X — XII asyrlarda şäherleriň ösüşinde olaryň geografiki ýerleşişine, goranyş desgalaryna, hünärmentçilige esasy üns berlipdir. XI asyryň ahyrlarynda, XII asyryň başlarynda Türkmenistanda farfordan gap-gaçlar, küýzeler ýasalypdyr. Munuň özi keramiki önümleriň has kämilleşendigini görkezýär. Gadymy Gündogaryň ösen ýurtlary bolan Hytaýa hem çüýşe önümleri Orta Aziýadan barypdyr. Bu senet biziň topragymyzda baryp Parfiýa döwründe ýüze çykypdyr. Soň-soňlar ösüp, hünärmentçiligiň esasy pudaklarynyň birine öwrülip, ownuk çüýşeler, bulgurlar, grafinler ýasalypdyr. Çüýşeleriň daş ýüzi nagyşlanypdyr. Nusaý, Şähryslam, Ürgenç ýaly orta asyr şäherlerinde çüýşe önümleriniň ýerli ussalar tarapyndan ýasalandygyny arheologlar anykladylar. Olar orta asyryň köp şäherlerinde duş gelse-de, hemmesi öz tapylan ýerlerinde ýasalypdyr diýip bolmaz.
Arheologik tapyndylaryň arasynda duş gelýän küýzejikleriň biri «sferekonus» diýlip atlandyrylýar. Bu at ol küýzejiklere gurluşy boýunça, ýagny küýzäniň ýokarky bölegi sferiki görnüşde, aşaky bölegi bolsa konus şekilli bolany üçin şeýle atlandyrylypdyr. Çaklaňja bu küýzejikler diňe bir gurluşy boýunça däl-de, eýsem, reňki, galyňlygy, agramy boýunça-da beýleki küýzelerden tapawutlanýar. Olar aýratyn usulda eýlenen şykgy palçykdan ýasalyp, oda örän çydamly bolupdyr. Köplenç garamtyl-kül reňkde bolýan küýzejigiň keltejik, kertmejik bokurdagy bolýar we agzy örän darajyk bolupdyr.
Käbir alymlar «sferekonuslaryň», esasan, Gündogar ýurtlarynda duş gelýändigi sebäpli, olary «Musulman çyralary» diýip hem atlandyrýarlar. Olaryň pikirine görä, şeýle küýzejikleriň içi ýangyçdan doldurylyp, bokurdagynda bolsa pelte goýlup, çyra üçin peýdalanylypdyr. Käbir alymlar şol küýzejikleriň bokurdagyna inçejik uşlyp dakyp, köşkleriň derwezeleriniň ýokarsyndan asyp goýupdyrlar. Şeýlelikde, olar arhitektura bezegi hökmünde hyzmat edipdir diýip çaklaýarlar.
1856-njy ýylda wenger alymy, gündogarşynas A.Wamberi, Dehistan, ýagny ýerli ilatyň atlandyryşyna görä, Maşat-Misserian barada, 1883-nji ýylda Günbatar Türkmenistanda syýahatda bolan G.S.Karelin birnäçe maglumatlary habar berýärler.
1942-nji ýylyň ýazynda Dehistan ýadygärlikler toplumyndaky gadymy Madaw şäherçesinde sürüm işleri geçirilýärkä, kerpiç bölekleriniň arasyndan içi teňňeden doly küýze tapylýar. Onuň içinden 430 sany bitin we 50 sany zaýalanan kümüş teňňe çykýar. Hazyna şol ýylyň aprel aýynda Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyna tabşyrylýar. Ilki ol pullaryň ylmy gymmatyny kesgitlemegiň üstünde arheolog W.A.Şişkin işläpdir. Şeýlelikde, ol pullar orta asyrlarda dünýäniň 44 şäherinde zikge edilipdir. Pullaryň arasynda araplaryň Bagdat, Basra, Mosul, Eýranyň Kaşan, Gilýan, Reý, Tebriz şäherlerinde zikge edilenleri-de bar. Dürli ýurtlarda we şäherlerde zikgelenen şaý pullaryň Maşat-Misserian sebitinden tapylmagy onuň bazarlarynda alys ýurduň täjirleriniň bolandygyna güwä geçýär.
Görşümiz ýaly, gadymy şäher ýerlerinde gazuw-barlag işleriniň geçirilmeginiň ýurdumyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny öwrenmekde nähili ähmiýetiniň bardygyna göz ýetirmek kyn däl. Hormatly Prezidentimiziň ylma, bilime giň ýol açmagy bilen gadymy taryhymyzyň şan-şöhratly sahypalary ylmy esasda öwrenilýär. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösen döwründe döredilen dürli görnüşli gymmatlyklarymyz häli-häzire çenli dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.
Gülnäz GURBANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.