XVI asyryň başlarynda Antwerpen we Lion şäherlerinde biržalar açyldy,
Antwerpen biržasy. Antwerpen halkara söwda merkezi bolupdyr. Ol ýerde dürli alyş-çalyş bilen meşgullanýanlar, alyp-satar48 lar, baý we mekir adamlar jemlenipdir. Olar golland hökümetiniň we aýratyn şäherleriň, şeýle hem fransuz, ispan, portugal, iňlis korollarynyň wekselleri, karz borçnamalary bilen söwdalaşypdyrlar. XVI asyryň birinji ýarymynda bu ýerde eýýäm karzlara köpçülikleýin ýazylmak we gymmatly kagyzlaryň bahasyny kesgitlemek bolup geçýär, şeýle hem ilkinji dellallar1 – gymmatly kagyzlary alyp-satyjy dellallar ýüze çykýarlar. Antwerpen biržasynyň gülläp ösen döwri gysga wagtlaýyn bolupdyr. 1567-nji ýylda ispan gersogy Alboý tarapyndan Antwerpeniň basylyp alynmagyndan we talanmagyndan soň, Ispaniýa bilen Gollandiýanyň arasyndaky uruş döwründe Antwerpen biržasy pese gaçdy. Muňa XVI asyryň iň soňunda ispan we fransuz monarhlarynyň karz boýunça töleglerini kesendikleri üçin, bolup geçen iri birža howsalasy we heläkçiligi hem täsir etdi. Bu döwürde uly bolmadyk dolanyşyk Liondaky biržada saklanyp galypdy.
Amsterdam biržasy. XVII asyrda halkara birža dolanyşygynyň merkezi Amsterdamda ýerleşdirilipdi. Bu döwürde Gollandiýada kolonial söwda we manufakturalaryň, fabrikleriň ösüşine esaslanýan okgunly ykdysady ösüş bolup geçdi. Birinjiden, birža amallarynyň Amsterdamda jemlenmegi ýurduň şol döwürde iň iri söwda-senagat we kolonial döwlet bolmagyna täsir etdi. Ikinjiden, ol ýerde esasy haryt, pul we karz dolanyşyklary jemlendi, üçünjiden, Amsterdamyň ösüşine, şäherde ilkinji paýdarlar jemgyýetleriniň we paýnamalar bilen amallary geçirmek üçin amatly söwda meýdançasynyň açylmagy ýardam etdi. Dördünjiden, şol wagtda banklaryň sany juda köpdi we çalt baýamak isleýänleriň sany hem artdy, şol maksat bilen birža ýüz tutan hususy maýadarlaryň köp sanlysy ýüze çykdy. Şeýlelikde, Ost- -Ind paýdarlar kompaniýasy 1602-nji ýylda döredildi we Aziýada kolonial işini 21 ýyllyk monopoliýa aldy. Ol paýnamalaryň goýberilişini we olar bilen biržada söwda etmegi guramagy ýola goýan ilkinji köpmilletli kompaniýa boldy. Kompaniýa 200 ýyla golaý ýaşady we hemişe öz paýdarlaryna ýyllyk hasapdan 18% diwidendleri töledi, 1 Ilkinji dellallar hemmetaraplaýyn alanyňda terjimeçiler boldular .Olar gelýän täjirlere ýerli ilat bilen gürleşmäge kömek etdiler. Sankt-Peterburg biržasynyň ilkinji dellallarynyň terjimeçiler bolandygy islendik halatda hakykydyr. emma 1800-nji ýylda bankrota düşdi. Müňlerçe adamlar paýnamalar bilen geçirilýän amallarda baýadylar we garyp düşdüler.
Amsterdam biržasynda bahasy kesgitlenen gymmatly kagyzlaryň ýaýrawy kem-kemden giňedi. 1622-nji ýylda täzeden döredilen West- -Ind kompaniýasynyň paýnamalary satuwa girdiler, 1672-nji ýylda bolsa döwlet obligasiýalary, ýagny golland döwlet karzlary, birža söwdasynyň obýekti boldular. «Gazna biržasy» adalgasynyň ýüze çykmagy hem hut şu döwre degişlidir. XVIII asyryň ortalaryna Amsterdam biržasynda gymmatly kagyzlaryň 44-e, şol asyryň ahyryna çenli bolsa 100-e golaýynyň bahasy kesgitlenildi1. Şol döwürde birža oýny we birža agzalary üçin düzgünler boýunça ilkinji ýazuw gollanmasy ýüze çykdy.
