Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi

Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

BMG-niň senenamasynda bu senäniň peýda bolmagy milli Liderimiziň bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge milli, sebit hem-de ählumumy möçberde jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge goşýan ägirt uly goşandynyň ýokary bahasynyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ekologiýa meselesi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Ykdysady we durmuş strategiýasy hem ekologiýa bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň we pudaklaýyn maksatnamalaryň, iri düzümleýin taslamalaryň aýrylmaz bölegidir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk we sport, ekologiýa abadançylygy hem-de durnukly ösüş biri-biri bilen berk baglanyşykly düşünjelerdir. Jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş, daşky gurşawa aýawly garamak ýörelgelerini pugtalandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm başlangyçlaryň birnäçesiniň we şonuň bilen birlikde, peýdaly däpleriň, şol sanda watandaşlarymyzyň müňlerçesini — ähli ýaşdaky we hünärdäki wekilleri birleşdirýän welosipedli ýörişleri yzygiderli geçirmek däbiniň başyny başlady. Golaýda Bütindünýä saglyk güni hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen sport çäreleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ine, şu gün hem milli Liderimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.

Daň säherde welosipedli ýörişiň badalga alýan ýerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem milli parlamentiň iki palatasynyň wekilleri, talyp ýaşlar, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri ýygnandylar. Welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň arasynda döwlet Baştutanymyzyň sowgat beren welosipedlerine erk edýän Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler hem bar. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.

Sungat ussatlarynyň çykyşlary baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýdy. Ýaňlanan aýdymlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hem-de milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzyň gazanan üstünlikleri, şol sanda sport ulgamynda ýeten belent sepgitleri wasp edildi.

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre hemmeler paýtagtymyzyň şaýollary boýunça agzybirlik bilen herekete başladylar.

Welosipedli ýörişiň dowamynda milli Liderimiz ýolugra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa şäheriň ekologiýasyny gowulandyrmaga hem-de bagy-bossanlyga öwürmäge, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleri bolan seýilgähleri, seýilbaglary kadaly ýagdaýda saklamaga, şäherlileriň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi hem-de paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygyny mundan beýläk-de üpjün etmek bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, hemişekisi ýaly, ajaýyp fiziki taýýarlygyny hem-de ýokary sport ussatlygyny görkezdi. Milli Liderimiz işiniň örän köpdügine garamazdan, ýetginjeklik ýyllaryndan berkarar bolan ýörelgelerine eýermek bilen, bedenterbiýe hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga hemişe uly üns berýär.

Sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesiniň adamlara öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge hem-de durmuşa geçirmäge ýardam edýändigi şübhesizdir. Yzygiderli geçirilýän türgenleşiklerdir sport maşklary adamyň saglygyna we özüni duýşuna oňyn täsir edýär. Kesellere garşy durnuklylygy pugtalandyrýar, häsiýetiňi taplaýar, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, özüňe bolan ynamy berkitmek ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Milli Liderimiz munuň şeýledigini özüniň şahsy göreldesi bilen tassyklap, watandaşlarymyzy, aýratyn hem ýaşlarymyzy beýik maksatlara ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan öňdengörüjilikli döwlet strategiýasynyň netijesinde häzirki wagtda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi Türkmenistanda giň gerime eýe boldy. Welosiped sporty bilen meşgullanýan türkmenistanlylaryň sany ýylsaýyn artýar. Sportuň bu görnüşi, sözüň doly manysynda, ýurdumyzda täze galkynyşa eýe boldy.

Mundan başga-da, welosiped ulagyň ekologiýa taýdan örän arassa görnüşidir. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz daşky gurşawa aýawly garamagyň, amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamagyň wajypdygyny hemişe nygtaýar. Welosiped sürmek ruhuňy belende galdyrýar, şeýle hem mähriban ülkämiz boýunça gyzykly gezelençleri amala aşyrmaga, tebigatyň ajaýyp künjeklerine baryp görmäge mümkinçilik berýär.

Galyberse-de, welosipedli gezelençler tutuş maşgala üçin boş wagtyňy netijeli geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Welosipedde gezelenç etmek bedene kadaly agram salýar. Munuň özi bolsa adamyň bedeniniň möwsümleýin sowuklama we beýleki kesellere üstünlikli garşy durmagyny üpjün edýär. Lukman hünärmenleriň pikirine görä, welosiped netijeli kardiotrenažýordyr. Welosiped sürmek ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ep-esli azaldýar hem-de dem alyş ulgamyna oňyn täsir edip, öýkeniň kadaly işlemegine ýardam berýär.

Welosipedçiler myşsalaryny türgenleşdirip, bedeniň ganaýlanyşyny gowulandyrýarlar, aýaklaryň aýlawly hereketleri ganyň damarlarda durup galmagyna mümkinçilik bermeýär. Welosipedde gezelenç etmek göz myşsalaryny türgenleşdirmek babatda hem peýdalydyr. Welosipedçi hemişe öňe seredip, ýola üns bermeli bolýar, nazaryny bir zatdan beýleki bir zada geçirýär. Şeýle maşk şowalygyň ösmegini peseldýär.

Welosiped sporty kaloriýalary sarp etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Şunda bedene zor salmak zerur däldir. Yzygiderli türgenleşikler bedende madda çalşygyny gowulandyrýar we agramyňa gözegçilik etmäge kömek berýär.

Ylmy barlagyň görkezişi ýaly, welosiped sürlende edilýän sazlaşykly hereketler we kadaly dem alyş ýadawlygy çykarmagyň ajaýyp usulydyr. Welosipedli gezelenjiň ugry täsin we ajaýyp künjeklerden geçýän bolsa, ol şähdiňi açýar.

