Türkmenistan adamyň binýatlyk azatlyklaryny üpjün etmek maksady bilen, hukuklaryň hökmürowanlygyna we ähli derejelerdäki edaralaryň hasabat bermegine esaslanýan demokratik we inklýuziw jemgyýeti gurmak üçin şertleri döretmäge aýratyn üns berýär. Munuň üçin hökümet tarapyndan adam hukuklaryny goramagyň milli ulgamyny özgertmek amala aşyrylýar we jemgyýetde demokratik ýörelgeleri, döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça, şeýle hem raýat jemgyýetini ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistan BMG-nyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-nyň gender deňligi we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça ýerine ýetiriji geňeşiniň 2016-2018-nji ýyllardaky we Aýallaryň hukuk derejesi boýunça komissiýasynyň 2018-2022-nji ýyllardaky, BMG-nyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) 2018-2022-nji ýyllardaky işjeň azgasy bolup durýar.
Ýurduň kanunçylygynda adamyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýörelgeleri we döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň ugurlary kesgitlendi. Dürli düzümleriň çäklerinde beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns berilýär. Aşgabatda BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ştab-kwartirasy ýerleşýär. Türkmenistan bu düzümiň sebit meseleleriniň dürli jähtlerine has işjeň çekilmegi ugrunda çykyş edýär, şeýle hem halkara terrorçylygy, adam söwdasy, guramaçylykly jenaýatçylyk, neşeleriň bikanun dolanyşygy, köpçülikleýin gyryş ýagarlarynyň ýaýradylmak howpy ýaly derwaýys meseleleri çözmäge gönükdirilen bilelikdäki hereketleriň işlenip taýýarlanmagyna aýratyn üns berýär.
Kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmek boýunça strategiýany durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan ähli derejelerde netijeli, hasabat beriji we açyk (transperent) institutlary döretmek boýunça işleri alyp barýar. Serhetleriň howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda wehimlere milli jogap çäreleri güýçlendirilýär. Töwekgelçilikleri dolandyrmagy, önümler bilen üpjün etmegiň ýollarynyň howpsuzlygyny gowulandyrmak we deňiz menzillerinde, aeroportlarda, ýerüsti serher geçelgelerinde söwda maksatlarynda serhetiň üstünden girmek we çykmak düzgünlerini ýönekeýleşdirmek we harytlaryň bikanun geçirilmeginiň öňüni almak boýunça çäreler geçirilýär.
Türkmenistan korrupsiýa garşy göreşmek boýunça toplumlaýyn shemany işläp düzdi. Häzirki wagtda ýurduň hukuk goraýjy edalarynyň, salgyt, maliýe we beýleki pudak edaralarynyň arasynda özara hereket ýola goýuldy. Döwlet hyzmatlarynyň hilini we hyzmat etmegiň derejesini ýokarlandyrmaga üns berilýär, şol sanda bu işlere elektron resminamalar dolanyşygyny ösdürmek we “Elektron hökümet” atly elektron resminamalaryň dolanyşyk ulgamyny döretmek arkaly alnyp barylýar. Bu çäreler döwlet sektorynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, hökümet bilen ilatyň arasynda gepleşigi ýola goýmaga, şeýle hem döwlet hyzmatlaryny etmekde býurokratik süýrenjeňligi aradan aýyrmaga mümkinçilik berer diýlip garaşylýar.
Adam hukuklaryny goramak we raýatlaryň öz hukuklaryny we azatlyklaryny durmuşa geçirip biler ýaly şertlerini döretmek döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmenistan bu ulgamda BMG-nyň şu ugurda iş barýan agentlikleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň ýaly hyzmatdaşlygyň möhüm netijeleriniň biri hem Adam hukuklary ulgamynda hereketleriň 2016-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň kabul edilmegi boldy, ol adam hukuklaryny goramagyň halkara ýörelgelerine esaslanýar we BMG-nyň Şertnamalaýyn edaralarynyň we Adam hukuklary boýunça edaralarynyň maslahatlarynyň binýadynda işlenip taýýarlandy.
Häzirki wagtda adam hukuklaryny goramagyň milli ulgamyny özgertmek geçirilýär, onuň çäklerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşine Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil instituty – Ombudsmen girizildi (71-nji madda, 17-nji bent). Ombudsmen garaşsyz we ýurduň hiç bir döwlet edarasyna hasabat bermeýän institut bolup, onuň işi köpçülige niýetlenendir we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilýär.
Çagalaryň hukuklaryny goramaga aýratyn üns berilýär, bu iş çaganyň has gowy bähbitlerini we ýaşamaga bolan hukugyny üpjün etmek, şeýle hem onuň erkinlik we mertebäni goramak şertlerinde ösmegi üçin amatly şertlerii üpjün etmek ýörelgelerine esaslanýar.