Amsterdam gazna biržasynda kapitalistik birža dolanyşygynyň tehniki we guramaçylyk esaslary goýuldy. Nagt hasaplaşyk, ýagny gymmatly kagyzlaryň haýal etmän satyjydan alyja geçmegi üçin ylalaşyklar bilen bir hatarda, bu tölegleri ylalaşyk baglaşylan pursadyndan bellibir wagtyň dowamynda amala aşyrmak üçin hem ylalaşyklar baglaşylýar. Hut şonuň üçin hem köp adamlar Amsterdam biržasyny bu sözüň doly manysyndaky ilkinji gazna biržasy hasaplaýarlar.
London gazna biržasy. XVIII asyrda London gazna biržasy iri biržalaryň birine öwrüldi. Şol wagta çenli Londonda diňe üç kompaniýanyň paýnamalary aýlanýardy Ost-Ind, Afrikan (gullar bilen söwdalaşýan) we Gussono (Demirgazyk Amerikada söwdalaşýan). XVII asyryň ahyrynda Angliýada Iňlis banky döredildi, köpsanly paýnamalar söwda senagat kompaniýalary ýüze çykdy, döwlet karzlarynyň obligasiýalary goýberildi. Netijede, gymmatly kagyzlaryň aýlanyşygy has artdy. Gazna biržalarynda amallaryň aýratyn batly ösüşi 1711-nji ýyldan soň bolup geçdi. Şoňa görä-de, Günorta-Okean söwda kompaniýasynyň guramasy gymmatly kagyzlaryň söwdasynyň ösüşini çaltlandyrdy. 1720-nji ýyla çenli kompaniýada paýnamalaryň kursy 10 esse ýokarlandy we nominal baha 1050%-e barabardy. Munuň özi birža tutumyna (stock market boom) we paýnamalaryň kursuny ýokarlandyrmak we birža düşewündini almak maksady bi- len paýdarlar kärhanalara alyp-satmak maksady bilen döredilmegine getirdi. Şol döwürde bu hadysalar «Grýunderlik» diýlip atlandyryldy.
Synmaklyga (krah) getiren iki ýylyň içinde (1718 – 1720) esaslandyrylan 202 kärhanadan aglabasy çişirilen, köpüsi bolsa hyýaly (fantastic) häsiýete eýe boldular. Mysal üçin, hemişelik hereketlendirijini oýlap tapmak, başga-da, adam saçlarynyň söwdasy üçin paýdarlar jemgyýeti döredildi. Aýa syýahat etmegi guramak üçin kompaniýany döretmeklik meýilnamalaşdyryldy. 1720-nji ýylda Londonyň gazna biržasyndaky alyp-satmaklyk (speculative) synmaklyk (krah) bilen tamamlandy. Oňa iňlis parlamentiniň kabul eden «sabyn köpürjikleri hakynda akty» (Bubble Act) täsir etdi. Şoňa laýyklykda 1718-nji ýyldan bäri hökümetden rugsat alman döredilen ähli paýdarlar jemgyýeti tiz satuwa (likwidasiýa) degişlidiler. Aktyň neşir edilmeginiň yz ýanynda birža howsalasy ýüze çykdy. Diňe bir çişirilen kompaniýalar däl, eýsem, (onuň üsti bilen bäsdeşleri aradan aýryp we şonuň bilen birlikde öz amallary üçin maýanyň akymyny artdyrmaga niýetlenen) Günorta- -Okean kompaniýasy hem bankrot boldy.
