«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Statistikanyň taryhy


Statistikanyň kökleri gadymyýetiň jümmüşine aralaşýan köp asyrlyk taryhy bardyr. Statistika ilkibaşda hojalyk hasaby görnüşinde ýüze çykypdyr. Hojalyk hasabynyň ýüze çykmagy döwletleriň döremegi bilen baglanyşyklydyr. Ýurdy dolandyrmak, döwletiň öz wezipelerini we borçlaryny berjaý etmegi üçin ilatyň sany, ekin we öri meýdanlarynyň möçberi, mallaryň sany, söwdanyň we senetçiligiň ösüş derejesi baradaky we ş.m. maglumatlar gerek bolupdyr. Sebäbi döwleti dolandyrmak, ykdysady üstünlikleri gazanmak üçin, ilkinji nobatda, dogry we aýdyň guralan hasap zerur bolup durýar. 

Adamzat jemgyýetiniň ilkinji döwürlerinde ykdysady we durmuş hadysalarynyň hasaby ýörite bellenen döwlet emeldarlary tarapyndan ýöredilipdir. Hasap ilkibaşda örän ýönekeý görnüşde alnyp barylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen döwlet gurluşynyň kämilleşmegi netijesinde hasap hem kämilleşipdir. Jemgyýetçilik durmuşynyň çylşyrymlaşmagy bilen hasaba alynýan hadysalaryň sany hem artypdyr.

Önümçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmegi we ösmegi önümçiligiň göwrüminiň we söwdanyň möçberiniň artmagyna getirýär. Munuň özi bolsa kämil hasap ýöredilmegine, statistiki maglumatlara bolan islegi güýçlendirýär. Önümçiligi dogry guramak we dolandyrmak üçin senagat we oba hojalyk önümçilikleriniň ýerleşişi, haryt ýerleşdiriş bazarlary, zähmet bazarlary we çig mal çeşmeleri baradaky maglumatlar zerur bolupdyr.

XVII asyrda adamzat jemgyýetiniň ösmegi, ylym-bilimiň has kämilleşmegi netijesinde statistika ylmynyň döremegine we ösmegine sebäp bolan şertler peýda bolýar. Matematika, filosofiýa we hukuk ylymlary ösüp, statistikanyň döremegi üçin usulyýet şertlerini döredipdir. Ylymlaryň ösmegi, beýik geografik açyşlar, önümçilik gatnaşyklarynyň özgermegi adamlaryň dünýägaraýyşyny üýtgedipdir. Önümçiligiň, söwdanyň ösmegi, halkara gatnaşyklarynyň giňelmegi, ilatyň sanynyň artmagy döwletleriň statistiki maglumatlara bolan islegini artdyrypdyr. Şeýlelik bilen hasabyň giňden ýaýramagy, bilimli–düşünjeli adamlaryň köpelmegi hadysalary häsiýetlendirýän maglumatlary statistiki taýdan umumylaşdyrmaga mümkinçilik beripdir.

Statistikanyň ylym hökmünde ýüze çykmagynda görnükli iňlis alymy William Pettiniň tagallasy uludyr. W.Petti (1623 – 1687ý.) statistika ylmyny esaslandyryjydyr. Ol öz döwrüniň iň sowatly adamlarynyň biri bolupdyr. Ykdysady taglymatyň ösmeginde onuň goşandy has-da uludyr. Islendik harydyň ýa-da hyzmatyň gymmatynyň ululygynyň sarp edilen zähmetiň möçberine baglydygyny subut edipdir. W.Pettiniň 1676-njy ýylda ýazan ”Syýasy arifmetika” atly kitaby ony bütin dünýä meşhur edýär. Bu kitapda san maglumatlary, özi hem umumylaşdyrylan, biri-birleri bilen deňeşdirilýän görkezijiler giňden ulanylypdyr. Awtor her bir tassyklamasyny, garaýşyny görkezijiler arkaly delillendiripdir. Şeýlelik-de, ”Syýasy arifmetika” kitaby statistika boýunça ilkinji ylmy işdir.

W.Pettiniň taglymaty iňlis alymlary Jon Graunt, Gregori King, Çarlz Dawenauž tarapyndan ösdürilipdir. Statistikanyň nazaryýetiniň ösmegine Belgiýaly alym Adolf Ketle (1796-1874ý.) has-da saldamly goşant goşupdyr. A.Ketleniň tagallalary netijesinde statistika hakyky ylyma öwrülipdir. Ol hadysalaryň döremegine, ösmegine umumy we hususy sebäpleriň täsir edýändigini esaslandyrypdyr. Bu taglymatyň esasynda ol ortaça ululyklar nazaryýetini statistika ylmyna ornaşdyrdy. Sosial we ykdysady hadysalary seljermek esasynda uly sanlar kanunyny açdy.

XIX–XX asyrlarda matematikanyň, filosofiýanyň, ykdysady nazaryýetiň ösmegi, hasaplaýyş enjamlaryň peýda bolmagy statistikanyň has-da kämilleşmegine getirdi. Häzirki döwürde statistikanyň usulyýetiniň ösüp ýeten derejesi hadysalaryň mazmunyny giňişleýin açmaga we olaryň ösüşini gysga we orta möhletler üçin ýokary takyklyk bilen çaklamaga mümkinçilik berýär.

A. Aýnazarow, O. Ataýew

Statistikanyň nazaryýeti. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.- A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009.