Şeýlelikde, welosiped sporty bilen meşgullanmak hem-de welosipedli gezelençler saglyk üçin peýdaly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tebigatyň gözelliklerine we ajaýyplyklaryna syn etmäge mümkinçilik berýär. Halkara pikir alyşmalaryň netijesinde welosipediň adamzadyň iň ajaýyp oýlap tapyşlarynyň biri hökmünde ykrar edilendigi tötänden däldir. Arassa howada, aýratyn hem säher çagynda gezelenç etmek goşmaça güýç-gaýrat, ylham berýär.

2018-nji ýylda BMG-niň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmegi bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjynyň örän wajypdygyna hem-de möhüm ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatgyrynda gurlan hem-de Aşgabadyň özboluşly ajaýyplygyna öwrülen Welosiped binasy bu baýramçylygyň aýdyň nyşany boldy. Bu täsin binada mähriban halkymyzyň baý taryhy we onuň täze eýýamda gazanýan uly üstünlikleri, Watanymyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginiň ähmiýeti, sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýetilen belent sepgitler öz beýanyny tapdy.

Köpöwüşginli sport lybasyndaky welosipedçileriň hatary Aşgabadyň giň şaýollary boýunça hereketini dowam etdi. Bu ýollaryň ugrunda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan ajaýyp binalar peýda boldy. Paýtagtymyzyň giň we ýagty şaýollary, täsin ýaşyl zolaklardyr seýilgähler, gül aýmançalary, özboluşly suw çüwdürimleri gözüňi dokundyrýar.

“Aziýanyň merjeni” diýlip atlandyrylýan, dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilen türkmen paýtagtynyň ajaýyp binagärlik toplumlarynyň üsti şu ýyl täze ak mermerli desgalar bilen ýetirildi. Ýene birnäçe ýyldan onuň demirgazyk böleginde “şäher içindäki şäher” ýörelgesi boýunça taslanan köpugurly “Aşgabat-siti” toplumy peýda bolar.

Onuň düzümi özüne durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 200-den gowragyny birleşdirer. Milli Liderimiziň başyny başlan bu ägirt uly taslamanyň esasy maksady nusgalyk “Smart sitini” kemala getirmekden ybaratdyr. Şol ýerde öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasiýalar raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga hyzmat eder.

Baýramçylyk welosipedli ýörişiň geçýän ugrundaky ajaýyp görnüşler oňa gatnaşyjylarda paýtagtymyzda hem-de tutuş ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmelere özleriniň hem dahyllydyklary baradaky duýgyny has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň işjeň syýasy, işewür medeni we jemgyýetçilik merkezi bolan Aşgabat soňky ýyllarda iri sport merkezine hem öwrüldi. Sporty ösdürmek ulgamynda täzeçillik strategiýasynyň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň baş şäherinde kuwwatly we döwrebap, köpugurly düzüm kemala geldi.

Paýtagtymyzda täsin Olimpiýa şäherçesi guruldy we üstünlikli hereket edýär. Ol sebit hem-de dünýä derejesindäki abraýly ýaryşlaryň geçirilýän ýerine, ýurdumyzyň türgenlerini halkara bäsleşiklere taýýarlamak üçin esasy merkeze öwrüldi. Onuň düzümine üsti ýapyk Welotrek sport tiplumy hem girýär. Bu desga ähli görkezijilere, şol sanda tehniki üpjünçiligi babatda şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. Onuň münberleri 6 müň tomaşaça niýetlenendir. Bu ýerde göz öňünde tutulan şertler halkara ýaryşlary, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. 2017-nji ýylda bu toplumda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen welotrek boýunça ýaryşlar geçirildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda welosiped sportuny wagyz etmek hem-de ony dünýä derejesine çykarmakdaky hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) ýokary sylagy bilen sylaglanandygy bellärliklidir. Bu sylag aýratyn tapawutlanan şahsyýetlere gowşurylýar.

2018-nji ýylda köpugurly “Aşgabat” stadionynda welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň geçirilendigini ýatlatmalydyrys. Şol sapaga 3 müň 246 adam gatnaşdy. Şondan bir ýyl geçenden soň, Olimpiýa şäherçesinde “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş” geçirildi. Oňa welosipedçileriň 2019-sy gatnaşdy. Bu çäreleriň ikisi hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bularyň ählisi sport döwleti hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, döwrebap sport desgalarynyň ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlandygyny we ulanylmaga berlendigini bellemelidiris. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanda bu ulgamy okgunly ösdürmäge, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga gönükdirilen degişli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy hem-de kabul edildi, bu babatda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar.

Saglygyňy berkitmegiň, adamyň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmagyň iň gowy serişdesi hökmünde döwlet Baştutanymyzyň bedenterbiýä we sporta garaýşy durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar. Bu syýasatyň esasy maksady türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleri üpjün etmekden, sagdyn we ruhubelent nesli terbiýelemekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, ilkinji nobatda, öz göreldesi bilen sporta örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezip, yzygiderli welosipedli ýa-da atly gezelençleri amala aşyrýar, sport toplumlaryna baryp, türgenleşikleri geçýär hem-de awtomobil sporty bilen meşgullanýar. Döwlet Baştutanymyz awtomobil sportunda-da hem ýokary ussatlyga eýe boldy. Milli Liderimiziň köpçülikleýin sport çärelerine gatnaşmagy diňe bir şol wakalaryň däl, eýsem, saglygy goramak we berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly ähli taslamalaryň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.

Welosiped sporty barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanda sportuň bu görnüşini giňden wagyz etmek boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreleriň anyk netijeleri berýändigini bellemelidiris. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki ilatly ýerlerinde sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sany barha artýar. Ilatyň dürli ýaşdaky wekilleriniň örän köp sanlysy welosiped sporty bilen işjeň meşgullanýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, howa şertleri hem-de bar bolan düzümler tutuş ýylyň dowamynda ýurdumyzda welosiped sporty boýunça ýaryşlary we türgenleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alşylmagy sportuň bu görnüşini mundan beýläk-de höweslendirmäge hem-de ösdürmäge ýardam eder.