Birža synmagy (krah), birža işini sazlamagyň başlangyjyny goýdy. XVIII asyryň ikinji ýarymynda Londonyň gazna biržasynyň guramaçylyk düzümi dikeldildi we 1773-nji ýylda birža işleri birža söwdasy üçin hususy jaýa eýe boldy. Onda ilkinji gezek «Gazna biržasy» (Stock Exchange) diýen ýazgy peýda boldy we oňa girmek üçin töleg 6 pens boldy. 1802-nji ýylda Londonyň gazna biržasy birža söwdasy üçin ýörite gurlan başga bina göçdi. Şol wagtdan bäri hem ol öz-özüni dolandyrýan ýapyk hususy korporasiýa hökmünde hereket edýär. Birža girmek hukugyny diňe korporasiýanyň agzalary aldylar. Täze agzalar biržanyň hereket edýän iki sany agzasynyň hödürnamasynyň bolmagynda dalaşgär bolmak bilen kabul edildi, biržanyň baştutanlygyna onuň agzalarynyň saýlan topary goýuldy. Şeýlelikde, häzirki zaman gazna biržasy ýüze çykdy.
1840-njy ýylda Welikobritaniýada doly bahaly pullaryň we döwlet kagyz belgileriniň dürli karz dolanyşygynyň gurallaryna: çeklere, weksellere, pul serişdeleriniň bank geçirijilerine, obligasiýalara, paýnamalara, renta kagyzlaryna çalyşmagyň ösüş tizligi aýdyň bellenildi. XIX asyryň ortalaryna karz bazarynyň konsentrasiýa we 51 globalizasiýa derejesiniň ýöne bir nobatdaky ösüşi bolup geçmän, eýsem, indiden beýläk karzyň wirtual görnüşine geçmegi bilen baglanyşykly bolan maýanyň hereketiniň hil taýdan täze görnüşi ýüze çykdy. Munuň özi karz bazarynyň ösüşiniň öňdäki tapgyryna bolan gatnaşykda täzelikdi. Bu hadysa karzyň we pul maýasynyň maddy önümçilikden we söwdadan üzňeleşmeginiň täsiri bilen bolup geçdi. Karz we pul maýasy ösüşiň özbaşdak, içki kanunalaýyklyklary bilen iri-wirtual derejä öwrüldi. Muňa çenli olaryň XIX asyryň ortalaryna gutarnykly resmileşdirilen wirtuallaşmagynyň diňe ösüş ugry bellendi. Bu döwre çenli şeýle maýalaryň dislokasiýasynyň esasy orny bellenildi.
Öz wagtynda diňe bir marksistik edebiýatlarda däl, eýsem, liberal düşünjeli buržuaz ylmy barlagçylarynda «galp ýa-da fiktiw maýa» düşünjesi ykrar edildi. Onuň aýlawyna fabrikleriň we zawodlaryň, haryt gorlarynyň, maşyn we enjamlaryň, altyn we pullaryň (hakyky maýa) maýany däl-de, maddy aktiwleriň gymmatly kagyzlardaky şöhlelenmesini girizdiler. Bularyň iň soňkusy özbaşdak ýaşaýşa eýe bolup, olaryň dolanyşygy bolsa hakyky maýanyň hereketinden üzňeleşdi. Munuň özi gymmatly kagyzlaryň görnüşinde ýüzleýdi. Maliýe- karz gurallarynyň resminamalaýyn we resminamalaýyn däl (elektron faýl görnüşinde) görnüşde dolanyşygynyň häzirki zaman tapgyry olaryň öňki ýagdaýyndan, galp maýadan düýpli tapawutlanýar. Heniz 20 ýyl mundan ozal gymmatly kagyzlaryň nagt däl görnüşde bolmagy ýörite bellige alyjylarda saklanýan aýratyn kitaplardaky ýazgylarda aňladyldy. Häzirki wagtda resminama dolanyşygyny guramagyň nagt däl görnüşi öz tebigaty boýunça, köplenç, elektron ýazgylara esaslanýar. Wirtual ýagdaý galp maýadan çäklendirmeleri (territorial we wagtlaýyn) doly aýyrýar. Oňa köpüsi ýönekeý kagyz resminamalaryna däl-de, maglumat kosmopolitik kategoriýalara degişli bolan ýokary-landyrylan hereketi we täze elementleri berýär. Gymmatly kagyzlar ýyldyrym çaltlygynda Ýer şarynyň dürli künjegindäki islendik tutuja ýerleşmek mümkinçiligine eýe boldy.