Çaganyň doglandygyny bellige almak çaganyň hukuklaryny goramagyň, onuň jemgyýetiň durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin mümkinçilikleri üpjün etmegiň, şeýle hemonuň üçin bilimi, işeýerleşmegi we durmuş üpjünçiliginielýeter etmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmenistanyň Maşgala kodeksine laýyklykda, çaga doglan mahalynda onuň bellige alynmagy hökmany bolup durýar we doglan çagalaryň ählisiniň öz wagtynda bellige alynmagyny gazanmak ileri tutulýan ugur bolup durýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan çaga doglanda olaryň 100 göterim bellige alynmagyny gazandy. Çaga doglanda birwagtlaýyn kömek pulunyň we çaga 3 ýaşaýança oňa seretmek üçin enelere/hossarlaryna tölenýän aýlyk kömek pulunyň berilmegi öz wagtynda bellige aldyrmak üçin gytaklaýyn höweslendiriji bolup durýar.
Döwlet syýasatynyň beýleki bir möhüm ugry kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda jenaýatlaryň we hukuk bozulmalarynyň öňüni almak bolup durýar. 2015-2020-nji ýyllar üçin kabul edilen Ýaşlar syýasaty boýunça Döwlet maksatnamasy ýaşlar bilen işlemegiň giňden belli bolan öňüni alyş usullarynyň peýdalanylmagyny göz öňünde tutýar. Bu sagdyn durmuşa çekmäge, psihoaktiw maddalary ulanmagyň we kanuna garşy we dewiant özüňi alyp barşyň ýüze çykmagynyň önüňi almaga, maşgalada we mekdepde oňyn özara gatnaşyklary döretmäge ýardam edýän gurşaw emele getirmäge, şeýle hem stress we psihologik zor salmalar bilen işlemegi öz içine alýar.
Mundan başga-da, Türkmenistanda Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça adyl kazyýeti ösdürmek boýunça 2012-2016-njy ýyllar üçin Baş maksatnama durmuşa geçirildi, bu maksatnama kämillik ýaşyna ýetmedikleriň arasynda jenaýatlaryň we hukuk bozulmalarynyň ýüze çykmagynyň, şeýle hem gaýtalanmagynyň öňüni almaga we kazyýetde işe seretmegiň barşynda hoşniýetliligi we çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilmegini gazanmaga gönükdirildi. Bu maksatnama ýetginjekleriň adyl kazyýeti halkara standartlaryna laýyk getirmek maksady bilen, ony özgertmek boýunça işi utgaşdyrmak we gözegçilik etmek üçin köptaraply ählumumy çarçuwalary döretmek boýunça ýurduň birinji başlangyjy boldy.
Baş maksatnama tamamlanandan soň onuň geljekki tapgyryny meýilleşdirmek maksady bilen, gazanylan ösüşe baha bermek geçirildi. Meselem, çagalar bilen işleýän hünärmenleriň hünär derejesiniň düýpli ýokarlalandygy bellendi, IIM-niň Institutynyň okuw meýilnamasyna çaganyň hukuklary boýunça temalary we ösüş ulgamynda mugallymçylyk we psihologik meseleleri goşmak üçin oňa gaýtadan seredildi, Ýokary kazyýet tarapyndan kazylar üçin çagalaryň işlerine seretmek boýunça amaly gollanma işlenip taýýarlandy. Çagalar üçin adyl kazyýet ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmak üçin ýokary derejede utgaşdyryjy edara döretmegiň, şeýle hem azatlykdan mahrum etmäge höküm edilen kämillik ýaşyna ýetmedikleriň hukugyny dikeltmegiň, jemgyýete gaýtadan goşmagyň we durmuşa gaýtarmagyň bar bolan mehanizmini kämilleşdirmegiň zerurdygy kesgitlendi, şunda bu çäreleri terbiýeçilik-düzediş täsiriniň üznüksizligi ýörelgesini höweslendirmek ýoly bilen amala aşyrmak bellenýär.
Türkmenistanda adam söwdasyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly jenaýatlar giň ýaýran ýagdaý bolup durmaýar. Meselem, 2016-njy ýylda şunuň ýaly jenaýatlar seredilen işleriň umumy sanynda 0,03%-e deň boldy, 2017-nji ýylda 1 iş bellige alyndy, 2018-nji ýylda bolsa şeýle ýagdaý asla bolmady.
Türkmenistan Adam söwdasyna garşy göreş boýunça hereketleriň 2016-2018-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirdi, onuň çäklerinde adam söwdasynyň pidasy bolanlary parhlandyrmak boýunça standart amal düzgünleri we olary gaýtadan gönükdirmegiň Milli mehanizmi üçin esas işlenip taýýarlandy. Milli meýilnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde Iş topary döredildi, ol gözegçilik geçirmek we adam söwdasynyň pidasy bolanlara kömek bermek boýunça teklipleri taýýarlamak, halkara tejribesini öwrenmek arkaly kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirmek meseleleri, şeýle hem adam söwdasyna garşy hereket etmek meseleleri boýunça halkara guramalary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen meşgullanýar.
