MILLI WEZIPELER
12.1. Ähli ýurtlaryň gatnaşmagynda (şunda oňa birinji bolup ösen ýurtlar girişmelidirler) we ösüp barýan ýurtlaryň ösüşini we mümkinçiligini hasaba almak bilen, sarp edişiň we önümçiligiň rejeli modellerini peýdalanmaga geçmek boýunça hereketleriň on ýyllyk strategiýasyny amala aşyrmak
12.2. 2030-njy ýyla çenli tebigy serişdeleriň rejeli özleşdirilmegini we netijeli peýdalanmagyny gazanmak
12.3. 2030-njy ýyla çenli ilatyň jan başyna hasaplanyňda bölek satuw we sarp ediş derejesinde azyk galyndylarynyň umumy dünýä möçberini iki esse azaltmak we önümçilik-ýerleýiş hatarynda iýmitiň ýitgilerini, şol sanda hasyl ýygnalandan soňky ýitgileri azaltmak
12.4. 2030-njy ýyla çenli himiki maddalaryň we olaryň dowam edýän döwrüniň bütin dowamynda ähli galyndylaryň ylalaşylan halkara ýörelgelerine laýyklykda ekologiýa taýdan rejeli peýdalanylmagyny gazanmak we olaryň adamlaryň saglygyna we daşky gurşawa ýaramaz täsirini peseltmek üçin olaryň howa, suwa we topraga düşmegini düýpli azaltmak
12.5. 2030-njy ýyla çenli olaryň emele gelmeginiň öňüni almak, olary azaltmak, gaýtadan işlemek we gaýtadan peýdalanmak boýunça çäreleri görmek ýoly bilen galyndylaryň möçberini düýpli azaltmak
12.6. Kompaniýalara, aýratyn hem transmilli kompaniýalara önümçiligiň durnukly usullaryny peýdalanmagy we öz hasabatlarynda serişdeleriň rejeli peýdalanylyşy baradaky maglumatlary görkezmegi maslahat bermek
12.8. 2030-njy ýyla çenli bütin dünýä boýunça adamlarda durnukly ösüş we tebigat bilen sazlaşykly durmuş düzgüni barada degişli maglumatlaryň bolmagyny üpjün etmek
12.b. Iş ýerleriniň döredilmegine, ýerli medeniýetiň ösmegine we ýerli önümleriň öndürilmegine ýardam edýän durnukly syýahatçylygyň durnukly ösüşe edýän täsirine gözegçilik etmegiň gurallaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak
12.с. Milli şertleri hasaba almak bilen bazar disprosiýalaryny aradan aýyrmak arkaly, şol sanda salgyt salmagy kämilleşdirmek we olaryň ekologiýa netijelerini hasaba almak üçin, olaryň bar ýerinde zyýanly subsidiýalardan ýüz döndürmek ýoly bilen, gazylyp alynýan ýangyjy peýdalanylmagy üçin berilýän, netijesizligi bilen tapawutlanýan, şol ýangyjyň bisarpa harçlanmagyna alyp barýan subsidiýa bermegi rejeli etmek, şunda ösüp barýan ýurtlaryň aýratyn zerurlyklaryna we şertlerine doly derejede üns bermek we ilatyň mätäçlik çekýän we ynjyk toparlarynyň bähbitlerini goramak üçin şol ýurtlaryň ösüşi üçin mümkin bolan ýaramaz netijeleri pes derejä düşürmek.