Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Parahatçylyk we ykdysady ösüş
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Gadymy senediň mesgeni
Ykdysady ösüş milli medeniýetiň kemala gelmeginiň möhüm şertidir
“Paýhas çeşmesiniň” dürdäneleri
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi Milli ykdysadyýetiň synmaz diregi
Puluň ýüze çykyş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Dünýä pulunyň wezipesi
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Statistikanyň taryhy
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Bütindünýä bank topary

Bütindünýä bank toparynyň düzüminde esasy gurama bolup, Bütindünýä banky çykyş edýär. Ol BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň biridir. Ýöne, olaryň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda garaşsyz halkara gurama bolup çykyş edýär.

Bütindünýä bankynyň düzgünnamasyna laýyklykda, HPG-niň agzasy bolan döwletler onuň düzümine kabul edilýär. Häzirki wagtda Bütindünýä bankynyň 190-na golaý agzasy bar. Türkmenistan Bütindünýä bankynyň agzasyna 1992-nji ýylda kabul edildi. Bütindünýä bankynyň iri paýdarlary ABŞ-da bolup, onuň aýyna sesleriň 16,4%-i düşýär. Şeýle hem Ýaponiýanyň 7,87%, Germaniýanyň 4,49%, Angliýanyň 4,31%, Fransiýanyň 4,31%, Russiýanyň 1,8% paýy bardyr. Bütindünýä bankynyň düzgünnamalaýyn maýasy 180 milliard dollardan geçýär. Bankyň serişdeleri agzalyk öleglerinden, dünýä döwletleriniň obligasiýalaryny satmakdan, gaýtarylan karzlardan we tölenen göterimlerden emele gelýär.

Bütindünýä bankynyň ýokary edarasy dolandyryjylar Geňeşidir. Agza döwletleriň hersiniň bir wekili bolýar. Bankyň ýerine ýetiriji edarasy direktorat bolup, ol 24 sany direktor paýlaýjydan ybaratdyr. Olaryň 5-si has köp paýa eýe bolan döwletleriňki bolup,galan 19-sy beýleki agza döwletlerden saýlanylýar. Direktorat işjeň ýolbaşçylyk etmek üçin bankyň prezidentini saýlaýar.

Bütindünýä bankynyň esasy wezipesi bolup, agza döwletlerde ykdysady ösüşi, halkara söwdany we durmuş ösüşi höweslendirmek çykyş edýär. Bu meseleler agza döwletleriň zaýomlaryny gönükdirmek arkaly amala aşyrylýar. Bütindünýä banky 20 ýyla çenli pes göterimli arzlary goýberýär. Onuň 3‒5 ýyly ýeňillikli döwür bolup, diňe karzyň göterimi tölenilýär. Berginiň esasy bölegi ýeňillikli döwür tamamlanandan soň tölenip başlanýar. Bütindünýä bankynyň karzyny esasy alyjylar bolup, girdejisi orta derejedäki ösüp gelýän döwletler çykyş edýär.

Bütindünýä bankynyň zaýomlarynyň iki görnüşi bolup, birinjisine maýa goýum zaýomlary (investment loans), ikinjisine düzümleýin uýgunlaşma zaýomlary (ad justment loans) degişlidir. Olaryň birinjisi ösüş syýasaty zaýomlary (development policy loans) bolup, ykdysady we sosial ulgamdaky anyk taslamalar maliýeleşdirilýär. Adatça, bankyň serişdeleri bilen önümçilik infrastrukturasy (ulag, energetika) maliýeleşdirilýär. Soňky ýyllarda maýa goýum zaýomlary durmuş meselelere gönükdirilip başlandy. Olara saglygy goraýyş, bilim, maşgalany meýilnamalaşdyrmak, garyplygy ýok etmek ýaly taslamalar degişlidir.

Düzümleýin uýgunlaşma zaýomlary agza döwletleriň ylalaşygynyň çäklerinde ykdysady özgertmeleri geçirmek (mysal üçin, bazar ykdysadyýetine geçmek) we onuň sosial netijelerini azaltmak üçin goýberilýär. Düzümleýin uýgunlaşdyrma zaýomy ösüş syýasaty zaýomyndan tapawutlylykda, döwletler alan karzlaryny ýerleşdirmek işlerini doly öz garamagyna alyp bilýär we alan serişdeleriniň goýberilen ugurlary boýunça jogapkärçilik çekmeýär.

Bütindünýä bankynyň zaýomlarynyň ýyllyk aýlanyşygy 11 milliard dollardan geçýär. Umumy zaýomlaryň 75‒80%-i maýa goýum zaýomlaryna degişlidir.

Geldimuhamedowa O. we başg. Halkara ykdysady gatnaşyklar. 

Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.

 A.Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017