Новости
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäklerinde geçen aýda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylan işler, geçirilen köpugurly çäreler — işewürlik duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, gepleşiklerdir maslahatlar eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

30-njy oktýabr — 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş konferensiýasynyň 43-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlisde ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, parahatçylygy we jemgyýetçilik bitewüligini berkitmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, durnukly syýahatçylygy ösdürmek, medeni mirasy gorap saklamak, şeýle hem milli toparlaryň arasynda özara gatnaşyklary we tejribe alyşmagy kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuri bilen geçirilen duşuşykda taraplar döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Gepleşikleriň barşynda sebitara, şol sanda Ahal welaýaty bilen Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda ozal gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde gyzyklanmanyň bardygy bellenildi.

6-njy noýabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat beriş utgaşdyryş merkeziniň (CARIСС) direktory Mahmut Hamidow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde halkara hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda CARICC-niň taslamalarynyň çäklerinde bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskene bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we ÝB-niň arasynda dürli ugurlardaky özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

6-njy noýabrda Aşgabatda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň Dolandyryjylar komitetiniň her ýylky mejlisi geçirildi. Mejlis müdirligiň Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin bölümi bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikde guramagynda geçirildi. Oňa gatnaşyjylar neşe serişdelerine we korrupsiýa garşy göreşmek, jenaýatçylygyň öňüni almak, kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, serhet dolandyrylyşy we saglyk meseleleri ýaly ugurlarda sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmekde UNODC-nyň uly goşandyny bellediler.

7-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili Oliwer Ştolpe bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda häzirki döwrüň wehimlerine we serhetara howplara garşy göreşmek boýunça milli derejede mümkinçilikleri ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalara aýratyn üns berildi.

Şol gün paýtagtymyzda «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi. Mejlise ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň söwda, ulag, energetika, «ýaşyl» ykdysadyýet, bilim we ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pudak işgärleri gatnaşdy. Taraplar söwda-ykdysady ugurdaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyna ýardam bermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem mejlisde makroykdysady ýagdaý, ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy we sanlylaşdyrylmagy, energetika, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk, ynsanperwer we bilim taslamalary ýaly meselelere garaldy.

7-8-nji noýabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Hamid Ganbari bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy.

10 — 12-nji noýabrda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 65-nji mejlisi geçirildi. Plenar mejlisde halkara ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk tertibini pugtalandyrmak, monitoring we barlag ulgamlaryny kämilleşdirmek, gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

11-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Halkara Gyzyl Haç komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary hanym Jamilýa Hammami bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda bu abraýly gurama bilen ynsanperwer ulgamda ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

12-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen Jibuti Respublikasynyň, Yrak Respublikasynyň, Slowakiýanyň, Wengriýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirildi. Olaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň, abraýly halkara guramalar, hususan-da, BMG bilen gatnaşyklary ilerletmegiň möhümdigi nygtaldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda paýtagtymyzda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylyk meselelerine üns çekildi.

Şol gün Türkmenistanyň wekiliýeti Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilen Owganystan boýunça “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” dialogynyň 7-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlise gatnaşyjylar durnukly ösüş, sebitleýin arabaglanyşyk, ynsanperwer goldaw, sebitiň durnuklylygynyň we halklarynyň abadançylygynyň bähbidine Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň amaly formatlary ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

12 — 14-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahat we sergi geçirildi. Möhüm strategik pudaklarda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy, işewürligi ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýan bu çäreler ilkinji gezek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bitewi meýdançada utgaşdyrylyp geçirildi.

«Türkmentel — 2025» ylmy maslahatynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň «Dialogue Events Ltd.» kompaniýasy tarapyndan «Maliýe tehnologiýalarynyň Türkmenistanyň sanly ösüşindäki orny» atly forum, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan halkara startap forumy, Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi tarapyndan «Döwlet dolandyryşynyň sanly özgertmesi: sanly registrlerden emeli aňyň ornaşdyrylmagyna çenli» atly okuw maslahaty guraldy.

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahatyň möhüm ähmiýeti bellenildi.

13 — 18-nji noýabr aralygynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Gana Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Rumyniýanyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Keniýa Respublikasynyň daşary işler ministrleri bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meselelere hem garaldy.

15-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legari bilen duşuşdy. Bellenilişi ýaly, gaznanyň howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini we durmuş goldawyny bermek boýunça alyp barýan işi Türkmenistanyň ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň güwäsidir.

18-nji noýabrda Pariž şäherindäki Fransiýanyň Halkara we strategik barlaglar institutynyň (IRIS) maslahatlar zalynda «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde wehimler we mümkinçilikler» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň IRIS bilen bilelikde guramagynda geçirilen maslahat Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

18-19-njy noýabrda Balkan welaýatynyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gilan welaýatynyň Reşt şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň kenarýaka sebitleriniň häkimleriniň birinji maslahatyna gatnaşdy. Maslahatda Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny işläp taýýarlamagyň we Pars aýlagynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäklerinde Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory I.Babuşkiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gilan welaýatynyň häkimi H.Hagşenasyň arasynda duşuşyklar geçirildi.

19-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglunyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda halkara giňişlikde tagallalary utgaşdyrmagyň möhüm ähmiýeti bellenildi, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu maksatlara sebit we ählumumy derejede ýetmekde bolsa Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy. Şeýle hem dekabrda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meselelerine üns çekildi.

Şol gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Sloweniýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary we Ýewropa işleri ministri Tanýa Faýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Halkara we sebitleýin guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi. Muňa bilelikdäki başlangyçlary özara goldamak tejribesinde aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şeýle hem söhbetdeşler şu ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Şu ýylyň 19-20-nji noýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň “Modanyň Arkalaşygy” atly IV halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran sapary ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ynsanperwer hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň güwäsi boldy. Asylly ynsanperwer wezipeleri ýerine ýetirmek, şol sanda beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemek, ekologik bilimi wagyz etmek, hemaýata mätäç raýatlara kömek bermek maksady bilen, döwletleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, gaznalaryň, dürli ýurtlaryň lukmançylyk, haýyr-sahawat edaralarynyň tagallalaryny birleşdirmek çäräniň baş maksady boldy.

20-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda konsullyk-hukuk we migrasiýa ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Konsullyk işine döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Şol gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň ýörite wekili Ju Hýon Bek bilen geçirilen duşuşykda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleriniň giň toplumyna garaldy. Mundan başga-da, Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

20-21-nji noýabrda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek ýaly meseleler girizildi.

22-nji noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Mihai Popşoýyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy aýratyn bellenildi. Şeýle hem Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

23 — 27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) 21-nji Baş konferensiýasyna gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda Kararnama taslamalaryna garaldy, UNIDO-nyň işleri baradaky hasabatlar diňlenildi we täze başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

25-nji noýabrda Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde ýerleşýän «Palasso Walentini» köşgünde Türkmenistanyň ylmy wekiliýetiniň gatnaşmagynda şanly senelere — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň italýan dilindäki neşiri hem tanyşdyryldy. Şeýle hem Rim şäheriniň Medeni miras bölüminiň ýolbaşçysy, Italiýanyň Senatynyň Bilim we medeni miras boýunça hemişelik komissiýasynyň senatory, Italiýanyň Uniwersitetler we ylmy barlaglar ministrliginiň ylym we innowasiýalar ministriniň birinji orunbasary bilen duşuşyklar geçirildi.

24 — 26-njy noýabrda Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda Hazar deňziniň suw-biologik serişdelerini gorap saklamak, rejeli peýdalanmak we olaryň bilelikdäki gorlaryny dolandyrmak baradaky toparyň 9-njy mejlisi geçirildi. Taraplar bilelikdäki gorlaryň ýagdaýy, suw-biologik serişdeleri goramak we dikeltmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ylmy barlaglaryň netijeleri boýunça pikir alyşdylar. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli resminama gol çekildi.

24 — 27-nji noýabr aralygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «Big 5 Global 2025» atly halkara sergä we maslahata gatnaşdy. Munuň özi özara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini we Türkmenistanyň gurluşyk hem-de infrastruktura ulgamynda möhüm hyzmatdaş hökmünde ykrar edilýändigini görkezdi. Dünýäniň öňdebaryjy gurluşyk, inženerçilik we şähergurluşyk guramalaryny birleşdirýän bu forumyň meýdançasynda milli ösüş maksatnamalary, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we pudagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlar görkezildi. Maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

25-nji noýabrda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen Halkara Sergiler Býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 177-nji sessiýasynda resmi gün tertibine girizilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we tassyklanyldy. Hususan-da, geçirilen sergiler boýunça hasabatlar diňlenildi hem-de geçiriljek ýöriteleşdirilen sergilere görülýän taýýarlyk işleri boýunça hasabatlar hödürlendi. Türkmenistan BIE-niň Administratiw-býujet komitetiniň agzalygyna 2026-2027-nji ýyllar boýunça iki ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy.

25 — 27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň we Kuba Respublikasynyň, Gambiýa Respublikasynyň, Angola Respublikasynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Horwatiýa Respublikasynyň, Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlikler geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Mundan başga-da, söhbetdeşler halkara we sebit derejesinde, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň, YHG-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem dekabr aýynda geçiriljek halkara forumyň guramaçylyk meseleleri boýunça pikir alşyldy.

26-27-nji noýabrda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Taraplar dürli ugurlarda, şol sanda ulag-logistika, nebitgaz, senagat, oba we suw hojalygy, maýa goýumlar we bank pudaklarynda, şeýle hem ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

27-nji noýabrda Daşary işler ministrliginde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky we däp bolan dostlukly gatnaşyklara esaslanýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti nygtaldy. Şeýle hem taraplar halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde iki ýurduň alyp barýan hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

28-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 29-njy mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň barşynda gurama agza döwletleriň arasynda köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna üns çekildi hem-de ekologiýa durnuklylygy we “ýaşyl” özgertmeler boýunça meselelere garaldy.

Şol gün Almaty şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýardam bermeginde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň howpsuzlygy, durnukly ösüşi we sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlara işjeň gatnaşýandygy bellenildi.

