7-nji maksat: Hemmeler üçin arzan, ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa çeşmeleriniň elýeterliligini üpjün etmek
MILLI WEZIPELER
7.1. 2030-njy ýyla çenli arzan, ygtybarly we döwrebap energiýa üpjünçiliginiñ ählumumy elýeterligini üpjün etmek.
7.2. 2030-njy ýyla çenli dünýäniñ energiýa balansynda gaýtadan döreýän çeşmelerinden alynýan energiýanyñ paýyny artdyrmak.
7.3. 2030-njy ýyla çenli energiýa netijeliligini ýokarlandyrmagyñ global görkezijisini iki esse artdyrmak.
7.b. 2030-njy ýyla çenli, olaryñ degişli goldaw maksatnamalaryny hasaba almak bilen, ösüp barýan ýurtlaryñ ählisiniñ, hususan-da gowşak ösen ýurtlaryñ, adalardaky ösüp barýan kiçi döwletleriñ, deñze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryñ döwrebap we durnukly energiýa üpjünçiligi üçin amatlyklary giñeltmek we tehnologiýalary döwrebaplaşdyrmak.