Habarlar
Umumy abadançylygyň bähbidine dialog

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşdy

Aşgabat — Astana — Aşgabat, 30-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga esaslanýan daşary syýasy strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk bu strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Häzirki wagtda Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Italiýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen köp sanly Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Şunuň bilen birlikde, Italiýa Türkmenistanyň Ýewropada möhüm söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy ösüş depgini bilen tapawutlanýar. Iri italýan kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda netijeli iş alyp barýarlar.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-italýan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.

Tebigy serişdeleriň baý gorlaryna, depginli ösýän ykdysadyýete eýe bolan we geografiýa taýdan amatly ýerleşen Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk taraplara öz mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, bu hyzmatdaşlygyň sebitiň ýurtlaryna öňdebaryjy tehnologiýalara, maýa goýumlara we senagat, energetika hem-de infrastruktura ulgamlaryndaky tejribä ýol açýandygyny bellemek gerek.

«Ýaşyl» ykdysadyýet, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, durnukly ösüş we sanlylaşdyrmak ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu görnüşdäki dialog durnukly ykdysady ösüş we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolup durýar hem-de ählumumy derejede ynanyşmagy pugtalandyrmaga we umumy bähbitleri ilerletmäge ýardam berýär.

...Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýerine — «Garaşsyzlyk» köşgüne bardy.

Köşgüň eýwanynda döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady.

Sammitiň öňüsyrasynda bu ýerde hormatly Prezidentimiz Italiýanyň Premýer-ministri hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, wekiliýet Baştutanlary mejlisler zalyna bardylar. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammit geçirildi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammitiň işine Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, şu günki sammitiň işine gatnaşýandyklary we şu görnüşdäki hyzmatdaşlygy goldaýandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Gazagystanyň döwlet Baştutany sammitde söwda, maýa goýumlary, energetika, ekologiýa, ulag, logistika, ylym-bilim ýaly ulgamlara degişli möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, munuň netijesinde anyk çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.

Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, foruma çakylygy hem-de myhmansöýerlik we işlemäge döredilen şertler üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammiti geçirmek baradaky başlangyjy üçin Italiýa Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň Başlygy Jorja Melonä minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz bu duşuşygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, geljegi uly bolan bu görnüşiň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini we ony ösdürmäge goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Merkezi Aziýa döwletleri sebitiň durnukly we depginli ösüşini üpjün etmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, öz aralarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Astanada 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça gol çekilen Bilelikdäki Beýannama we «Merkezi Aziýa — 2040» atly sebit kooperasiýasynyň Konsepsiýasy oňa şaýatlyk edýär. Olar uzak möhletli döwür üçin Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Sebit hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürdäki has möhüm ugurlarynyň hatarynda syýasat we howpsuzlyk, ykdysadyýet, ulag, howa, suw serişdeleri ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy bellemek bolar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz howpsuzlyk ulgamyna ünsi çekip, Türkmenistanyň bu möhüm ugra onuň bitewüligi we bölünmez häsiýeti nukdaýnazaryndan seredýändigini aýtdy hem-de munuň halkara gatnaşyklaryň dünýä gurluşynda düýpli öňe gitmeleriň häzirki döwründe aýratyn möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, biz durnukly howpsuzlygy üpjün etmegiň ýeke-täk hemmetaraplaýyn usulynyň Birleşen Milletler Guramasy ulgamy bolup durýandygyna ynanýarys. Şu garaýyşdan ugur alyp, Türkmenistan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklip bilen çykyş etdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň mart aýyndaky Kararnamasy bilen makullanan bu başlangyjy goldan taraplaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplygyň mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn üns bermegi möhüm hasaplaýandygyny aýdyp, Bitaraplygyň öňüni alyş diplomatiýasynyň düzüm böleklerini we işjeň parahatçylyk döredijilik işini öz içine alýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp halkara forumyň geçiriljekdigini, onda dünýä gurluşy, Ýer ýüzüniň döwletleri bilen syýasy dialogyň medeniýetini ösdürmek, ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmek babatda esasy meselelere serediljekdigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, sammite gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ählisini bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sebit howpsuzlygy baradaky meselä geçip, Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns çekdi we Türkmenistanyň bu ýurduň häzirki häkimiýetleri bilen halkara dialogy ýola goýmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegi möhüm hasaplaýandygyny aýtdy hem-de durnukly we ykdysady taýdan ösýän Owganystanyň bütin halkara bileleşigiň bähbitlerine laýyk gelýändigine ýurdumyzyň ynanýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy, owgan ugry boýunça demir ýollaryň gurluşygy ýaly iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň mundan beýläk-de zerur tagallalary etjekdigi, şeýle hem owgan halkyna ynsanperwer kömegi bermek boýunça tagallalaryň işjeňleşdirilmegini zerur hasaplaýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine ünsi çekip, energetika, ulag, senagat, maliýe we hususy pudaklary özara hyzmatdaşlygyň däp bolan möhüm ugurlarynyň hatarynda, sanly ulgam, «ýaşyl» tehnologiýalar we emeli aň ýaly ulgamlary bolsa hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň hatarynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz energetika meselesini aýratyn belläp, Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, ony halkara bazarlara ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirýändigini hem-de türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugruna çykarmaga gönükdirilen taslamalara möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Wodorod energetikasy bilelikdäki işiň ýene-de bir geljegi uly bolan ugry hökmünde bellenildi. Mälim bolşy ýaly, tebigy gaz ýakyn onýyllyklarda wodorody almagyň esasy çeşmesi bolup galar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň bu ugurda italiýaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz ulag özara baglanyşygy baradaky meselä geçip, Türkmenistanyň Aziýa — Ýewropa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazar sebitiniň üstünden geçýän «Orta geçelge» Ýewropa taslamasynyň geljegi uly taslamalaryň biridigine ünsi çekdi.

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri-de ekologiýa we howa bolup durýar. Bar bolan senagat kuwwatlyklarynyň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, sebitde suwdan rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrülip biler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Howa tehnologiýalarynyň sebit merkezini döretmek boýunça başlangyjy öňe sürendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň medeni-taryhy ugruna ünsi çekip, bu köpugurly hyzmatdaşlygyň tejribesiniň iki müň ýyldan gowrak wagta uzalyp gidýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Gadymy Rim bilen Parfiýa şalygynyň arasyndaky gatnaşyklar hem taryhda uly yz galdyrdy. Parfiýanyň paýtagtlarynyň biri häzirki Türkmenistanyň paýtagtynyň golaýynda ýerleşen Nusaý şäheri bolupdyr. Şeýle hem XIII asyrda Merkezi Aziýa gelen we hakykatda biziň sebitimizi beýleki Ýewropa ýurtlary üçin açan wenesiýaly Marko Polonyň işleri uly taryhy gymmatlyga eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwründe Hytaýyň Sianyndan gaýdyp, Rime we Wenesiýa çenli baran bu ýoluň Merkezi Aziýanyň çäginden geçendigini aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, biziň halklarymyzyň şeýle özboluşly taryhy mirasynyň aýawly saklanylmaga we doly öwrenilmäge degişlidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda eýýäm otuz ýyldan gowrak wagt bäri italiýaly arheologlaryň netijeli işleýändiklerini hem-de özara ylmy hyzmatdaşlyk işine möhüm goşant goşýandyklaryny uly kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň Rimde «Medeniýetleriň gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky arheologik açyşlar» atly arheologik sergini guramagy maksat edinýändigini belläp, bu serginiň halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna örän uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Bilim ulgamy hyzmatdaşlygyň ýene-de bir geljegi uly bolan ugry hökmünde bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky we akademiki hyzmatdaşlygy goldaýandygyny tassyklady hem-de Türkmenistanda italýan dilini öwrenmäge, italýan medeniýetine we sungatyna uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, bu işe mundan beýläk-de ýardam ediljekdigini belledi.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn özara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede hem, «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň çäklerinde hem mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge eýerýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hormatly Prezidentimize çuň many-mazmunly çykyşy we beýan eden anyk teklipleri hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk baradaky oňyn garaýyşlary üçin hoşallyk bildirdi.

Sammitde çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa gadymy döwürlerden bäri Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän köpri bolmak bilen, sebitara dialogy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda sebitimiz hoşniýetli goňşuçylyk we ählumumy ösüş ýörelgelerine berk ygrarly bolup, halkara gatnaşyklaryň möhüm agzasy hökmünde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar.

Açyk we netijeli häsiýetde geçen dialogyň dowamynda sammite gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleri bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, maýa goýumlary çekmegiň, telekeçiligi goldamagyň, energetika, suw serişdeleri, durnukly oba hojalygy, saglygy goraýyş we ulag arabaglanyşygy ýaly ulgamlarda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin tejribe alyşmagyň möhümdigini bellediler hem-de «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdiler.

«Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitiniň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammit sebitiň ýurtlary bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy we halkara dialogy ösdürmekde möhüm tapgyr boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu sammite gatnaşmagy Türkmenistanyň durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine köptaraply halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

* * *

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ortaýer deňzini we Gündogary öwreniş halkara assosiasiýasynyň (Italiýa) arasynda arheologiýa barlaglary babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy; şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Turiniň Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda gazuw-agtaryş işleri we arheologiýa barlaglary boýunça merkeziniň (Italiýa) arasynda arheologik barlaglar babatynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hakynda Ylalaşygy özara alyşmak dabarasy boldy. Munuň özi iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

31.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Astana, 30-njy maý (TDH). Şu gün «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz we Premýer-ministr Jorja Meloni birek-biregi mähirli mübärekläp, bu duşuşygyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary, şol sanda Italiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany hökmünde Italiýa amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Italiýa tarapyndan öňe sürlen «Merkezi Aziýa — Italiýa» formatynyň ýurtlarymyzyň arasynda berk özara gatnaşyklary ýola goýmagyň netijeli usuly hökmünde möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň onuň üstünlikli ösdürilmegine goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Premýer-ministr Jorja Meloni iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we uzak möhletleýin esasda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz halkara giňişlikde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplygyna we halkara başlangyçlaryna berýän yzygiderli goldawy üçin italýan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, halkara düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek halkara forumyň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleriň esasylarynyň biri boljakdygyny aýtdy we Premýer-ministr Jorja Melonini bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Premýer-ministr çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berdi hem-de Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlaryny Italiýanyň goldaýandygyny we goldamagyny dowam etjekdigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk nebitgaz pudagynda, ulag, dokma senagaty ulgamlarynda we işewür düzümleriň ugry boýunça yzygiderli ösdürilýär. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Döwlet Baştutanymyz energetika we himiýa senagaty, demir ýol üpjünçilik ulgamlarynda, ekologiýa, oba we suw hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň italýan tarapynyň tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ulgamlaşdyrmak maksady bilen, hökümetara topary ýa-da işewürlik geňeşi görnüşinde bilelikdäki mehanizmi döretmegi teklip etdi.