XIX asyryň ortalaryna çenli London diňe bir uly Britan imperiýasynyň däl, eýsem, Ýewropanyň we Amerikanyň köp kontinental ýurtlarynyň ähli erkin pul serişdeleriniň jemlenýän ýerine 52 öwrüldi. London halkara bankir, onuň bazary bolsa Bütindünýäniň maýalarynyň merkezi bazary boldy1. Londonyň dünýä maliýe merkezine öwrülmegine iňlis walýutasynyň (funt sterling) 100 ýyla golaý (XIX asyryň ortalaryndan XX asyryň ortalaryna çenli) liderligini saklan umumy ykrar edilen dünýä walýutasy bolmagyna hem ýardam etdi. Muňa garamazdan, XIX asyryň ikinji ýarymyndan birža hereketi diňe bir Londonyň gazna biržasy bilen çäklenmedi. Ol köp ýurtlarda ösüşe we dürli görnüşlere eýe boldy. Köpsanly tanymal adamlar, şol sanda diplomatlar, ýazyjylar we gymmatyň zähmet nazaryýetini esaslandyryjylar Londonyň gazna biržasynda oýnamak bilen, özlerine maýalyk (kapital) döretdiler. Olardan XIX asyryň birinji ýarymynda iň tanymal sypatlaryň biri diplomat Ý.W. Taleýran (1749 – 1838) boldy. Diplomatyň işi Londonda «insaýder» habarlaryny ulanmagyň göreldesi boldy. 1830-njy ýylda ol özüniň wezipe ýagdaýyndan peýdalanyp, kompaniýalaryň we hökümetiň işi baradaky maglumatlary anyklap, öz kömekçisi L. Monronyň üsti bilen biržada geleşikleri amala aşyrdy2. Taleýranyň ömrüniň ahyrynda onuň baýlyk ýagdaýy Ýewropada iň irileriň biri hökmünde bahalandyryldy.
Başga bir mysal, Džon Lo (1671 – 1729) bolup, ol «Lo ulgamyny » esaslandyryjydyr. Bu ulgam önümçilige we söwda zeper ýetirýän karzyň, banklaryň, biržalaryň we birža oýunlarynyň arşa göterilmeginde gurulandyr. Köp adamlar Dž. Lo bilen Dž. Keýnsiň arasyndaky meňzeşligi tapýarlar. Ony, köplenç, «inflýasiýanyň atasy», «karzyň jadygöýi» we «beýik birža alyp-satary (spekulýanty)» diýip atlandyrýarlar. Ol karzlaryň, kagyz pullaryň we birža oýunlarynyň kömegi bilen hemişelik gülläp ösüşe eýe bolmaklygy umyt edýärdi. Lo öz emlägini iki kompaniýanyň paýnamalary arkaly, birža oýunlarynyň netijesinde döretdi we köpeltdi. Bu kompaniýalara 1716-njy ýylda arzan karzlary berýän «Ählumumy bank» (Pariž) we 1717-nji ýylda «Indiýa kompaniýasy» (kähalatda ony «Misisipi kom- 1 ser.: кулишер И.М. «История экономического быта Западной Европы». М. Л., 1926. 2 Тарле е.В. «Талейран». М. Л.: из-во «Академик», 1948. 53 paniýasy» diýip hem atlandyrylýardy, sebäbi ol ilkibaşda şol döwürde Fransiýa degişli bolan Misisipi derýasynyň basseýnini özleşdirmek üçin döredilipdi) degişlidir. 1719-njy ýylda «Ählumumy bank» döwletiň eline geçmek arkaly (täze ady – Korollygyň banky) bankrotlykdan gutuldy. «Indiýanyň kompaniýasy» bolsa synmak (krah) bilen hereket etmegini bes etdi. Onuň netijesinde bu kompaniýanyň birnäçe müň paýnamalaryny saklaýan eýeleri bankrota düşdüler. Dawid Rikkardo (1772 – 1823) Londonyň gazna biržasyndaky oýunlaryň netijesinde millionlyk baýlyga eýe boldy. Ol 26 ýaşyna çenli biržadaky şowly ylalaşygyň netijesinde örän baýady, tiz wagtdan bolsa, Londonyň maliýe bazarynyň iň uly agzalarynyň biri boldy. D. Rikkardo özüniň nazary ylmy derňewlerini biržada oýnamak arkaly amaly gazanjyna öwürdi.