Welosipedçileriň hatary gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen haýran galdyrýan paýtagtymyzyň merkezine tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet binasynyň ýanyna gelip, welosipedli ýörişi tamamlady. Milli Liderimiz bellenen ýoly ussatlyk bilen geçip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň saglyk hem-de hemmetaraplaýyn kämilleşmek üçin uly ähmiýete eýedigini ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar hereketini dowam edip, Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşen “Ak şäherim Aşgabat” binasyna tarap ugradylar. Bütindünýä welosiped gününe gabatlanylyp geçirilen şu gezekki welosipedli ýöriş şol ýerde tamamlandy.

Bu köpçülikleýin sport çäresi Türkmenistanda welosiped sportunyň meşhurlygynyň barha artýandygyny hem-de ulagyň elýeterli we ekologiýa taýdan arassa görnüşi hökmünde welosipediň artykmaçlyklaryny nobatdaky gezek tassyklady. Şonuň bilen birlikde, geçirilen baýramçylyk welosipedli ýörişi jemgyýetimiziň jebisliginiň, türkmenistanlylaryň milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasynda goýlan ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarlydygynyň ýene-de bir aýdyň beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz täze döredijilikli maksatlara hem-de belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýar.

* * *

Şu gün Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýörişler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ähli oňaýly şertleriň döredilmegi netijesinde, sagdyn we işjeň durmuş kadalary Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň esasy ýörelgesine öwrülip, ähli ýaşdaky adamlary bir maksadyň töwereginde jemledi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30605?type=feed

04.06.2021
Aşgabat şäheriniň hormatly ýaşaýjylary we myhmanlary!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda toýlar toýlara ulaşýar. Häzirki wagtda barha ösýän we özgerýän paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlyk görmek we ony dabaraly belläp geçmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagy we täze ekologik garaýyşlaryň kemala gelmegi, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy üçin yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin çäreler öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülýär.

Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda baş şäherimizde ekologik abadançylyga ýardam berýän awtoulagsyz günler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 10 — 25-nji maýy günlerinde paýtagtymyzda hereket edýän şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi awtoulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler.

Geçirilmegi däbe öwrülen bu çäre adam üçin zerur bolan iň oňat howa gurşawyny emele getirmäge, ekologik abadançylygyň ýokary derejesini, arassaçylyk kadalaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny bu ekologik çärä işjeň gatnaşmaga çagyrýarys. Paýtagtymyzyň abadançylygyna goşant goşmak biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28197

10.05.2021
Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow hakynda ýatlama ýüreklerimizde hemişelik saklanar

18-nji aprelde – mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi.

Tutuş halkymyz, aýratyn-da ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrülen Mälikguly Berdimuhamedow 1932-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gökdepe etrabynyň 1-nji Birleşik obasynda doguldy.

Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Ol şu obadaky mekdebiň soňky ýyllarynda okaýan döwründe kakasynyň hünärini dowam edip, 1950-nji ýyldan başlap mekdepde ilki kitaphanaçy, soňra başlangyç synp mugallymy bolup işleýär.

Ol 1952-nji ýylda harby gulluga çagyrylýar. Gulluk döwründe Mälikguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Çyrçyk şäherindäki kiçi serkerdeleri taýýarlaýan mekdepde okap, 1954-nji ýylda kiçi leýtenant çini bilen Gyrgyzystanyň Oş şäherinde ýerleşýän Dag atyjylyk harby bölüminde gulluk edýär.

1956-njy ýylda Mälikguly Berdimuhamedow Babarap obasynda mekdepde işleýär. 1958-nji ýylyň iýun aýyndan 1982-nji ýyla çenli ol Içeri işler ministrliginde dürli wezipelerde gulluk edýär.

Toplanan tejribe oňa öz işini dürs guramaga, IIM-niň bölümleriniň şahsy düzümleriniň arasynda syýasy-terbiýeçilik, wagyz-nesihat işlerini geçirmäge, işgärleriň tertibini we jogapkärçiligini pugtalandyrmak işine goldaw bermäge ýardam edýär. Ol bu işleri gulluk borjy hökmünde däl-de, eýsem jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda ýerine ýetirýär.

Mälikguly Berdimuhamedow IIM-niň Daşoguz, Mary we Aşgabat şäher bölümlerinde toparyň serkerdesi, otrýadyň başlygy, nobatçylyk bölüminiň we işgärler bölüminiň ýolbaşçysy, ştabyň başlygy wezipelerinde işleýär.

1982-nji ýylda podpolkownik harby derejesi bilen hormatly dynç alşa çykansoň, ol köp ýyllaryň dowamynda ýaşlara bilim-terbiýe bermek işinde zähmet çekýär. Häzirki Milli bilim institutynda, Pedagogik ylymlaryň ylmy-barlag institutynda, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginde we beýleki ugurlarda zähmet çekip, örän döredijilikli we kesgitlenen wezipäni birkemsiz ýerine ýetirýän işgär hökmünde ykrar edildi.

2012-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen paýtagtymyzdaky 1001-nji harby bölüme bu ugurda nusgalyk işleri bitiren we görelde mekdebine öwrülen Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. 2020-nji ýylyň noýabr aýynda bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaý toplumyna Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Munuň özi manyly ömrüni il-halkyna, mähriban Watanyna bagyş eden beýik ynsana bildirilen hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow hakyndaky ýatlamalar biziň kalplarymyzda ebedilik saklanar. Merhumyň jaýy jennet bolsun, Allatagala oňa iman baýlygyny bersin.


https://metbugat.gov.tm/blog?id=2559

20.04.2021
Mälikguly Berdimuhamedow (1932 — 2021)

18-nji aprelde mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi.

Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly aga watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Onuň durmuşy tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.

