Halkara guramalaryň ösüş taryhy
Puluň gelip çykyşy we mazmuny
Dolandyryş hasabynyň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
Töleg ulgamlarynyň emele gelmeginiň we ösüşiniň tapgyrlary
“Telekeçilik işi” adalgasynyň düýp mazmuny
Elektron pullaryň esasy häsiýetnamalary, olaryň görnüşleri we düýp manysy
Auditiň mazmuny, maksatlary we wezipeleri
Maliýe, onuň mazmuny we wezipeleri
Maliýe ulgamy
Pul we onuň ýerine ýetirýän wezipeleri
Ykdysady ösüş we onuň görnüşleri
Parahatçylyk we ykdysady ösüş
Türkmenistanda eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilişi
Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda
Karz, onuň mazmuny we ony guramagyň ýörelgeleri
Bazar ykdysadyýetiniň türkmen milli nusgasy
Türkmenistanda irki döwletleriň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýesi
Gatnaşyklary ösdüren kerwen ýollary
Gadymy senediň mesgeni
Ykdysady ösüş milli medeniýetiň kemala gelmeginiň möhüm şertidir
“Paýhas çeşmesiniň” dürdäneleri
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Buhgalter hasabynyň taryhynyň döremeginiň esaslary
Ykdysady taglymatlaryň taryhy döwürleri
Birža düşünjesi we onuň döreýiş taryhy
Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi Milli ykdysadyýetiň synmaz diregi
Puluň ýüze çykyş taryhy
Gazna biržalarynyň emele geliş taryhy
Dünýä pulunyň wezipesi
Fýuçers söwdalarynyň taryhy we ýüze çykmagynyň sebäpleri.
Fond biržalarynyň emele geliş taryhy
Nusaýyň senetçilik we söwda merkezleri
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy
Seljuklaryň altyn teňňeleri
Statistikanyň taryhy
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy
Bütindünýä bank topary
Bütindünýä söwda guramasynyň döreýiş taryhy

Dünýä ýurtlarynyň arasynda halkara söwdanyň barha ösmegi bilen baglylykda senagat taýdan ösen döwletlere XIX asyrda halkara derejede söwdany düzgünleşdirmek, gümrük tariflerini sazlamaklyk işlerini çaltlandyrmaga zerurlygy döretdi. 1929-njy ýylda ykdysady çökgünligiň döremegi bilen birlikde ösen ýurtlar öz içerki bazarlaryny import harytlardan goramak maksady bilen gümrük paçlaryny ýokarlandyrdylar. Bu ykdysady gatnaşyklary sazlamaklyk üçin ädilen ädimiň hem şowsuz tamamlanmagy halkara söwdany düzgünleşdirýän halkara hukuk kadalaryna laýyklykda bir bitewi guramany döretmek zerurlygyny ýüze çykardy.

Halkara söwdany liberallaşdyrmaklyk, düzgünleşdirmeklik işleri öz gözbaşyny XIX asyryň başynda ykdysatçy alym Dawid Rikardonyň öňe süren deňeşdirme artykmaçlyklar nazaryýetinden alyp gaýdýar. Halkara söwdany düzgünleşdirmek boýunça bir bitewi halkara ykdysady guramany döretmek pikiri eýýäm 1944-nji ýylda başlanýar.

1944-nji ýylda ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň tagallalary esasynda Bretton Wuds şäherinde geçirilen maslahatda Halkara pul gaznasy we Halkara täzeleniş we ösüş banky döredildi. Bu döredilen banklaryň yzysüre hem üçünji bolup söwda we tarifler barada baş ylalaşyk (GАТТ) guramasy döredildi. Bu guramanyň döredilmegi üçin ilki bilen Gawanada 1946-njy ýylda söwda we iş orunlary hakynda halkara maslahat geçirildi. Bu maslahatyň çäklerinde tarifleri peseltmek boýunça halkara ylalaşyk we harytlaryň ýurtdan ýurda geçende döreýän päsgelçilikleri aradan aýyrmaklyk boýunça ylalaşyk bu maslahata gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan baglaşyldy.