28-nji noýabrda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 2025-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Aktauda (Gazagystan Respublikasy) geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlisde ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, türki dünýäniň ýurtlary bilen medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň dowamynda 2026-njy ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäheri yglan edildi.

Noýabr aýynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Niger Respublikasynyň hem-de Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda ugurlaryň giň toplumy boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine garaldy. Parlamentara gatnaşyklary giňeltmäge, iri halkara guramalar we düzümler bilen hyzmatdaşlyga özara gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýlelikde, noýabr aýy möhüm ähmiýetli wakalara baý bolup, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň rowaçlygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny, mähriban halkymyzyň hem-de dünýä halklarynyň bähbidine gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli dialogy pugtalandyrýandygyny aýdyň görkezdi.

(TDH)

10.12.2025
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 8-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.

Kaha Imnadze wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryna BMG-de ýokary baha berilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan alnyp barylýan işleri ilerletmekde döwletimiziň uly goşandyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş sekretaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelmegi onuň many-mazmunyny has-da artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz şanly seneler mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda birnäçe çäreleriň geçirilendigini belläp, ýakynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda dünýäniň köp ýurdundan ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagynda geçiriljek halkara forumyň şu ýylyň esasy wakasyna öwrüljekdigini aýtdy hem-de bu forumyň halkara gün tertibiniň, durnukly ösüşiň we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirdi.

Kaha Imnadze şeýle giň gerimli forumyň geçirilmeginiň Türkmenistanyň parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň yzygiderli goldawa eýe bolýandygynyň ýene bir aýdyň mysalydygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Ýurdumyz BMG-niň ählumumy meseleleri we häzirki zaman wehimlerini çözmekdäki esasy ornuny yzygiderli goldaýar.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň parahatçylygy goldamak, öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, daşky gurşawy goramak boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürýändigini aýtdy hem-de olaryň halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň möhüm ähmiýetini belledi. Bu ýubileý sessiýanyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi hem-de Türkmenistan bilen BMG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitledi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde, hoşniýetli goňşuçylygy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň möhüm ornuny belledi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize sebit merkeziniň işine berýän yzygiderli goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýurdumyz bilen bilelikdäki işiň baý tejribesine, uly mümkinçiliklere esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

09.12.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, 12-nji dekabrda uly baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilip geçiljekdigini aýtdy hem-de ýygnananlary we mähriban halkymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. “Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris. Olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi hem-de toparyň ýolbaşçysyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün 2025-nji ýylda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemleriniň jemlenjekdigini, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň we geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. “Bu işlerde Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan hem-de “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet we halkara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle-de ol döwletimiziň daşary syýasatyna, halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirýändigi üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” esasynda durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döwrebap daşary syýasatynyň binýatlary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan köp ýyllaryň dowamynda yzygiderli ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletimize baştutanlyk eden ýyllarynda öňe süren “Ösüş arkaly parahatçylyk” şygary ösüşiň ähli ugurlarynyň diňe durnuklylyk we parahatçylyk şertlerinde mümkin bolýandygyny aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly filosofiýa bolsa häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda täze filosofik garaýyş bolmak bilen, ýüze çykýan halkara we döwletara meseleleriň diňe dialog, ýagny gepleşikler we syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmeginiň zerurdygyny nygtaýar. Şol bir wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan teklip edilen “Parahatçylyk we ynanyşmak” ýörelgesi dünýäde durnukly ösüşi güýçlendirmegiň halklardyr döwletleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak arkaly mümkindigini subut edýär. Bu başlangyçlar bir bitewi düşünjäni emele getirip, ol parahatçylygyň ösüşi döredýändigi, ynanyşmagyň bolsa netije hökmünde howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkidýändigi baradaky çuňňur pikiri özünde jemleýär.

Wise-premýer, daşary işler ministri bu wajyp syýasy taglymatlaryň häzirki döwrüň halkara şertlerinde halklaryň we döwletleriň jebisleşmegi, parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň dünýä syýasatynyň derwaýys şerti hökmünde kesgitlenilmegi üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýändigini, ýurdumyzyň bu gymmatlyklary dünýä bileleşiginiň derejesinde öňe sürýän başlangyçlary arkaly durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşynda öňe süren teklipdir başlangyçlary hem ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Türkmen diplomatlary olary döwletimiz tarapyndan BMG we beýleki halkara düzümler bilen bilelikde iş ýüzünde amala aşyrarlar.

R.Meredow hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işlerine aýratyn üns berýändigini, bu gulluga hemmetaraplaýyn ýardam edýändigini, hususan-da, onuň guramaçylyk, hukuk, maliýe we maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmek, işgärleriň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda yzygiderli goldaw berýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyza diplomatik gullugyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şol bir wagtda hormatly Prezidentimiziň diplomatik işgärleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça berýän ýardamlarynyň diplomatlar üçin aýratyn gymmatlydygyna üns çekildi.

Mälim bolşy ýaly, daşary syýasatyň üstünlikli alnyp barylmagynda halkara diplomatiýa, halkara hukuk, ykdysadyýet, žurnalistika we beýleki ugurlar boýunça ussat hünärmenler zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylyň 20-nji martynda döredilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurdumyzyň diplomatik işgärlerini taýýarlamakda möhüm orny eýeleýär. Geçen 17 ýylyň dowamynda bu milli diplomatiýa mekdebi ýüzlerçe hünärmeni taýýarlady. Häzirki wagtda olar ýurdumyzyň dürli edaralarynda zähmet çekip, döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, halkara abraýynyň has-da artdyrylmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Çykyşynyň ahyrynda wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň diplomatik gullugy tarapyndan ähli zerur işleriň amala aşyryljakdygyna ynandyryp, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň möhüm syýasy wakalaryň biri bolandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda wajyp ähmiýetli halkara çäreleriň geçirilendigini belledi.

“Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň gabat gelmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde bolsa ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi biziň alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenildi. Bu ugurda köp sanly iri çäreler geçirildi, möhüm resminamalar kabul edildi. Şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ýokary derejede geçirildi. Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyran bu maslahatyň jemleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi, şeýle hem 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde bolsa «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygyndaky ornuny has-da berkitmek maksady bilen, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz ýakyn günlerde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň bolsa döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Bu halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny has-da belende göterer, dünýä bileleşigi tarapyndan biziň ýurdumyza, türkmen halkyna, onuň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyna uly hormat bilen garalýandygyny görkezer. Bu wakalaryň ählisi Türkmenistanyň daşary syýasatyny giňden beýan etmek bilen, bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynanyşmak esasynda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da dabaralandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda halkara guramalar bilen ýola goýlan işleri mundan beýläk-de ösdürmegi netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, geljek, 2026-njy ýylda ýurdumyzyň daşary syýasat we diplomatiýa işiniň esasy wezipesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen Kararnamalary öňe sürmekden we durmuşa geçirmekden ybaratdygyna ünsi çekdi. Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek babatda degişli işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň wajyp ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belledi.

“Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy örän giň gerimlidir we köp sanly ugurlary öz içine alýar. Geljek ýylda-da Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn derejede hyzmatdaşlygy berkitmegi dowam etdirer. Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklar ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky, şeýle hem Hazarýaka sebitdäki döwletler bilen doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary dowam etdirer” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän döwletler bilen ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk alnyp barlar. Türkmenistan Günorta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürer. Häzirki döwürde bu sebitlerde ählumumy ykdysady we tehnologik ösüşler gazanylýar. Döwlet Baştutanymyz bu sebitleriň ýurtlarynyň hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerine ünsi çekdi.

“Biz Aziýadan Ýewropa üstaşyr ulag geçelgesiniň bölegi bolan «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasyny amala aşyrmagyň üstünde-de degişli işleri ýerine ýetirmeli. Ýewropa ýurtlary bilen birek-birege hormat goýmaga esaslanýan, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek hem dowam etdiriler. Şol ýurtlar bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda, «ýaşyl» energetika geçmekde, emeli aňy ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns bermeli. Biz Demirgazyk we Günorta Amerikanyň, Afrika yklymynyň döwletleri bilen hem gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdüreris. Şunda Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde hyzmatdaşlygy bellemek isleýärin” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geljek ýylda hem köp sanly halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigine ünsi çekdi. 2026-njy ýylda ýurdumyzyň baş baýramy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy giňden bellenip geçiler. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygy Türkmenistanda geçiriler. Geljek ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk eder. Ýurdumyzda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi guralar. Hormatly Prezidentimiz halkara giňişlikde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bähbitlerini goramakda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň uly işleri alyp barjakdygyna berk ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda Karara, şeýle-de ýurdumyzyň raýatlaryny hem-de daşary ýurt raýatlaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany A.Ataýewa söz berildi. Ol, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy, mejlise gatnaşyjylary Halkara Bitaraplyk güni, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, tamamlanyp barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine dünýäniň halklary we döwletleri bilen oňyn, dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň yzygiderli amala aşyrylýandygyny, döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygyny aýdyň görkezdi. Ýylyň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň işgärleri “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan” ugur alyp, öz işini Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy, ösüşi pugtalandyrmak babatda möhüm ähmiýetli başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmaga gönükdirdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşmagy 2025-nji ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Baş Assambleýanyň belent münberinden eden çuň many-mazmunly çykyşynda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, köptaraplaýyn ynsanperwer we halkara hukuk hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly ugurlar boýunça anyk teklipler we başlangyçlar öňe sürüldi. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili bu başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň halkara ähmiýetli tekliplerini amala aşyrmak babatda işleriň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen ugurlar boýunça alnyp barylýandygy bellenildi.

Sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak ugrundaky esasy çäreler Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçirildi. Şu ýylyň 17-nji ýanwarynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda bu guramanyň ýolbaşçylarynyň we oňa agza ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy boldy we 2025-nji ýylyň bilelikdäki “Ýol kartasy” kabul edildi. 21-nji martda bolsa Baş Assambleýanyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Baş Assambleýa tarapyndan Bu Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunda saýlap alan Bitaraplyk nusgasynyň taryhy ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň çäklerinde 2020-nji ýylda döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekiliniň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň sebit we dünýä derejesinde durnukly ösüşi gazanmak, halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmek ugrunda öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça hem degişli işler amala aşyryldy. 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty bu ugurda esasy halkara ähmiýetli wakalaryň biri boldy. BMG-niň howandarlygynda geçirilen bu çäräniň çäklerinde uzak möhletleýin we möhüm ähmiýetli halkara resminamalaryň, şol sanda 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilendigi, Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilendigi aýratyn nygtaldy. Häzirki wagtda bu resminamalary durmuşa geçirmek boýunça BMG-niň degişli düzümleri bilen bilelikde anyk işler alnyp barylýar.

2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda Baş Assambleýa tarapyndan Türkmenistanyň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy halkara ykdysady ugurda gazanylan üstünlikleriň birine öwrüldi. Gazanylan bu netijeler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan, Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň netijeli häsiýete eýediginiň we onuň dünýä bileleşiginiň uzak möhletleýin bähbitlerine doly laýyk gelýändiginiň aýdyň güwäsidir.

A.Ataýewa üstünlikli işlemäge berilýän uly üns, döredilýän ajaýyp şertler üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza türkmen diplomatlarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. “Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem onda ýurdumyzda ýeten belent sepgitlerimiziň, gazanan üstünliklerimiziň jemi jemlenýär. Şoňa görä-de, bu kitap mähriban halkymyza sowgat bolar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlary hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

* * *

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Hökümet agzalaryna, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň häkimlerine «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy boldy.

Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmekde, onuň halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda ýokarlandyrmakda, halkara gatnaşyklarda «Açyk gapylar» syýasatyny, «Dialog — parahatçylygyň kepili» taglymatyny baş ýörelge edinen ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny, ata Watanymyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryny ösdürmekde, türkmen Bitaraplygynyň syýasy, diplomatik, hukuk, ykdysady, durmuş-medeni, ynsanperwer mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürmekde we durmuşa geçirmekde, Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny, onuň kadalaryny, esasy maksatlaryny, öňüni alyş diplomatiýasyny, ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kanun arkaly berkitmekde goşan uly şahsy goşandyny, jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem halk köpçüliginden, zähmet toparlaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowşan köp sanly teklipleriň esasynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň häkimlerine «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow dabara gatnaşyjylaryň, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi döwlet sylagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdi. Wise-premýer, daşary işler ministri «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanandyklary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen başlangyçlaryň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmak ugrunda geljekde hem ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzüminiň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagy hem-de döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet sylaglarynyň gowşurylandygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Watan goragçylarynyň öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar hem-de Watana ak ýürekden wepaly gulluk etjekdikleri barada kasam etdiler.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli özüne gowşurylan sylagy — «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hemmeleri ýene-de bir gezek hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy, şeýle hem gowşurylan döwlet sylaglary bilen gutlap, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

08.12.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek, täze kanunlary işläp taýýarlamak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 27-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda”, “1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şunuň bilen birlikde, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, ýerine ýetiriş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, aragatnaşyk, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mundan başga-da, Mejlisiň kararlarynyň 20-si kabul edildi.

Daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 10-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 56-sy geçirildi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 106-syna gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 44-si guraldy. Şunuň bilen birlikde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy, Türkmenistanyň Mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň utgaşykly görnüşdäki ikinji duşuşygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň on bir aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,7 göterime, gurluşykda 8,1 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10 göterime, söwdada 9,7 göterime, oba hojalygynda 7 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,4 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,1 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, bölek satuw haryt dolanyşygy 13 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,1 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on bir aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,6 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,8 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi, bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,8 göterim boldy. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 109,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101,4 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 101,6 göterim ýerine ýetirildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 101 göterime barabar boldy. Şunuň bilen bir hatarda, polipropilen, çalgy ýaglaryny öndürmek, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegiň, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114,4 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 102,7 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 136,1 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 127 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 102,8 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101,3 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 111,2 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,4 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 274,5 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri, Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak, oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki talaplara görä, ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirmegiň wajypdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geljek ýylyň hasylyna taýýarlyk görmek işlerini berk gözegçilikde saklamagy, ýurdumyzda dürli görnüşli azyk önümlerini öndürmek babatda alnyp barylýan işleri hem dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,2 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,2 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 109,2 göterim, Energetika ministrligi boýunça 110,7 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 100,5 göterime barabar boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 102,8 göterim berjaý edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň möçberi 119 million manada deň boldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň, senagat pudagynda gurluşyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi, gurluşyk, energetika, senagat pudaklaryna öňdebaryjy usullary hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns bermegi, binalary we desgalary ýokary hilli gurup, bellenen möhletlerde ulanmaga bermek üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 119,3 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,4 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 113 göterim, nah matalaryňkyda 117,9 göterim, gön önümleriniňkide 117,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 275 birža söwdasy geçirilip, olarda 27 müň 29 şertnama hasaba alyndy.

Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,8 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 20 sergi, 9 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 104,7 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda, dokma, telekeçilik pudaklarynyň işini ösdürmegi dowam etdirmegiň, ýurdumyzyň bazarlaryny, söwda nokatlaryny azyk we beýleki zerur harytlar bilen yzygiderli üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere baýramçylyk günlerinde dürli harytlaryň bol we elýeterli bahalardan bolmagy üçin bu işi hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli medeni çärelerdir dabaralar geçirildi. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli medeni çäreler guraldy. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi.

Hasabat döwründe medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli işler dowam etdirildi. Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlarda geçirilen dürli medeni çärelere we okuwlara gatnaşmak üçin iş saparlarynda boldular. Daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde Aşgabatda birnäçe medeni çäreler geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen “Kompozitor” atly film Moskwada ilkinji gezek geçirilen açyk Ýewraziýa kinofestiwalynda ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu filmiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şeýle abraýly baýraga eýe bolmagy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna özboluşly sowgat boldy. Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeni mirasymyzy öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri, halkara hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmegi, Halkara Bitaraplyk güni, Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular. Degişli ýokary okuw mekdepleri tarapyndan halkara ylmy-amaly, okuw-usuly maslahatlaryň, halkara olimpiadalaryň birnäçesi guramaçylykly geçirildi. Hasabat döwründe ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen işler dowam etdirildi. Aspirantura, doktorantura, alymlyk derejesine dalaşgärler hasaba alyndy. Doktorlyk we kandidatlyk dissertasiýalary goraldy.

Hasabat döwründe “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda işler dowam etdirilip, amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullar ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary bilen saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde saglyk öýi, Mary welaýatynda welaýat inçekesel hassahanasy açylyp ulanmaga berildi, paýtagtymyzda köpugurly hassahananyň, Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbi tutuldy. “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat ýokary derejede geçirildi.

Şeýle hem bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Sportuň milli we guşakly alyş göreşi, küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşlar guramaçylykly geçirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 876 medala mynasyp boldular.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, bilim bermegiň hilini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, ähli pudaklar üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi. “Saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek zerurdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalaryň çäklerinde dostlukly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Hasabat döwründe bu ugurda degişli toplumlaýyn işler geçirildi.

Ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasyna, Mongoliýa, Hytaý Halk Respublikasyna, Täjigistan Respublikasyna, Italiýa Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Özbegistan Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna saparlary amala aşyrdy. Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Fransiýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna we Owganystana saparlary boldy.

Şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, San-Tome we Prinsipiniň, Ermenistanyň Prezidentleri, Eswatininiň Patyşasy, Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Türkmenistana saparlary amala aşyrdylar. 22-nji awgustda ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ýurdumyzda saparda boldular.

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň işine gatnaşmak üçin şu ýylyň 21 — 24-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary, Eswatininiň Patyşasy, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti, Portugaliýa Respublikasynyň, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentleri, Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyklary geçirdi. Hasabat döwründe birnäçe ýurtlaryň Hökümet ýolbaşçylarynyň we ýokary wezipeli wekilleriniň Türkmenistana saparlary boldy. Ýylyň başyndan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, beýleki halkara düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri Türkmenistana sapar bilen geldiler.

Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana amala aşyran 770 sapary, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran 1 müň 226 sapary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 548-si geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşikleriň hem-de duşuşyklaryň 2 müň 649-sy guraldy. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 227 resminama bilen ýetirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar. Hasabat döwründe Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili — Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary bilen duşuşyklar guraldy.

Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmekde ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda yzygiderli işler amala aşyryldy. 2025-nji ýylyň başyndan bäri birnäçe ýurtlaryň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Şol bir wagtda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky, Nepaldaky, Kipr Respublikasyndaky, Mongoliýadaky, Bahreýn Patyşalygyndaky, Monako Knýazlygyndaky, Serbiýa Respublikasyndaky, Täze Zelandiýadaky, Irlandiýa Respublikasyndaky, Efiopiýadaky, Indoneziýa Respublikasyndaky, Marokko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Ýurdumyzyň Eýran Yslam Respublikasyndaky we Türkiýe Respublikasyndaky konsullary resmi taýdan işe başladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli bellenen çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 112,8 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,9 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 115,4 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 110,8 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 103,1 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 119,3 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, ulag-logistika ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleri döretmegiň, olaryň sanyny artdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. “Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we saglyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygynyň netijeli alnyp barylýandygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýylyň tamamlanmagyna az wagtyň galandygyna, şoňa görä-de, şu ýyly gowy netijeler bilen jemläp, täze — 2026-njy ýyly mynasyp garşylamak üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, halkymyzyň baýramçylygy dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin, 2025-nji ýylyň 11-12-13-nji dekabry günlerini iş güni däl diýip yglan etdi we degişli Permana gol çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

06.12.2025
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 3-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, nobatdaky harby gulluga çagyrmak we harby gullukçylary gullukdan boşatmak, ýaş esgerleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça guralýan çäreler barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, döwletimiziň goranmak ukybyny has-da berkitmek, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini maksatnamalaýyn esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak, olaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow geçen on bir aýda kanunlaryň ýerine ýetirilişine, adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle-de bu düzüme sanly ulgamy ornaşdyrmak, prokuratura işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda görlen toplumlaýyn çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunlaryň hem-de beýleki hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi we Baş prokurora birnäçe görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana hem-de Karara gol çekdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda ministrligi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, düzgün bozulmalaryň we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik etmek boýunça görlen anyk çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýangyn we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz jemgyýetçilik tertip-düzgünini pugta berjaý etmegiň, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň zerurdygyny belläp, ministrligiň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň on bir aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, kazyýet işini netijeli guramak üçin öňdebaryjy usullaryň we döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, kazyýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini hem-de raýatlaryň hukuklaryny goramak, kazyýet ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtap, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýurdumyzda jemgyýetçilik hukuk tertibini üpjün etmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, ministrligiň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işler barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli howpsuzlyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri dowam etdirmegiň möhüm ähmiýetini belledi we degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew geçen on bir aýda Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek, serhet galalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň döwlet serhediniň dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň serhedidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gullugyň işine öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýokary hünärli serhetçileri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtap, bu ugurda degişli tabşyryklary berdi.