Mälikguly Berdimuhamedow 1932-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gökdepe etrabynyň 1-nji Birleşik obasynda doguldy.

Ol şu obadaky mekdebiň soňky ýyllarynda okaýan döwründe kakasynyň hünärini dowam edip, 1950-nji ýyldan başlap, mekdepde ilki kitaphanaçy, soňra başlangyç synp mugallymy bolup işleýär.

Urşuň gazaply ýyllarynda kakasyny fronta ugradan Mälikguly şol döwürde halkyň ruhuny götermek maksady bilen goşgy ýazýar. Ol on iki ýaşyndaka «Ýeňiş biziňki bolar» atly goşgyny döredýär. Soňra ol «Uruş bolmasyn!», «Ýaşasyn», «Köp ekeliň dänäni!» ýaly goşgulary ýazýar. “Köp ekeliň dänäni!” atly goşgusy 1944-nji ýylda şol wagtky Kirow etrabynyň «Ýagty ýol» gazetinde çap edilýär. Şeýle hem Mälikguly Berdimuhamedow «Är ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär» ýaly goşgulary döredýär.

Adamyň başyna düşen kynçylyklar ony gahrymana öwürýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň mähriban kakasynyň başyna düşen şol agyr ýyllardaky kynçylyklar, onuň uly hyzmatlary, gaýduwsyzlygy belent gahrymançylykdyr. «Şeýle agyr şatylara merdi-merdanalyk bilen döz gelip, oba adamlaryna goldaw-hemaýat beren, beýik gahrymançylyk görkezen kakama men çäksiz guwanýaryn, buýsanýaryn» diýip, milli Liderimiz belleýär.

Mälikguly Berdimuhamedow öz obasyndaky mekdebi tamamlandan soň, etrapdaky 7-nji mekdepde türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça sapak berýär.

Ol 1952-nji ýylda harby gulluga çagyrylýar. Gulluk döwründe Mälikguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Çyrçyk şäherindäki kiçi serkerdeleri taýýarlaýan mekdepde okap, 1954-nji ýylda kiçi leýtenant çini bilen Gyrgyzystanyň Oş şäherinde ýerleşýän Dag atyjylyk harby bölüminde wzwod serkerdesi bolup gulluk edýär.

Bu harby bölüm ýapylandan soň, ol Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky 13-nji mekdepde ýaşlara bedenterbiýe we harby taýýarlyk boýunça sapak berýär.

Şondan bir ýyl geçenden soň, Mälikguly Berdimuhamedow Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap geňeşinde mekdep okuwçylary bilen iş alyp barýan bölümiň müdiri wezipesinde işleýär.

1956-njy ýylda Mälikguly Berdimuhamedow Babarap obasynda mekdepde işleýär.

1958-nji ýylyň iýun aýyndan Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuşynyň täze tapgyry başlanýar. Şu döwürden 1982-nji ýyla çenli ol Içeri işler ministrliginiň goşunlarynda we edaralarynda dürli wezipelerde gulluk edýär.

1959-njy ýylda Mälikguly Berdimuhamedow Russiýanyň Rýazan şäherinde harby kämilleşdiriş okuwyny geçýär.

1966-njy ýylda bolsa Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh-hukuk bölümini tamamlaýar.

1968-nji ýylda Orjonikidze şäherindäki harby uçilişşäniň doly kursuny tamamlap, motoatyjylyk goşunlarynyň serkerdesi hünärine eýe bolýar. Şeýle hem 1969-njy ýylda paýtagtymyzdaky Serkerdeler öýüniň Aşgabat garnizonynyň ýanyndaky ýörite okuw mekdebiniň umumy bölüminiň okuwyny geçýär. Alnan bilimler oňa öz işini dürs guramaga, Içeri işler ministrliginiň bölümleriniň şahsy düzümleriniň arasynda syýasy-terbiýeçilik, wagyz-nesihat işlerini geçirmäge, işgärleriň tertibini we jogapkärçiligini pugtalandyrmak işine goldaw bermäge ýardam edýär. Ol bu işleri gulluk borjy hökmünde däl-de, eýsem, jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda ýerine ýetirýär.

1976-njy ýylda syýasy edaralaryň başlygy maksatnamasy boýunça Kiýewdäki ýokary mekdepde okap, hünärini ýokarlandyrdy.

Mälikguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Daşoguz, Mary we Aşgabat şäher bölümlerinde toparyň serkerdesi, otrýadyň başlygy, nobatçylyk bölüminiň we işgärler bölüminiň ýolbaşçysy, ştabyň başlygy wezipelerinde işleýär. Mälikguly Berdimuhamedow işlän döwründe özüni işine ussat, tertip-düzgünli, ýokary ahlakly, özüne we golastyndakylara örän talapediji serkerde hökmünde tanadýar. Ol özüne ynanylan bölümde jenaýatçylygyň öňüni almak, onuň üstüni açmak boýunça öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegine aýratyn üns berýär.

Mälikguly Berdimuhamedow gulluk döwründe jenaýatçylygyň öňüni almak, jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek ugrunda birkemsiz işleri bitirendigi üçin, Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçy düzüminiň birnäçe Hormat hatlaryna, pul baýraklaryna, döşe dakylýan nyşanlara we köp sanly medallara mynasyp bolýar. Bu sylaglar Mälikguly Berdimuhamedowyň Içeri işler ministrliginiň düzüminde birkemsiz gullugynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Ol öz gullugyny halal, harby kasama wepaly alyp bardy we maksadyna ýetmek üçin örän yhlasly çemeleşdi. Bu bolsa ýaş harby gullukçylar üçin uly görelde mekdebidir.

