Pul serişdeleriniň gaznasynyň hereketiniň dowamynda maliýe bilen bir hatarda karz gatnaşyklary hem döreýär. Karz ykdysady kategoriýa hökmünde, wagtlaýyn boş pul serişdelerini jemlemek we peýdalanmak boýunça emele gelýän ykdysady gatnaşyklary aňladýar. Ol gatnaşyklaryň taraplary bolup döwlet, kärhanalar we raýatlar çykyş edýär.
Wagtlaýyn harajatlaryň çeşmesi hökmünde karz üçin hojalyk dolanyşygyndan pul serişdeleriniň boşamagy zerurdyr. Emma boş pullary jemlemezden, karzyň hereket etmegi mümkin däldir. Kärhanalarda wagtlaýyn boş pul serişdeleri öňi bilen olaryň serişdeleriniň hereketinde emele gelýär. Harytlary satmakdan we hyzmatlary etmekden gazanan puluny kärhana dessine täze serişdeleri satyn almaga we iş hakyny tölemäge harçlamaýar. Şonuň üçin hem serişdeleriň bir bölegi wagtlaýyn boş pul serişdesi görnüşinde onuň hasaplaşyk hasabynda saklanýar.
Kärhanalaryň peýdasynyň olaryň ygtyýarynda galýan bölegi hem karz serişdeleriniň çeşmesidir. Peýdanyň bu bölegini kärhana dessine peýdalanmaýar we ol wagtlaýyn boşdur.
Karzyň çeşmesi bolup diňe kärhanalaryň wagtlaýyn boş pul serişdeleri çykyş etmeýär. Onuň gorlarynyň çeşmesi hökmünde döwlet býujetiniň hem uly ähmiýeti bardyr. Býujetiň serişdeleriniň oňa gelýän we harçlanýan wagtlary biri-birine gabat gelmeýär. Şonuň üçin döwlet býujetiniň serişdeleriniň bir bölegi hemişe wagtlaýyn boşdur we karzyň çeşmesidir.
Karzyň gorlarynyň çeşmesi bolup, durmuş ätiýaçlyk gaznasynyň pul serişdeleri, jemgyýetçilik guramalarynyň puly, ilatyň banklardaky goýumlary bwe başgalar çykyş edýär.
Halk hojalygynda dörän wagtlaýyn boş pul serişdeleriniň umumy jemi karz gaznasyny emele getirýär. Şu gaznanyň hereketiniň görnüşi bolup karz çykyş edýär.
Wagtlaýyn boş pul serişdelerini jemlemek karz gatnaşyklarynyň birinji wezipesidir. Karzyň ikinji wezipesi bolsa, jemlenen pul serişdelerini karza isleg bildiren kärhanalara tölegli, yzyna gaýtarmak şerti bilen bermekdir.
Karza belli bir derejede hemme kärhanalar isleg bildirýärler. Sebäbi olaryň harajatlara bolan islegleri öz serişdeleriniň hasabyna hemişe ýapylmaýar. Şonuň üçin kärhanalaryň goşmaça pul serişdelerine bolan islegleri karzyň hasabyna kanagatlandyrylýar.
Karz möhletine we näme maksada niýetlenýändigine baglylykda gysga, orta we uzak möhletleýin bolup biler.
Gysga möhletleýin karz bir ýyla çenli wagt bilen berilýär we kärhanalaryň aýlanma serişdeleriniň hereketi bilen baglanyşyklydyr. Her bir kärhanalaryň belli bir möçberde öz aýlanma serişdeleri bolýar. Olara bolan goşmaça islegler bolsa gysga möhletleýin karzyň hasabyna kanagatlandyrylýar. Gysga möhletli karzyň hasabyna aýlanma serişdeleriniň üstüniň ýetirilmegi önümçiligiň üznüksizligini üpjün edýär.
Orta möhletli karzlar bäş ýyla çenli berilýär we esasy serişdeleriň hereketi bilen baglanyşykly bolýar. Olar bar bolan esasy serişdeleriň giňeldilen üznüksiz önümçilige hyzmat edýär.
Uzak möhmetleýin karzlar bolsa bäş ýyldan köp wagta berilýär. Bu karzlar täze gurluşyga maýa goýumlary goýmagyň, kärhanalary abadanlaşdyrmagyň we tehniki taýdan kämilleşdirmegiň çeşmeleriniň biridir.
- Belli bir maksatlylygy. Karz belli bir maksat üçin berilýär. Karz haýsy maksatlar üçin berlen bolsa kärhana ony diňe şol maksatlar üçin hem peýdalanmalydyr.
- Möhletliligi we yzyna gaýtarylyp berilmegi. Karz berk kesgitli möhlete berilýär. Şol möhlet geçensoň, ol gaýtarylyp berilmelidir.
- Karzyň üpjünçiligi. Karz almak üçin kärhananyň maddy gymmatlyklarynyň bolmagy we öz serişdeleri bilen ýapyp bolmaýan önümçilik harajatlarynyň bolmagy zerurdyr.
- Tölegliligi. Karz tölegli berilýär. Karzdan peýdalanandyklary üçin kärhanalar belli bir göterim töleýärler. Göterim alynmagy kärhanalary öz serişdelerini gowy peýdalanmaga we artykmaç puly karz almazlyga mejbur edýär, çünki göterim kärhananyň peýdasynyň hasabyna tölenýär.
Jemgyýetçilik önümçiliginde karzyň orny uludyr.
Birinjiden, karz üznüksiz önümçiligiň yzygiderligini üpjün edýär we onuň ösüşini çaltlandyrmaga hyzmat edýär.
Ikinjiden, jemgyýetçilik önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Sebäbi ol önümçiligiň we dolanşygyň wagtyny azaltmaga, pul serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik döredýär. Karzyň möhletliligi, yzyna gaýtaryp berilmeliligi we tölegliligi bolsa kärhanany karz alan pul serişdelerini netijeli peýdalanmaga höweslendirýär.
Üçünjiden, karz kärhanalarynyň işine, olaryň özleriniň we karz alan serişdeleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmegiň ygtybarly serişdesidir.
Arbabow B., Kazygulyýew A., Rahmanowa M., Ykdysady nazaryýet. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. – A. .: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020., 225-228 sah.