Adalat ministri M.Taganow raýatlara we edara görnüşli taraplara hukuk hyzmatlaryny amala aşyrýan düzümleriň işini talabalaýyk üpjün etmek, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işine sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça şu ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek, hukuk üpjünçiligini pugtalandyrmak, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetini belläp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyza getirilýän harytlaryň bellenen talaplara laýyk gelmegine gözegçiligi has-da kämilleşdirmegi, gullugyň işine täze tehnologiýalardyr usullary ornaşdyrmak arkaly onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de gullugyň işgärleriniň netijeli işlemegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň, halkara çäreleriň geçirilýän günlerinde howpsuzlygy, jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramynyň ýetip gelýändigine ünsi çekip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini we bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

04.12.2025
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary

Aşgabat — Mary — Aşgabat, 2-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda toplumy ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde ýurdumyz boýunça milli ykdysadyýeti, şol sanda oba hojalyk toplumynyň pudaklaryny özgertmek bilen baglanyşykly giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi netijeli zähmet çekmäge, sebitlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem oba hojalyk pudagynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.

Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew häzirki wagtda Ylmy-barlag däneçilik, Ekerançylyk we Pagtaçylyk institutlary tarapyndan ýerine ýetirilýän işler, hususan-da, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi önüm öndürijileriň, daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň oňyn netije bermegine, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, pudaga täzeçil tehnologiýalary we häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge möhüm goşant goşar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ylmy-barlag institutlarynyň alyp barýan işiniň oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Maslahatyň dowamynda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmak, dürli ekinleriň täze görnüşlerini synag etmek ugrunda toplumlaýyn ylmy işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Bu işde döwrebap tehnikalar, täze tehnologiýalar giňden peýdalanylýar. Şeýle-de häzirki wagtda seçgiçi alymlar tarapyndan ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän we ýokary hasyl berýän sortlary döretmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ekinleriň seçgiçilik we tohumçylyk işleri boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň hiline möhüm ähmiýet berilmelidigini, şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, döwrebap agrotehniki usullaryň netijeli öwrenilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz alymlaryň bu ugurdaky tejribesini artdyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

03.12.2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 1-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri geçirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda endigan gögeriş alnyp, häzirki wagtda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda dabaraly çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, baýramçylyk günlerinde bazarlary we söwda nokatlaryny azyk harytlarynyň dürli görnüşleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň netijeli alnyp barylmagynyň ekinlerden bol hasyl almaga, oba hojalygynda ýokary görkezijileri gazanmaga ýardam berýändigini belledi we häkime degişli görkezmeleri berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda sebitiň gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, 2026-njy ýylyň hasyly üçin meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmek, bazarlary we dükanlary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň oba hojalygyny durnukly ösdürmegiň esasy şerti bolup durýandygyny belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli ulanylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Häkim ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görmek, baýramçylyk günlerinde bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek boýunça görülýän çäreler barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak maksady bilen, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görmek, bazarlardyr dükanlary azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga hem ýardam berýändigini belledi we häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle-de geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, ýaş maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Welaýatda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek babatda-da degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de häkim ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda dabaraly çäreleri guramaçylykly geçirmek, baýramçylyk günlerinde bazarlary we söwda nokatlaryny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda degişli agrotehniki çäreler, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Geljek ýyl möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary abatlamak işleri geçirilýär. Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, bu möwsümi öz wagtynda geçirmek ugrunda zerur işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýän esasy pudak hökmünde oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyk alyp barmagy, haşal otlara garşy işleri wagtynda geçirmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini talabalaýyk ýola goýmagy we bugdaýdan kadaly gögeriş almak üçin zerur işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, welaýatlarda täze ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak, şüdügär sürüminiň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilişine berk gözegçilik etmek, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda degişli işleri geçirmek, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny talabalaýyk taýýarlamak üçin häzirden zerur işleri geçirmek babatda tabşyryklary berdi.

Welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilişine gözegçilik etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görmek, baýramçylyk günlerinde edara-kärhanalarda gije-gündizleýin nobatçylygy guramak, bazarlary we dükanlary dürli harytlar bilen bolelin üpjün etmek üçin häzirden zerur işleri geçirmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

02.12.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Arkadag şäheri, 29-njy noýabr (TDH). Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherinde bolup, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

...Ir bilen Gahryman Arkadagymyz häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine barýan ýoluň ugrundaky aýlawly çatrykda ýerleşýän “Polatly” binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwrebaplaşdyrylýan “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda degişli işler ýaýbaňlandyryldy. Bu künjekden “akylly” şäher seleňläp görünýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde “Ahalteke atlary” şaýoluny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly ýerine ýetirilýän işler barada giňişleýin maglumat berdi.

Milli Liderimiz ýoluň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hiline we berkligine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýoluň her bir gatlagynyň gurluşygy, onuň düşekleriniň galyňlyk ölçegi häzirki zaman talaplaryna, dünýäniň ösen tejribesine laýyk gelmelidir. Munuň özi ýoluň tekizligini, sürüjiler üçin rahatlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň uzak möhletleýinligini hem şertlendirer. “Şol bir wagtyň özünde onuň ugrunda oturdylýan şekilleriň, ýol belgileriniň göze gelüwli bolmagyna, ýanýodalaryň, atlaryň gezim edýän ýollarynyň gurluşygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýol ýakasyndaky germewleriň sazlaşygynda döwrüň binagärlik usullarynyň netijeli ulanylmalydygyny, bu ugurdaky işlerde halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Hormatly Arkadagymyz aýlawly ýoluň merkezinde oturdylan Polatly atly bedewiň we onuň çäklerinde ýerleşdirilen ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň reňk sazlaşygyna ösen tejribeler esasynda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Bu işler Diýarymyzda Polatly, Akhan ýaly ady rowaýata öwrülen şöhratly bedewlere goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanyna öwrülmelidir. Olar Arkadag şäherine gelýän myhmanlarda oňyn täsirleri galdyrmalydyr. Milli Liderimiz “Ahalteke atlary” şaýolunyň, “Polatly” we “Akhan” monumentleriniň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi, bu künjegiň ekologik derejesiniň üpjün edilmegi barada maslahatlaryny berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz täze şäherde sogap işleriň amal ediljek ýerine öwrüljek metjidiň gurluşygynyň dowam edýän ýerine gelip, alnyp barylýan işleri synlady. Milli Liderimiz bu ýeriň bezeg serişdeleriniň onuň çägindäki bar bolan desgalar bilen sazlaşmalydygyny, şunda awtoduralganyň gurluşygyna zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde bu ýere geljek adamlaryň degişli dessurlary doly derejede berjaý edip bilmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Şunda milli binagärlik ýörelgelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Gurluşygy dowam edýän desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, olaryň bellenen möhletlerde tamamlanmagy wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendir.

Hormatly Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň dolandyryş binasynyň görnüşleri, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we beýleki durmuş maksatly desgalaryň görnüşleri barada maglumat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Şunda döwrebaplyk we oňaýlylyk reňkleriň sazlaşygy bilen utgaşmalydyr. Bu işlerde milli tejribä daýanylmalydyr. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň taryhyň dowamynda bina gurmagyň nusgalyk mekdebini döredendigini belläp, häzirki döwürde binagärligiň dünýä nusgalyk milli mekdebiniň usullarynyň döwrebap derejede ulanylmalydygyna, olaryň täzeçil tehnologiýalar bilen utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ähli ugurlarda bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynda-da sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmalydygyny, bu ugra degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna zerur üns berilmelidigini nygtap, ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan maglumat tehnologiýalary (IT) boýunça hünärmenleriň sanyny artdyrmak boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, täze şäherde durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler Arkadag şäheriniň gözelligine gözellik goşmalydyr, bu işler şäher ilatynyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyny üpjün etmelidir.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan medeni-dynç alyş seýilgähiniň çägine gelip, teklip edilýän desgalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerine, oturdyljak şekilleriň göze gelüwli bolmagyna hem üns bermelidigini aýtdy. Aýratyn-da, onuň medeni-dynç alyş merkezinde oturdyljak şekillere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Täze seýilgähiň çäginde suw çüwdürimi bilen bir hatarda, türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlyklar ýerleşdiriler. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Milli Liderimiz seýilgähiň çäklerinde dünýäde belent şöhrata eýe bolan bedewleriň şekilleriniň oturdylmagynyň ähmiýetli boljakdygyny, şunda her bir bedewiň heýkeliniň reňk aýratynlyklaryna zerur üns berilmelidigini aýtdy. Bedewlere degişli ýazgylarda olaryň taryhy we gazanan ýeňişleri baradaky maglumatlar öz beýanyny tapmalydyr. Ahalteke bedewleriniň taryhyna, olaryň nesil ugurlaryna, dünýäniň seýisçilik sungatynda eýeleýän ornuna degişli birnäçe kitaplary ýazan Gahryman Arkadagymyz bedewleriň halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeländigini yzygiderli belleýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň ekologik ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagynda täze seýilgähe möhüm ornuň degişli boljakdygyny belläp, durmuş maksatly desgalaryň Arkadag şäheriniň gözelligi bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigine ünsi çekdi. Seýilgähde şäheriň ilatynyň, şol sanda çagalaryň we bu ýere geljek myhmanlaryň oňaýly dynç alyp bilmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler häzirki zaman talaplaryna we ýokary görkezijilere doly laýyk gelmelidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak we desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