Öňki SSSR Gawanada geçirilen halkara maslahatyna gatnaşan hem bolsa täze döredilen Halkara walýuta fondy we Halkara abatlaýyş we ösüş bankyna agza bolmakdan boýun gaçyrdy. Şondan soňra ABŞ-nyň kongresi garaşylmadyk ýagdaýda täze döredilen Halkara söwda guramasynyň Düzgünnamasyny kabul etmedi ýagny ratifisirlemedi. Şondan soňra halkara söwdany düzgünleşdirmek işleri diňe söwda we tarifler barada baş ylalaşyga (GАТТ) laýyklykda alnyp baryldy. Ondan soňky döwürlerde söwda we tarifler barada baş ylalaşyk ilki başdaky garaşylandan köp netijelilik görkezdi. Onuň alyp barýan işleriniň netijesinde gümrük paçlary 40% çenli peseldi. Söwda we tarifler barada baş ylalaşygygyň (GАТТ) çäklerinde göni we gytaklaýyn gümrük paçlaryny peseltmek maksady bilen ylalaşyga agza ýurtlaryň arasynda yzygiderli tapgyrlar (gepleşikler tapgyry) geçirildi. Geçirilen tapgyrlaryň arasyndaky Urugwaý tapgyry, ýagny 1986-njy ýyldan 1994-nji ýyla çenli aralykda geçirilen tapgyrlardan has uzaga çeken we has netijeli tapgyr boldy.

Daşary söwdany ýeňilleşdirmek işi gümrük paçlaryny düzgünleşdirmekligiň we ony peseltmekligiň üstünden geçýär. Gümrük paçlaryny halkara derejesinde düzgünleşdirmekligiň taryhy 1947-nji ýyldan başlanýar. Şol ýyl 23 döwletiň gatnaşmagynda “Söwda we tarifler baradaky baş ylalaşyk” (General Agreement on Tarifs and Trade - GATT) atly pakta Ženewa şäherinde gol çekilýär. Bu ylalaşyk 1948-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girdi.

GATT agza döwletleriň halkara söwdany özara sazlamaklary boýunça köptaraply ylalaşyklary ýörelgeleri, normalary, düzgünleri özünde jemleýär. Bu guramanyň halkara söwdany sazlamak boýunça diňe öz girizen düzgünlerinden başgada döwletleriň tejribesini we milli sazlaşdyrmakda ulanylýan çäreleri hem öz içine alýanlygyny bellemek wajypdyr. Bu ýagdaý bolsa öz gezeginde dürli meseleleriň döremegine getirýärdi.

Halkara söwdany düzgünleşdirmek işleri diňe söwda we tarifler barada baş ylalaşyga laýyklykda alnyp baryldy. Ondan soňky döwürlerde GATT ilki başdaky garaşylandan köp netijelilik görkezdi. Onuň alyp barýan işleriniň netijesinde ortaça gümrük paçlary ylalaşyga gol çekilen döwründe 40%-den 90 ýyllaryň ortalaryna çenli 4%-e çenli peseldi.

GATT-yň çäklerinde göni we gytaklaýyn gümrük paçlaryny peseltmek maksady bilen ylalaşyga agza ýurtlaryň arasynda yzygiderli tapgyrlar geçirildi.

Halkara söwdasyny ösdürmek, GATT-y kämilleşdirmek boýunça geçirilen tapgyrlaryň jemi sany 8 tapgyr – raund bolup, olaryň arasyndaky Urugwaý tapgyry, ýagny 1986-njy ýyldan 1994-nji ýyla çenli aralykda geçirilen tapgyrlardan has uzaga çeken we has netijeli tapgyr boldy. Urugwaý tapgyrynda GATT-yň esasynda Bütindünýä söwda guramasyny (BSG) döretmek barada karar kabul edildi. Täze ylalaşyklaryň kabul edilmegi netijesinde häzirki BSG emele geldi. 1994-nji ýyla GATT-yň düzgünnamasyna düzedişler girizildi. Olara hyzmatlaryň söwdasy barada Baş ylalaşyk (The General Agreement on Trade in Serwices – GATS) we intellektual eýeçiligiň söwdasynyň hukuk jähtleri barada Ylalaşyk (The Agreement on Trade Related Aspects of Intellectual Property Rights – TRIPS), maýa goýum işleriniň söwda jähtleri barada Ylalaşyk (The Agreement on Trade Related Investment Measures – TRIMS) degişlidir. Bu ylalaşyklarda söwdada tehniki päsgelçilikleri aradan aýyrmak barada Ylalaşyga wajyp orun degişlidir. Olara VI bölümi ulanmak barada Ylalaşyk (Antidemping kodeksi), VII bölümi ulanmak barada Ylalaşyk (harytlaryň gümrük gymmatynyň bahasy), jedelleri sazlaşdyrmak we düzgünleşdirmek barada Ylalaşyk we başgada köpsanly ylalaşyklar goşuldy. Bu ylalaşyklar ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga mümkinçilik berýär. Şeýle ýagdaýda BSG GATT-dan ylalaşyklaryň köpsanly ulgamlaşdyrylan toplumy bilen tapawutlanýar.