Premýer-ministr Jorja Meloni döwlet Baştutanymyzyň tekliplerini goldap, Italiýanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw we orta mekdeplerinde italýan diliniň öwredilmegi, köp ýyllaryň dowamynda arheologiýa babatda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi munuň aýdyň mysallarydyr.

Söhbetdeşligiň barşynda dostlukly ýurduň Premýer-ministri hormatly Prezidentimizi özi üçin islendik amatly wagtda Italiýa sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa mundan beýläk-de parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

31.05.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 29-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, saýlaw ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ylmy-intellektual eýeçilik gatnaşyklary, wirtual aktiwler we gümrük meseleleri bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler geçirilýär.

Şol bir wagtda abraýly halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatynyň kabul edilendigi barada aýdyldy. Şeýle hem garalýan döwürde Saud Arabystany Patyşalygynyň, Ermenistan Respublikasynyň Doly ygtyýarly wekilleri hem-de Türkmen-eýran parlamentara dostluk toparynyň agzalary bilen duşuşyklar geçirildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň dowamynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentiň ýolbaşçysy bu iş saparyny amala aşyrmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanunlar işlenip taýýarlanylanda döwrüň talap edýän kanun taslamalaryny göz öňünde tutmagyň we şoňa görä-de, kanunlary kämilleşdirmek işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Senagat howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine önümçilik barlagyny guramagyň we amala aşyrmagyň talaplarynyň” taslamasy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bu resminama “Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat desgalarynda howpsuzlyk talaplaryny berjaý etmegiň möhüm ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda hereket edýän önümçilik desgalarynda senagat howpsuzlygynyň berjaý edilişine önümçilik barlaglaryny guramak maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu ugurda zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmek boýunça kadalaşdyryjy-gözükdiriji resminamalary kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, degişli döwlet edaralary bilen bilelikde bu ugurda ýerine ýetirilen işleriň netijesinde “Türkmenistanyň deňiz portlarynda we port nokatlarynda nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmegiň Düzgünleriniň” taslamasy taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri boýunça ýük amallaryny geçirmegiň düzgünlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarynda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi tamamlanyp, Lebap welaýatynda bu jogapkärli möwsüme taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda ýeralmanyň we gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinlere ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak maksady bilen zerur çäreler görülýär.

Şeýle hem hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyza galla oragyna girişmegiň senesini belläp, bu möhüm çärelere ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işlerini netijeli alyp barmagyň, welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek işlerini hem dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýändigini, döwletimiz tarapyndan ýerden bol hasyl almak boýunça daýhanlarymyz üçin zerur şertleriň döredilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl hem ýurdumyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini kanagatlanma bilen belläp, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 4-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi.

Döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edip, zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu şanly sene mynasybetli häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň şaýollarynda we köçelerinde, seýilgählerinde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri bilen bir hatarda medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň daş-töwereklerinde dürli bezeg güllerini ekmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şeýle hem şäher häkimligi, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde döredijilik bäsleşikleriniň, festiwallaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň hem-de bedenterbiýe-sport çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Şonuň ýaly-da wise-premýer paýtagtymyzda “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň täze, döwrebap binasyny gurmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny açmak, zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen, umumy meýdany 4 gektar bolan, şol sanda esasy binany, kitaphanany, sport, medeni çäreleri we oýun üçin meýdançalary, tehniki binalary hem-de desgalary öz içine alýan täze merkezi gurmak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem wise-premýer Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna merkezde ýerleşjek çagalar kitaphanasynda asman giňişligini synlamak üçin obserwatoriýa otagynyň gurnaljakdygy hem-de kitaphananyň döwrebap sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryljakdygy barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu merkezi gurmak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmagy, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini, döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, bedenterbiýe-sagaldyş, dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanmaga berilýändigini belledi hem-de wise-premýere ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli giň gerimli çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de «Aşgabat şäherinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkezini gurmak hakynda» Karara gol çekdi.

Öz gezeginde Ministrler Kabinetiniň agzalary hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we Gahryman Arkadagymyzy Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda söwda ulgamyny kämilleşdirmek, ilata ýokary hilli söwda hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, şol sanda söwda we hyzmat ediş maksatly döwrebap desgalary gurmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäheriniň çäginde täze gurulmagy göz öňünde tutulýan bazaryň şekil taslamasynyň işlenilip taýýarlanylandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda ulgamyny kämilleşdirmek, ilaty ýokary hilli söwda hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, söwda we hyzmat ediş maksatly döwrebap desgalaryň yzygiderli gurulýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäherinde döwrebap täze bazary gurmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu halkara çäräni 2 — 7-nji iýun aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek meýilleşdirilýär. Festiwalyň çäklerinde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň tans toparlarynyň gatnaşmagynda “Küştdepdi — parahatçylyk waspçysy” atly halkara maslahaty, bu tans dessurynyň görnüşleriniň görkezme çykyşlaryny, şeýle hem tans we folklor toparlarynyň konsertini guramak göz öňünde tutulýar. Bu festiwal türkmen milli tans sungatyny we gadymy folkloryny dünýä halklary bilen tanyşdyrmaga, halklaryň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleriň giňden geçirilýändigini, olaryň ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berýändigini belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Ylymlar güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ylmy maslahatlar we dabaraly çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli 12-13-nji iýunda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň hem-de daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmaklarynda geçiriljek bu maslahatda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 11-nji iýunda “Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş” atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy-amaly maslahaty, 12-nji iýunda bolsa Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ylmy ösüşlerini dünýä ýaýmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, halkara ylmy maslahatlary, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherine iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Ýewropa döwletleri, şol sanda Italiýa Respublikasy bilen hoşniýetli gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Ýurtlarymyz syýasy-diplomatik ulgamda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Mälim bolşy ýaly, Italiýa Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden 8 Kararnamasynyň awtordaşlarynyň biridir.

Söwda-ykdysady ulgamda, işewür düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklar hem netijeli häsiýete eýedir. Italiýanyň birnäçe iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan we Italiýa medeni-ynsanperwer ulgamynda, şol sanda arheologiýa ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki güne çenli 37 resminama ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny düzýär.

Ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar döwletara dialogy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy we 2019-njy ýyllarda Italiýa Respublikasyna resmi saparlaryny, 2015-nji ýylda bolsa iş saparyny amala aşyrandygy bellenildi. 2014-nji ýylda Italiýanyň Premýer-ministri Türkmenistana iş sapary bilen geldi.

Iki ýurduň Hökümetleriniň we parlamentleriniň derejesinde, şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. “Merkezi Aziýa — Italiýa” formaty netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze ugurlary açýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 30-njy maýda Astanada geçirilmegi meýilleşdirilýän sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyryljak saparyň maksatnamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda köp ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň köptaraply görnüşde hem hyzmatdaşlyk edýändigine ünsi çekip, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Merkezi Aziýa — Italiýa sammitiniň möhüm ornuny belledi hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 1-2-nji iýunynda Mongoliýa boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen dostlukly dialogyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Mongoliýa bilen netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady 11 sany resminama bilen berkidildi.

Türkmen-mongol gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde ýokary derejedäki saparlara hem-de duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň 3 duşuşygy guraldy. Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary boldy. Şeýle hem hökümetleriň derejesinde we daşary işler ministrlikleriniň arasynda gatnaşyklar ösdürilýär.

Türkmenistan hem-de Mongoliýa halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we beýleki düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege goldaw berýärler. Mongoliýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 16 Kararnamanyň awtordaşlarynyň biri, şol bir wagtda, ýurdumyz hem Mongoliýanyň öňe süren BMG-niň Baş Assambleýasynyň 5 Kararnamasynyň döredijileriniň biri bolup durýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, oba hojalygy, maldarçylyk, ýeňil senagat hem-de ulag we logistika ulgamlary ileri tutulýan ugurlardyr. Özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga, bu işe kiçi we orta telekeçiligi çekmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem giňeldilýär. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Mongoliýadaky Medeniýet günleriniň we geçen ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda bilelikdäki medeni çäräniň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa boljak döwlet saparyna taýýarlyk görmek we onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin degişli işler alnyp barlyp, onuň netijesinde saparyň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Saparyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrjak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmen-mongol işewürler forumynyň, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni çäräniň, milli amaly-haşam sungatynyň sergisiniň we türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigini, ýakynda Mongoliýada geçiriljek duşuşyklaryň hem türkmen-mongol gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda möhüm ädim boljakdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine bu döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de onuň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň deňiz flotunyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan zerur işler geçirilýär. Munuň özi gämilere hyzmat etmek işleriniň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Agentligiň ýolbaşçysy bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň deňiz flotunyň işini halkara talaplar esasynda ýola goýmagyň, gämileri yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

30.05.2025
Bank hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy — ykdysady ösüşiň möhüm şerti

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli bank ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy iş tejribesini we täzeçil usullary ornaşdyrmak, milli töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we mümkinçiliklerini artdyrmak, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ulgamyň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagy, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion ösüşini, onuň ählumumy ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmäge ýardam berýär.

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň banklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň pudaklaryna bölünip berilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak, maliýe hasabatlaryny halkara standartlara laýyk getirmek, degişli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen anyk işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, öňdebaryjy usullar we iň täze tehnologiýalar arkaly nagt däl tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Döwrüň talaplaryndan we dünýä tejribesinden ugur alnyp, milli elektron töleg ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga we onuň goraglylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Şeýle hem bank hyzmatlarynyň täze görnüşlerini ornaşdyrmak, müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we programma-tehniki üpjünçiligini yzygiderli kämilleşdirmek arkaly degişli infrastrukturany döretmek, ugurdaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda anyk işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan sanly görnüşde hödürlenilýän döwrebap hyzmatlar baradaky syny hödürleýäris.