01.12.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem milli parlamentiň şu ýylyň 22-nji noýabrynda geçirilen on birinji maslahatynyň netijeleri barada aýdyldy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň baş maliýe resminamasyna we dürli ugurlara degişli kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimize “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekip berendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň dürli ugurlarynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine gönükdirilen işler dowam etdirilýär. Iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy. Mejlisiň wekilleri BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanalary tarapyndan guralan maslahatlara, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 23-nji güýzki mejlisine, Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň 2025-nji ýyl üçin jemleýji çäresine gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunlaryny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, halkara standartlar esasynda, ýurdumyzyň bank edaralarynda ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, dünýäniň abraýly halkara auditor kompaniýalarynyň sanawyna girýän we tejribeli daşary ýurt auditor kompaniýalaryny saýlap almak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky, Döwlet daşary ykdysady iş banky, “Daýhanbank”, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banklary, “Türkmenbaşy”, “Halkbank”, “Senagat”, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banklary tarapyndan audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi banklarda maliýe hasabatlarynyň takyklygyny seljermäge hem-de bank işiniň ugurlaryna baha bermäge mümkinçilik döreder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bank ulgamynyň işini kämilleşdirmek, onuň hyzmatlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň banklary tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri yglan etmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan ýurdumyzyň nebitli känlerinde hem-de meýdançalardaky guýularda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak üçin degişli işler geçirilýär. “Uzynada” käninde täze burawlanan ulanyş guýularynda geçirilen işleriň netijesinde gazkondensat akymy alyndy we ol umumy nebit geçiriji ulgama birikdirilip, uglewodorod çig malynyň goşmaça möçberi kabul edilip başlandy. Munuň özi bu käniň geljeginiň uludygyny we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmakda örän ähmiýetlidigini aýdyň görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de wise-premýere uglewodorod serişdelerine baý bolan nebitgaz känlerini netijeli özleşdirmek, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamagyň çäklerinde gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak babatda zerur çäreler görülýär. Suw hojalygy pudagynda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny we suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işleri netijeli alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy hem-de wise-premýere bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara görä ideg etmek, pagta meýdanlarynda galan hasyly soňky hanasyna çenli ýygnamak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze — 2026-njy ýyly mynasyp garşylamak hem-de baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, paýtagtymyzda taýýarlyk işleri, hususan-da, şäheriň esasy medeniýet ojaklarynda, şaýollarynda, dynç alyş seýilgählerinde, medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçiriljek ýerlerinde Täze ýyl arçalaryny bezemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde gurnaljak Baş arçany, onuň daş-töweregini bezemek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin ähli amatly şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek bilen baglylykda, Aşgabatda bezeg işlerini geçirmegiň, Täze ýyl arçalaryny bezemek boýunça işleri ýokary hilli ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi we bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda baýramçylyk söwdalaryny amala aşyrmak, göçme söwda nokatlaryny gurnamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň, bazarlary we dükanlary azyk, şol sanda gök-bakja, miwe önümleri bilen ýeterlik üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we açylyp ulanmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň Tertibi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. 12-nji dekabrda bolsa «Abadançylyk» we Bitaraplyk binalaryna gül goýmak dabaralarynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda baýramçylyk konsertleriniň, Bitaraplyk binasynda şanly sene mynasybetli baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Dekabr aýynyň dowamynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäresiniň, estrada, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 31-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde, Arkadag şäherindäki «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada, welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda Täze ýyl teleköprüsiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dekabr aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, ulanmaga beriljek binalaryň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Halkara Bitaraplyk gününe, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe, şeýle-de beýleki wajyp çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bilim bermegiň hilini, bilim işgärleriniň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan ulgamlaýyn işleriň çäklerinde mugallymlar we bilim edaralarynyň ýolbaşçylary üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary milli hem-de halkara tejribeler esasynda alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýaşlar, nesil terbiýesi baradaky taglymatlaryna, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek, okuw maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny, gollanmalary döwrebaplaşdyrmak, okuw işine häzirki zaman tehnologiýalaryny, emeli aňy ornaşdyrmak arkaly bilimiň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim babatda halkara şertnamalara laýyklykda, bilim işgärleriniň ýokary taýýarlygyny üpjün etmek üçin halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki taslamalar amala aşyrylýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de wise-premýere bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak işlerini mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer ugur boýunça işleýän edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek meseleleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen gatnaşyklar ikitaraplaýyn resminamalar esasynda ulgamlaýyn alnyp barlyp, dürli ugurlar boýunça taslamalar amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23-nji oktýabrynda “Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna” gol çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, bilelikdäki işleri dowam etdirmek we hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek maksady bilen, şu ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň we Ösüş maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşleriniň nobatdaky mejlislerinde BMG-niň bu agentlikleriniň Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamalary tassyklanyldy. Bu orta möhletleýin resminamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, 2026-2027-nji ýyllarda anyk çäreleri geçirmek üçin BMG-niň Çagalar gaznasy we Ilat gaznasy bilen döwletimiziň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça jemi 16 sany resminamanyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Bu resminamalar we olar babatdaky degişli teklipler hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi.

Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýadan gelip çykýan milli borçnamalary, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” ýerine ýetirmek, hususan-da, çagalar babatda milli kanunçylyk binýadyny, adam hukuklaryny goramak boýunça milli edaralaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi, Adalatçynyň Diwany bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy. Şeýle-de çagalaryň we maşgalalaryň durmuş goraglylygyny berkitmek, mekdep ýaşyna çenli çagalaryň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, inklýuziw bilim syýasatyny, “Ýaşyl” mekdep maksatnamasyny ornaşdyrmak, bilim edaralarynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyna ýardam bermek, çaganyň köptaraplaýyn ösüşine goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleri bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýakyn ýyllar üçin iş meýilnamalary hödürlenildi. Bu resminamalar çagalar bilen bagly ýokary hilli statistiki maglumatlar bilen üpjün etmek, hasabatlylygy kämilleşdirmek, köpölçegli klasterleýin syn bilen bagly hünär ýokarlandyryş çärelerini geçirmek, maglumatlardan milli derejede netijeli peýdalanmak, çagalar barada edilýän işleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat beriş çäreleri arkaly giňden beýan etmek üçin taýýarlanyldy. Şolaryň arasynda beýleki ugurdaş döwlet düzümleriniň birnäçesiniň ÝUNISEF-niň wekilhanasy bilen 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary hem bar.

Türkmenistanda gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam bermek, bu ugurda toplumlaýyn işi kämilleşdirmek maksady bilen, Mejlis, Ýokary kazyýet, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu abraýly guramanyň ynsanperwer ugur boýunça işleýän edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu ugurda taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýük we ýolagçy teplowozlaryny düýpli abatlamak babatda ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi pudagyň ýük dolanyşygynyň, ýolagçy gatnawynyň, üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak üçin onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini aýtdy we pudagyň üstaşyr ulag mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

29.11.2025
Suw diplomatiýasy — Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň möhüm ugry

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan wagtyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerine dünýä bileleşiginiň ünsüni çekmek, şol sanda ekologik abadançylygy üpjün etmek we suw diplomatiýasyny ilerletmek babatda wajyp daşary syýasy başlangyçlary öňe sürüp, olar bilen bagly ylmy çemeleşmä esaslanýan iň amatly çözgütleri hödürleýär.

Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda suwy gymmatlyk hökmünde sarpalap, onuň her damjasyny altyn dänesine deňändigini bellemek gerek. Ata-babalarymyz suwy rejeli peýdalanmagyň dürli usullaryny ulanypdyrlar, dag eteklerinde ýerasty kärizleri gazypdyrlar, ýörite howuzlary, jykyrlary gurupdyrlar. Pederlerimiziň suwa aýawly çemeleşmek ýaly asylly ýörelgeleri häzirki wagtda Garaşsyz ýurdumyzda döwrebap usulda dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, ata-babalarymyz suwa belent sarpa goýup, ony keramat derejesine ýetiripdirler.

Häzirki zaman dünýäsinde suw meselesi Ýer togalagynyň ekologik howpsuzlygy bilen berk bagly möhüm ählumumy meseleleriň biri bolmagynda galýar. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin suw serişdeleri has wajyp ähmiýete eýedir. Şunda suw we ekologiýa meselesiniň howa bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny bellemek gerek. Bu babatda Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy üns çekilmäge mynasypdyr.

Sebitde goňşy döwletler bilen suw boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak syýasy, ykdysady, ekologik nukdaýnazardan örän möhümdir. Diňe Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmek esasynda bu ugurda öňde durýan meseleleri çözmek, sebitde durnukly ösüşiň we durnuklylygyň esasy ugurlarynyň biri bolan suw serişdelerini netijeli dolandyrmagyň nusgalaryny işläp düzmek mümkindir. Türkmenistan öz toplan baý tejribesini, döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmegi ugur edinip, suw we ekologik meselelere hemişe halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara guramalaryň işjeň gatnaşmagynda garalmagy ugrunda çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 16-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak, özara düşünişmek, raýdaşlyk esasynda sebitde suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde ekologik meselelerde, ilkinji nobatda, Araly halas etmek we çölleşmek ýaly meselelerde bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Türkmenistan Merkezi Aziýada ekologik meseleleri çözmäge BMG-niň düzümleriniň gatnaşmagyny, sebitde onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň döredilmegini goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Birleşen Milletler Guramasynda ýurtlarymyzyň ylalaşykly ekologiýa diplomatiýasynyň döredilmeginiň, Merkezi Aziýanyň meselelerine halkara jemgyýetçiligiň ünsüniň çekilmeginiň zerurdygyna ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan çölleşmä garşy göreşmek ulgamynda yzygiderli işleri alyp barýar. Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýylyň dekabrynda Er-Riýad şäherinde BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy. Türkmenistanyň öňe sürýän anyk başlangyçlary, şol sanda suw meseleleri boýunça köptaraplaýyn diplomatik geňeşmeleriň täze görnüşi hökmünde suw diplomatiýasyny ilerletmäge degişli teklipleri BMG-niň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy sebit hem-de ählumumy derejede suw serişdelerini dolandyrmak meselesinde ünsi jemleýärler. Bu hyzmatdaşlyk halkara forumlara gatnaşmagy, suwy tygşytly ulanmak boýunça Hereketleriň milli meýilnamalaryny işläp düzmegi, suwdan rejeli peýdalanmak bilen bagly başlangyçlary goldamagy öz içine alýar. Bu ugurdaky maksatlar sebitara dialogy pugtalandyrmakdan, maýa goýumlary çekmekden, gurakçylyk we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek üçin tagallalary utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistan 2012-nji ýylyň iýunynda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Durnukly ösüş boýunça maslahatda (Rio+20) Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň ýörite ugruny işläp taýýarlamagy teklip etdi hem-de ony «Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasy» diýip atlandyrdy. Bu maksatnamada Aral sebitinde ýagdaýy durnuklylaşdyrmak hem-de gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalar göz öňünde tutulýar. Bu ugurda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän yzygiderli işleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018-nji we 2019-njy ýyllarda türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalary biragyzdan kabul etmegi munuň aýdyň mysalydyr.