Şeýlelikde bu guramanyň ady Bütindünýä söwda guramasy (BSG) diýlip üýtgedildi. Täze düzgünnama 1995-nji ýylda hereket edip başlady. BSG gös-göni GATT-yň mirasdüşeridir. BSG özbaşdak halkara gurama bolup BMG bilen baglanyşyklydyr.

GATT-yň esasynda agza döwletleriň arasynda erkin söwda we deňlik ýörelgesi durmuşa geçirildi. Has amatly düzgün (Most Favoured Nation Treatment) ýörelgesi doly durmuşa ornaşdyryldy. Ýörelgäniň maksady agza döwletleriň daşary söwda deňlik we hukuklarynyň kemsidilmezligini ýola goýmakdan ybaratdyr. Bu ýörelgäniň esasynda agza döwletleriň arasyndaky gümrük paçlary üçünji ýurda garanyňda ýokary bolmaly däldir.

GATT-yň has amatly düzgüni agza döwletlere ýörite ykdysady toparlary (integrasiýalary) döretmeklige ýol berýär. GATT-yň birinji neşirinde (1947-nji ýyl) döwletleriň koloniýalary bilen aýratyn ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berýärdi. Koloniýaçylyk gurluşyň ýykylmagy bilen ýagdaý üýtgedi. Oňa laýyklykda ösüp gelýän ýurtlara senagat taýdan ösen ýurtlar bilen alyp barýan söwdasynda ýeňillikler bermek göz öňünde tutuldy, ýagny ösen döwletlerden satyn alynýan senagat harytlarynyň gümrük salgydy üýtgewsizligine galdyryldy.

GATT-yň ikinji hukuklylyk ýörelgesine hem düşündirişler berildi. Bu ýerde gürrüň daşary söwdany sazlaşdyrmakda döwletiň haýsy serişdeleri ulanmalydygy barada barýar. Bu ýörelgede daşary söwdany sazlaşdyrmakda diňe gümrük paçlaryny ulanmak bellenilýär. Daşary söwdany sazlamaklygyň beýleki görnüşleri usullaryny peýdalanmak bellenilmeýär (eger peýdalanylan halatynda hem wagtlaýyn häsiýete eýe bolup onuň sebäbi düşündirilmelidir).

Gümrük salgydyny agza döwletleriň arasynda pese düşürmek işi ilki iki ýurduň arasynda soňra ylalaşyga gatnaşýanlaryň ählisiniň arasynda ýaýradyldy. GATT-yň işiniň soňky ýyllarynda (haçan-da gümrük salgydynyň ymykly peseldilen we agzalaryň sanynyň artan wagty) gümrük salgydy agzalaryň arasynda ýörite düzülen sanaw esasynda ýola goýuldy. Bu sanaw şeýle ýagdaýda düzüldi, ýagny döwletiň import edilen harytlardan gelýän girdejisiniň ýitgisi, eksportyndan gelýän girdejiniň hasabyna öwezini dolmak göz öňünde tutuldy. Netijede, eglişik etmegiň deňeçerlik ýörelgesi emele geldi.

1970-nji ýyllardan başlap agza döwletler tarif däl çäklendirmeleri cözmeklige başladylar. Onuň üçin ol ýa-da beýleki çäklendirmeleriň netijesinde ýurduň çeken zyýanynyň deňeçer gymmatynyň ýitgisiniň öwezini dolmak gepleşikleriň barşynda çözülmegi bellenildi.

GATT-yň dördünji ýörelgesi gepleşiklersiz ýa-da maslahatsyz birtaraplaýyn boýun gaçyrmagynyň öňüni almak bilen baglanyşyklydyr. Bu ýörelgä laýyklykda döwletler özara gepleşik bolmazdan erkin söwdany çäklendirmezlige borçlanýarlar.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly GATT-yň çäklerinde jemi 8 tapgyr geçirildi. Olara:

Şweýsariýanyň Ženewa şäheri, 1947-nji ýyl;

Fransiýanyň Annesi şäheri, 1949-njy ýyl;

Beýik Britaniýanyň Torki şäheri, 1950-nji ýyl;

Şweýsariýanyň Ženewa şäheri, 1956-njy ýyl;

Şweýsariýanyň Ženewa şäheri, 1960–1961-nji ýyllar;

Şweýsariýanyň Ženewa şäheri, 1964–1967-nji ýyllar;

Ýaponiýanyň Tokio şäheri, 1973–1979-njy ýyllar

Urugwaýyň Punta del Este şäheri, soňra Şweýsariýanyň Ženewa şäheri, 1986–1994-nji ýyllar. Oňa başgaça Urugwaý tapgyry hem diýilýär.