Nýu-Ýorkdaky gazna biržasy 1790-njy ýylda emele geldi. Şol wagt Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýaş, çalt ösýän döwletdi. Onuň ilaty Demirgazyk Amerikanyň Gündogar kenar ýakasynda ýerleşen 14 sany ştatda ýaşan 4 mln adamdy. Nýu-Ýork prowinsial şäher bolup, Boston we Filadelfiýadan soň ululygy boýunça üçünji ýeri tutýar. Ilkinji söwda üçin elýeterli gymmatly kagyzlar garaşsyzlyk urşunyň netijesinde emele gelen 80 millionlyk bergini maliýeleşdirmek üçin çykarylan hökümet obligasiýalary boldy. 1790-njy ýylda döwletde 300-den köpräk paýdarlar jemgyýetleri döredildi. Olaryň köpüsiniň paýnamalary biržalarda aýlanýardy. 1792-nji ýylda 24 sany dellal öz aralarynda ylalaşyp, bir umumy komission haky barada gepleşip, ýörite şertnama gol çekdiler. Biržanyň listinginde ilkinji kompaniýa hökmünde Nýu-Ýorkuň banky çykyş etdi. 1817-nji ýylda dellallar New York Stock and Exchange Board (Nýu-Ýorkuň birža we alyş-çalyş guramasyny) döretdiler we biržanyň ilkinji düzgünnamasyny kabul etdiler. 1835‑nji ýylda söwdanyň ortaça gündeki möçberi 8,5 müň paýnama ýetdi. 1863-nji ýylda biržanyň adyny Nýu-Ýork gazna biržasyna çalyşdylar. Birža başdan diýen ýaly umumy milli gurama hökmünde guruldy. Hä54 zirki wagtky ady bellenilen badyna biržanyň ýolbaşçylary, dellallary özleriniň halkara gatnaşyklaryny berkitdiler we birnäçe Ýewropa biržalary hem öňdebaryjy daşary ýurt dellallaryň edaralary, banklary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdular. 1880-nji ýylda Sankt-Peterburgdaky birža bilen hyzmatdaşlyk gurnalyp, XX asyryň başynda bolsa rus kompaniýalar bilen baglanyşykly ilkinji kagyzlar (depozitar dilhatlary) emele gelýär.
Sankt-Peterburgdaky birža. Russiýa imperiýasynda ilkinji biržany Gollandiýada bolup, bu guramany gören Pýotr I başlangyjynda 1703-nji ýylda Sankt-Peterburgda düýbüni tutdular. Sankt- -Peterburg biržasy Ýewropadaky iň köne biržalaryň hataryna girýär. Pýotr I yglan eden Esasy magistriň reglamentinde: «Şäher edarasynyň golaýynda, daşary ýurtdaky söwda şäherleriň nusgasynda biržalary, gämileriň gelmegi hem goýberilmegi we söwda baradaky sanawnamalar üçin, şeýle hem olarda täjirlere öz söwdasyny guramak üçin we weksellerini düzetmek üçin duşuşar ýaly gurmaly» diýip buýrulýardy2. Dogrusyny aýdanyňda, Sankt-Peterburg biržasy söwda birža hökmünde emele geldi. Gazna wezipeleri biržada diňe XIX asyryň soňky üçden bir böleginde berkidildi, XX asyryň başynda bolsa resmi suratda biržanyň gazna bölümi döredildi we diňe şondan soň ol gazna biržasyna öwrüldi.