Häzirki wagtda ýurdumyzda karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän döwrebap sanly hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal», «Galtaşyksyz töleg», «VISA Virtual», «Menzilara bank», «Sanly kart», «Sanly töleg», «Sanly karz» ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredilendir. Bu onlaýn hyzmatlaryň kömegi bilen karzlary resmileşdirmek, bank hasaplaryna gözegçilik etmek, elektron göçürmelerini almak we elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamak, täze bank kartlaryny açmak, pul geçirimlerini amala aşyrmak ýaly amallary ýerine ýetirip bolýar.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, sanly hyzmatlaryň biri hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan milli töleg ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde işe girizilen hem-de müşderilere onlaýn görnüşde köp amallary geçirmäge amatly mümkinçilik döredýän «VISA Virtual» bank kartydyr.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan «Galkynyş» töleg ulgamy işe girizilip, ol internetiň üsti bilen milli hem-de daşary ýurt pullarynda tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu ulgamyň üsti bilen fiziki we ýuridik şahslar sanly ulgamda dürli tölegleri geçirmek, karzlary we bank kartlaryny almak üçin ýüzlenmeleri ibermek, pul geçirimlerini amala aşyrmak, öz bank hasaplaryny dolandyrmak we ondaky pul serişdeleriniň hereketine gözegçilik etmek, şeýle hem hasaplary boýunça geçirilen amallaryň taryhyny görmek ýaly mümkinçiliklerden peýdalanyp bilýärler. Programma üpjünçiligine esaslanýan «Galkynyş» töleg ulgamy bank ulgamyna ykjam tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, has köp zähmeti we wagty talap edýän işleri sanlylaşdyrmaga, hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge we tizligini artdyrmaga, bank işiniň netijeliligini, takyklygyny we hilini ýokarlandyrmaga niýetlenendir.

Sanly ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, müşderilerine amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan «Onlaýn kabulhana» hyzmaty işe girizildi. Oňa laýyklykda, raýatlar sanly ulgam arkaly günüň islendik wagtynda bankyň resmi www.tnbk.tm web saýtynyň «Onlaýn hyzmatlar» bölüminde ýerleşdirilen «Onlaýn kabulhana» bölümçesiniň üsti bilen bank tarapyndan berilýän güwänamalary, bank kartlaryny sargyt etmek we gaýtadan çap etmek, şeýle hem karz almak üçin onlaýn görnüşde ýüzlenip bilýärler. Munuň üçin, ilki bilen, bellenilen tertipde doldurmak arkaly ulanyjy adyny we gizlin açar sözüni döretmeli. Olary ulanmak bilen, müşderi «Onlaýn kabulhana» bölümçesinde zerur bolan resminamalary sargyt edip biler. Sargydyň taýýar bolandygy baradaky maglumat elektron ulgam arkaly, şeýle hem bankyň merkezi edarasynyň (ýa-da şahamçasynyň) degişli hünärmeni tarapyndan telefon arkaly habar berilýär. Müşderiler öz sargytlaryny almak üçin bankyň merkezi edarasyna ýa-da degişli şahamçasyna ýüz tutup bilerler.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň «Daýhanbank», «Türkmenistan» döwlet täjirçilik hem-de «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banklarynda, degişlilikde, daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw we umumy ýaşaýyş jaý töleglerini hem-de fiziki şahslaryň Türkmenistanyň çäginden daşarda saglygynyň barlanylmagy we bejerilmegi üçin töleglerini onlaýn görnüşde tölemäge, şeýle-de «VISA» we «MasterCard» halkara bank kart hasaplaryny internet ulgamynyň üsti bilen özbaşdak doldurmaga mümkinçilik berýän sanly töleg ulgamlary işe girizildi.

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň «Menzilara bank» hyzmatyna laýyklykda, raýatlar alyş-çalyş amalyny onlaýn görnüşde amala aşyrmak üçin bir gezek banka gelip, tölege degişli resminamalaryň asyl nusgalaryny barladyp, daşary ýurt pulunda goýum hasaplaryny açmaly, şeýle hem ulanyjy döretmek barada ýüz tutmaly. Soňra müşderi bankyň resmi web saýtynyň «Onlaýn töleg geçirmek» bölümine girip, penjirede açylan meýdançalary talap edilen görnüşde doldurýar hem-de tölege degişli resminamalaryny ýükleýär. 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň dowamynda 34,8 müňe golaý müşderiniň bu hyzmatdan peýdalanmagy oňa uly isleg bildirilýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň hödürleýän «Onlaýn halkara töleg» hyzmatyna laýyklykda, töleg amallaryny onlaýn görnüşde amala aşyrmak mümkindir. Munuň üçin müşderi bir gezek banka gelip, tölege degişli resminamalary getirenden soň, bank işgäri tarapyndan internet arkaly ähli sazlamalar ýerine ýetirilýär. Şeýlelik bilen, bankyň resmi www.tnbk.tm web saýtynyň «Onlaýn hyzmatlar» bölüminde ýerleşdirilen «Internet-bank» bölümçesiniň üsti bilen raýatlar hyzmatyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler. 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň dowamynda bu hyzmata «VISA» we «MasterCard» halkara bank kart hasaplaryna pul serişdelerini geçirmek üçin 1,5 müňden gowrak müşderiniň birikmegi bu hyzmatyň türkmenistanlylaryň arasynda meşhurlygynyň artýandygyny subut edýär.

Ykjam aragatnaşyk ulgamynyň ösüşindäki özgerişlikler döwrebap bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmegiň esasy şertidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň karz edaralary ykjam telefonlar üçin nagt däl tölegleri, şol sanda galtaşyksyz tölegi amala aşyrmak üçin degişli ykjam goşundylary işläp düzýärler. Şeýle hyzmatlaryň hatarynda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Sanly töleg» ykjam goşundysyny görkezmek bolar. Onuň kömegi bilen müşderiler bankyň resmi www.halkbank.gov.tm web saýtyndan halkara bank kart hasaplaryny banka barmazdan ygtybarly we aňsatlyk bilen aýma-aý dolduryp bilýärler. Geçirilen amallar baradaky maglumat hyzmaty ulanyjy raýatlaryň ykjam telefonlaryna SMS habary görnüşinde iberilýär. Bank hyzmatynyň bu görnüşi nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmäge we töleg-hasaplaşyk amallarynyň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň dowamynda bankyň «Sanly töleg» ykjam goşundysyna 6,7 müňe golaý müşderi birikdirilip, olaryň halkara «VISA» we «MasterCard» bank kart hasaplaryna pul serişdeleri geçirildi.

Raýatlara karzlary resmileşdirmekde sanly ulgamy ulanmak arkaly ýeňillikleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan fiziki şahslar üçin «Sanly karz» ulgamy ornaşdyryldy. Ykjam goşundyny ykjam telefonlara ýüklemek arkaly bankyň web saýtyndan onlaýn görnüşde sarp ediş karzyny almak üçin ýüz tutmak, onuň ýagdaýy bilen tanyşmak, karz taryhyny özbaşdak barlamak, zerur resminamalary elektron görnüşde ibermek, alyp boljak karzyň möçberini awtomatik görnüşde kesgitlemek mümkindir.

Bu ykjam goşundynyň esasy aýratynlyklarynyň biri müşderileriň şahsyýetini tassyklaýan pasportynyň we aýlyk zähmet haky geçirilýän bank kartynyň maglumatlarynyň hem-de karz taryhynyň awtomatik usulda barlanylýandygydyr. Şol sebäpli raýatlaryň sarp ediş maksatly isleg bildiren karz serişdelerini almaklary üçin banka diňe bir gezek gelmegi ýeterlikdir. Munuň özi raýatlaryň wagtynyň tygşytlanmagy we amatlylyk taýdan ähmiýetlidir. 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň dowamynda «Sanly karz» ykjam goşundysynyň üsti bilen 1,2 müňe golaý müşderiniň ýüz tutup, jemi 33877,7 müň manat möçberinde karz serişdeleriniň resmileşdirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan döwrebap we ygtybarly tehnologiýalaryň esasynda işlenip düzülen «Halkbank terminal» ykjam programma üpjünçiligi hem işe girizildi. Bölek söwda we hyzmat ediş nokatlarynyň işgärleri ony adaty töleg terminalynyň ornuna ulanyp bilýärler. Adaty töleg terminallaryndaky ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan we olaryň ýerine ýetirýän wezipeleriniň ählisini amal etmäge ukyply bolan bu ykjam programma üpjünçiligi harytlara we hyzmatlara töleg geçirmek we amallaryň taryhyny görmek ýaly mümkinçilikleri döredýär.

Eger-de ykjam telefonlarda «NFC» galtaşyksyz töleg tehnologiýasy gurnalan bolsa, onda tölegi geçirmek üçin bank kartyny ykjam telefona ýakynlaşdyrmak ýeterlikdir. Bu ýakynlaşdyrmanyň netijesinde, ykjam programma üpjünçiligi bank kartyndaky maglumatlary okaýar we satyn alnan haryt ýa-da hyzmat üçin töleg kabul edilýär. Soňra ykjam telefonyň ýüzünde tölegiň kabul edilendigi barada elektron çek (hasabat kagyzy) peýda bolýar. 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň dowamynda «Halkbank terminal» hyzmatynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň 75,3 million manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,94 esse artandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän «Senagat töleg» ykjam programma üpjünçiligi arkaly «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň TMCELL öýjükli aragatnaşyk telefon hyzmatynyň, AŞTU-nyň (Aşgabat şäher telefon ulgamy) CDMA öýjükli aragatnaşyk telefon, internet, IP TV, öý telefony hyzmatlarynyň, «Türkmentelekom» elektron aragatnaşyk kompaniýasynyň internet hyzmatynyň, «Belet film» hyzmatynyň, «Älem-TV plastik kartlary» hyzmatynyň töleglerini, şeýle hem Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň jerime töleglerini islendik ýerde we günüň islendik wagtynda tölemek mümkindir.

Mundan başga-da, bu hyzmatyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzyň raýatlary ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge öz goşantlaryny goşmak üçin haýyr-sahawat geçirimlerini banka geçirip bilýärler. «Senagat töleg» ykjam goşundysynda raýatlara nagt däl görnüşde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna pul serişdelerini geçirmäge mümkinçilik döredildi.

Synymyzdan hem görnüşi ýaly, sanly bank hyzmatlary nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine, karz edaralarynda nobatlaryň azalmagyna, töleg-hasaplaşyk amallarynyň dessinliginiň üpjün edilmegine, karz edaralarynyň we müşderileriň wagtynyň hem-de sarp ediş önümleriniň (kagyz, kartrij, ýol harajatlary) tygşytlanylmagyna ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, banklaryň işini kämilleşdirmek, şol sanda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda» ýaly onlaýn bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak işlerine yzygiderli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Olaryň kömegi bilen bank amallarynyň we hyzmatlarynyň netijeliligini artdyrmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.