Häzirki wagtda onuň 9-njy tapgyrynyň (Doha tapgyry) çäklerindäki gepleşikler döwam etdirilýär.

Birinji bäş tapgyrda gümrük paçlaryny peseltmek baradaky meselelere seredildi.

1964–1967-nji geçirilen tapgyryň çäklerinde (oňa başgaça Kennedi tapgyry hem diýilýär) gümrük salgydyny peseltmekden başga-da, ösüp gelýän ýurtlar üçin ýeňillikler we ilkinji gezek halkara antidemping kodeks işlenilip düzüldi.

1973–1979-njy ýyllarda geçen Tokio tapgyrdynda adaty meselelerden başga-da tarif däl sazlaşdyrma boýunça birnäçe ylalaşyklar baglaşyldy. Olara: subsidiýalar we öwez tölegi (kompensasiýa) boýunça Kodeks; Antidemping kodeksiniň täze redaksiýasy; döwlet buýrmalary boýunça Kodeks we gümrük işlerini ýeňilleşdurmek boýunça Ylalaşyk; harytlary standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak meseleleri boýunça Ylalaşyk degişlidir.

1986–1994-nji ýyllarda geçirilen Urugwaý tapgyry möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Onuň çäklerinde GATT-y kämilleşdirmek boýunça düýpli kararlaryň birnäçesi kabul edildi. Olara:

BSG-ni döretmek boýunça ylalaşyga gol çekilmegi;

GATT-yň 1994-nji ýylda täze redaksiýasynyň kabul edilmegi bilen agza döwletler ylalaşyga laýyklykda bellenen düzgüne görä söwda päsgelçiliklerini aýyrmaga borçlandylar;

Hyzmatlaryň söwdasy barada Baş ylalaşyk (GATS) işlenilip düzüldi we kabul edildi;

Intellektual eýeçiligiň söwdasynyň hukuk jähtleri barada Ylalaşyk (TRIPS) işlenilip düzüldi we kabul edildi;

GATT–1994-iň düzüm bölegi hökmünde maýa goýum işleriniň söwda jähtleri barada Ylalaşyk kabul edildi;

Fermerler berilýän subsidiýalary ýuwaş-ýuwaşdan azaltmak (ilkinji nobatda Ýewropa Bileleşigi ýurtlary) we azyk önümlerine salynýan gümrük paçlaryny peseltmek barada Ylalaşyga gol çekildi;

Kanuny we kanuny däl subsidiýalar düşünjesi girizildi. Oňa laýyklykda daşky gurşawy goramak we sebitleri ösdürmek boýunça goýberilýän subsidiýalar kanuny diýip hasap edildi;

Subsidiýalary kanuny diýip awtomatiki hasaplamak üçin täze görkeziji girizildi. Oňa laýyklykda subsidiýalar importyň 3%-ne ýa-da harytlaryň jeminiň 1%-ne deň bolanda kanuny diýip hasaplamak bellenildi.

BSG-niň 2001-nji ýylda Doha şäherinde (Katar) geçirilen ministrleriň dördünji maslahatynda bu garşylygy ýumşatmak başartdy. Gapma-garşylygyň gowşamagy BSG Hytaýyň we Taýwanyň kabul edilmegi bilen baglanyşyklydy. Dohada täze “Müňýyllygyň Tapgyry” ady bilen ministrleriň derejesinde täze tapgyry işläp başlamagyň başlangyjy goýuldy. Täze tapgyryň esaslary köptaraplaýyn söwda gepleşiklerini özünde jemleýän üç sany resminamada öz beýanyny tapdy. Olara: ministrleriň Deklarasiýasy, tapgyryň maksatnamasynyň mazmuny, intellektual eýeçiligiň söwdasynyň hukuk jähtleri we saglygy goraýyş bilen baglanyşykly Deklarasiýa degişlidir.


Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly magllymy

Mährijemal Hapyzowa