri çetki ilatly ýerlere ýörite ýollanmalar esasynda ibermek we olara zerur ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek bilen bagly täze maksatnamanyň kabul edilmeginiň wajyplygy hem ýokarlanýar. Ýurt Baştutanymyz 2017-nji ýylda dünýäniň sport älemine ýaň salan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda, bilim edaralarynyň, ýerli sport federasiýalarynyň guramagynda dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilýän köpugurly Olimpiadalarda ýokary netije gazanýan olimpiadaçylaryň, ussat türgenleriň, sylag alan ýeňijileriň mümkinçiliklerini döwletiň ösüş-öňegidişiklerinde peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Hususy eýeçiligi ösdürmek milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Ýurdumyz boýunça 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 115,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrliginde, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde, Energetika ministrliginde, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginde, Aşgabat şäher häkimliginde meýilnamalar ýokary derejede ýerine ýetirildi. Geljekde Arkadag şäher häkimliginiň meýilnamalaýyn işleriniň ykdysady görkezijilerini hem hasabata girizmek bellenildi. Milli senagat pudagynyň öňünde uly maksatlar kesgitlenip, onda senagat pudagynda hususyýetçilige giň mümkinçilik döretmek, magdana baý tebigy ýataklarda düýpli geologik barlaglary geçirmek, jemi içerki önümiň düzüminde senagat pudagynyň paýyny has-da ýokarlandyrmak, makroykdysady ösüşe öz täsirini ýetirýän täze pudaklary kuwwatlylyk derejesine çykarmak, olary düşewüntli dolandyrmak meseleleri döwletiň hemişelik gözegçiliginde bolmagynda galýar. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, önüm öndüriji güýçleriň düşewüntli işlemegi, ozaly bilen, ilatyň sarp edýän harytlarynyň elýeterlilik derejesine we maliýe sarp ediş ukybynyň artmagyna, maşgala girdejileriniň ýokarlanmagyna täsir edip, şäherdir oba ilatynyň has-da gurplanmagyna alyp barýar. Şu maksatlaryň aňyrsynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» bellenen toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň durandygyna, ahyrky netijede bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygarymyzyň hakykat ýüzünde belentden dabaralanýandygyna göz ýetirýärsiň.
Hangeldi GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.