Syýasat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

11-nji noýabrda geçirilen iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, welaýatlarda pagta hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda bolsa sürüm işleri geçirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasyly, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasyly ýygnalyp alynýar. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde ilaty dürli görnüşli azyk önümleri, senagat kärhanalaryny çig mal bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyny nygtady we bu ugurdaky işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetiren Balkan welaýatynyň babadaýhanlaryny zähmet ýeňşi bilen gutlady hem-de olara täze üstünlikleri arzuw etdi. Şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda aýratyn tabşyryklar berildi.

15-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlisiň ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasynyň taýýarlanylýandygy, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy, döwlet we diplomatik gulluk bilen baglanyşykly meseleleri kadalaşdyrýan kanunlara üýtgetmelerdir goşmaçalaryň girizilýändigi barada aýdyldy. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler hakynda hasabat berildi. Makroykdysady durnuklylygy saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny, sebitleri mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmek ýurdumyzyň baş maliýe resminamasynyň geljek ýyl üçin esasy wezipeleriniň hataryndadyr. Hususan-da, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ugurlaryna jemi 40,1 milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna ibermek hakynda resminama gol çekdi.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna sanly ulgamy hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy ara alnyp maslahatlaşylan beýleki meseleleriň hatarynda boldy. 20-21-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Ikinji sebitara forumyny, Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk, şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barlan arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işleriniň netijeleri hakynda-da habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 1-nji awgustyndan bäri Daşary işler ministrliginiň düzüminde hereket edýän Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa departamentiniň işini has-da kämilleşdirmek boýunça hödürlenen teklipleri goldady. Ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň habarlar üpjünçiligini has-da kämilleşdirmek, häzirki zaman usullaryny giňden peýdalanmak, daşary ýurt habarlar gulluklary bilen özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, käbir ilçihanalarymyzda metbugat attaşesi wezipesini döretmek, BMG-niň Bütindünýä aragatnaşyklar departamenti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşyklary baglaşmak hem-de «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynyň habarçylaryny daşary ýurtlarda akkreditasiýa etmek, halkara tejribeleriň esasynda «Sanly birleşme» atly ýörite bir zolagy döretmek teklip edilýär. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz kabul edilen maksatnama esasynda Ahal welaýatynda Duşak we Bamy, Balkan welaýatynda Jebel, Mary welaýatynda Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak barada taýýarlanan teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşyny görkezmek bolar. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň 12 ýurdundan, hususan-da, Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Eýrandan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan hem-de Türkmenistandan türgenler gatnaşdylar. Çäräniň açylyş dabarasy şu ýyl Aziýanyň Tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilen paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda guraldy.

Türgenler ýekeleýin we jübütleýin görnüşde diňe bir Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guran ýaryşynyň medallary ugrunda däl, eýsem, öz derejelerini beýgeltmek mümkinçiligini gazanmak ugrunda-da çekeleşikli oýunlary geçirdiler. «Ashgabat Open 2024» ýaryşynyň maksatnamasynyň dört görnüşiniň jemleri boýunça ildeşlerimiz baýrakly orunlaryň 8-sini eýelediler. Ýeňijilere we baýrakly orunlary eýelänlere Aziýanyň Tennis federasiýasynyň medallarydyr şahadatnamalary, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm goşant boldy. TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde guralan kinofestiwal Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalarynyň, Moldowanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň hem-de ýurdumyzyň kinematografiýa işgärlerini bir ýere jemledi.

Eminler toparynyň garamagyna dürli ýurtlaryň kino ussatlary tarapyndan döredilen çeper we dokumental filmler hödürlenildi. «Iň gowy dokumental film» ugry boýunça 1-nji orna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan ýurdumyzda we daşary ýurtlarda surata düşürilen «Äleme belgilidir» filminiň döredijilik topary mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň goldaw-hemaýaty netijesinde iki ýurduň kinematograflarynyň bilelikde surata düşüren «Magtymguly Pyragy» atly filminiň döredijilik topary «Iň gowy çeper film» baýragy bilen sylaglanyldy. Beýik söz ussadynyň döredijiligi barada gürrüň berýän film şahyryň ýubileý senesine ajaýyp sowgat boldy. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Kompozitor» atly filminiň döredijilik toparyna eminleriň ýörite baýragy gowşuryldy. Bu filmiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýatkärliginde, Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde surata düşürilendigini bellemek gerek.

Kinofestiwalyň çäklerinde kino işgärleriniň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary üçin ussatlyk sapaklary, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy hem geçirildi.

Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisi gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen esasy çäreleriň biri boldy. Mejlise gatnaşyjylar şu ýyl Türkmenistanda geçirilen çärelere, şol sanda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna, «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna, mazmunlaýyn maslahatlara, bäsleşiklere, sergilere, döredijilik duşuşyklaryna, konsertlere ýokary baha berdiler. Geňeşiň agzalary türki dilli halklaryň ruhy gymmatlyklaryny, taryhy-medeni mirasyny halkara derejede öwrenmekde, wagyz etmekde hem-de gorap saklamakda bilelikdäki tagallalary ara alyp maslahatlaşdylar, çözgütleri kabul etdiler. Onda 2025-nji ýyl üçin TÜRKSOÝ-nyň işiniň maksatnamasy tassyklanyldy we mejlisiň netijeleri boýunça Jemleýji Jarnama gol çekildi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de onuň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Dabarada çykyş eden TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan halkara çäreleriň türki halklaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny belledi hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Dabaranyň dowamynda 2025-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäheriniň resmi wekiliýetine TÜRKSOÝ-nyň ýörite kubogy, «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň göçme nyşany gowşuryldy.

Paýtagtymyzyň «Aşgabat» myhmanhanasynda «Magtymguly Pyragy — akyldar we şahyr» diýen mowzukda düzme ýazmak, «Türki halklaryň medeni mirasy we Änew medeniýeti» ady bilen surat çekmek boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen halkara bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Aşgabatda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa pudagyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň tejribe alyşmagy üçin netijeli meýdança öwrüldi. Foruma halkara guramalaryň, dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstriýadan, Azerbaýjandan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Estoniýadan, Eýrandan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Gazagystandan, Germaniýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Owganystandan, Russiýadan, Türkiýeden, Şweýsariýadan, Ukrainadan önüm öndüriji we programma üpjünçiligini taýýarlaýan, IT hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýalaryň, aragatnaşyk operatorlarynyň 200-den gowragynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Giň gerimli sergide aragatnaşyk, telekommunikasiýa pudagynda uzak möhletleýin geljege gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny hem-de taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyzyň aragatnaşyk düzümleri we olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlary öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Ylmy maslahata gatnaşyjylar maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmegiň täze meýilleri barada pikir alyşdylar. Dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri täze innowasion çözgütleri ornaşdyrmak, Türkmenistanda alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmek boýunça tekliplerini beýan etdiler. Halkara serginiň we ylmy maslahatyň jemleýji gününde programma üpjünçiligini işläp düzýän, innowasion oýlap tapyşlar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen guralan «Sanly çözgüt — 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Geçen hepdäniň şenbe gününde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu sylagy almak boýunça bäsleşik döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilýär. Şu ýyl ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 506-sy hödürlenildi. Şolaryň 135-si bu baýragyň eýesi boldular.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolup durýan Türkmenistanyň BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlardaky meselelerine garaldy. Milli gymmatlyklarymyzy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipler bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyga, halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna we milletiň ruhy güýjüne, ýaş nesliň gujur-gaýratyna, maksada okgunlylygyna daýanýan giň gerimli içeri we daşary syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi.

(TDH)


Beýleki habarlar
20.11.2024
Syýasat

Aşgabat, 18-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň babadaýhanlary tarapyndan ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler guramaçylykly dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek baradaky tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri meýilnama esasynda alnyp barylýar. Sebitiň çägindäki edara-kärhanalaryň, bilim, saglygy goraýyş, sport we medeniýet maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häkime ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ekiş geçirilen bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, welaýatda pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanada bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň çäklerinde ýerlerde sürüm geçirilýär. Welaýatyň çägindäki bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlar we beýleki oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýygnalan hasyl pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri guramaçylykly dowam edýär. Welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatdaky medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, ýygym möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Sebitde ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Welaýatyň çägindäki edara-kärhanalarda, medeni-durmuş maksatly binalarda, ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada-da habar berildi. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häkime Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlary, awtoulaglary, beýleki tehnikalary netijeli işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, döwlet harmanyna tabşyrmak, bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň çägindäki bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, sürüm işleri dowam edýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin geçirilýän işlere berk gözegçilik etmegiň, ýygym möwsüminde kombaýnlary, beýleki tehnikalary, kabul ediş harmanhanalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary doly güýjünde, netijeli işletmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegi, haşal otlara garşy göreş çäreleriniň öz wagtynda alnyp barylmagyny, bugdaý meýdanlarynda gögeriş we birinji ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi, ekilen bugdaýdan kadaly gögeriş alynmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleriniň talabalaýyk geçirilişini berk gözegçilikde saklamak, önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta, geljek ýylyň bugdaý hasyly boýunça ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik edaralarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, “Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba Milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

19.11.2024
Syýasat

Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk ulgamyny pugtalandyrmak boýunça degişli çäreler görülýär, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy, döwlet we diplomatik gulluk bilen baglanyşykly meseleleri kadalaşdyrýan kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işleriň geçirilýändigi aýdyldy. Halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleri ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan okuw maslahatyna hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti tarapyndan geçirilen duşuşyga, bu guramanyň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherindäki maslahatyna gatnaşdylar. Mundan başga-da, Mejlisiň wekili Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda guralan metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça tanyşlyk okuw saparynda boldy.