Tutuş XVIII asyryň dowamynda döwletiň ykdysadyýetinde birža örän ujypsyz orny eýeledi, bu bolsa onuň emeli döredilmeginiň subutnamasy boldy (içerki şertleri we talaplary ýetişmese-de, kesekiniň tejribesi alyndy). Şol wagt söwda ýollarynyň çatryklarynda we harytlara bolan köpçülikleýin islegiň ýerlerinde tebigy şertlerde gurnalýan ýarmarkalar we bazarlar köpeldi. Käbir ýarmarkalar heniz ilkinji knýazlar bar wagty döredildi, adatça, derýa gämileriň we baržalaryň geçýän ýollarynda ýerleşdirdiler. Iň belli ýarmarkalar Nižniý Nowgorodyň, Muromyň ýarmarkalarydy, şeýle hem Rybinskdäki galla ýarmarkasydy. Şol ýerden harytlar tutuş Ýewropa iberilýärdi. 1 Тhе New Уоrк Ехсhange. Тhе First 200 Уеаs / Еditedbу J.Е. Вuск. – Соnnесtiсut: Greenwich Publishing Сгоuр, 1nс. Еssех. 1992. 2 Ser.: Идельсон В.Р. Кредит, банки и биржи. СП. 1912. 55 Pýotr I döwründe umumy bütin Russiýa bazary ýokdy, ol diňe indiki asyrda emele gelip başlady, paýdarlar kompaniýalar hem heniz ýokdy (Pýotr I döwlet manufakturalary we dag zawodlary ornaşdyrdy), döwlet bergisi obligasiýa görnüşinde hem ýokdy. Obligasiýalaryň bazary diňe Ýekaterina II soňra emele gelip ugrady. Ol ilkinji bolup daşary ýurtdaky banklary daşky berginiň üstünden işlemek üçin çagyrdy. Içerki dolanyşykda bolsa obligasiýalar ondan hem giç, XIX asyrda ýüze çykdy. Şeýlelikde, gazna biržasyna gerek bolan söwda gurallary biržanyň guramagyndan bir ýarym asyr geçenden soňra emele geldi.
XVIII asyrda birža daşary ýurt we ýerli söwdagärleriň daşary ýurtdan getirilen harytlary satmak we ýerli harytlary deňiz bilen ugratmak üçin duşuşylýan ýer hökmünde hyzmat edýärdi. Edil biržanyň ýanynda amatly gämi duralgasy, suwuň inişi we harytlary kabul etmek üçin ýöriteleşdirilen ammarlar ýerleşýärdi. Bularyň ählisi Wasiliý adasynyň burnunda ýerleşýärdi. Ol ýerde ýokarda şu wagt hem gämileriň duralgasy bilen we baýramçylyklarda ýakylýan alawlar bilen iki sany sütün şaherlileri we Demirgazyk Palmiranyň myhmanlaryny garşy alýar. Ýelizaweta II permany bilen watandaky we daşary ýurtdan gelen söwdagärlere birža arkaýyn gelmäge rugsat berilýärdi. Onda-da, biržada syýasy gürrüňleri etmek we gijäniň bir mahalyna çenli oturmak gadagan edilýärdi1. Ýuwaş-ýuwaşdan biržada harytlar bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň walýutasyny söwda edip başladylar. Bu haryt dolanyşygyny üpjün etmek üçin zerurdy. Başda söwdanyň zady hökmünde diňe daşary ýurt şaýlary çykyş edýärdi, emma XIX asyryň başyna çenli daşary ýurt kagyz pullary, şeýle hem walýuta wekselleri söwda girizildi.
1805-1815-nji ýyllarda Wasiliý adasynyň burnunda agaç ammarlaryň we uly bolmadyk traktirli söwda meýdançasynyň ýerinde gurluşykçy J.Tom de Tomonyň proýekti boýunça rus giçki klassisizmiň stilinde Sankt-Peterburg biržasynyň gözel ymaraty guruldy. Ol ymarat şu güne çenli saklanyp galdy, onuň içinde şu wagt 1 Ser.: Русские биржевые ценности. 1914-1915 гг. СП., 1916. 56 Merkezi harby-deňiz muzeýi ýerleşýär. Söwda zalyň uzynlygy 41 metrden köpdi, giňligi bolsa, 21 metrdi (100 ýyldan diýen ýaly soňra gurlan Nýu-Ýork gazna biržasynyň täze binasynyň söwda zaly ondan biraz uludy – 45 metr 35 metre). Inli penjireler zalda ýeterlikli ýagtylmany üpjün edýärdi1. Nikolaý I-niň dolandyrýan döwri Birža dellallar we Birža komiteti baradaky kanun (1831) we biržanyň düzgünnamasy (1832-nji ýylyň 5-nji oktýabry) tassyklanyldy.