1982-nji ýylda podpolkownik harby derejesi bilen hormatly dynç alşa çykandan soň, Mälikguly Berdimuhamedow köp ýyllaryň dowamynda ýaşlara bilim-terbiýe bermek işinde zähmet çekýär. Häzirki Milli bilim institutynda, Pedagogik ylymlarynyň ylmy-barlag institutynda, Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginde we beýleki ugurlarda zähmet çekip, örän döredijilikli we kesgitlenen wezipäni birkemsiz ýerine ýetirýän işgär hökmünde ykrar edildi. Ol jemgyýetçilik durmuşyna we terbiýeçilik ugruna degişli çärelere işjeň gatnaşyp, belent abraýa mynasyp boldy. Mälikguly Berdimuhamedowyň işdeşleri onuň belent adamkärçilikli häsiýetine, adalatlylygyna we sowatlylygyna uly hormat goýýarlar.

Arkadag Prezidentimiz özüniň «Döwlet guşy» atly kitabynyň girişinde şeýle ýazýar: «Eliňizdäki «Döwlet guşy» atly romanyň wakalary, ondaky gahrymanlaryň bitirýän nusgalyk işleri, olaryň ajaýyp ahlak sypatlary — çagalyk ýyllaryndan bäri Watanyňy, halkyňy, ata-eneňi ezizlemegiň, söýmegiň, maksada okgunlylygyň, ruhubelentligiň beýik nusgasy bolup, kalbymy heýjana salyp gelýän simfoniýadyr».

2012-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen paýtagtymyzdaky 1001-nji harby bölüme bu ugurda nusgalyk işleri bitiren we görelde mekdebine öwrülen Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

2020-nji ýylyň noýabr aýynda bolsa Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen ilhalar ynsan, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň zähmet we durmuş ýolunyň diňe bir harby gullukçylar üçin däl, eýsem, bütin türkmen halky üçin görelde mekdebi bolup durýandygy, il-halka wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezendigi hem-de Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaý toplumynyň ýaşaýjylarynyň, içeri işler edaralarynyň şahsy düzümleriniň ýüztutmalaryny we Içeri işler ministrliginiň towakganamasyny nazara alyp, Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaý toplumyna Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Munuň özi manyly ömrüni il-halkyna, mähriban Watanyna bagyş eden beýik ynsana bildirilen hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Ömür salyny tutuş yslam dünýäsi üçin mukaddes saýylýan mübärek Oraza aýynda tamamlan Mälikguly Berdimuhamedow hakyndaky ýatlama ýazgyny Arkadag Prezidentimiziň ganatly jümlesi bilen tamamlamak maksadalaýyk bolar: «Mähriban kyblamyň ömür ýoly — maňa nusgalyk ýol, onuň asylly, beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim».

Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow hakyndaky ýatlamalar biziň kalplarymyzda ebedilik saklanar. Merhumyň jaýy jennet bolsun, Allatagala oňa iman baýlygyny bersin!


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26187

19.04.2021
Şadiwanyň şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň eserleri halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýar
...Ady Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilen Akhan Gurply we Ruhubelent atly bedewleriň nesli. Akhan Gyrsakaryň nesil ugruna degişli bolup, bu ugurda Kerwen, Garader, Gökleň ýaly ýyndamlykda aýlawlary baglan atlaryň bolandygyny aýratyn bellemelidir. Gyrsakar hem Boýnowyň nesil ugrundan gaýdýar. Gyrsakar 1936-njy ýylda doglan, onuň kaddy-kamaty boýunça-da saýlantgy derejededigi ykrar edilendir.
Çeper döredijilik — bu öz-özüňdäki açyş, ylmy döredijilik — töwerek bilen gönüden-göni gatnaşykda döreýär. Adam öz-özüni, öz duýgularyny, durmuş hakyndaky düýpli pikirlerini, duýup hem görüp bileninde, düýpli eser döredýär. Bedewlere söýgi türkmen medeniýetiniň buýsançly sahypalarynyň biridir. Dünýäniň iň iri habar beriş çeşmesi bolan Internet saýtlarynda ahalteke bedewleri baradaky ýazylanlar köpler üçin täzelikdir. Dünýäniň dürli ýurtlarynda türkmen bedewlerini köpeltmek we ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan atşynaslaryň bardygy guwanmaly ýagdaýdyr. Ýöne öz Watanyndan uzakda ýaşaýan ahalteke bedewleriniň asylky tebigatyny saklamak ukybyny ýitirýändigini olaryň eýeleri hem inkär etmezler diýip pikir edýärin. Ahalteke bedewleri öz eýesini unutmaýar. Şuňa ykbalyň emri bilen ýat ülkä düşen Meleguşuň ykbaly bilen bagly döredilen goşgy hem şaýatlyk edýär. Goşguda şeýle setirler bardy:


Gözleň Babarabyň çaýryn küýsedi,
Gözleň Aşgabadyň baýryn küýsedi.
Gözleň diýdi: «Häzir türkmen asmany
Gümmürdäp üstümden çabga guýsady.


Garagumda ösýän gyzgyn şemala
Kükrek gerip, alyslara çapsadym.
Aryp gelip, maňlaýymy sypaýan
Goja seýsiň ýyly mährin tapsadym».