Şeýle hem deputatlar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda gazanylýan üstünlikleri, geljegi nazarlaýan maksatnamalaýyn işleri giňden wagyz etmek we kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek üçin maslahatlara, duşuşyklara gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlarynyň täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmeginiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” hem-de şu ýylyň maýynda kabul edilen degişli Kararyň esasynda işlenip taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Makroykdysady durnuklylygy saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny, sebitleri mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirmek geljek ýylyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberini ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulandygyny belledi. Geljek ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýetiň ugurlaryna jemi 40,1 milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekdi hem-de Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu konserne degişli “Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi we resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, ony ýerine ýetirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda işleriň alnyp barlyşy, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Hususan-da, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreş çärelerini geçirmek işleri dowam etdirilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, talabalaýyk saklamak we gaýtadan işlemek üçin zerur çäreler görülýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryny ýygnamak we hasyly talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak, sürüm işlerini geçirmek, tehnikalary netijeli işletmek boýunça işler geçirilýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja, miwe we beýleki azyklyk oba hojalyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şeýle-de önüm öndürijilerden kabul edilip alnan güýzlük azyklyk ekinleriň hasylyny sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, olary talabalaýyk saklamak boýunça çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagyň, pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň hem-de ýygnalan hasyly talabalaýyk saklamagy we gaýtadan işlemegi berk gözegçilikde saklamagyň, ýetişdirilen şaly hasylyny, gant şugundyryny ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmegiň, ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak üçin degişli işleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Garabogazkarbamid” zawodynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, bu önümçiligiň zerur bolan çig mal bilen yzygiderli üpjünçiligini ýola goýmak, esasy tehnologik enjamlary abatlamak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň önüm öndüriji kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly ulanmaga aýratyn ähmiýet bermegiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazkarbamid” zawodyny taslama kuwwatynda bökdençsiz işletmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu zawodda toplumlaýyn tehniki hyzmatlary amala aşyrmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Ikinji sebitara forumyny hem-de Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, 20-nji noýabrda agzalan serginiň açylyş dabarasynyň, sebitara forumyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem şol gün Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertiniň guralmagy teklip edilýär. 21-nji noýabrda bolsa söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahatlary guramak meýilleşdirilýär. Sebitara forumyň we serginiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek, resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de ony, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, eýeleýän wezipesinden boşatdy. Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Atdaýewe ýüzlenip, onuň ýurdumyzyň söwda toplumynyň işini ýola goýmakda birnäçe kemçiliklere ýol berendigini belledi hem-de ony, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadýandygyny aýtdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy N.Atagulyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary wezipesini 6 aý synag möhleti bilen ýerine ýetirmegi onuň üstüne ýükledi. N.Atagulyýew özüne bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan edip, bu wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, asylly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Kurbanowyň üstüne ýükledi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipä täze bellenen orunbasaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, bu ugurda Özbegistan Respublikasy bilen hem netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 20-21-nji noýabrda Türkmenabat şäherinde geçiriljek Özbegistan Respublikasynyň milli sergisine we Ikinji sebitara foruma ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barlan arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eserinden ruhlanyp, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlarydyr hünärmenleri «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýaz we güýz möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärlikleriň birnäçesinde arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işlerini üstünlikli dowam etdirdiler. Hususan-da, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde, Gökdepe galasynda, Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abu Seýit kümmetinde, Abiwerd galasynyň orta asyr Juma metjidinde, Balkan welaýatyndaky orta asyr Dehistan şäheriniň gündogar kerwensaraýynda, «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki «Kerwensaraý» ady bilen tanalýan XIV asyra degişli binagärlik ýadygärliginde, Lebap welaýatynyň çägindäki orta asyr Daýahatyn kerwensaraýynda, Mary welaýatynyň çägindäki orta asyr Daňdanakan galasynda geçirilen işler barada aýdyldy.

