HAZAR—DOSTLUGYŇ WE HYZMATDAŞLYGYŇ DEŇZI
Taryhda 70-den gowrak isim bilen atlandyrylan gojaman Hazar dünýäniň senagat taýdan ösen kuwwatly döwletleriň gyzyklanmalarynyň gönügen ýerine öwrüldi. Hazar — deňizden has uly hazyna. Hawa, Hazar deňzi özüniň çäksiz hazynasy, ykdysady kuwwaty we özboluşly biodürlüligi bilen dünýä geosyýasatynda hem-de geoykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýär. Şol artykmaçlyklar söwda, senagat, ulag-logistika, energetika, syýahatçylyk we ekologiýa ulgamlary bilen bir bitewüdir. Bu barada alymlar Hazarýaka sebitine «Ýewraziýanyň ýüregi» diýmek bilen, has jaýdar baha beripdirler. Hazarýaka hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman arhitekturasy bolsa sebitiň mümkinçiliklerini düýpgöter täze derejelere çykarýar. Indi halkara gatnaşyklaryň prosesiniň orbitasyna çalt depginler bilen aralaşýan Hazaryň çägi sebit we dünýä dahylly çözgütler kabul edilýän iri halkara çäreleriň merkezi hökmünde hem ykrar edilýär. Muňa Türkmenistanyň başlangyçlary bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejedäki forumlar aýdyň şaýatlyk edýär. Olarda gazanylýan ylalaşyklar Hazary diňe bir hyzmatdaşlygyň däl, eýsem, dostlugyň deňzine öwürdi.
Her ýylyň 12-nji awgustynda sebit ýaka ýurtlarda Hazar deňziniň gününiň bellenilmegi däbe öwrüldi. Dünýä syýasatynda Hazar ýaka hyzmatdaşlygynda aýratyn möhüm orun eýeleýän ýurdumyz eýýäm näçe ýyl bäri Hazar deňziniň gününi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede belleýär. 2003-nji ýylda Aşgabatda Hazar ýaka döwletleriniň ilkinji bäş taraplaýyn resminamasy — Hazaryň deňiz gurşawyny goramak hakyndaky Çarçuwaly konwensiýasy ylalaşylyp, şol ýylyň 4-nji noýabrynda oňa Tähranda gol çekildi. Bu resminama 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Şondan bäri her ýylyň 12-nji awgusty Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär. Munuň özi Hazarýaka hyzmatdaşlygynyň strategik derejä göterilendiginden habar berýär. Ozal hem belleýşimiz ýaly, Hazarýaka sebitiniň ykdysady kuwwaty söwda, senagat, ulaglogistika, energetika, syýahatçylyk we ekologiýa ulgamlarynyň mümkinçiliklerinde jemlenýär. Hut türkmen tarapynyň başlangyjy bilen badalga alan Hazar ykdysady forumy hem Hazar ýaka döwletleriniň söwda we senagat ulgamlaryndaky ägirt uly mümkinçiliklerini aýdyň görkezdi. Hazar—Ýewraziýanyň ykdysady polýuslaryny birleşdirýän derweze. Tutuş Ýewraziýanyň ulag infrastrukturasyny Hazaryň halkalaýyn ulag düzüminden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebit Demirgazyk bilen Günortanyň, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky üstaşyr ulag ugurlaryny öz üstünden geçirýär. Bu bolsa Aziýa—Ýuwaşumman sebiti — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan— Türkmenistan— Azerbaýjan— Gruziýa—Türkiýe—Ýewropa ulag geçelgesini ösdürmekde ýardam edýär. Munuň özi Hazar ýaka sebitiniň üstaşyr geçirijilik mümkinçilikleri bilen senagat taýdan ösen döwletleri Hazaryň logistika ulgamyndan peýdalanmak baradaky gyzyklanmasyny has-da ýokarlandyrýar. Bilermenler Hazary «energiýa deňzi» diýip hem atlandyrýarlar. Çünki bu ýerde «gara altynyň», «mawy altynyň» ägirt uly gorlary jemlenendir. Türkmenistan sebitiň energiýa mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, degişli ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Bu ugurda Hazar ýaka hyzmatdaşlygyna aýratyn möhüm orun degişli bolup durýar. Hazar deňziniň sebitiniň özboluşly ekoulgamy hemmeleri haýrana goýýar diýsek hem ýalňyşmarys. Hazara 130 derýa gelip guýýar. Deňiz 50-ä golaý adany özünde jemläp, 500-den gowrak görnüşli ösümligiň, 470 töweregi görnüşli guşuň mesgeni hasaplanýar. Şular ýaly gymmatly ekoulgama eýe bolan Hazaryň ösümlik we haýwanat dünýäsinde başga hiç bir ýerde gaýtalanmaýan görnüşleriň bolmagy hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Bu bolsa yklym we dünýä ähmiýetli baý hem-de gymmatly ekoulgamy gorap saklamak ugrunda möhüm wezipeleri kesgitleýär. Hazarýaka giňişliginiň köp öwüşginli biodürlüligi dünýä syýahatçylarynyň uly gyzyklanmasyna mynasyp bolup, çäkde syýahatçylygy we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge giň mümkinçilik döredýär. Hazaryň türkmenkenary— sebitwedünýä dahylly çözgütler kabul edilýän halkara çäreleriň, iri forumlaryň geçirilýän merkezi. Garaşsyzlyk ýyllarynda bina edilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy indi diňe bir syýahatçylyk ýa-da sebit ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezi bolmak bilen çäklenmän, häzirki wagtda, dünýäniň ençeme döwletlerini bir ýere jemleýän iri halkara forumlaryň meýdançasyna öwrüldi. Munuň subutnamasyny uzakdan agtarmagyň zerurlygy ýok. Geçen ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty we onuň bilen ugurdaş çäreler aýdylanlara güwä geçýär. Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag arabaglanyşygyny işjeňleşdirmek babatda ata Watanymyzyň tagallasy bilen sebitde anyk sepgitlere ýetilip, Milletler Bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň liderlik tagallasy bilen sebitiň degişli ugurdaky ornuny has-da pugta berkitdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ýene bir halkara çäräniň geçiriljek meýdançasy boljakdygy bize mälimdir. Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýän şu ýylyň—9-njy oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek meýilleşdirilýär. Öz nobatynda agzalan sammit hem dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzine öwrülen Hazaryň türkmen kenarynyň bütin dünýäde ykrar edilen ornunyň hakykat ýüzündäki subutnamasy bolar.
Jumamyrat GUTLYÝEW, Daşoguz welaýatynyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň esasy hünärmeni.