«Internet-bank» we «Mobil-bank» ulgamlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi ýylsaýyn artýar. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň dowamynda bu görkeziji, degişlilikde, 1721,7 müň we 12 189,8 müň manada ýetdi, bu bolsa hyzmatlaryň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanýan müşderileriň sanynyň yzygiderli artýandygyny görkezýär. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň dowamynda bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet-bank», «Mobil-bank» we «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 6773,9 million manada ýetdi, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 35 göterim ýokarlandy.

Şeýle-de bank hyzmatlarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan tehniki üpjünçiligi döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleri hem bellemek gerek. Bu ugurda bankara tor enjamlaryny kämilleşdirmek, sanly maglumat tehnologiýalaryny işjeň ulanmak, elektron resminama dolanyşyk ulgamyny kämilleşdirmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, kiberhowplara garşy durmak üçin zerur bolan programma üpjünçiliklerini giňden ornaşdyrmak, bankyň zerurlyklary üçin täze serwer enjamlaryny we disk massiwlerini gurnamak ýaly işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreler görülýär.

Umuman, bank ulgamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler bu pudagyň ösüşiniň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek bilen, milli ykdysadyýetiň bazar gurallaryny pugtalandyrmaga hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

(TDH)

29.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 26-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragyna guramaçylykly girişmek hem-de ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur taýýarlyk işleri geçirildi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu agrotehniki çärelerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär.

Mundan başga-da, häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine, şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almaga guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda taýýarlanylan piläni kabul ediş kärhanalaryna tabşyrmak işleri dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýeralma we gök-bakja ekinlerine ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk we sport çärelerine, şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek işlerinde agrotehniki talaplaryň berk berjaý edilmegini, galla oragy möwsümine gowy taýýarlyk görülmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, galla oragyny ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatda galla kabul ediş kärhanalary, däne ýygýan kombaýnlar, beýleki tehnikalar möwsüme doly taýýar edildi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag, ýekelemek işleri geçirilýär. Şonuň bilen bir hatarda, gowaça ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatda şaly ekişini bellenen möhletde geçirmek üçin hem zerur çäreler görülýär. Pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde şu günler ýetişdirilen pile hasylyny kabul ediş kärhanalaryna tabşyrmak işine girişildi. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek we suw tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere hem-de çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsüme ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, häkime welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda gallaçy babadaýhanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz we öz wagtynda ýygnap almak üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri bilen birlikde, irki ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň hasylyny ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär.

Mundan başga-da, häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guraljak çärelere, şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini kesgitleýän esasy şertleriň biridigini belledi hem-de häkime bu ugurda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek hem-de daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem ýetişdirilen pile hasylyny döwlet harmanyna tabşyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Şonuň bilen bir hatarda, welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarynda ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär.

Şeýle hem häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere hem-de çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häkime gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň ýokary hilli geçirilmegini, şeýle hem galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk işleri geçirildi. Bu işleriň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar we bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglar galla oragy möwsümine taýýar edildi. Ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli işledilýär. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edip, Lebap welaýatynda bu möwsüme taýýarlyk görülýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlarda ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, bu işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň, önümçilige innowasion usullaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň ekinlerden bol hasyl almaga, oba hojalyk önümçiligini durnukly ösdürmäge we netijede, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragy möwsüminiň ýetip gelýändigine ünsi çekdi hem-de welaýatlarda bu jogapkärli möwsüme gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini belläp, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy, gowaça zyýan berijileriň öňüni almak boýunça işleri öz wagtynda geçirmegi, Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlarynda döwlete pile tabşyrmagyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda şaly ekişiniň agrotehniki talaplara laýyk geçirilmegini gazanmagyň, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almak işleriniň alnyp barlyşynyň hem ünsden düşürilmeli däldigini nygtap, Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welaýatlarda göz öňünde tutulýan çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi, şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

27.05.2025
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Mähriban uçurymlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ajaýyp öwüşgin çaýýan hem-de bagtyýar ýaşlarymyzy süýji arzuwlara, ýakymly duýgulara besleýän «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilimler baýramyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralaryň uçurymlarymyzyň kalbynda eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe hem-de beýik geljegine buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar uçurymlary!

Siz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli beýik başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy» esasynda 12 ýyllyk okuw maksatnamalary boýunça bilim alan ilkinji uçurymlar bolup durýarsyňyz. Bu geçen döwrüň içinde milli bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Size okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary hem-de innowasion tehnologiýalar arkaly döwrebap bilim berildi. Siziň okan döwrüňizde halkara bilim bäsleşiklerinde gazanan uly üstünlikleriňiz Watanymyzyň abraýydyr, biziň alyp barýan bilim özgertmelerimiziň ajaýyp miweleridir.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Türkmen halky ylmyň we bilimiň egsilmez güýjüne gadymy döwürlerden akyl ýetiren, okamagy, öwrenmegi, döretmegi hem-de gurmagy durmuş mekdebine öwren halkdyr. Gadymy Jeýtunda, Änewde, Nusaýda, Merwde, Gürgençde hem-de Amulda ylym-bilim ösüşiň iň möhüm şerti bolupdyr. Ylym we bilim geçmişde bolşy ýaly, häzirki döwürde-de ähli ösüşlerimiziň binýadyny düzýär. Biz bu gymmatly baýlygymyz arkaly Garaşsyz Watanymyzyň geljegini gurýarys. Şoňa görä-de, biz geljekde hem ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, başarjaň, maksada okgunly nesilleri terbiýelemek üçin ähli tagallalary ederis. Ýaş nesillerimiziň bilimlerini yzygiderli artdyrmak üçin okuw dersleriniň mazmunyny milli tejribelerimize, ylymlaryň we bilimleriň täze gazananlaryna laýyklykda has-da baýlaşdyrarys, döwrebap okuw kitaplaryny, gollanmalary taýýarlarys.

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeden ugur alyp, milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn uly üns bereris. Bitarap Watanymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap çagalar baglaryny, orta mekdepleri gurup, ýaş nesillerimiziň ýokary hilli bilim almagy we sagdyn ösmegi üçin oňaýly şertleri döretmek ugrundaky işleriň depginini has-da güýçlendireris. Dünýädäki iň abraýly we hormatly kärleriň birine eýe bolan mugallymlarymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli amatly mümkinçilikleri dörederis, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada yzygiderli alada ederis.

Mähriban uçurymlar!

Siz Watanymyzyň beýik geljegini gurýan nesillersiňiz. Il-günümiziň hem-de bütin adamzadyň bagtyýarlygyna gönükdirilen belent maksatlarymyza ýetmekde size aýratyn bil baglaýarys. Şoňa görä-de, siz durmuş ýoluňyzdaky indiki täze ädimlere has aýgytly we ruhubelentlik bilen gadam basmalysyňyz, eziz Watanymyzyň, halkymyzyň bähbidi ugrunda okamak, döretmek arkaly hemişe öňe gitmelisiňiz. Siz gözbaşy has gadymy döwürlerden gaýdýan milli ýörelgelerimizden, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan tejribelerimizden ugur alyp, eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza bolan beýik söýgiňiz bilen berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltmelisiňiz. Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Alp Arslan, Jelaleddin Menguberdi ýaly beýik ärlerimiziň, Mahmyt Kaşgarly, Abu Seýit Abulhaýyr, Hoja Ahmet Ýasawy, Baýram han, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly ägirtlerimiziň dürdäne öwüt-ündewlerine eýerip, bilimleriňiziň, garaýyşlaryňyzyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmalysyňyz.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Mähriban uçurymlar!

Sizi «Soňky jaň» dabarasy we okuw ýylyny üstünlikli tamamlamagyňyz mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde hem-de okuwlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

25.05.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 23-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny kanunlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, wirtual aktiwleriň dolanyşygynda gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda umumy düzgünler, wirtual aktiwler işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi, wirtual aktiwleriň dolanyşygy çygrynda işleriň guralmagy, maýning, wirtual aktiwleriň emissiýasy we jemgyýetçilige hödürlenilmegi, wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler hem-de jemleýji düzgünler beýan edilýär. Bu Kanunyň kabul edilmegi maýa goýumlaryň çekilmegine, maliýe tehnologiýalary başlangyçlarynyň ösdürilmegine, sanly hyzmatlar ulgamynda telekeçilik işjeňliginiň höweslendirilmegine ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sanly tehnologiýalaryň hem-de sanly ykdysadyýetiň çalt ösýän döwründe wirtual aktiwleriň dolanyşygyny hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň möhüm bolup durýandygyny belledi we wise-premýere «Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça Mejlis bilen degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň günbatar we gündogar sebitlerinde kuwwatly tehnikalaryň, seýsmiki enjamlaryň, programma üpjünçilik ulgamlarynyň kömegi bilen nebitiň hem-de tebigy gazyň gorlaryny gözlemek işleri geçirilýär. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmaga ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti we gazy gözlemek boýunça gözleg-barlag işlerini ýokary hilli, netijeli ýerine ýetirmäge uly üns berilýändigini, nebitiň we tebigy gazyň ýerasty gorlarynyň yzygiderli ýüze çykarylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan uglewodorod serişdeleriniň gözlegine gönükdirilen işleri geljekde-de netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ösdürilip ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak, galla oragy möwsümine ähli ugurlar boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýeralmanyň, gök we bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekilen ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Pile hasylyny ýygnamak işleri-de dowam edýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak babatda zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek işleriniň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işlerini dowam etdirmegiň, galla oragy möwsümine gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 11 — 13-nji iýuny aralygynda “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarkany geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, halkara sergi-ýarmarka dokma senagaty kärhanalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ugurda iş alyp barýan agzalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýerli we daşary ýurt dizaýnerleriniň lybaslarynyň görkezilişini guramak, Merkezi Aziýanyň gadymy dokma usullary, häzirki zaman tehnologiýalaryna bagyşlanan ussatlyk sapaklaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň dokma senagatynda ýetilen sepgitler bilen tanyşmaga, özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge, öňdebaryjy tejribäni alyşmaga oňaýly mümkinçilikleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli dokma önümleriniň dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýandygyny, hereket edýän dokma senagat kärhanalarynda dünýäniň öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli enjamlarynyň ornaşdyrylmagynyň işi ýokary netijeli alyp barmaga şert döredýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere paýtagtymyzda geçiriljek «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli çäreleri we sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär. Şeýle-de dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şu ýylyň 2 — 7-nji iýuny aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalynyň, 6-njy iýunda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy mynasybetli çäreleriň, 22 — 27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi mynasybetli medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem 27-nji iýunda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, beýik şahyryň “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyndaky ýadygärligine gül goýmak dabarasynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. 29-njy iýunda bolsa Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar bilen bagly iýun aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramagyň göz öňünde tutulýandygy barada aýdyldy. Şanly sene mynasybetli 30-njy maý — 3-nji iýun aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde welosipedli ýörişleri, sport ýaryşlaryny, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped gününi dabaraly belläp geçmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, welaýatlarda bedenterbiýe-sport çärelerine gowy taýýarlyk görmegiň we talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda Eýran Yslam Respublikasy hem bar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 19-20-nji maýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde bilelikdäki toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri girizildi hem-de degişli çözgütler kabul edildi. Gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, hususan-da, türkmen mawy ýangyjyny Eýrana göni ibermegiň, bu döwletiň çäklerinden üçünji ýurtlara üstaşyr geçirmegiň, şol sanda ony “swap” görnüşinde ugratmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle-de elektroenergetika pudagynda döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly çärelere seredildi. Şunuň bilen baglylykda, degişli meseleleriň birnäçesi, şol sanda türkmen elektrik energiýasyny mundan beýläk-de Eýrana ibermek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk, uzynlygy 242 kilometre deň bolan Gumdag — Etrek — Eýran serhedi awtomobil ýolunyň taslamasy bilen bagly meselelere-de üns berildi. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň arasynda ulag gatnawlaryny we ýük dolanyşygyny artdyrmak bilen bagly meselelere garaldy. Olar boýunça degişli ylalaşyk gazanyldy. Şeýle-de söwda we işewürlik ugurlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň meselelerine seredildi. Hususan-da, taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek, haryt dolanyşygynyň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, 2026 — 2028-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny taýýarlamak barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek barada giňişleýin maslahatlaşmalar boldy. Bellenilişi ýaly, bilelikdäki sergileriň, işewürlik maslahatlarynyň, beýleki çäreleriň geçirilmegi, bu ugurda “Ýol kartasynyň” taýýarlanylmagy hem-de Türkmen-eýran işewürlik geňeşiniň döredilmegi netijeli gatnaşyklary ilerletmäge ýardam eder. Mundan başga-da, mejlisiň gün tertibine suw hojalygy ulgamynda, hususan-da, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly meseleler girizildi.

Däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselesine hem üns berildi. Şunda özara Medeniýet günlerini geçirmek, medeniýet we sungat sergilerini, festiwallary guramak, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy, ÝUNESKO-nyň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň goňşy ýurda iş saparynyň çäklerinde Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşyk boldy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Eýranyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çakylygy boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklady. Duşuşykda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlary boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işi dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi. Goňşy döwletiň Baştutany eýran tarapynyň meýilleşdirilen çäreleri, taslamalary, bu ulgamlarda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Wekiliýetiň saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň eýran böleginiň başlygy, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd, energetika ministri Abbas Aliabadi, nebit ministri Mohsen Paknežad, daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen duşuşyklar geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaşlyk edýän goňşy döwletleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Iki ýurduň arasynda gazanylýan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine Eýran Yslam Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklary ösdürmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli raýat awiasiýasy pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ulag ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunda raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi Ýewropanyň we Aziýanyň söwda ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistana üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň garamagyna bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da ilerletmek bilen bagly degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Halkara howa menzillerinde döwrebap şertleri döretmäge, halkara talaplara laýyk gelýän awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Halkara howa menzillerinde uçuş barlaglaryny ýerine ýetirmek bilen bagly teklipleri makullap, agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 25-nji maýda ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň gününiň, Türkmen halysynyň baýramynyň, «Soňky jaň» dabarasynyň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak şäherimiz Aşgabatda ýaşamak, işlemek we medeniýetli dynç almak üçin ähli amatly şertler döredildi, paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara serginiň geçirilmegi-de indi asylly däbe öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýurdumyzda halyçylyk sungatyny ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Asyrlaryň dowamynda ene-mamalarymyz tarapyndan sünnälenip dokalan türkmen halylarynda halkymyzyň şöhratly taryhy, pähim-parasady jemlenendir. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisiniň, maslahatyň geçirilmeginiň halkymyzyň halyçylyk sungatyny dünýä ýaýmakda wajyp ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynam bildirdi. Biz geljekde-de gözel paýtagtymyz Aşgabady ösdürmäge, halyçylyk sungatyny kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly üns bereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny we mähriban halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy, uçurymlary «Soňky jaň» dabarasy bilen gutlady. Mejlise gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy şanly seneler mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

24.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 20-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek maksady bilen zerur guramaçylyk çäreleri geçirildi. Tohumlyk ekilen bugdaýyň hasylyny talabalaýyk ýygnap almak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Bu agrotehniki çärelerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Şunuň bilen birlikde, pile möwsüminiň çäklerinde taýýarlanylan piläni kabul ediş nokatlaryna tabşyrmak işleri dowam edýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim 25-nji maýda welaýatda “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmagyň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Häkim, ilki bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýaty bilen Balkan welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin 14 — 16-njy maý aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna iş saparyny amala aşyrmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra häkim Balkan welaýatynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda tohumlyk bugdaýyň hasylyny bildirilýän talaplara laýyklykda ýygnap almak, saklamak maksady bilen degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda piläni kabul ediş kärhanalaryna tabşyrmak işleri dowam edýär. Ýurdumyzda ýeralma, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda sebitde bu ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň orta mekdeplerinde “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol we ýokary hilli hasyl almagyň, oba hojalygyny netijeli ýöretmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyna ünsi çekdi we häkime degişli tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew sebitdäki möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda galla kabul ediş kärhanalaryny, däne ýygýan kombaýnlary, beýleki tehnikalary möwsüme taýýarlamak işleri dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatda şaly ekişi dowam edip, bu möwsümi bellenen möhletde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şu günler ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, suw tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim 25-nji maýda welaýatda “Soňky jaň” dabarasyny ýokary derejede geçirmek babatda görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini, bugdaý oragy möwsümine ykjam taýýarlyk görülmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitde galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Gögeriş alnan meýdanlara hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlaryna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň, hususan-da, gowaça ideg işleriniň ýokary hilli alnyp barylmagyny, galla oragyna talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu işleriň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar, däne ýygýan kombaýnlar, awtoulaglar we beýleki tehnikalar möwsüme taýýar edildi. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de welaýatda ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak, döwlet harmanyna tabşyrmak işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekilen meýdanlara ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim 25-nji maýda welaýatda “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň, şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmeginiň, bugdaý oragy möwsümine guramaçylykly girişilmeginiň möhümdigini belledi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar, bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglar galla oragy möwsümine taýýar edildi. Şunuň bilen birlikde, tohumlyk bugdaýyň hasylyny talabalaýyk ýygnap almak, saklamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler dowam edýär. Diýarymyzda ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudagy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň toplumlaýyn çemeleşmäni, täzeçil çözgütleri talap edýändigini belledi we wise-premýere möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragy möwsüminiň ýetip gelýändigine ünsi çekdi hem-de möwsüme gowy taýýarlyk görüp, ony guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleriniň agrotehniki talaplara laýyk alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek üçin zerur çäreleri görmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ýetişdirilen tohumlyk bugdaý hasylyny bildirilýän talaplara laýyk ýygnap almak, daşamak hem-de saklamak işlerine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda şaly ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmegiň, sebitlerde pile taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini üpjün etmegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almak işleriniň wagtynda geçirilmegine pugta gözegçilik etmegi, 25-nji maýda welaýatlardaky orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

21.05.2025
Gahryman Arkadagymyz bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 19-njy maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz hem-de wise-prezident Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, dost-doganlyga esaslanýan hem-de yzygiderli ösdürilýän türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri söhbetdeşligiň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma mähirli salamyny ýetirmegini haýyş etdi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyzyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki şahsy goşandyny belledi hem-de BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa salamyny ýetirdi. Şeýle-de wise-prezident mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar. Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny, söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artmagynyň munuň aýdyň mysalydygyny belledi. Köp ýyllaryň dowamynda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplandy diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de ýakynda iki sany ykdysady ähmiýetli resminama — «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekilendigine ünsi çekip, munuň özara bähbitli türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbidine gönükdirilen we geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki birnäçe taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-prezident Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan gazanylan bu möhüm ylalaşyklaryň iki doganlyk ýurduň arasynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ýangyç-energetika pudagynda okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň aýdyň beýanydygyny belledi we Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