Şeýle-de Medeniýet ministrligi bilen daşary ýurtlaryň meşhur ylmy merkezleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşyklara laýyklykda, birnäçe halkara ekspedisiýalar tarapyndan 2024-nji ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde geçirilýän ylmy gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary öz wagtynda çap etmek hem-de olar bilen halkara ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda “Asyrlaryň yzlary” atly ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň neşir edilmegi ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde arheologik gazuw-agtaryş we rejeleýiş işlerini dowam etdirmegiň, gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary ylmy taýdan seljermegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Akylly” şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen “World Smart City Expo” halkara sergisinde Arkadag şäheri “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, “World Smart City Expo 2024” halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklara mynasyp boldy. Häzirki wagtda daşary ýurtly IT hünärmenleri, alymlar, professor-mugallymlar bilen “akylly” öý, şäher we zatlaryň interneti, olaryň dolandyrylmagyny, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak bilen bagly döwrebap tejribeler yzygiderli öwrenilýär. Bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak, Arkadag şäherinde “akylly” şäher konsepsiýasynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylyşyny we gazanylýan milli tejribeleri dünýä ýaýmak maksady bilen, şu ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Akylly” şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly ulgamy hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini, bu ugurda daşary ýurtly alymlar, hünärmenler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara ylmy-amaly maslahaty guramak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaş raýatlary hemmetaraplaýyn goldamagyň nusgalyk ulgamy döredildi. Her ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak boýunça bäsleşik yglan edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 506-sy hödürlenip, şolardan 135-si saýlanyp alyndy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 16-njy noýabrynda Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, milli mirasymyza sarpa goýýan watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, dürli pudaklarda üstünlik gazanyp, ýokary döredijilik başarnygyny görkezýän ýaşlarymyz üçin geljekde hem ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow daşary syýasy işiň habarlar üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça tagallalar täze başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Şu ýylyň 1-nji awgustyndan Daşary işler ministrliginiň düzüminde Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa departamentiniň işe başlamagy munuň aýdyň mysalydyr. Departamentiň esasy wezipesi ýurdumyzyň daşary syýasatyny amala aşyrmakda halkara maglumat giňişliginden has netijeli peýdalanmakdan, döwrebap habar beriş usullary, jemgyýetçilik diplomatiýasy, täze maglumat-kommunikasiýa tilsimatlary arkaly Türkmenistan barada dünýä jemgyýetçiliginiň habarlylygyny artdyrmakdan ybaratdyr. Şu wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, degişli teklipler taýýarlanyldy.

Türkmenistan hem-de onuň içeri we daşary syýasaty baradaky maglumatlary dünýä ýaýmak boýunça işler köp ýyllaryň dowamynda belli bir derejede ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlarda alnyp barylýan maglumat işini has-da güýçlendirmek maksady bilen, käbir ilçihanalarymyzda metbugat attaşesi wezipesini döretmek teklip edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy möhüm ugurlar boýunça işjeňleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Bütindünýä aragatnaşyklar departamenti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi. Şeýle hem “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” ylmy-tejribe žurnaly bilen daşary ýurtlarda çap edilýän ugurdaş neşirleriň gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen, hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşyklary baglaşmak hem-de žurnalyň habarçylaryny daşary ýurtlarda akkreditasiýa etmek teklip edilýär.

Döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamynda häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň öňdebaryjy sanly görnüşlerini ulanmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu işleriň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzda sanly ulgam boýunça zähmet çekýän ukyply ýaşlaryň bardygyny nazara alyp, Türkmenistanda sanly ulgam bilen bagly ähli işleri we oýlap tapyşlary merkezleşdirmek üçin halkara tejribeleriň esasynda “Sanly birleşme” atly ýörite bir zolagy döretmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, hasabatyň dowamynda başga-da birnäçe teklipler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň habarlar üpjünçiligini has-da kämilleşdirmegiň, munuň üçin häzirki zaman usullaryny giňden peýdalanmagyň, daşary ýurt habarlar gulluklary bilen özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamyny ösdürmek, hususan-da, demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň etraplarynyň we şäherleriniň birnäçesinde demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak göz öňünde tutulýar we häzirki wagtda bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýolagçylar we demir ýol ulagy pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly şertleri döretmek babatda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, häzirki zaman demir ýol stansiýalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kabul edilen maksatnama esasynda Ahal welaýatynda Duşak we Bamy, Balkan welaýatynda Jebel, Mary welaýatynda Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak barada taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

16.11.2024
Syýasat

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasaty öz aýdyň beýanyny tapdy.

