Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň taryhy gözbaşyny senagat eýeçiligini goramak boýunça 1883-nji ýylda geçirilen Pariž konwensiýasyndan, edebiýat we senagat eserlerini goramak oýunça 1886-njy Bern konwensiýasynyň halkara hukuk resminamalaryndan alyp gaýdýar. Bu meseleleri we ýolbaşçylyk işini alyp barmak üçin konwensiýalaryň hersi boýunça halkara býurosy döredilýär. 1893-nji ýylda býurolar birleşdirilip, ol «intellektual eýeçiligi goramak boýunça milletleriň birleşen Býurosy» diýip atlandyrylýar. 1967-nji ýylda geçirilen Stokgolm konwensiýasynyň esasynda 1970‑nji ýylda oňa «Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy» diýen täze at berildi. 1974-nji ýyldan başlap BMG-niň ýöriteleşdirilen guramasy diýen dereje berildi.
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň ýolbaşçy edarasy bolup, baş assambleýanyň konferensiýalar we ugrukdyryjy komiteti çykyş edýär. Guramanyň baş assambleýasy ýylda bir gezek geçirilýär. Ol guramanyň baş direktoryny, iş meýilnamasyny tassyklaýar. Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň konferensiýasy adatça, ýylda bir gezek geçirilip, ol intellektual eýeçilik boýunça halkara şertnamalaryň ýerine ýetirilişine seljerme berýär. Ugrukdyrmak boýunça komitet baş assambleýa baş direktorlyga dalaşgärleri hödürleýär, orunbasarlary we departamentleriň ýolbaşçylaryny belleýär. Ýerleşýän ýeri Ženewa şäheri.
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň esasy maksady senagat eýeçiligini, oýlap tapyşlary, patentleri, söwda belgilerini, senagat şekillerini, awtorlyk hukuklaryny edebiýat we sungat eserlerini goramakdan halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglanyşyklylykda intellektual eýeçiligi goramak boýunça halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek we bu ugurda täze ylalaşyklary işläp, teklip etmek işlerini alyp barýar. Häzirki wagtda bu gurama intellektual eýeçiligi goramak boýunça 23 sany şertnama gözegçilik edýär.
Geldimuhamedowa O. we başg.
Halkara ykdysady gatnaşyklar. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw
kitaby. A. ‒ : Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017