20.05.2025
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 17-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda kabul edilen maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek maksady bilen, ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mejlisiň wekilleri sanly ulgam arkaly geçirilen çärelere, hususan-da, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň, şeýle hem Türkmen-saud parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň maslahatlaryna gatnaşdylar. Milli parlamentiň wekili ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda geçirilen strategik meýilnamalaşdyryş boýunça ýaş geňeşçileriň sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde iş saparynda boldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow geljek ýyl üçin ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda” Kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminamada Döwlet býujetini düzmek üçin ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler tarapyndan berilmäge degişli hasabatlary hem-de maglumatlary taýýarlamagyň tertibi we möhletleri anyk kesgitlenildi. Geljek ýylyň Döwlet býujeti we maliýe-ykdysady görkezijileri düzülende, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” we degişli hasaplama görkezijilerinden ugur almak göz öňünde tutulýar. 2026-njy ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny we maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmegi, giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini täze önümçiliklere gönükdirmek bilen, olaryň netijeliligini artdyrmak, pudaklara sanly ulgamy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek we hususy telekeçiligi ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda çäreleri durmuşa geçirmek maksat edinilýär. Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljek ýylda hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi dowam etdirmek maksady bilen, 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda resminama gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, iri senagat kärhanalaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak hem-de olary halkara tejribä laýyklykda dolandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi buraw işlerine, tebigy gazyň çykarylyşyna we onuň hereket edýän bir bitewi gaz geçiriji ulgama goýberilişine, gündelik sarp edilişine gözegçilik etmäge hem-de netijeli dolandyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ilatyny, senagat kärhanalaryny, durmuş maksatly desgalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazy çykarmak, akdyrmak hem-de sarp edijilere eltmek işlerine gözegçiligi has-da kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg etmek, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Diýarymyzda ýeralmanyň we gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekilen ekinlere ideg işleri geçirilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmagyň, şunda oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary netijeli peýdalanmagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri bilen bir hatarda, galla oragy möwsümine hem gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergä we maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, halkara sergä we maslahata ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalary, ýurdumyzyň edara-kärhanalary, telekeçiler, işewürler gatnaşarlar. Onda myhmanlary paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi, milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynyň ýeten sepgitleri bilen tanyşdyrmak, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Munuň özi häzirki zaman tehnikalary, tehnologiýalary bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara tejribe alyşmaga, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik döreder. Şeýle hem baýramçylyk mynasybetli gurluşyk we senagat toplumynyň tapawutlanan işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasyny, beýleki medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХIV köpugurly halkara sergini we maslahaty guramaçylykly geçirmegiň, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak medeni çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewe söz berildi. Ol hasabatynyň başynda şu ýylyň 15-16-njy maýynda Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumynyň çäklerinde guralan “Russia Halal EXPO” halkara sergisine dünýäniň 12 döwleti bilen birlikde, Türkmenistanyň hem öz milli pawilýony bilen gatnaşandygyny we ýurdumyzyň pawilýonynyň uly gyzyklanma döredendigini aýtdy. Wise-premýer şeýle abraýly sergä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, şanly sene mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi guralar hem-de onuň çäklerinde milli halyçylyk sungatyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge mynasyp goşant goşan, “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy bolar. Şeýle hem dünýäniň belli halyşynaslarynyň, alymlaryň, ussat hünärmenleriň gatnaşmagynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halyçylyk sungatyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäreleri, haly önümleriniň sergisini, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa paýtagtymyzda guralmagy meýilleşdirilýän festiwallar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 19 — 21-nji maýy aralygynda milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek, medeniýetleri özara baýlaşdyrmak maksady bilen, «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwal, 29 — 31-nji maýy aralygynda «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-sazly festiwal geçiriler. Festiwallaryň çäklerinde konsertleri, döredijilik duşuşyklaryny, ussatlyk sapaklaryny guramak, myhmanlaryň paýtagtymyzyň medeni ojaklaryna, beýleki gözel ýerlerine baryp görmekleri göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly halkara derejeli çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwala, şeýle hem ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-sazly festiwalyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy, “Soňky jaň” dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli, 25-nji maýda Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär mekdebinde, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde Berdimuhamet Annaýewiň heýkellerine gül goýmak dabaralaryny, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Soňra ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly şygar bilen “Soňky jaň” dabaralary geçiriler. Göreldeli uçurymlara, kärine ussat bilim işgärlerine hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşurylar. Baýramçylyk güni uçurymlaryň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda «Soňky jaň» dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belläp, degişli tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk geçirmek üçin zerur şertler döredilýär. Olarda dürli medeni-köpçülikleýin we sport-sagaldyş çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, Bilim ministrliginde çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alşyny guramak boýunça toparyň mejlisini geçirmek hem-de onda möwsümiň talabalaýyk guralmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, gowy dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarda hereket edýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde çagalardyr ýetginjekleriň mynasyp dynç almagy, wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, goňşy ýurtlar hem-de ýakyn hyzmatdaş döwletler bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň 16-njy maýda «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary-da munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri forumda çykyş edip, häzirki wagtda yslam dünýäsiniň öňünde durýan örän wajyp meseleler barada durup geçdi we yslam ýurtlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna çenli aralykdaky giňişligi birleşdirýän Ýewraziýa energetika, ulag we tehnologiýa guşagyny döretmeginiň zerurdygyny belledi. Hususan-da, hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň durmuşa geçirilmegi netijesinde energiýa serişdeleriniň, harytlaryň we hyzmatlaryň iň gysga ýollar arkaly iberilmegini üpjün etmäge hem-de örän uly giňişligi, kuwwatly senagat we çig mal merkezlerini birleşdirmäge mümkinçilik açyljakdygy nygtaldy. Şunuň ýaly birleşdiriji guşak ählumumy özara hereketleriň köprüsine öwrüler hem-de söwda-nyrh syýasatyna, ählumumy ykdysadyýetiň ýagdaýlaryna we ösüşine oňyn täsir edip biler. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” strategiýasyny iş ýüzünde işjeň durmuşa geçirýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň garaýyşlaryna laýyklykda, yslam dünýäsiniň möhüm wezipesiniň ählumumy we yklym derejesinde yzygiderli, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen, bilelikdäki işler üçin örän amatly şertleri döretmekden ybaratdygyny aýtdy. Bu babatda Türkmenistan yslam ýurtlarynyň bähbitleriniň utgaşykly bolmagyny, olaryň özara düşünişmegini gazanmak, ykdysady hyzmatdaşlygyň bähbitlidigine we geljeginiň uludygyna düşünmek üçin diplomatiýany gural hökmünde netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerinden ugur alýar. Ýurdumyz bu ýörelgeleri iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirýär. Ilkinji nobatda, olary Aziýada giň möçberli we uzak möhletli energetika, ulag, infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmakda ulanýar. Bu ýerde gürrüň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi hem-de optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy, Merkezi we Günorta Aziýany Ýakyn we Uzak Gündogar bilen birleşdirýän demir ýollar barada barýar.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynda azyk howpsuzlygyna aýratyn üns berip, bu meseläniň ähmiýetini we yslam ýurtlarynyň onuň çözülmegi üçin edýän tagallalaryny birleşdirmeginiň zerurdygyny belledi. Mundan başga-da, tehnologiýalaryň ösüşi ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlygyň uly ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine täze itergi berjekdigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen halkara ykdysady foruma gatnaşmagy hem hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biri-de halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Şolaryň arasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem bar.

Ýurdumyzyň bu gurama bilen gatnaşyklary syýasy, ykdysady, daşky gurşaw, ynsanperwer ugurlar boýunça ýyllyk meýilnamanyň esasynda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe teklipler beýan edildi. Şolaryň hatarynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň şu ýylyň 29-njy iýuny — 3-nji iýuly aralygynda Portugaliýa Respublikasynyň Porto şäherinde geçiriljek 32-nji her ýylky mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmek we bu çäräniň çäklerinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ugurdaş çäräni guramak; ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň direktorynyň çakylygyna laýyklykda, bu býuronyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek, onuň işi bilen tanyşmak, hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 9-njy iýunynda türkmen wekiliýetini Polşa Respublikasynyň Warşawa şäherine iş saparyna ibermek; 18-19-njy iýunda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde guraljak Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhet gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmek we çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň bu gurama bilen serhet howpsuzlygy boýunça alyp barýan işleriniň esasy ugurlaryny beýan etmek; 2025-nji ýylyň 27-28-nji maýynda Aşgabatda ÝHHG bilen bilelikde dawalaryň öňüni almak boýunça öňüni alyş diplomatiýasy hem-de BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibini durmuşa geçirmek, bu ugurda Howpsuzlyk geňeşiniň degişli Kararnamasyny ýerine ýetirmek boýunça sebitleýin maslahaty guramak baradaky teklipler bar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň halkara guramalar, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýändigini hem-de ýurdumyzyň bu düzüm bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmendemirýollary” agentliginiň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda demir ýol ulgamynyň ýük dolanyşygyny ösdürmek, üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi geografik taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik döredýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmaga we demir ýol ulgamynyň ýük dolanyşygyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanylan teklipleri makullady we agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaraly bellenilip geçiljekdigini aýtdy. “Bu baýramçylyk Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde biziň jebisligimizi we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary hem-de mähriban halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

17.05.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşdy

Aşgabat — Kazan, 16-njy maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady we şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek däp bolan dostlukly türkmen-rus dialogynyň aýrylmaz bölegidir. Doganlyk Tatarystan bilen köpýyllyk netijeli gatnaşyklar hem munuň aýdyň mysalydyr. Şol gatnaşyklar özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik ýörelgeleri esasynda guralýar. Dürli derejelerde yzygiderli geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny emele getirýär. Soňky ýyllarda köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklaryna hil taýdan täze itergi berildi. Özara gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmakda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki iş toparyna möhüm orun degişlidir. Onuň mejlislerinde hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri, gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmak boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşylýar, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de täze mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Kazana bu gezekki sapary hem RF-niň Tatarystan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy, umuman, Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolar. Ýurdumyzyň yslam dünýäsiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy-da okgunly ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji we 2024-nji ýyllarda hormatly myhman hökmünde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumlaryna gatnaşandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň wekiliýeti-de 2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli duşuşyga ençeme gezek gatnaşdy.

Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow, beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Bu ýerde Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, Gahryman Arkadagymyza duz-çörek, milli tatar tagamy çak-çak hödürlenildi we gül desseleri gowşuryldy. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumynyň geçirilýän ýeri bolan “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezine geldi hem-de forumyň “Sanly ulgam: täze ýagdaýlar we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikler” atly plenar mejlisine gatnaşdy.

Geçen ýyllaryň dowamynda bu giň gerimli forum özüni Russiýa Federasiýasynyň subýektleriniň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň açyk meýdançasy hökmünde görkezdi. Plenar mejlisiň açylyşynda Yslam banklarynyň we maliýe edaralarynyň baş geňeşiniň (CIBAFI) Baş sekretary Abdelila Belatik giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol belent mertebeli myhmanlary, wekiliýetleriň agzalaryny mübärekläp, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde şu duşuşygyň uly ähmiýetini belledi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumynyň guramaçylyk komitetiniň başlygy Marat Husnullin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň foruma gatnaşyjylara iberen Ýüzlenmesini okady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.

Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň başynda «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşyjylary mähirli mübärekledi we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa halkara ähmiýetli bu möhüm çärä gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki dünýä ösüşiniň esasy meýilleri, täze geoykdysady hakykatyň, ugurlaryň we görnüşleriň döredilmegi yslam dünýäsiniň öňünde birnäçe uly wezipeleri goýýar. Olary çözmek üçin düýpli oýlanmak zerurdyr. Käbir ýagdaýlarda bolsa onuň häzirki zaman ykdysady dünýä gurluşynda biziň ýurtlarymyzyň orny we mümkinçilikleri barada täzeden pikirlenmegi, ileri tutulýan ugurlary dogry saýlamagy, hakyky artykmaçlyklary doly ulanmagy, pugta amaly esasda mümkinçilikleri birleşdirmegi talap edýändigi aýdyňdyr. Gahryman Arkadagymyz şular barada aýtmak bilen, häzirki wagtda yslam dünýäsiniň ählumumy ykdysady ösüşde öňdebaryjylaryň biri hökmünde çykyş etmegi üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi. Biziň ýurtlarymyz demografiýa, tebigy serişdeler, geografik ýerleşiş ýaly ugurlarda ajaýyp görkezijilere eýedir. Tehnologik dereje gyşarnyksyz ösdürilýär. Maliýe we guramaçylyk mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar, ylym-bilim binýady berkidilýär. Bularyň ählisi dürli ugurlarda iri, ösüş maksatly taslamalary öňe sürmekde gowy şertler bolup durýar, ählumumy ykdysady we maýa goýum giňişliginde yslam dünýäsine degişli ýurtlaryň ornuny hem-de ähmiýetini artdyrýar.

Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlyga garaýşy energetika, ulag-logistika we tehnologik ugurlary ileri tutmaga esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz yslam döwletleriniň Ýewraziýanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna çenli yklymy baglanyşdyrýan bitewi energetika, ulag we tehnologik guşagyny döredip biljekdiklerini belledi. Hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi amala aşyrylan ýagdaýynda, energiýa serişdeleriniň, harytlaryň, hyzmatlaryň gysga ýol arkaly eltilmegi üpjün ediler. Şonuň netijesinde, uly giňişlikler, kuwwatly senagat we çig mal merkezleri birleşdiriler. Strategik babatda şeýle guşak ählumumy özara gatnaşyklaryň köprüsi bolup biler. Munuň bolsa haryt-nyrh syýasatyna, umuman, dünýä ykdysadyýetiniň ähli ýagdaýyna oňyn täsir edip biljekdigi gürrüňsizdir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz teklip eden «Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek» strategiýasyny iş ýüzünde işjeň ilerledýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Biziň ýurdumyzyň parahatçylyga, durmuş adalatlylygyna we gadymdan gelýän gymmatlyklara eýermegi şeýle döredijilikli usulyň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Munuň özi biziň üçin ahlak esaslarynyň özeni we daýanjydyr. Ol ykdysady we täjirçilik soraglarynda-da öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu babatda yslam dünýäsiniň hyzmatdaşlygyň netijeli, özüne çekiji nusgalaryny görkezip biljekdigine ynam bildirdi. Şu maksatlara ýetmek üçin yslam ýurtlarynyň ylalaşylan energetika syýasatyny alyp barmagy, halkara üstaşyr geçelgeleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy we ony ýeňilleşdirmek soraglaryny utgaşdyrmagy, logistika baglanyşygyny berkitmegi zerur bolup durýar. Şunda Milli Liderimiz Türkmenistanyň garaýşynyň hemişe deňhukukly gatnaşyklara hem-de ählumumy we sebit ýagdaýlaryna ähli gatnaşyjylaryň bähbitleriniň ykrar edilmegine esaslanýandygyny aýtdy. Hususan-da, biziň ýurdumyz hyzmatdaşlygyň syýasylaşdyrylmagyna, energetika, ulag akymlarynyň birtaraplaýyn çäklendirilmegine garşy berk çykyş edýär. Olaryň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň we giň halkara gatnaşyjylar üçin elýeterli bolmagynyň zerurdygynyň tarapdary bolup durýar.

Türkmenistan ählumumy we sebit derejesinde yzygiderli, durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda bilelikde işlemek üçin iň amatly şertleriň döredilmeginiň yslam dünýäsiniň örän möhüm wezipesi bolup durýandygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan yslam ýurtlarynyň bähbitleriniň utgaşykly bolmagyny, olaryň özara düşünişmegini gazanmak, ykdysady hyzmatdaşlygyň bähbitlidigine we geljeginiň uludygyna düşünmek üçin diplomatiýany gural hökmünde netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerinden ugur alýar diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Türkmenistan bu kadalary iş ýüzünde durmuşa geçirýär, ilkinji nobatda, olary Aziýada giň möçberli we uzak möhletleýin energetika, ulag hem-de üpjünçilik ulgamlaryna degişli taslamalary amala aşyranda ulanýar. Bu ýerde gürrüň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, Merkezi we Günorta Aziýany Ýakyn hem-de Uzak Gündogar bilen baglanyşdyrýan demir ýollar ýaly halkara ähmiýetli desgalaryň gurluşygy barada barýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu agzalan taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň energetika howpsuzlygynyň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigine, energiýa çig malynyň çeşmeleriniň köp ýurtlara elýeterli bolmagyny üpjün etjekdigine, şeýle hem esasy ulag ýollaryna çykmaga, dürli söwda we täjirçilik gatnaşyklaryny ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, köp durmuş soraglaryny çözmäge şert döretjekdigine ynam bildirdi. Bu bolsa, ahyrky netijede, syýasy ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga, töwekgelçiliklerdir howplaryň azalmagyna, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy we aç-açanlygy ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan hem ylalaşylan kadalarda we ölçeglerde işleýän, Ýewropa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerini birleşdirýän, Hazar we Gara deňizleriniň sebitleriniň çäklerinden geçýän Ýewraziýa multimodal ulag ugurlaryny durmuşa geçirmegiň üstünde netijeli iş alyp barýar. Munuň özi guramaçylyk, hukuk, ykdysady, maliýe hem-de tehnologik soraglaryň toplumyny çözmekde ulgamlaýyn işleri talap edýär. Elbetde, bu tagallalar düýpli syýasy-diplomatik goldawy, Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde çözgütleriň goldanylmagyny we kabul edilmegini talap edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda yslam ýurtlarynyň raýdaşlyk ornunyň möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz yslam maliýe we ykdysady institutlaryna, maýa goýum gaznalaryna ýurtlarymyzyň gatnaşýan halkara ykdysady taslamalaryna iş ýüzünde giňden ýardam bermegi, şeýle hem BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň derejesinde kabul edilýän strategik çözgütleri amala aşyrmaga gatnaşmagy teklip etdi.

Azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi-de hyzmatdaşlygymyzyň wajyp ugry hasap edýäris. Bu wezipe häzir Ýer ýüzüniň birnäçe sebitinde bolup geçýän, ýeňil bolmadyk geosyýasy we ykdysady ýagdaýlarda aýratyn möhümdir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmenistan Azyk howpsuzlygy boýunça yslam guramasyna gatnaşyjy ýurt hökmünde ylalaşylan syýasatyň alnyp barylmagy ugrunda çykyş edýär. Şeýle hem dürli sebäplere görä, azyk önümleriniň we durmuşda zerur bolan beýleki harytlaryň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolan yslam ýurtlarynyň bähbitlerini goramagyň tarapdary bolup durýar. Biziň ýurdumyz bu kadalary iş ýüzünde amala aşyrýar. Hususan-da, Türkmenistan owgan halkyna raýdaşlyk bildirip, köp ýyllaryň dowamynda azyk önümlerini, çaga iýmitini, ýyly egin-eşikleri, derman serişdelerini, hususy arassaçylyk serişdelerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde doganlyk goňşy ýurda iberýär. Biz bu işlerimizi geljekde hem dowam etdireris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüniň üstüni ýetirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň ýene-de bir möhüm ugry bolup durýar. Biziň ýurtlarymyz, aýratyn-da, soňky ýyllarda ýokary tehnologiýalar, innowasion işläp taýýarlamalar, emeli aň ulgamynda uly tejribe topladylar. Bu mümkinçilikler dünýä hojalyk gatnaşyklaryna doly deňhukukly goşulmak üçin ösüşiň öňdebaryjy orunlaryna çykmakda yslam dünýäsiniň döwletleriniň umumy tagallalarynda ulanylyp bilner we ulanylar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz döwletlerimiziň tehnologik kooperasiýalarynyň ugurlaryny, tejribe alyşmagy, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy, bilelikdäki köpugurly innowasion maksatnamalary we tejribe ähmiýetli düýpli barlaglaryň taslamalaryny işe girizmegi ulgamlaýyn, yzygiderli esasda ýola goýmagynyň maksadalaýyk hasaplanýandygyna ünsi çekdi.

Kazanda bolmak bilen, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň doganlyk Tatarystan Respublikasynyň hyzmatdaşlygynda ýetilen sepgitleri we bitirilen hyzmatlary aýratyn bellemek isleýärin. Tatarystanly kärdeşlerimiz bilen gatnaşyklar biziň ýurdumyzyň Russiýa, onuň sebitleri bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekde netijeli hyzmatdaşlygyň nusgalyk mysaly bolup durýar diýip, Milli Liderimiz aýtdy. Şunda Tatarystan kuwwatly tehnologik, serişde we senagat mümkinçilikleri babatda hem, Türkmenistan bilen taryhy gatnaşyklary babatda hem aýratyn orny eýeleýär.

Biziň ýurdumyz Tatarystan Respublikasy bilen energetika pudagynda, senagat, ulag, söwda we beýleki birnäçe ugurlar boýunça bilelikdäki işleri alyp barýar. Gahryman Arkadagymyz bu babatda Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylary we Hökümeti tarapyndan berilýän goldawy aýratyn belläp, şeýle garaýyş üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň uzak möhletleýin, düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigine ynam bildirdi. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ruhuna, mazmunyna doly laýyk gelýär.

Elbetde, yslam ýurtlarynyň we Russiýanyň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi, ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy berkitmekde Tatarystan Respublikasynyň, hut hormatly Baştutan Rustam Nurgaliýewiç Minnihanowyň netijeli we döredijilikli ornuny bellemegi wajyp hasaplaýaryn. Bu möhüm wezipe Tatarystan Respublikasynyň hem-de onuň ýolbaşçylarynyň diňe bir yslam döwletlerinde däl, eýsem, bütin dünýäde-de uly abraý gazanandygyny görkezdi diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. Çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz yslam dünýäsiniň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň onuň ähli halklary bilen doganlyk, raýdaşlyk we hormat goýmak gatnaşyklaryna düýpli eýerýändigini, bu gatnaşyklary ösdürmäge hem-de berkitmäge, biziň ýurtlarymyzyň parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş bilen bagly işlerine öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy uly gyzyklanma we üns bilen diňlenildi.

Soňra Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim çykyş edip, Kazanda geçýän forumyň ähmiýetini nygtady. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýan eden, ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky mümkinçilikleri, häzirki wagtda aýratyn ähmiýete eýe bolan innowasion işläp taýýarlamalary, emeli aňy ulanmaga degişli teklipleriniň derwaýysdygy bellenildi.

Soňra Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow ýygnananlara ýüzlendi. Ol Gahryman Arkadagymyza çuň manyly çykyşy we umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbidine döwletara gatnaşyklary okgunly ilerletmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

“Kazan EKSPO” halkara sergi merkezinden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Kazan Kremline tarap ugrady. Bu taryhy-binagärlik toplumynyň çäginde Tatarystanyň Baştutanynyň resmi kabulhanasy ýerleşýär.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň duşuşygy boldy.