2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň halkara forumlarda Aral meselesiniň biziň sebitimiziň çäklerinden çykandygyny we hakykatdan-da, ählumumy tagallalary talap edýän dünýä derejeli meselä öwrülendigini hemişe nygtaýandygyny belledi. Şunda Türkmenistanyň geljekde-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, daşky gurşawy goramak we Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn gurallarynyň döredilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş etmäge taýýardygy tassyklanyldy. Şoňa görä, gaznanyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlaryny, wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmek teklip edildi. Bu işleri AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň ählisiniň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara hukugyň binýat goýujy ýörelgeleri esasynda alyp barmagyň zerurdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde sanly ulgam arkaly dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine (APWS) gatnaşmagy häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň çözülmegi üçin täze, deňagramly çemeleşmeleriň işlenip düzülmeginde Watanymyzyň başlangyçly orny eýeleýändigini aýdyň görkezdi. “Suw durnukly ösüş üçin: öňdebaryjy tejribeler we geljek nesil” diýen mowzukda guralan bu ýokary derejeli suw meselesini ara alyp maslahatlaşmak hem-de hyzmatdaşlyk etmek arkaly bu ulgamda täzeçil pikirlere we nou-haulara badalga bermek üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.

Häzirki wagtda köp döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň hem daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenen, köptaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik görnüşi hökmünde garalýan suw diplomatiýasy suw serişdeleriniň gözbaşlaryny döretmek hem-de täzeden dikeltmek, olaryň oýlanyşykly, rejeli sarp edilmegi bilen bagly meseleler boýunça ulgamlaýyn gatnaşyklar üçin mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan suw dünýäniň ähli halklarynyň umumy baýlygy, arassa agyz suwuna deň derejeli we adalatly elýeterlilik bolsa adamyň düýpli hukugy bolup durýar diýen ýörelgä berk eýerýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, suw serişdelerine elýeterlilik we olaryň netijeli dolandyrylmagy döwletleriň ösüşine, ykdysadyýetlerine, durmuş ulgamlaryna, abadançylygyna we ýaşaýşynyň hiline gönüden-göni baglydyr. Bitarap Türkmenistan şu garaýyşlar bilen yzygiderli çykyş edip, bu ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy hökmünde özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işleri alyp barýar.

Suw hojalygy pudagynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda Amyderýanyň suw serişdelerini dolandyrmak, goramak we rejeli peýdalanmak hakynda iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşyga gol çekilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramaga degişli esasy resminamalaryna, şol sanda biologik köpdürlülik, ozon gatlagyny goramak, çölleşmä garşy göreşmek, serhetüsti suw akymlaryny hem-de halkara kölleri goramak we peýdalanmak hakynda Konwensiýalaryna, suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar konwensiýasyna, ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýalaryna, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýär. Bu ugurda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi we beýleki abraýly düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebit derejesinde maksatnamalardyr taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär.

Hazar deňzi Türkmenistanyň suw diplomatiýasynda möhüm orny eýeleýär. 2010-njy ýylyň noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen III Hazar sammitinde Türkmenistan Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak babatda bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp düzmek başlangyjyny öňe sürdi. IV Hazar sammitine çenli işlenip tamamlanylan bu resminama 2014-nji ýylyň sentýabrynda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) gol çekildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejeli sammitiniň jemleri boýunça gol çekilen Maglumatda bu resminamanyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz 2018-nji ýylyň awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitinde eden çykyşynda bu möhüm meselä ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň giňişliginiň aglaba böleginiň umumy suw giňişligi bolup durýandygyny nazara almak bilen, bu ugurda mundan beýläk-de işleri geçirmek zerurdyr. Ol adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmek hem deňizde gözleg-halas ediş işlerini geçirmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarda gözleg we halas ediş işleri ulgamynda bäştaraplaýyn Ylalaşygy işläp taýýarlamak zerurdyr. Bu başlangyja laýyklykda, türkmen hünärmenleri Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny taýýarladylar. Ol Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň degişli edaralaryna iberildi.

Ýurdumyzyň Hazarýaka döwletleri bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň netijesinde Hazar syýasatynyň umumy esasy ýörelgeleri işlenip düzüldi. Esasy resminama bolan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa kabul edildi. 2022-nji ýylyň iýunynda Aşgabatda geçirilen VI Hazar sammitinde ähli gatnaşyjylar ekologiýa meseleleri boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyklaryny berk tassykladylar. Bu bolsa Hazarýaka döwletler bilen BMG-niň arasynda işjeň we ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin amatly mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, birnäçe ekologiýa meselelerini çözmek bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platformany döretmäge gönükdirilen «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek teklibini öňe sürdi.

Täze taryhy döwürde ýurdumyzda suw hojalygy pudagyna iň täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu pudagy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri, tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda suw howdanlary we suw saklaýjy desgalar guruldy. Bu bolsa suwuň bellenen ölçeglerde üznüksiz akymyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurmak boýunça giň gerimli taslamanyň amala aşyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Bu özboluşly suw howdanynyň — çylşyrymly gidrotehniki ulgamyň gurulmagy ekologiýa, ykdysady we durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge, Türkmenistanda hem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde hem uzak möhletli ekologik abadançylygy üpjün etmegiň üstünde netijeli işlemäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçen ýyl Aşgabat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan we Germaniýanyň öňdebaryjy «PSE» kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalary, nou-haulary bilen enjamlaşdyrylan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bu desganyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda amala aşyryldy. Desganyň suw üpjünçiligi Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän, göwrümi 1 million kub metr bolan açyk görnüşli suw howdanyndan gözbaş alýar. Howdanda tebigy usulda durlanan suw birinji suw göteriji bekediň degişli desgasyna öz akymyna akyp gelýär. Bu beketde dünýäniň öňdebaryjy «KSB» kompaniýasynyň enjamlary ornaşdyryldy. Soňra suw agyz suwuny arassalaýjy desga iberilýär, zyýansyzlandyrylýar we süzgüç howuzlaryna akdyrylýar. Geçen ýyl döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde-de kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desga ulanmaga berildi.

Türkmenistan suw serişdelerini, serhetüsti suwlary rejeli peýdalanmak meseleleri boýunça oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş etmek bilen, bu ulgamda umumy bähbitlere laýyk gelýän möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň serhetüsti suwlary hem-de halkara kölleri peýdalanmak we goramak hakynda Konwensiýasyna goşulmagy bu ugurda nobatdaky ädim boldy. Ol Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Helsinki konwensiýasynyň hem-de bu ugurdaky beýleki halkara ylalaşyklaryň kadalaryny üýtgewsiz berjaý edýändigini tassyklaýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň suw diplomatiýasy Bitaraplyk hukuk derejesiniň çäklerinde halkara hukugyň ýörelgelerine, özara bähbitlilige we ähli taraplaryň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutmaga esaslanýar. Suw hojalygy pudagyna öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary we dünýäniň iň gowy tejribelerini ornaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän anyk çäreler Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmaga ýardam edýär.

(TDH)


Beýleki habarlar
28.11.2025
Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

Astana — Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Gazagystana döwlet sapary bilen bardy. Döwlet Baştutanymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki sapary iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna daýanýan özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir.

Ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni “Akorda” köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň, gazak Lideri bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew ýörite niýetlenen münbere geçýärler. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Döwlet Baştutanlary nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçdiler hem-de Gazagystan Respublikasynyň Döwlet baýdagyny sarpaladylar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Gazagystanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Gazagystana gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet saparynyň däp bolan dostlukly gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Gazagystanda Türkmenistana doganlyk goňşy döwlet we strategik hyzmatdaş hökmünde garalýar. Ýurtlarymyzy köpasyrlyk dostluk, taryhyň, diliň, medeniýetiň umumylygy baglanyşdyrýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär. Gazagystan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatyna hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk, şeýle-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Dostlukly ýurduň Lideri, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýandygyny nygtady. Bu ugurlaryň her biri boýunça hyzmatdaşlyk gurallary — hökümetara topary, ugurdaş iş toparlary we beýleki utgaşdyryjy düzümler üstünlikli hereket edýär. Bu düzümler ozal gazanylan ylalaşyklary netijeli durmuşa geçirmäge, bilelikdäki başlangyçlary ilerletmäge ýardam berýär.

