Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky dokuzynjy mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Bu mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew hem-de tatar tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – Tatarystan Respublikasynyň Senagat we söwda ministri O.W.Korobçenko başlyklyk etdiler.

Mejlisiň dowamynda iki tarapyň arasynda söwda-ykdysady, nebitgaz ulgamynda, senagatda, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ulgamynda, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak pudagynda, ylym we bilim ulgamynda, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda, Medeniýet ulgamynda, sport ulgamynda, ýaşlar syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň netijesi boýunça bu iş toparyň dokuzynjy mejlisiniň teswirnamasyna gol çekildi. 

Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň iş saparynyň dowamynda 2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda Tatarystan Nebit we Gazhimiýa Forumyna we sergisine gatnaşyldy.