R.Minnihanow Milli Liderimizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, belent mertebeli myhmana “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Kazana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça beýan eden başlangyçlary üçin hoşallyk bildirdi.

Tatarystanyň Baştutany Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini aýdyp, netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň uly goşandyny aýratyn belledi. Mümkinçilikden peýdalanyp, R.Minnihanow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi we ýurdumyzyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Tatarystanyň Baştutany bilen Kazanda duşuşýandygyna örän şatdygyny belledi hem-de oňa hormatly Prezidentimiziň mähirli salamyny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmaga çakylygy üçin hoşallygyny bildirip, meýilleşdirilen ähli çäreleriň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, her ýyl Kazanda şeýle möhüm ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi Tatarystanyň ýokary abraýyna hem-de oňa uly halkara gyzyklanmanyň bildirilýändigine şaýatlyk edýär. Bu çäreler Russiýa Federasiýasynyň yslam dünýäsiniň ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu saparynyň we dürli meýdançalarda geçiriljek duşuşyklaryň türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, halklarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň däp-dessurlaryň, dilleriň meňzeşligine, medeniýetleriň umumylygyna, özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýandygy nygtaldy. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň şu ýyl Türkmenistana amala aşyran saparynyň ähmiýetine üns çekildi. Saparyň barşynda onuň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşyklary boldy. Şunda duşuşyklaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň türkmen-tatar gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň we Tatarystanyň söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda nebitgaz pudagynda, gämi gurluşygynda, awiasiýa, awtomobil ýük daşaýjy tehnikalaryň iberilmeginde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, işlerinde üstünlikleri, doganlyk halklarymyza bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormatyna Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň adyndan günortanlyk nahar berildi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz we Tatarystanyň Baştutany hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew söhbetdeş boldular. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi hem-de onuň kuwwatynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýändigi aýdyldy. Şunda Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklarynyň umumy abadançylygynyň bähbidine laýyk gelýän gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Kazanyň iň meşhur teatrlarynyň biri bolan Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatryna baryp gördüler. Teatryň şu ýyl açylan täze binasynda we içki bezeglerinde tatar halkynyň medeni däpleri bilen binagärligiň häzirki zaman meýilleri sazlaşykly utgaşdyrylypdyr. Milli Liderimiz we Tatarystanyň Baştutany bu ýerde teatr zallarynyň enjamlaşdyrylyşy, döredijilik toparynyň netijeli işlemegi hem-de tomaşaçylar üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilelikde Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline ugradylar.

Gahryman Arkadagymyz we Rustam Minnihanow Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň däp bolan dostlukly, köpugurly, netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklap, mähirli hoşlaşdylar we iki doganlyk halka iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri uçarda Watanymyza ugrady.

* * *

“Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumynyň çäklerinde “Kazan EKSPO halkara sergi merkezinde “Russia Halal EXPO 2025” halkara sergisi geçirilýär. Oňa Türkmenistan hem gatnaşýar. Serginiň maksady halal ulgamyny wagyz etmekden we onuň mümkinçiliklerini görkezmekden, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda, ykdysady, durmuş-medeni gatnaşyklary ýola goýmakdan, önüm öndürijilere öz önümlerini görkezmek, täze bazarlara çykarmak üçin mümkinçilikleri hödürlemekden ybaratdyr. Bu giň gerimli maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň sergisi häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljegi nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, foruma gatnaşyjylaryň arasynda netijeli dialogy ösdürmek, işewürlik gatnaşyklaryny höweslendirmek, işewürlik duşuşyklarynydyr gepleşikleri geçirmek, dürli ulgamlarda özara tejribe alyşmak üçin açyk meýdança bolup hyzmat edýär.

30 müň inedördül metr meýdanda Russiýa Federasiýasynyň subýektlerine we sebitlerine, daşary ýurtlara, wekilçilik edýän döwlet we işewürlik düzümleriniň pawilýonlary, şol sanda Türkmenistanyň hem milli pawilýony ýerleşýär. Bu ýerde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň gazananlary we önümleri, şol sanda azyk harytlarynyň önümçiligi, oba hojalygy, senagat pudagy, hususan-da, ugurdaş enjamlaryň, gurluşyk we timarlaýyş serişdeleriniň, mebelleriň, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligidir hyzmatlar ulgamy, innowasion tehnologiýalar, maliýe hem-de maýa goýum mümkinçilikleri görkezilýär. Şunuň bilen bir hatarda, sergi ulag-kommunikasiýa, saglygy goraýyş, bilim-ylym, syýahatçylyk, sport ýaly ulgamlarda öňdebaryjy işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga şert döredýär.

Ýurdumyzyň bu iri gözden geçirilişe gatnaşmagy diňe bir Russiýanyň iri sebitleri we beýleki sergä gatnaşýan döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi bermän, eýsem, Türkmenistanyň dünýäniň halal bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, maýa goýum gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge-de ýardam eder. Türkmenistanyň milli pawilýony ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ählisinde, şol sanda hususy pudakda gazanylýan üstünlikler, uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan kuwwat bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Döwrebap bazar gatnaşyklary esasynda ösdürilýän ýokary netijeli, köpugurly ykdysadyýeti kemala getirmek, senagatlaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek bilen bagly wezipeleri çözmek, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýanyň esasy maksadydyr. Toplumlaýyn özgertmeler Watanymyzy okgunly ösdürmäge, öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary, ýokary tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Şunda hususy pudagy goldamaga uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda bu ulgamyň wekilleri dürli pudaklarda netijeli işleýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan işewür düzümleriň netijeli işlemegi içerki bazarda haryt bolçulygyny üpjün etmäge, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, eksport ugurlaryny giňeltmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda “Türkmenistanda öndürildi” haryt nyşanly önümler daşary ýurtlarda uly meşhurlyga eýedir.

Ýurdumyzyň pawilýonynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, azyk, dokma senagatynyň önümleri, gurluşyk, timarlaýyş serişdeleri görkezilýär. Bu ýerde aýakgaplaryň, gön önümleriniň, beýleki senagat harytlarynyň nusgalary-da goýlupdyr. Önümçiligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy hem-de sanly ulgama geçilmegi esasynda, ýurdumyzyň elektron senagaty okgunly ösýär. Sergide bu ulgamyň gazananlary elektron enjamlaryň dürli görnüşleri, kompýuter tehnikalarynyň nusgalary arkaly giňden beýan edilýär. Şeýle hem ulag-kommunikasiýa pudagy öz mümkinçiliklerini görkezýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheri ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň, ylmy-tehniki gazananlarynyň iş ýüzünde giňden ulanylýandygynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Türkmenistanyň pawilýonynda halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan milli sungatyň däp bolan görnüşleriniň önümleri hem görkezilýär. Şolaryň hatarynda meşhur türkmen halylary, ajaýyp şaý-sepler bar. Zehinli türkmen halyçylarynyň, zergärleriniň döreden bu eserleri gözelligi, inçeligi bilen tutuş dünýäde meşhurdyr. Şeýle hem bu ýerde milli saz gurallary görkezilýär. Sergi bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň baý taryhyna, medeniýetine, Watanymyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine bagyşlanan kitaplary-da aýratyn orun eýeleýär.

Şeýlelikde, halkara ykdysady foruma we “Russia Halal EXPO” sergisine gatnaşýan döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwaty bilen ýakyndan tanyşmaga, türkmen kärdeşleri bilen özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik alýarlar. Türkmenistanyň bu ýerdäki pawilýonynyň sergä gelen köp sanly myhmanlarda uly gyzyklanma döredendigini bellemek gerek.

Halkymyzyň asylly däplerine görä, myhmanlara şu ýyl zähmetsöýer ekerançylarymyz tarapyndan ýetişdirilen ilkinji hasylyň naz-nygmatlary hödür edildi. Myhmanlar datly miweleriň, gök-bakja ekinleriniň önümleriniň süýji tagamyna mynasyp baha berdiler. Sergä gelenleriň arasynda Kazanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary-da bar. Elbetde, sahawatly türkmen topragynda ýetişdirilen ir-iýmişlerden dadyp görmek mümkinçiligi ýaş watandaşlarymyzda uly kanagatlanma duýgusyny döretdi.

Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň sergi bölüminiň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler. Bu iri gözden geçiriliş ýurdumyzyň gazanýan uly üstünliklerini görkezýär hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

17.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 12-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen bir hatarda, tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri-de alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri dowam edýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde taýýarlanylan piläni kabul ediş nokatlaryna tabşyrmak işine guramaçylykly girişildi. Şeýle-de häkim Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin işlerde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň oba hojalygyny netijeli alyp barmagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almaga, ony talabalaýyk saklamaga taýýarlyk görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi, otag etmek we ýekelemek işleri ýerine ýetirilýär. Bu agrotehniki çärelerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Şunuň bilen birlikde, ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň, bu işlerde kuwwatly tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak hem-de talabalaýyk saklamak boýunça taýýarlyk işleri dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatda şaly ekişi guramaçylykly dowam edip, ekiş geçiriljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş we suw tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Pile boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatda medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek babatda-da degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta we bugdaý ýaly aýratyn ünsi talap edýän ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Ýetişdirilen tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak we talabalaýyk saklamak üçin ýöriteleşdirilen galla kabul ediş nokatlary möwsüme doly taýýar edildi. Şunuň bilen birlikde, galla oragynda ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda kadaly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Sebitde ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, meýilnama esasynda taýýarlyk işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýa we gowaça ideg etmek işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Şeýle hem welaýatda ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, hususan-da, gowaça we bugdaý ekilen meýdanlarda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň, bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmeginiň möhümdigini belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnap almak we talabalaýyk saklamak boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edýär. Bu işler bilen bir hatarda, pile möwsüminiň çäklerinde Balkan we Daşoguz welaýatlarynda ýüpek gurçugyna ideg etmek, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda bolsa ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, ýangyna garşy gorag zolaklaryny döretmek boýunça arassaçylyk, sürüm işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny, gaýtadan işleýän senagaty çig mal bilen üpjün edýän oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we pudagy durnukly ösdürmegiň, önümçilige täze tehnologiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek üçin zerur çäreleri görmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, tohumlyk bugdaý hasylyny talabalaýyk ýygnap almak, daşamak hem-de saklamak işlerine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynda şaly ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň, welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, pile taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gazanmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz howanyň gyzmagy bilen baglylykda, tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy, welaýatlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

13.05.2025