1796-njy ýylda döwletde ikinji birža – Odessadaky birža emele geldi. Soňra esasy söwda merkezlerde hem biržalar döredildi: Warşawada (1816), Moskwada (1837), Rybinskde (1842), Nižniý Nowgorodda (1848). Täze biržalar tebigy şertlerde söwda islegleri kanagatlandyrmak üçin ýerli we gelen söwdagärleriň ylalaşygy netijesinde emele gelýär. Moskwadaky we Rybinskdäki biržalary döretmekde Sankt-Peterburg biržasynyň düzgünnamasynyň nusgasyny göçürip alan we ony döretmäge ýardam eden ýerli general-gubernatorlar belli orny eýeleýärler. Olar hem biržanyň maksatlary üçin jaýlary berdiler we olary bejertdiler. 1916-njy ýylda Russiýada 80 birža golaý bardy, olaryň köpüsi bolsa (59 sany) örän gysga wagtda (1904-nji ýyldan 1916-njy ýyla çenli) döredildi.
Ilkibaşda biržalarda gymmatly kagyzlar bilen işleşmek, döwlet bergisiniň döremegi we ösmegi bilen baglydy. XX asyryň başyna çenli biržalaryň köpüsinde, esasan, çöregi we şekeri, Demirgazykda bolsa sütügi hem agajy satýardylar. Diňe Sankt-Peterburgdaky birža şol wagta ýetip gazna biržasyna öwrüldi. Söwdanyň esasy möçberi edaralaryň paýnamalary, demir ýollary kärhanalaryň obligasiýalary we döwlet bergisi bilen geçip başlady. 1901-nji ýylda hökümet Sankt-Peterburg biržanyň gazna bölümi üçin düzgünleri kabul etdi, olar gazna biržasynyň taryhynyň başyny başladylar. Täze düzgünler Russiýada uly birža özgertmeleriň geçirilýändigini tassykladylar we Sankt-Peterburgda gymmatly kagyzlaryň iň uly guramaçylykly hal- 1 Ser.: Ошенков Г.Д. «Архитектор Томон (1754 – 1813). Материалы к изучению творчества». – М.: Искусство, 1950. 2 Большая советская энциклопедия. Т. 6. – М.: А.О. «Советская энциклопедия », 1927. 57 kara bazaryny esaslandyrmaga ýardam etdiler. Ondan soňra döredilýän kärhanalaryň paýnamalaryny, şeýle hem bergidarlyk borçnamalary satmak aýry-aýry sebit biržalarda hem ýaýrapdyr. 1828-nji ýylda esaslandyrylan, Birinji Jahan urşundan öň edil paýtagtdaky birža ýaly gazna biržasy bolan Moskwadaky birža aýratyn üstünliklere eýe boldy. Ol diňe bir Moskwadaky däl-de, eýsem, sebitdäki paýdarlar jemgyýetleriň köpüsiniň, aýratyn hem banklarynyň gymmatly kagyzlaryň dolanyşygyny jemledi. 1915-nji ýylda biržanyň 402 agzasy bardy, şol sanda 82 özbaşdak telekeçi, 62 söwda öý, 242 bileleşik we paýdarlar jemgyýetleri hereket edipdir. 1913-nji ýylda biržadaky döwlet obligasiýalaryň dolanyşygy 11,7 mlrd.rubl, 40 sany paýdarlar jemgyýetleriniň paýnamalarynyň dolanyşygy 800 mln. rubl, 29 banklaryň paýnamalarynyň dolanyşygy 500 mln. rubl-a deň boldy.