Bu gün, häzirki döwrümiz il-halkymyzyň rahat hem-de erkana ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýän döwri. Ahalteke bedewi, türkmen halysy, saryja goýny, alabaý iti, türkmen gawuny ýaly gymmatlyklarymyz halkymyzyň adyny ebedi ýaşadýarlar. Şulary döreden halk taryhyň çylşyrymly pursatlarynda hem öz adynyň ykrar edilmegini gazanýar. Sebäbi ol sungaty özleşdirýär, adamlary haýran edýän jadyly täsinlikleri döredýär. Sungat bolsa, päkligiň asylky nusgasydyr. Men sungaty arassalygyň sözüň doly manysyndaky nusgasy diýip häsiýetlendirýärin. Şonda hem ony hakyky bolşy ýaly göz öňüme getirip bilýärin. Onuň barlygyny we çaksyz ýakymlylygyny duýýaryn. Ata-babalarymyzyň isleg-arzuwy Magtymguly akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýen setirinde ýaşaýar. Halkyň ykbalynda ahmyra öwrülen ýyllar hem türkmenler özüni dünýä taýsyz üýtgeşik bedewi beren halk hökmünde tanatdy. Hawa, şol ýyllarda hem şalardyr begzadalar üçin iň arzyly sowgat ahalteke bedewleridi. Olaryň düşbüligi, üşükliligi, akyllylygy görenleri bedewleriň hakyky muşdagyna öwürýärdi. Türkmen halylary kaşaň köşklere laýyk hasap edilýän bolsa, bedewler hem asylly begzadalaryň göwnüni göterýän ajaýyp dostlarydy. Ýöne şeýle bedewi, jan-dilden ýüregiňe düşünýän bedewi edinmek her kişä başardybam durmaýardy. Hawa, türkmeniň dabarasy dag aşýardy, illeri aşyp ýaşaýardy. Sebäbi ol özüne müdimi bahasyna ýetip bolmajak baýlygy, aýdyşlary ýaly, asyrlaryň tümlüginden gelip, Zeminde Gün bolup lowurdan ahalteke bedewini seýisläp ýetişdiripdi.


https://metbugat.gov.tm/blog?id=2478

23.03.2021
Türkmenistan dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny geçirmäge taýýarlanýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine baryp gördi

Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimizi Olimpiýa şäherçesine gelende Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar, jemgyýetçilik guramalary ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz özboluşly sport toplumy bolan, diňe Merkezi Aziýa sebitinde däl-de, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň desgalaryndaky ýagdaýlar bilen tanyşdy. Bu ýerdäki iň iri desga Olimpiýa stadiony bolup, onuň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde dessine ünsüňi özüne çekýär.

Bu ajaýyp keşpde Türkmenistanyň belent maksatlara, dünýäde parahatçylyga hem-de halklaryň arasyndaky dostluga, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň bähbidine döredijilikli gatnaşyklara, durmuşyň baş baýlygy hökmünde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge okgunlylyk jemlenendir.

Halkara ölçeglere laýyk gelýän stadionda ýokary derejedäki dürli ýaryşlary, şol sanda futbol, ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary, köpçülikleýin-medeni çäreleri geçirmäge hemme mümkinçilikler bar. Stadionyň tomaşaçylaryň oturmagy üçin niýetlenen ýerleri örän oňaýly gurnalandyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp stadionyň mümkinçilikleriniň şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk beýik baýramçylygynyň dabaralaryny geçirmekde-de örän uludygyna ünsi çekdi. Iň naýbaşy baýramçylyk dabaralarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen şöhratly ýollaryny aýdyň we giňden beýan etmeginde stadionda döredilen şertlerdir mümkinçiliklerden oýlanyşykly peýdalanylmalydygy barada aýdyp, Aşgabat şäheriniň häkimine hem-de sport we ýaşlar syýasaty ministrine birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu baýramçylyk dabaralary türkmen ruhuna laýyk gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde olarda häzirki wagtda ýurdumyzda giňden ösdürilýän sport we Olimpiýa hereketiniň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýaýbaňlandyrylyşy öz beýanyny tapmalydyr.

2017-nji ýylda Olimpiýa şäherçesinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda bolsa Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilendigini bellemek gerek. Dünýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu ýaryşlaryň ýokary derejesini yzygiderli bellediler. Iri sport çärelerine taýýarlyk görlüşini hormatly Prezidentimiziň hut özi gözden geçirýär, bu bolsa olaryň uly üstünlige beslenmegini şertlendirýär.

Aşgabadyň myhmansöýerlik bilen kabul eden şu hem-de beýleki wekilçilikli ýaryşlary diňe bir Türkmenistanyň sport abraýyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara durmuşyň, tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine sport, ykdysady we medeni diplomatiýanyň möhüm merkezi hökmünde döwletimiziň abraýyny has-da belende galdyrdy diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Bularyň ählisi ýurdumyzyň köptaraply kuwwatyny hem-de giň hyzmatdaşlyga, dostluk we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sebitde hem-de tutuş dünýäde ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny berkarar etmäge gyzyklanma bildirýändigini halkara jemgyýetçilige ýene-de bir gezek görkezmäge ajaýyp mümkinçilik boldy hem-de köpçülikleýin sportuň we syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmegini höweslendirdi.

Milli Liderimiz ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, sowatly bolup ýetişmekleri bilen bir hatarda, olaryň watançylyk duýgusynyň ýokary bolmagyny gazanmagyň möhüm wezipeleriň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şunda halkara derejelerde geçirilýän ýaryşlarda öňdäki orunlary eýeläp, Watanymyzyň ýaşyl tugunyň belende galdyrylmagy arkaly Döwlet senamyzyň ýaňlandyrylmagy ýaşlarda watançylyk duýgusynyň terbiýelenmeginde örän ähmiýetlidir.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz türkmen türgenleriniň beýik ýeňişleri gazanyp, uly üstünligiň hormatyna milli tugumyzy belentde parlatmak ugrunda zerur tagallalary etmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda türkmen sportunyň beýik sepgitleri eýeleýändigini aňladýan hoş habaryň gelip gowşandygyny, agyr atletika boýunça ýurdumyzyň türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň dünýä ýyldyzy bolup dogandygyny, şeýlelikde, türkmen ýyldyzynyň dünýä şugla saçyp, milli sportumyzyň ösüşiň has-da belent derejesine çykýandygyny subut edendigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, şunuň ýaly üstünlikleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.

Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň terbiýeçilik we bilim edaralarynda zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen sport zallarynyň we meýdançalarynyň bardygyny, sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikleriň ýaşaýyş toplumlarynda hem göz öňünde tutulandygyny, olarda çagalaryň futbol, tennis meýdançalarynyň we beýlekileriň hereket edýändigini belledi.

Milli Liderimziň nygtaýşy ýaly, türkmende “Saglygym — baş baýlygym” diýen pähim bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ol bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary derejeli sporty we tutuşlygyna olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen belent işlere ugrukdyrýan özboluşly çelgidir. Şulardan ugur alnyp, ýurdumyzyň ýaşlary bilen sportuň dürli görnüşlerinde yhlasly we yzygiderli meşgullanmak bilen, halkara ýaryşlarda ýokary üstünlikleri gazanar ýaly derejede türgenleşikler geçirilmelidir.

2021-nji ýylda hem ýurdumyzda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň hem-de Dewisiň Kubogyny almak boýunça abraýly halkara ýaryşyň saýlama tapgyry geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýaryşlara taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowyň hasabatyny diňledi.

Döwlet Baştutanymyza şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministri daşary ýurtly türgenleriň ýokanç kesellerden goranmaklary üçin olara sanjym geçiriljekdigi, munuň üçin hemme zerur şertleriň bardygy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyza häzirki wagtda dünýäde köp ýurtlaryň pandemiýa bilen bagly sanjymlary öndürip başlandygyna ünsi çekdi. Aýdaly, “Sputnik V” sanjymyny ulanmaga doly haklydyrys. Sebäbi biz bu sanjymy bellige aldyk.

Geljekde bu ugurdaky işleri dowam etmegiň hem-de beýleki ýurtlaryň öndürýän sanjymlaryny bellige almak bilen bagly gepleşikleri geçirmegiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Çünki ýaryşa gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden türgenler paýtagtymyza geler.

Bizde bellige alnan sanjymyň bolandygyna garamazdan, daşary ýurtly türgenleriň beýleki öňüni alyş sanjymlaryna ýa-da beýleki serişdelere isleginiň bolmagy mümkin. Şoňa görä-de, daşary ýurtdan geljek türgenleriň saýlamaga mümkinçiligi bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biz bu sanjymlaryň ähli görnüşlerini mugt üpjün etmelidiris. Munuň üçin biziň ähli mümkinçiliklerimiz bar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherçesiniň üsti ýapyk Welotrek sport toplumyna geldi.

Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän Olimpiýa şäherçesinde ajaýyp Welotrek sport toplumynyň gurulmagy Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmekde möhüm waka hem-de ösüşiň nobatdaky tapgyry boldy. Daşary ýurtly bilermenleriň hem-de Halkara welosipedçiler birleşiginiň hünärmenleriniň baha bermegine görä, bu ýerde degişli talaplaryň ählisi berjaý edilip, zerur maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Bu bolsa has ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin şertleri döredýär.

Ýurdumyzyň ýol düzüminiň hem gara ýolda welosiped boýunça sport ýaryşlaryny geçirmäge doly kybap gelýändigini bellemek gerek.

Köpetdagyň eteginden geçýän ýollar hem welosiped sporty boýunça köp sanly milli ýaryşlary geçirmek bilen, häzir ussat türgenler üçin okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň geçirilýän ýeri bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 6 müň orunlyk üsti ýapyk Welotrek sport toplumynda tomaşaçylar üçin niýetlenen münberleri, welotrek meýdançasyny gözden geçirip, türgenler, eminler we janköýerler üçin döredilen şertlere baha berdi.

Şu ýerde döwlet Baştutanymyz sport we ýaşlar syýasaty ministriniň welotrek boýunça dünýä çempionatyna degişli hasabatyny diňledi. Habar berlişi ýaly, Welotrek boýunça dünýä çempionatyna daşary döwletleriň 40-a golaýyndan türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Welotrek sportunyň ýaryşlary 10 görnüş boýunça geçiriler. Şunda olaryň erkekleriň we zenanlaryň hersiniň arasynda geçiriljekdigini göz öňünde tutanyňda, jemi 20 ýaryş guralar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýaryşlaryň dünýä talaplaryna laýyk gelýän iň ýokary halkara ölçegleriň derejesinde geçirilmelidigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz, hususan-da, türkmen türgenleriniň gatnaşmagyndaky ýaryşlarda ulanyljak welosipedlerde milli öwüşginlerimiziň aýratyn ýüze çykmalydygyny, esasan-da, türgenlerimiziň türkmen tuguny parlatmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz geçiriljek dünýä ýaryşlarynda türgenleriň sagdynlygyna we dopinge degişli meselelerde işleriň bildirilýän halkara talaplara doly laýyk gelmelidigini belledi. Bu ýerde Doping gözegçiligi merkezi guruldy, onuň mümkinçiliklerinden netijeli we doly peýdalanmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň bildirilýän talaplara laýyklykda saklanylmalydygyna ünsi çekdi. Sport desgalarynyň her biri niýetlenen maksadyna görä ulanylmalydyr, olarda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagyna has giňden çekilmegi üçin ähli çäreler görülmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň häkimine käbir tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryşlary dünýä ýaýmak maksady bilen, Olimpiýa şäherçesindäki Halkara göni ýaýlyma beriş merkeziniň işiniň ýokary halkara talaplara laýyk gelmelidigini tabşyrdy. Bu merkezde işlejek hünärmenlerimiz bu ýerdäki tehnikalardan peýdalanmak bilen, olara ussatlarça erk edip, ýaryşlaryň alnyp görkezilişini ýokary hil derejesinde üpjün etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygyna birnäçe degişli tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň ähmiýeti barada aýdyp, oňa dünýäde höwesekleriň az däldigini nygtady. Milli Liderimiz geçiriljek bu ýaryşyň halkara sport guramalary bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygynyň barha pugtalandyrylýandygyna hem şaýatlyk edýändigini belledi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz şu ýyl geçirilmegi bellenen dünýä derejeli abraýly ýaryşlara taýýarlyk görülmegi babatda alnyp barylýan ähli işleri gözegçilikde saklanylmalydygyny, bu ugra degişli ähli meseleleriň öz wagtynda we maksadalaýyk çözülmelidigini aýtdy hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesiniň üsti ýapyk Tennis toplumyna tarap ugrap, Aşgabatda Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň saýlama tapgyrynyň geçirilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň halkara sport giňişligindäki barha belende göterilýän abraýynyň aýdyň subutnamasydygyny hem-de Diýarymyzda sporty, şol sanda tennis oýnuny mundan beýläk-de giňden wagyz etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdigini belledi.

