DÖM 13 Howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek boýunça gyssagly çäreleri görmek
XXI asyryň global wehimi atmosfera howasynyň üýtgemegi bolup durýar. Soňky 55 ýylda ýurduň ähli ýerlerinde intensiw maýlama bellenilýär. Şeýle hem bu ýurduň tebigy we geografik aýratynlyklary bilen şertlendirilendir, şolaryň netijesinde maýlama ýagdaýy Ýer ýüzüniň beýleki etraplaryna garanyňda has çalt depginler bilen bolup geçýär.
Ýurt BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň, Kiot protokolynyň we Pariž ylalaşygynyň tarapy bolup durýar, olar adamlaryň işiniň daşky gurşawa we howa edýän täsirini halkara ylalaşyklary arkaly düzgünleşdirmek üçin uly mümkinçilik döredýärler.
Türkmenistan Pariž ylalaşygynyň çäklerinde kabul edilen borçnamalaryny berjaý edýär, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň mümkin bolan ýaramaz netijeleriniň öňüni almak boýunça zerur bolan çäreleriň ählisini görýär.
Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meseleleri 2019-njy ýylda kabul edilen «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýanyň» esasynda goýuldy. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň we Pariž ylalaşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary taýýarlamak üçin binýatlyk resminama bolup durýar. Strategiýa howanyň gözegçilik edilýän we garaşylýan üýtgemelerine uýgunlaşmak we parnik gazlarynyň howa goýberilişini çäklendirmek boýunça çäreleri görmäge gönükdirilendir. Strategiýada howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin esasy ugurlar we ileri tutulýan sektorlar kesgitlendi, şol ugurlarda howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri peseltmäge gönükdirilen uýgunlaşma çäreleri bellenýär we olar häzirki wagtda amala aşyrylýar.
Aral sebitiniň ekologiýa gurşawynyň ýagdaýyny we şol ýerde ýaşaýan ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin 2021-nji ýylda «Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Aral Milli maksatnamasy» kabul edildi, onda biziň ýurdumyzyň Aral deňzi zolagynda ýerleşýän sebitinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak Aralyň ýaramaz täsirini peseltmek boýunça anyk çäreler bellendi.
Şunuň bilen bir hatarda, 2019-njy ýylyň maýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «BMG bilen Halkara Araly halas etmek gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» kararnamasy kabul edildi. 2019-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynda Hazar deňzini gorap saklamak we Aral deňzini halas etmek boýunça başlangyjy öňe sürdi.
BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň borçnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan tarapyndan Howanyň üýtgemegi boýunça üç Milli Habarlar taýýarlandy. Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi boýunça Dördünji Habary taýýarlamak işi tamamlanyp barýar. Şu habarlary ýerine ýetirmegiň barşynda ýurduň parnik gazlarynyň howa goýberilişine we akdyrylýan ugurlaryna tükelleme geçirildi, ilatyň, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli sektorlarynyň howanyň üýtgän şertlerinde gowşak bolup biljek ýerlerine we oňa uýgunlaşma mümkinçiligine seljerme geçirildi we baha berildi.
Şunuň bilen birlikde, 2021-nji ýylda Türkmenistan Pariž ylalaşygy boýunça Milli derejede kesgitlenýän goşandy (MDKG) taýýarlady we 2022-nji ýylyň maýynda ony BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň sekretariatyna tabşyrdy. MDKG howanyň üýtgemegi bilen göreşmek boýunça global tagallalara goşulmak üçin ýurduň öz öňünde goýýan maksatlaryny görkezýär. Türkmenistanyň MDKG-niň niýeti BAU (Business as usual) ýagdaýy bilen deňeşdirilende, 2010-njy ýylda zyňyndylaryň derejesine garanyňda 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň howa goýberilişini 20% azaltmagyň bellenýändiginde ýüze çykýar.
Howanyň global üýtgemegi atmosferada parnik gazlarynyň jemlenişiniň çalt artmagy bilen baglydyr. Türkmenistan soňky ýyllarda parnik gazlarynyň howa goýberilişini azaltmaga we howanyň üýtgemegine baş galdyrmak boýunça çäreleri kämilleşdirmäge çalyşýar. Parnik gazlarynyň howa goýberilişini azaltmak boýunça çäreler ýurduň az uglerodly ykdysadyýete geçmek boýunça strategik wezipeleriniň we howa baradaky halkara ylalaşyklarynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär.
Atmosferada kömürturşy gazy zyýansyzlandyrmak, topragy durnuklaşdyrmak we onuň eroziýasynyň öňüni almak boýunça gurallaryň biri bolup ýurtda tokaý zolaklaryny köpeltmek boýunça görülýän çäreler çykyş edýär. Türkmenistanyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde her ýyl tutuş ýurt boýunça 3 milliona çenli nahal ekilýär. 2021-nji ýylda tutuş ýurt boýunça ýaprakly, pürli we miweli agaçlaryň 30 million nahaly oturdyldy, 2020-nji ýylda 25 million agaç nahallary ekildi.
Türkmenistan sebitleýin ylalaşygyň çäklerinde daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi meselelerini işjeň öňe sürýär. Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň başlygy bolup bilen, Türkmenistan Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin maksatnamany işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş etdi, ol sebitiň ýurtlary tarapyndan BMG-niň tebigaty goramak konwensiýalary, Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek we «ýaşyl» ykdysadyýeti ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça borçnamalaryň gazanylmagyna ýardam eder.