Türkmenistan gender deňligine gözükdirilen işjeň milli syýasaty alyp barýar, şeýle hem erkekler we aýallar üçin deň hukuklar we mümkinçilikler ýöreglesini durmuşa geçirmek wezipesini özüniň döwlet syýasatynyň herekete getiriji ýörelgesi hökmünde kesgitleýär.
Aýallar erkekler bilen deň hatarda döwlet işlerini dolandyrmaga hem, daşary syýasy işlere hem gatnaşýarlar. Mysal üçin, Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili we Parlamentiň Başlygy aýal maşgaladyr.
Aýal-gyzlar döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralarynyň ähli derejelerinde wekilçilik edýärler we Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.
Aýallaryň durmuş-ykdysady işiň dürli ugurlaryna gatnaşmaklaryny üpjün etmekde gowy üstünlikleriň bardygyna garamazdan, aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini üpjün etmek we olaryň ähli ugurlara gatnaşmaklaryny giňeltmek boýunça çäreleri çuňlaşdyrmak möhümdir. 2015-nji ýylda Türkmenistanda gender deňligi boýunça hereketleriň 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasy kabul edildi, ol gender streotiplerini ýok etmek çärelerini, aýallar babatynda sütem etmegiň ähli görnüşlerine garşy göreşi, hyzmatlaryň aýallar üçin elýeterligini gowulandyrmak boýunça çäreleri kämilleşdirmegi we jemgyýetçilik, syýasy durmuşyň we hünär işiniň ähli ugurlarynda aýallaryň wekilçiligini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň kanunçylygyna onuň gender deň hukuklygy ulgamynda halkara kadalaryna laýyk gelýändigi babatynda gözegçilik amala aşyrylýar, aýallaryň ýagdaýy boýunça hemmetaraplaýyn maglumatlary ýygnamagyň we seljermegiň usulyýeti kämilleşdirilýär, ilatyň gender deňligi meseleleri boýunça habarlylygyny ýokarlandyrmak babatynda işler geçirilýär, şeýle hem aýallaryňarasynda telekeçiligi ösdürmek höweslendirilýär.
MILLI WEZIPELER
16.1. Bütin dünýäde zorlugyň ähli görnüşlerini ep-esli azaltmak we bu hadysadan ölümiň görkezijisini peseltmek
16.2. Çagalar babatynda biabraý etmegiň, ulanmagyň, söwdanyň zorlugyň we gynamagyň ähli görnüşleriniň soňuna çykmak. Biabraý etmegi, ulanmagy, adam söwdasyny we zorlugyň ähli görnüşlerin şol sanda bu hereketleriň çagalar babatynda edilmegini azaltmak
16.3. Milli we halkara derejelerinde hukugyň hökmürowanlygyna ýardam etmek we adyl kazyýetiň hemmelere deň elýeterligini üpjün etmek
16.4. 2030-njy ýyla çenli bikanun maliýe akymlaryny we ýarag akymlaryny ep-esli azaltmak, ogurlanan aktiwleri ýüze çykarmak we gaýtarmak boýunça işi işjeňleşdirmek we guramaçylykly jenaýatçylygyň ähli görnüşlerine garşy göreş alyp barmak
16.5. Korrupsiýanyň we parahorlugyň ähli görnüşleriniň gerimini ep-esli azaltmak
16.6. Ähli derejelerde netijeli, hasabat berýän we açyk edaralary döretmek
16.7. Jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň gatnaşmagynda ähli derejelerde reprezentatiw (wekilçilikli) edaralar tarapyndan çözgütleriň jogapkär kabul edilmegini üpjün etmek
16.9. 2030-njy ýyla çenli ähli adamlarda şahsyýeti tassyklaýan kanuny şahadatnamalaryň, şol sanda dogluş hakyndaky şahadatnamanyň bolmagyny üpjün etmek
16.10. Maglumatlaryň jemgyýetçilik üçin elýeterligini üpjün etmek we milli kanunçylyga we halkara ylalaşyklaryna laýyklykda, esasy erkinlikleri goramak
16.а. Ähli derejelerde – hususan-da, ösüp barýan ýurtlarda – zorlugyň öňüni almak işinde we terrorçylyga we jenaýatçylyga garşy göreşmekde kuwwaty ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli milli edaralary pugtalandyrmak, şol sanda bu işi halkara hyzmatdaşlygynyň kömegi arkaly amala aşyrmak
16.b. Durnukly ösüşiň hatyrasyna hukugy kemsitmeýän kanunlary we syýasaty höweslendirmek we durmuşa geçirmek