4-nji noýabrda döwlet Baştutanymyzyň geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň guramaçylykly geçirilmegini, oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini, kabul ediş nokatlarynyň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň bökdençsiz işiniň üpjün edilmegini, ýerine ýetirilen işler üçin önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny doly ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Bilim, medeniýet, dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmek, Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmek, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek bilen bagly aýratyn tabşyryklar berildi.

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz prokuratura edaralary tarapyndan kanunçylygyň doly we dogry ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigini belläp, “Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Milli maksatnamany” we beýleki resminamalaryň taslamalaryny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda taýýarlamagy tabşyrdy.

8-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Habar berlişi ýaly, kabul edilen toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 2,5 göterime, gurluşykda 10,9 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,7 göterime, söwdada 9 göterime, oba hojalygynda 5,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,8 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwrüne görä, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,5 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on aýynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,8 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25,2 göterim artdy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösýändigini görkezýändigini belläp, deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze — 2025-nji ýyla at bermek hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagyny ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de Hasyl toýy mynasybetli, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi we mähriban halkymyzy, zähmetsöýer daýhanlary bu baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.

16-njy noýabrdaky Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasyna, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertine taýýarlyk görmek babatda aýratyn tabşyryklar berildi.

8-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwelany kabul etdi. Türkmenistanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak işinde gazanylan uly üstünliklere ýokary baha hökmünde myhman döwlet Baştutanymyza BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň degişli güwänamasyny gowşurdy.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» çäklerinde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny ýokary derejede üpjün etmek boýunça ýurdumyzda degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. Häzirki wagta çenli Türkmenistanda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde raýatlygy bolmadyk 32 müňden gowrak adam ýurdumyzyň raýatlygyna kabul edildi, 5 müňden gowrak daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Munuň özi ýurdumyzyň BMG-niň Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda, Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalaryny doly we üstünlikli berjaý edýändiginiň aýdyň güwäsidir. Eziz Diýarymyz BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzalygyna Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji saýlanan ýeke-täk döwlet bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny goramak babatda halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny tassyklady.

9-njy noýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berip, bag nahalyny oturtdy. Bu ekologik çärä Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, halk köpçüligi gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz käbir wise-premýerler bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda bag nahallarynyň yzygiderli ekilmegi arkaly ekologik ýagdaýy gowulandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk çäresiniň çäklerinde dürli görnüşli bag nahallarynyň 539 müň 185 düýbi oturdyldy. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 67 müň 630 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.

4-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň IV gurultaýy geçirildi. Onuň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu syýasy guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Agrar partiýa milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynyň çalt depginler bilen ösdürilmegine uly goşant goşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler pudakda guwandyryjy netijeleri berýär. Oba hojalyk toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna, daýhanlary mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň ösdürilmegine gönükdirilýän döwlet goldawynyň, ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň aýratyn ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport edilýän harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmak babatda döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň azyk senagatyny ösdürmegiň, halkymyzyň ýokary hilli azyk önümlerine isleglerini kanagatlandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Ýurdumyzyň bu ulgamda gazanan üstünlikleri Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edildi. Hususan-da, Türkmenistan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda gazananlary üçin BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýörite sylagyna mynasyp boldy.

Gurultaýyň dowamynda guramaçylyk meselelerine hem garaldy. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna ozal bu partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän A.Akmämmedow saýlandy.

6-njy noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Belarusuň ugurdaş ylym-bilim edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini, onuň eksport mümkinçilikleriniň pugtalandyrylýandygyny bellediler. Ýer-suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagy, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy bu ugurda ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Pudagy döwrüň talaplaryna laýyklykda, durnukly ösdürmek maksady bilen, sebitiň we dünýäniň beýleki ýurtlary, ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Ýurdumyzda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa hem-de Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Durnukly ösüş maksatlaryny ilkinjileriň hatarynda milli derejede ornaşdyran Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar.

Foruma gatnaşyjylar «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasyny, häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalaryny, şol sanda takyk ekerançylyk ulgamlaryny pudaga giňden ornaşdyrmagyň, degişli amallary awtomatlaşdyrmagyň, oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe-ykdysady taýdan höweslendirmegiň, bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Soňra halkara ylmy-amaly maslahat öz işini «Agronomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa», «Agrosenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş, ynsanperwer, matematika ylymlary, agroinženerçilik», «Azyk senagaty, suw hojalygynda innowasion tehnologiýalar, zootehniýa we weterinar lukmançylygy, ýeňil senagat» atly bölümçelerde dowam etdi.

