8-nji maksat. Öňegidişlikli, hemme zady öz içine alýan we durnukly ykdysady ösüşe, doly we öndürijilikli iş bilen üpjünçilige hem-de hemmeler üçin mynasyp işi üpjün etmäge ýardam bermek

DÖM 8 Barha ilerleýän, hemme zady öz içine alýan we durnukly ykdysady ösüşe, doly we önümçilikde meşgul bolmaklyga we hemmeler üçin mynasyp işe ýardam bermek


Häzirki wagtda ýurtda täze strategik resminamalarda kesgitlenen maksatlara we wezipelere laýyklykda, ykdysadyýetiň senagat-innowasion ýoluna, ählumumy ykdysady ösüşi çaltlandyrýan faktorlary ösdürmäge gönükdirilen täze ykdysady ugur emele getirildi: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy».

Häzirki wagtda bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmak, bazar gatnaşyklaryny ösdürmek we çig mala gözükdirilen ugurdan ýokary goşulan gymmaty bolan önümleri çykarýan gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmäge geçmek milli ykdysadyýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda eksporta gözükdirilen we getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ugry bolan gaýtadan işleýän pudaklar, ýagny himiýa, gaz we nebit himiýasy, ýeňil, azyk, elektron senagaty çalt depginler bilen ösdürilýär.

Ýurtda öňdebaryjy tehnika we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan durmuş we önümçilik maksatly möhüm desgalaryň onlarçasy guruldy. Bazar ykdysadyýetine geçmek we erkin bäsleşik esasynda hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Geljekki ösüşi we önümçiligi gurluş taýdan üýtgedip gurmagyň ugurlaryny hem-de islegiň hünär-dereje gurluşyny hasaba almak bilen täze iş ýerleri döredildi. Bu bolsa işleýän bir adama düşýän hakyky JIÖ-ň oňyn ösüş depginleriniň bolmagyna getirýär.


8.2.1. görkeziji. Işleýän bir adama hasaplanyňda hakyky JIÖ-iň her ýylky ösüş depgini, %

Durmuş-zähmet ulgamynda döwlet syýasatynyň baş maksady öndürijilikli we mynasyp hak tölenýän iş bilen üpjünçilik üçin şertleri döretmek, zähmet mümkinçiligini peýdalanmagyň netijeliligini we onuň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bolup durýar.

Ýurdumyzda zähmet bazarynda işçi güýjüne bolan islegiň we teklibiň deňeçerlenmegini üpjün etmegiň üstünden ilaty iş bilen üpjün etmek syýasatynyň netijeliligini hem-de zähmet serişdeleriniň hilini ýokarlandyrmaga ýardam bermeklige we işçi güýjüniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ilatyň ykdysady taýdan işjeňligini höweslendirmäge, ykdysady taýdan işjeň bolmadyk ilaty zähmet işine çekmäge gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň jemgyýetçilik syýasatynyň ýene bir möhüm tarapy, «hiç kimi çetde goýmazlyk» durnukly ösüş ýörelgesine laýyk gelýän maýyplaryň iş üpjünçiligi pudagyna goşulmagyna ünsi jemläp, öz içine alyjy iş üpjünçiligini ösdürmekdir. Bu nukdaýnazardan, iş üpjünçiligi meselesinde döwlet goldawyna mätäç adamlar üçin 2016-njy ýylda «Zähmet bazarynda deň hukukly bäsleşip bilmeýän we durmuş goraglylygyna mätäç adamlary işe almak üçin iş kwotalarynyň tertibi barada düzgünnama» kabul edildi. Durmuş goldawyna mätäç adamlary işe ýerleşdirmek boýunça hususy we döwlete dahylsyz edaralaryň ählisi üçin bellenen paý (2-den 5 göterime çenli) girizildi.

Maliýe hyzmatlaryny ilatyň ähli gatlaklary üçin elýeter etmek wezipesi ykdysadyýetiň durnuklylygyny gazanmakda möhüm şert bolup çykyş edýär. Maliýe hyzmatlaryny we olardan peýdalanmaklygy elýeter etmäge niýetlenen möhüm institutlaryň biri bolup banklar çykyş edýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» işjeň durmuşa geçirilýär, ol banklaryň işini kämilleşdirmäge, karz berilýän serişdeleriň we ilatyň goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga, öňdebaryjy usullary we döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak bilen nagt däl hasaplaşyklary geçirmek ulgamyny ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Bank ulgamynda sanlylaşdyrmagy işjeň ornaşdyrmak, ilata hödürlenýän sanly bank önümleriniň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär. Bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy banklaryň müşderilerine edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna, hyzmatlaryň «Internet banking», «Mobil banking», «Elektron söwda» we «Galtaşyksyz tölegler» ýaly täze, döwrebap görnüşleriniň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.