Birinji Jahan urşuň başlamazyndan öň Sankt-Peterburgyň biržasynda esasy maýalary 1504 mln. rubla deň bolan 295 senagat kärhanalaryň paýnamalary, 15531 mln. rubl mukdarynda 123 görnüşdäki obligasiýalar bahalanýardy.
Birža zallarynyň möhüm meseleleri çözmek üçin ulanylmagy seýrek däldi, dellallar bolsa täze kanun taslamalarynyň we iş ugurlarynyň başlaýjylary hökmünde çykyş edýärler. Mysal üçin, 1917-nji ýylyň maý aýynda Petrograd biržasynyň binasynda (urşuň başynda Sankt-Peterburg biržasynyň adyny Petrograd biržasyna çalyşdylar) köp adamly ýygnak geçirildi. Onda döwletiň ykdysady gurluşyndaky sosial özgeriş baradaky soraglar, şeýle hem Palestinany koloniýalaşdyrmagy we tiz ele almak maksady bilen onda göçmek baradaky işi maliýeleşdirmek üçin maýanyň gönükdirmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ondan başga‑da, iňlis goşunda legiony döretmek baradaky (Jabotinskiniň maksady) we Ysraýylyň ýerlerini türkleriň agalygyndan azat etmek üçin Russiýada ýörite goşuny döretmegi (I.Trumpeldoryň maksady) baradaky meseleler gozgalýardy2. Ondan öň biržanyň dellallary Russiýada ilkinji saýlawlary 1 Ser.: «Русские биржевые ценности 1914 – 1915 гг.». – СП., 1916. 2 Ser.: Биржевые ведомости. – 1917. 58 maliýeleşdirmäge we agitasiýasyna işjeň gatnaşdylar. Olaryň kömegi bilen senagatçylaryň partiýasyndan deputatlar Duma girip bildiler. 1917-nji ýylyň Oktýabr rewolýusiýasyndan soň biržada söwda togtamady, ol 1918-nji ýylyň başyna çenli dowam etdi.
Gymmatly kagyzlaryň hümmeti, harytlaryň bahalarynyň hereketi, emitentler we birža tilsimatlary baradaky birža maglumatlary «Biržanyň wedomostlary» belli rus gazetiň materialynyň esasyny düzýärdiler. Gazet 1861-nji ýyldan 1917-nji ýylyň 6-njy oktýabryna çenli çap edilýärdi. 1893-nji ýyldan başlap günde iki gazeti çykarmaga geçdiler. Irdenki çapda geçen söwda güni barada maglumat berilýärdi, Günortan bolsa irdenki mejlisiň netijeleri ýazylýardy. Birža gazeti günde iki wagtyna diňe bir Sankt-Peterburgda we Moskwada okalman, eýsem, Odessanyň, Kiýewiň, Lwowyň, Harkowyň, Warşawanyň, Riganyň, Çernowtsowyň, şeýle hem Russiýa imperiýasynyň Ýewropa böleginiň başga uly söwda merkezleriniň söwdagärleri we bankçylary okapdylar. «Biržanyň wedomostlary» bilimli rus intelligensiýasynyň medeni mirasy bolup ugrady. Bu gazetiň sahypalarynda Russiýanyň täzeden gurmaklygyň edebi, syýasy, filosofiki we ykdysady soraglary boýunça jedel gidýärdi.
Gazna biržalar bilen bir hatarda söwda, gämi kireýi, altyn biržalary hem ösýärdi, XX asyrda bolsa deriwatiwleriň biržalary we ş.m. hem ösüp ugrady. Biržalarda köp operasiýalar karzlara alyp barýardy we karz (ssuda) puluň hereketi teklip edildi. Olaryň esasynda alyş-çalyş gurnalýardy, biržanyň harytlary az-azdan karz görnüşe öwrülýärdi, karz maýa (ssuda maýa) biržalarda paýnamalar we obligasiýalar görnüşinde aýlanýardy, karzlar bolsa standartlaşdyrylan karz şertnamalar görnüşe eýe boldular.
Hanaýewa J.B. we başg.
Gazna biržasy. Ýokary
okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.
– A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.