8-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde guralan foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, BMG-niň agentlikleriniň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu giň gerimli çäräniň baş maksady Merkezi Aziýada «#IBelong» (MenDegişli) ählumumy başlangyjynyň jemini jemlemekden ybarat boldy.

Türkmenistan dünýäde raýatsyzlygy aradan aýran ýurtlaryň biri bolmak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarlydygyny aýdyňlygy bilen subut edýär hem-de bu ynsanperwer meseläni çözmäge başlangyçly çemeleşýär. Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabatda raýatlygy bolmadyk adamlaryň 1146-syna Türkmenistanyň pasportynyň gowşurylmagy ýurdumyzda raýatsyzlygyň soňuna çykmaga mümkinçilik berdi. Bu babatda Türkmenistana BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň degişli güwänamasynyň gowşurylmagy hem raýatsyzlyk bilen bagly ählumumy meseläni çözmekde ýurdumyzyň goşandyna berlen ýokary baha boldy.

Bellenilişi ýaly, sebitiň döwletleriniň gazanan üstünligi raýatlygy bolmadyk adamlar üçin çäreleriň toplumyndan ybaratdyr. Munuň özi geljek nesiller üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Merkezi Aziýanyň raýatsyzlyk bilen bagly ähli meseleleri çözen dünýädäki ilkinji sebit bolup biljekdigi çaklanylýar. Raýatsyzlyga garşy göreşmek babatda tagallalar we borçnamalar BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan «#IBelong» başlangyjynyň anyk üstünlikleriniň esasynda 14-nji oktýabrda işe goýberilen Raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ählumumy bileleşigiň çäklerinde dowam etdiriler. Türkmenistanyň bu meselede hem öňdebaryjylyk görkezip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup täze bileleşige goşulandygyny bellemek gerek.

Geçen ýekşenbede Watanymyzyň ähli welaýatlarynda we Arkadag şäherinde türkmen topragynyň sahawatyny hem-de ýerden bol hasyl alýan daýhanlaryň halal zähmetini alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi.

Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde açyk asmanyň astynda ýurdumyzyň oba hojalygynda we gaýtadan işleýän senagatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan sergi guraldy, şeýle hem döwrebap oba hojalyk tehnikalary görkezildi.

Hasyl toýunyň öňüsyrasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda oba hojalyk pudagyny ösdürmekde we ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Balkan welaýatynyň pagtaçy daýhanlary Hasyl toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar. Olar pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirip, 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar.

Hasyl toýy mynasybetli oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize 2021-nji ýylda doglan, Keremli atly mele reňkli ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatynyň, düýpli özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Watanymyzy gülläp ösýän döwlete öwürmek, halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek bu özgertmeleriň baş maksadydyr.

13.11.2024
Syýasat

Aşgabat, 11-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär, ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Ilki bilen, häkim döwlet Baştutanymyza welaýatyň edermen babadaýhanlarynyň pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy hem-de netijeli zähmet çekmäge döredýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra häkim welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri dowam edýär. Welaýatyň çägindäki bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly we bökdençsiz işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetiren Balkan welaýatynyň babadaýhanlaryny zähmet ýeňşi bilen gutlady hem-de olara täze üstünlikleri arzuw etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekip, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de häkime bu ugurdaky çäreleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygym möwsüminde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý ekişi geçirilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Sebitde geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerine girişildi. Şunuň bilen birlikde, ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatdaky medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, ekiş geçirilen bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler dowam edýär. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerine girişildi. Ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, döwlet harmanyna tabşyrmak, bökdençsiz kabul etmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň çägindäki edara-kärhanalarda, medeni-durmuş maksatly binalarda, ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklar berildi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlaryň, awtoulaglaryň, beýleki tehnikalaryň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm we mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Güýz-gyş möwsüminde welaýatdaky bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny, awtoulaglary netijeli işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri, hususan-da, gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak boýunça degişli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek arkaly, ilaty dürli görnüşli azyk önümleri, senagat kärhanalaryny çig mal bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyny nygtady we wise-premýere möwsümleýin işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda ýetişdirilen pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin geçirilýän işlere berk gözegçilik etmegiň, ýygym möwsüminde kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň möhümdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegi, haşal otlara garşy işleriň öz wagtynda, talabalaýyk alnyp barylmagyny, bugdaý meýdanlarynda gögeriş we birinji ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi, kadaly gögeriş alynmagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleriniň talabalaýyk geçirilişini berk gözegçilikde saklamak, önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta, geljek ýylyň bugdaý hasyly babatda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmek, sebitlerde bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyna berk gözegçilik etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

12.11.2024
Syýasat

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 9-njy noýabr (TDH). Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, berkarar Watanymyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine uly goşant goşýar we halkymyzyň özboluşly tebigatymyza bolan buýsanjyny artdyrýar.