Syýasy-diplomatik ulgamda ýurtlarymyz halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki döwletiň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary dowam etdirýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini, BMG-niň, beýleki düzümleriň çäklerinde ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gazak tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Kasym-Žomart Tokaýew belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, gazak we türkmen halklarynyň dostlukly gatnaşyklar, taryhyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan doganlyk halklardygyny belledi. Ol Gazagystanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy hoşniýetli goňşuçylyk, özara goldaw bermek ruhunda hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini aýdyp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde strategik hyzmatdaşlygyň iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti iki ýurduň arasynda ähli derejede işjeň we netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny, köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edilýändigini, sebit hem-de halkara gün tertibiniň köp meseleleri boýunça Gazagystanyň we Türkmenistanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny belledi. Mundan başga-da, ol okgunly ösdürilýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, Gazagystanda we Türkmenistanda iki halkyň ruhy-medeni mirasyna uly goşant goşan görnükli şahsyýetleriň, hususan-da, Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň, Aşgabatda bolsa Kurmangazy Sagyrbaýulynyň we Abaý Kunanbaýewiň ýadygärlikleriniň açylandygyna ünsi çekdi. Munuň özi doganlyk halklarymyz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edildi. Şoňa görä, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly goşandy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.

Dostlukly ýurduň Lideri Gazagystanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň ykdysady ulgamda we halkara giňişlikde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy, ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle-de ol Gazagystanyň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygyny aýdyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde ýurdumyzyň BMG bilen bilelikde geçirýän çäreleriniň ähmiýetini belläp, dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny nygtap, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, biziň döwletlerimizi taryhy kökleriň umumylygy, ruhy we medeni gymmatlyklaryň ýakynlygy, aýawly saklanylýan hem-de nesilden-nesle geçirilip gelinýän däp-dessurlarymyz baglanyşdyrýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar möhüm döwletara resminamalara — strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama hem-de dostlugy pugtalandyrmak we köptaraply strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama esaslanýar.

Türkmenistan hem-de Gazagystan syýasy-diplomatik ulgamda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, energetika durnuklylygyny pugtalandyrmak, ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, “Merkezi Aziýa +” formatynyň we beýleki sebit mehanizmleriniň çäklerinde özara hereketleri mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryna Azerbaýjanyň doly hukukly agza hökmünde goşulmagyna möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Munuň özi sebit formatynyň ornuny pugtalandyrmak bilen, Merkezi Aziýanyň hem-de Günorta Kawkazyň özara baglanyşygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz ekologiýa ulgamynda senagat galyndylaryny gaýtadan işlemek, “ýaşyl” gurluşyk, Aral we Hazar deňizleriniň ekoulgamyny goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk babatda özara haryt dolanyşygynyň durnukly ösýändigi aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň energetika ulgamynda Gazagystan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny, uglewodorod serişdelerini çykarmagyň netijeliligini we ekologik howpsuzlygy ýokarlandyrmak boýunça tejribe alyşmaga, elektroenergetika, himiýa senagaty, metallurgiýa, maşyngurluşyk, dokma senagaty, nebithimiýa, tebigy gazy gaýtadan işlemek, şäher gurluşygy pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmäge açykdygyny tassyklady.

Ulag-logistika ulgamy-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan awtomobil ýol infrastrukturasyny ösdürmek babatda utgaşykly işler alnyp barylýar. Şu aýyň başynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi işe girizildi, Türkmenbaşy şäherinden türkmen-gazak döwlet serhedine çenli awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam edýär. Sanly ykdysadyýet, innowasiýalar, oba hojalyk toplumy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Suw serişdelerini netijeli peýdalanmak meselesi ikitaraplaýyn, şeýle-de sebit gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-gazak gatnaşyklarynyň möhüm bölegidigini belläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda-da giň mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga şahsy goşandy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine özara hormat goýmak, ynanyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy — “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Dabaranyň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň durmuş-ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny, döwlet gurluşyny yzygiderli berkitmekde görnükli döwlet işgäri we parasatly ýolbaşçy hökmünde hormatly Prezidentimiziň aýratyn ornuny nygtady. “Siz türkmen halkynyň Milli Lideri, çuňňur hormatlanylýan Arkadag Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň geljegi nazarlaýan strategik ugruny mynasyp dowam etdirýärsiňiz. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistan ykdysady taýdan okgunly ösýär, ýurduňyzda senagat we ulag infrastrukturasy işjeň döwrebaplaşdyrylýar, döwletiň energetika kuwwatyny pugtalandyrmak, ony tehnologik taýdan özgertmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Siziň öňdengörüjilikli başlangyçlaryňyz netijesinde doganlyk Türkmenistanda giň gerimli, durmuş ugurly taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim ulgamy ösdürilýär, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlandyrylýar. Bu üstünlikleriň ählisi tüýs ýürekden hormata we iň ýokary baha mynasypdyr” diýip, gazak Lideri belledi.

Ol hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň halkara abraýyny, diplomatiýanyň, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň merkezi hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça edýän tagallalary barada aýratyn durup geçdi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi we strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde döwlet Baştutanymyzyň şahsy goşandyny belläp, şu günki gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň gazak-türkmen gatnaşyklarynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy — “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglady.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy bilen sylaglanylandygy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň ähli doganlyk halkyna minnetdarlyk bildirip, bu sylaga Türkmenistanyň halkyna goýulýan ýokary hormatyň nyşany, halklarymyzy asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýän berk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň halkara derejedäki ýakyn we netijeli hyzmatdaşlygy özara düşünişmegiň, raýdaşlygyň, sebit hem-de ählumumy gün tertibinde durýan möhüm meseleleri çözmekde özara goldawyň ýokary derejesini görkezýär. “Ýurtlarymyz ykdysady hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmek üçin bilelikde yzygiderli iş alyp barýarlar, bilim, ylym, medeniýet we beýleki durmuş ugurlarynda hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolup, Türkmenistanyň we Gazagystanyň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglanandygy üçin gazak Liderine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, döwlet we halkara işlerinde uly üstünlikleri, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Soňra Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Hemmeleriň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalar alşyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda pensiýa üpjünçiligi babatynda maglumat aragatnaşygy hakynda Ylalaşyk, Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda hukuk babatynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda weterinariýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik instituty bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň Milli agrar ylmy-okuw merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, ulag babatda türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2026-2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça esasy çäreleriň meýilnamasy, Türkmenistanyň Balkan welaýat häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň akimatynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasynda ylym babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Iş dolandyryş müdirliginiň «Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradiotoplumy» hojalyk dolandyryş hukukly respublikan döwlet kärhanasynyň arasynda maglumat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň aýratyn ähmiýetini belläp, doganlyk Türkmenistanyň Gazagystanyň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşydygyny nygtady. “Biziň halklarymyzy dostlukly gatnaşyklar, umumy taryhy kökler we ruhy-medeni gymmatlyklar baglanyşdyrýar. Hut şu mizemez binýatda gazak-türkmen gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk ruhunda okgunly ösdürilýär. Ýokary derejede syýasy dialog alnyp barylýar, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ýylsaýyn pugtalandyrylýar. Ýurtlarymyz sebitde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge işjeň gatnaşýarlar” diýip, dostlukly ýurduň Baştutany belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady. “Hemişelik Bitaraplyk syýasaty Türkmenistana halkara giňişlikde uly abraý getirip, ýurduň parahatçylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk taglymlaryna ygrarlylygynyň nyşanyna öwrüldi” diýip, Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselesine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda üstaşyr ulag ulgamy strategik ähmiýete eýe bolýar. Şunda Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolup çykyş edýän Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluna aýratyn orun degişlidir. Oba hojalyk pudagy-da hyzmatdaşlygyň wajyp ugry bolup durýar. Dostlukly ýurduň Baştutany energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalar barada aýratyn durup geçdi. Ol döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak we maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda gazanylan tejribäni nazara almak bilen, türkmen tarapyna bu ulgamda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi.

Däp bolşy ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. “Astanada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi we türkmen halkynyň beýik akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy Gazagystanyň halky tarapyndan hoşniýetlilik bilen kabul edildi. Aşgabatda Abaýyň ýadygärliginiň açylmagy halklarymyzyň dostlugynyň we özara hormatynyň ýene-de bir nyşany boldy. Gepleşikleriň dowamynda biz medeniýet ulgamynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň, şol sanda festiwallary, beýleki bilelikdäki çäreleri geçirmegiň zerurdygyny nygtadyk, ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdyk. Gazagystan Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriň biriniň şahamçasyny açmak mümkinçiligine seretmegi teklip edýär” diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi tassyklanyldy. “Sebit we ählumumy derejede durnuklylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin biz türkmen tarapy bilen mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryna, şeýle hem Hazar deňziniň meselesi boýunça hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Gazagystan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan geçirilýän çärelere ýokary baha berýär” diýip, gazak Lideri belledi we hormatly Prezidentimiziň şu gezekki saparynyň dostlukly gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge iberen çakylygy hem-de mähirli garşylandygy üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, geçirilen duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşyldy.

“Biz Gazagystan Respublikasyna döwlet saparymyzyň netijelerine ýokary baha berýäris. Saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen möhüm resminamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de açyklyk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen netijeli gepleşikler üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gazagystana ikinji gezek döwlet sapary bilen gelýändigini aýtdy. Munuň özi iki tarapyň hem hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetine düşünýändiginiň, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga taýýardygynyň aýdyň güwäsidir. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli türkmen-gazak duşuşyklarynyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmekde, bu ugurda bar bolan ähli mümkinçiliklerden peýdalanmakda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň hoşniýetli erkini, tutanýerliligini we taýýarlygyny doly derejede görkezendigini nygtady.

“Gepleşikleriň dowamynda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Biziň ýurtlarymyzyň ähli jedelleri we gapma-garşylyklary halkara hukugyň ykrar edilen kadalaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanyp çözmäge berk ygrarlydyklary tassyklanyldy. Biz sebit we ählumumy meseleleri çözmek üçin ikitaraplaýyn esasda, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdyk” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gün tertibini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Energetika däp bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ulag-logistika ulgamyna-da uly orun degişlidir. Häzirki emele gelen geosyýasy we geoykdysady şertlerde Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hereket edýän üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek wezipesi aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmagyň möhümdigi tassyklanyldy. Bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, özara Medeniýet günlerini, edebiýatçylaryň, kinematograflaryň, aýdym-saz toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda medeni çäreleri yzygiderli geçirmek, iki ýurtda sport ýaryşlaryny guramak üçin ähli zerur şertleri döretmek barada ylalaşyk gazanyldy.

“Gazagystan Respublikasy Türkmenistan üçin doganlyk ýurt, hoşniýetli goňşy we ygtybarly strategik hyzmatdaşdyr. Biziň ýurtlarymyz hemmetaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine hyzmat edýändigi, olaryň esasy gyzyklanmalaryna laýyk gelýändigi, onuň durnuklylygy pugtalandyrmaga, sebit, halkara prosesleriň oňyn ösüşine goşant goşýandygy barada umumy düşünjä we çuňňur ynama eýedirler” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de türkmen tarapynyň şu günki gepleşikleriň netijelerine çuňňur kanagatlanma bildirýändigini, onuň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini belledi.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de gazak wekiliýetiniň agzalaryna netijeli işler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde “Alem.AI” halkara emeli aň merkezine baryp gördi.

“Alem.AI” emeli aň tehnologiýalaryny, bilimi we innowasiýalary ösdürmek maksady bilen döredilen halkara emeli aň merkezidir. Ol Astana şäherinde ýerleşip, Gazagystany ýokary tehnologiýalar ulgamynda öňdäki orunlara çykarmaga gönükdirilen strategik taslamalaryň biri bolup durýar. Täze tehnologik we ykdysady ösüşi goldamak, emeli aň ulgamynda ylmy barlaglary, startaplary, öňdebaryjy çözgütleri ornaşdyrmak üçin toplumlaýyn gurşawy döretmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, emeli aň çözgütleriniň eksportyny giňeltmek merkeziň esasy maksatlarydyr. Ol Gazagystanyň emeli aň tehnologiýalaryny jemgyýetiň bähbidi üçin jogapkärçilikli we giňişleýin ulanmaga ymtylýandygynyň nyşanyna öwrüldi.

Maglumat tehnologiýalaryny ösdürmegiň we sanlylaşdyrmagyň Türkmenistanyň hem ileri tutýan strategik ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly çözgütleri giňden ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. Sanly özgertmeler üçin ulgamlaýyn çemeleşmäni üpjün edýän döwlet maksatnamalary we konsepsiýalary maglumat tehnologiýalary pudagyny ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň degişli Konsepsiýasy, beýleki döwlet maksatnamalary sanly tehnologiýalary ähli pudaklara ornaşdyrmagyň esasy ugurlaryny hem-de mehanizmlerini kesgitleýär, “Elektron hökümet hakynda” Kanun bolsa elektron hökümet ulgamyny döretmek we onuň işlemegini üpjün etmek üçin hukuk binýadyny emele getirýär.

Häzirki wagtda sanly çözgütler ulag, maliýe, bilim, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik ulgamlaryna işjeň ornaşdyrylýar. Maglumat tehnologiýalary pudagyny durnukly ösdürmek üçin ylmy-tehniki kuwwaty pugtalandyrmaga, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda emeli aň we bulut tehnologiýalary ulgamlarynda ylmy-barlag işleri geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheri sanly, maglumat-kommunikasiýa we “ýaşyl” tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy arkaly durmuşa geçirilen taslamanyň aýdyň mysalydyr. Umuman, Türkmenistanda maglumat tehnologiýalary ähli pudaklary toplumlaýyn sanlylaşdyrmak arkaly ösdürilip, şunda milli hünärmenleri taýýarlamaga we degişli infrastrukturany pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär.

...Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyza ugramak üçin Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Olar döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy — “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglanylmagy hem-de dostlukly ýurda amala aşyran döwlet saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de hormatly Prezidentimize halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, sebitiň ýurtlary, şol sanda Gazagystan Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary iki doganlyk halkyň arasynda barha pugtalanýan strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany boldy. Saparyň dowamynda dürli ulgamlarda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk binýady döretmäge gönükdirilendir.

* * *

Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular. Mälim bolşy ýaly, bu ýadygärlik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilen 2024-nji ýylyň iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.

Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary gazak kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen «Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasy» milli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, Türkmen döwlet medeniýet instituty bilen «Halkara syýahatçylyk we myhmansöýerlik uniwersiteti» täjirçilik däl paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň Medeniýet komitetiniň Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama hem-de «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen «TNS-Plus» jogapkärçiligi çäklendirilen şereketiň arasynda Türkmenistan — Gazagystan Respublikasynyň serhet geçelgelerinde optiki-süýümli aragatnaşyk kabelini gurnamak we magistral torlary birikdirmek meýilleri hakynda Ähtnama gol çekildi.



Beýleki habarlar
26.11.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna iş sapary

Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat, 24-nji noýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen, türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Hazaryň ajaýyp kenarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň döredilmegi teklip edilýän ýere geldi.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dünýä derejeli syýahatçylyk we dynç alyş şertlerini özünde jemleýän zolaga öwrüldi. Awaza iri forumlaryň, halkara çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde giňden ykrar edilýär. Gaznanyň şahamçasynyň ýerleşmegi teklip edilýän binany oňlap, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde döredilen şertler we şahamçanyň netijeli işini ýola goýmakda möhüm ähmiýeti bolan mümkinçilikler bilen içgin tanyşdy. Bu ýerde öňde durýan wezipeleri kesgitlemek, täze başlangyçlary öňe sürmek boýunça iş alyp barjak hünärmenleriň netijeli işlemekleri üçin ähli amatlyklar döredilipdir.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri R.Bazarowa we O.Atabaýewa ýüzlenip, halkara maslahatyň öňüsyrasynda gaznanyň şahamçasynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek babatda maslahatlaryny berdi. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetirer hem-de gaznanyň işini köptaraply esasda alyp barmaga mümkinçilik döreder. Şunda bu işleriň halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ynsanperwer ýörelgeleriniň döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmeginde ähmiýetlidigine üns çekildi.

Häzirki döwürde haýyr-sahawat gaznasy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara giňişlikde-de ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän düzüme öwrüldi. Munuň özi ýaş nesilleriň sagdyn ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Soňky ýyllarda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alan çagalaryň saglygy dikeldildi. Munuň özi ýurdumyzda adamlaryň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine höwesli bolmaklary ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şunda olaryň saglygyny bejermek işiniň bedenterbiýe we sport bilen utgaşdyrylmagyna zerur üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyz gaznanyň şahamçasynyň ýerleşjek binasynyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna, bu künjekde gök zolaklaryň, bagy-bossanlygyň döredilmegine ähmiýet berilmelidigini belledi we bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň Awazanyň çäklerindäki ekologik ýagdaýyň has-da gowulanmagyna öz täsirini ýetirjekdigini aýtdy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy iri halkara çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Munuň özi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda, halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamakda oňyn tejribe toplandygynyň güwäsidir.

Soňra Milli Liderimiz “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahatyň geçiriljek ýerine geldi. Güýz paslynyň ahyrky günlerinde Awazanyň çäginde bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşýan ajaýyp görnüşler emele gelipdir. Halkara forumyň geçiriljek binasynyň taýýarlyk derejesi, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadançylygy Awazanyň gözelligi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň durmuşynda aýratyn orna mynasyp bolan taryhy wakalara beslenýär. Şunda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny we şu mynasybetli meýilleşdirilen halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek meselelerine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Hormatly Arkadagymyz halkara çäreleriň guramaçylyk derejesinde ýurdumyzyň ösüşleriniň, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Soňra binanyň içine girip, onuň enjamlaşdyrylyşy, toplumyň otaglarynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Bu ýerde döredilen şertleriň häzirki zaman talaplaryna we halkara ülňülere laýyk gelmegi forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde ähmiýetlidir. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine, ýurdumyzda zenanlaryň zähmetine goýulýan sarpany şöhlelendirýän gymmatlyklar we maglumatlar görkezilmelidir.

“Giň möçberli sergide zenanlaryň jemgyýetiň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşýandygy bilen baglanyşykly görkezijiler öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi Diýarymyzda zenanlaryň durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň güwäsine öwrülmelidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Hazaryň kenarynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahatyň geçirilmegi we oňa gatnaşmaga isleg bildirýän döwletleriň hem-de abraýly halkara düzümleriň wekilçilik derejesi ýurdumyzda zenanlaryň zähmetine goýulýan hormatyň dünýä giňişliginde ykrar edilýändiginiň anyk delilidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak halkara çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Munuň özi hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny belleýän Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyny üpjün eder. Şu maksat bilen, ähli meýilleşdirilen çäreleriň anyk maksatnamalarynyň taýýarlanylmalydygyny, her bir çäräniň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejedäki meýilnamasynyň düzülmelidigini aýdyp, Milli Liderimiz bu babatda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň jemini jemläp, Hökümet agzalarynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda Milli Liderimiziň günbatar sebite iş saparynyň çäklerinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen bu topara türkmen halkynyň Milli Lideri ýolbaşçylyk edýär. Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzda Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny alamatlandyrýan iri çäreleriň geçirilýändigini belledi. Şoňa görä, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, paýtagtymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine aýratyn üns çekildi.

Şunda Awazada zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuna we olaryň ählumumy durnukly ösüşiň üpjün edilmegine goşýan goşandyna bagyşlanan halkara maslahatyň, onuň çäklerinde guraljak serginiň guramaçylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir. Olarda zenanlaryň jemgyýetdäki orny, olaryň dünýä medeniýetine goşan goşantlary, halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklary öz beýanyny tapmalydyr. Şeýle-de haýyr-sahawat gaznasynyň Awazada dörediljek şahamçasynyň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr. Munuň özi gaznanyň ynsanperwer işiniň geriminiň has-da giňemegini şertlendirer. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz gaznanyň işini kämilleşdirmek barada öz maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek babatda ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini nygtady. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm çäreleriniň üstüni ýetirjek halkara maslahatlardyr duşuşyklaryň anyk meýilnamasyny işläp taýýarlamakda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalary zerurdyr.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça oňyn tejribe toplandygyny belläp, ähli çäreleriň guramaçylyk derejesine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigi babatda maslahatlaryny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň hormatyna meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçiriljekdigine ynam bildirip, hemmelere öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

25.11.2025