Halkymyz tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň hem-de oňa aýawly çemeleşmegiň ajaýyp däplerini döredipdir. Häzirki wagtda bu däpler täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Diýarymyzda tokaý zolaklarynyň çäkleriniň ýyl-ýyldan giňeldilmegi, köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny ekmek çäreleri täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegine, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, amatly howa şertleriniň emele gelmegine ýardam berýär. Munuň özi ekologik howpsuzlygyň, halkymyzyň saglygynyň we abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar.

...Şu günki dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, halk köpçüligi bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Dabara gatnaşyjylar Döwlet Baştutanymyzy mähirli mübäreklediler. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýanyna ýaş nesliň wekili gelýär. Ol belent ruha beslenen goşgy setirleri bilen hormatly Prezidentimizden bag ekmek dabarasyna badalga bermegi haýyş edýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bag nahalyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Dürli görnüşli nahallaryň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi dag etegindäki giňişliklerde tokaý zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Daşky gurşawyň köpdürlüligini goramak we baýlaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň abadançylygynyň kepilidir. Tebigat baradaky alada häzirki döwrüň iň wajyp wezipeleriniň biridir. Şoňa görä-de, Türkmenistan Ýer ýüzüniň häzirki we geljek nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine ählumumy ekologik meseleleriň oňyn çözgütlerini öňe sürýär. Eziz Diýarymyzda giň gerimli tokaý maksatnamasynyň amala aşyrylmagy howanyň üýtgemegi bilen bagly ýagdaýlara garşy ählumumy tagallalara goşulýan ägirt uly goşantdyr. Howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurda BMG we beýleki iri halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmek tutuş adamzadyň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmekde işjeň orun eýeleýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak ýaly teklipler bar.

Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy ýurdumyzyň häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 30-njy noýabry — 12-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda döwletimiziň bu resminama goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara guramalar hem-de hyzmatdaş ýurtlar bilen borçnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň abraýly halkara düzümler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýändigine halkara hyzmatdaşlyk esasynda taýýarlanylan “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr” döwlet tebigy goraghanalarynyň, “Repetek” döwlet biosfera goraghanasynyň hem-de onuň “Ýerajy” çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň aýratyn ekologik ähmiýeti bolan tebigy ýadygärlikleriň goralyp saklanmagyna hem-de wagyz edilmegine gönükdirilen maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär.

...Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary bilen gürrüňdeş boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tutuş ýurdumyz boýunça geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz bag nahallarynyň yzygiderli ekilmeginiň ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekip, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow baş şäherimizi abadanlaşdyrmak, onuň çäklerinde arassaçylyk işlerini geçirmek babatda ýerine ýetirilýän işler, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň, paýtagtymyzda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişini, gurluşyklaryň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynda hem ekologiýa meselesine möhüm ähmiýet berilýär. Seýilgäh zolaklarynyň giňeldilmegi, köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi ekologik abadançylygy üpjün etmäge goşant goşýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” esasynda Diýarymyzda amatly ekologik gurşawy döretmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baş şäherimizi ösdürmek boýunça alyp barýan özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Aşgabadyň eteklerinde hem tokaý zolaklarynyň, şol sanda arça agaçlary oturdylan meýdanlaryň çäkleri barha giňeýär. Olar uglerod oksidiniň howadaky derejesini peseldip, howany tozandan arassalaýar we ýellerden goranmagyň tebigy serişdesi bolup durýar. Aşgabadyň çäginde emele gelen tokaý-seýilgäh zolagy bu ýerde howanyň gowulanmagyna ýardam edýär. Aşgabat şäheriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goşandy üçin degişli güwänama mynasyp bolmagy hem ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmekdäki üstünligidir, halkymyzyň tebigaty goramak ugrunda çekýän zähmetiniň ýokary baha mynasyp bolýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Diňe bir durmuş-ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly meýdança hökmünde täze Arkadag şäherini mysal getirmek bolar. Mälim bolşy ýaly, bu taslama türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýär. Sebitde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan «akylly» şäher rahat ýaşamak, zähmet çekmek üçin döwrebap amatlyklary özünde jemläp, ekologik ölçeglere doly laýyk gelýär, daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşýar. Şäherde sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy, desgalaryň gurluşygynda bolsa ekologik taýdan arassa serişdeler ulanyldy. Arkadag şäherine “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen ekologiýa ýaly möhüm ugurdaky gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýediginiň mysalydyr.

Şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň töwereginde saýaly baglaryň ekilmegi daşky gurşawyň arassalygyny, howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýär. Sähra giňişliklerinde bag nahallarynyň ekilmegi ilatly ýerleri epgekden, tozanly ýellerden goraýar. Şeýle hem gür baglaryň sil suwlarynyň täsirini peseltmekde, umuman, amatly howa gurşawyny emele getirmekde ähmiýetlidigini bellemek gerek.

...Şu günki dabara gatnaşyjylaryň yhlasly zähmeti halkymyzyň asylly işlere bolan höwesini we jebisligini aňladýar. Ýurdumyzda tutuş halkymyz üçin bähbitli işlere hemmeleriň agzybirlikde gatnaşmagy asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şu gün Diýarymyzda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri hem geçirildi. Munuň özi seýilgähleriň arassalygyny, abadançylygyny, baglaryň ösüşini üpjün etmekde wajyp ähmiýete eýedir.

Bag ekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 539 müň 185 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 67 müň 630 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.

Şeýlelikde, bu gezekki köpçülikleýin bag ekmek dabarasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň aýdyň güwäsi boldy.

11.11.2024
Ministrligiň habarlary

Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak ugrunda hususy pudagyň taýýarlygyny ýokarlandyrmak

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda, ýurdumyzda halk köpçüliginiň arasynda, hususan-da, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň hem-de hususy pudagyň Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) barada, BSG-na agza bolmagyň artykmaçlyklary we netijeleri barada habardarlygyny ýokarlandyrmak üçin möhüm işleri alyp barýar. Halkara söwda merkezi (ITC) “Türkmenistan: Söwda durnuklylygy we integrasiýa” atly taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen degişli işleri geçirýär.

Bu taslamanyň çäginde, hususy pudagyň wekillerini BSG-y we bu guramanyň dünýä söwdasyndaky möhüm orny barada habardar etmek üçin wajyp işler amala aşyrýar. Hususan-da, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň başlangyjy bilen, türkmen, rus we iňlis dillerinde ýazmaça işewürlik gollanmalary taýýarlanyldy. Bu işewürlik gollanmalary, hususy pudagyň wekillerini gyzyklandyryp biljek esasy meseleleri öwrenmek üçin peýdaly bolar. Bu gollanmalarda BSG-y barada gysgaça maglumatlar, guramanyň esasy ylalaşyklary, agza bolmak ýoly we agza bolmagyň önüm öndürjilere, oba-hojalyk harytlaryny öndürüjilere we hyzmat berijilere ýetirjek täsiri barada şeýle hem, BSG-na agza bolmagyň harytlary eksport edýänlere nähili kömek edip biljekdigi we söwdada intellektual eýeçiligiň orny barada maglumatlary jemleýär. Gollanmanyň elektron görnüşini Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň resmi web sahypasynda ýükläp alyp bilersiňiz (https://fineconomic.gov.tm/).

BSG-yň hukuk ulgamynyň esasy düzgünlerini we ýörelgelerini, olaryň ýurduň milli söwda syýasatyna ýetirjek täsiri bilen baglanyşykly meseleleri hemme taraplaýyn öwrenmek häzirki gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar, sebäbi häzirki döwürde Türkmenistan BSG-na agza bolmak ugrunda işjeň işleýär. Bu işiň 2022-nji ýylyň fewralynda, ýagny Türkmenistanyň BSG-dan “goşulýan ýurt” atly resmi statusyny alandan soň başlandygyny belläp geçmeli. Bu işde jogapkär edara hökmünde, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, ýurdumyz üçin şeýle möhüm ugurda başarnykly çemeleşmegi üpjün etmek üçin köp sanly halkara guramalar bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygy dowam etdirýär.

04.11.2024
Ministrligiň habarlary

2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Bu mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew hem-de tatar tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – Tatarystan Respublikasynyň Senagat we söwda ministri O.W.Korobçenko başlyklyk etdiler.

Mejlisiň dowamynda iki tarapyň arasynda söwda-ykdysady, nebitgaz ulgamynda, senagatda, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ulgamynda, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak pudagynda, ylym we bilim ulgamynda, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda, Medeniýet ulgamynda, sport ulgamynda, ýaşlar syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň netijesi boýunça bu iş toparyň dokuzynjy mejlisiniň teswirnamasyna gol çekildi. 

Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň iş saparynyň dowamynda 2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda Tatarystan Nebit we Gazhimiýa Forumyna we sergisine gatnaşyldy.

27.08.2024