Bu ýaryşlara degişli institutyň talyplarynyň we ýurdumyzyň türgenleriniň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulgamyndaky häzirki zaman dünýä meýillerini we Türkmenistanda geçiriljek iri halkara ýaryşlary nazara almak bilen, Olimpiýa şäherçesiniň ähli mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, oňa häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we sanly ulgamy ornaşdyrmak esasynda işleri kämilleşdirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Toplumyň tennis zaly häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyryldy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp, bu ugurda ähli görkezijileriň göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekdi.

Häzirki döwürde bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzda Olimpiýa hereketini ösdürmek, şeýle hem döwletimiziň halkara sport abraýyny has-da belende götermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde tennis zalynyň mümkinçilikleri halkara ölçeglere doly kybap gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Beýleki sport desgalarynda bolşy ýaly, onuň taslamasy düzülende we gurlanda, Halkara Olimpiýa komitetiniň ähli tehniki kadalary doly göz öňünde tutuldy we ýerine ýetirildi.

Häzir sebitde iň iri sport şäherçesi uly ýaryşlary guramak, türgenleri taýýarlamak we saglygyny berkidýänler üçin türgenleşikleri geçirmek üçin peýdalanylýar. Bu ýerde Tokioda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleşik geçýändigini, şeýle hem 2021-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara ýaryşlara ýokary derejede taýýarlyk görülýändigini bellemeli.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Dewisiň Kubogy ugrunda halkara ýaryşyň saýlama tapgyrynyň geçirilmeginiň ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Şeýlelikde, bu ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin hemme çäreler görülmelidir. Munuň özi ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň belende galmagynda ähmiýetli waka öwrüler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen tennisçileri halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Aşgabatda geçiriljek Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň saýlama tapgyrynda türkmen türgenleriniň has-da ýokary netije gazanjakdyklaryna ynam bildirip, döwlet Baştutanymyz halkymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta bolan höwesiniň ýokarydygyny belledi we türgenlerimiziň gazanjak üstünlikleriniň Türkmenistanyň Tuguny belentde pasyrdatjakdygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesiniň binalarynda halkara duşuşyklary guramagyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini, bu ýerde türgenler we janköýerler üçin ähli şertleriň döredilendigini, bu meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz taýýarlyk işlerine gözegçilik etmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanda sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek, onuň kuwwatyny artdyrmak, degişli köpugurly düzümleri döretmek boýunça giň möçberli işler çalt depginlerde alnyp barylýar.

Soňky ýyllarda bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri ýaly desgalaryň ýüzlerçesi bina edildi.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi türkmenistanlylarda buýsanç duýgusyny döredýär. Onuň gurulmagy sportuň ösdürilmeginde möhüm tapgyr boldy. Bularyň ählisi ýokary dünýä ülňülerine we Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini aýtmaga esas berýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we baştutanlygy bilen amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde sport häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň sagdynlygynyň, nesilleriň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Bedenterbiýe-sagaldyş hereketine we ýokary netijeli sporta berilýän döwlet goldawynyň çäklerinde milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär, maksatnamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Işjeň durmuş ýörelgesiniň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly jan saglygyny ählitaraplaýyn berkitmegiň işjeň wagyzçysy bolan döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde sport ähli ýaşdaky we dürli hünärli adamlary birleşdirýän, möhüm ähmiýete eýe bolan milli ýörelgä öwrüldi.

Wise-premýer M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulýan bedenterbiýe we sport, köpçülikleýin sagaldyş çäreleri hem-de ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ýaryşlara ýokary derejede guramaçylykly taýýarlyk görmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de Olimpiýa şäherçesinde bolmagynyň netijelerini jemläp, şu ýyl geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryň ähmiýetini belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýer M.Geldinyýazowa bu çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly hem-de hemmetaraplaýyn taýýarlykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şol ýaryşlaryň netijeleri Türkmenistanyň sport ulgamynda ýeten belent derejesini, halkymyzyň milli medeniýetini, baý mirasyny, myhmansöýerligini, mähirliligini we açyklygyny örän aýdyň görkezmelidir. Ýurdumyza gelen myhmanlar şu aýratynlyklardan ýatdan çykmajak täsir almalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda käbir görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek maksady bilen, biz bu ulgama uly möçberlerde maýa goýumlary gönükdirýäris diýip belledi hem-de bu işleriň anyk netije bermegi ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalaryň edilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara dünýä ülňüleriniň ýokary talaplaryna kybap gelýän sport üpjünçilik ulgamyna eýe bolan Türkmenistanyň iri halkara ýaryşlary geçirmekde toplan tejribesiniň netijeli ulanylmalydygyny tabşyrdy we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

* * *

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň türgenleşik zalynda dürli sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Bu ýerde oturdylan sport enjamlary ýokary halkara görkezijilere we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmek bilen, olarda ýerine ýetirilýän sport maşklary adam synasynyň berkemegine we saglyk ýagdaýynyň yzygiderli gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň möhüm ýörelgesine öwrülmelidir. Yzygiderli beden maşklary adamynyň işjeňligini artdyrýar we onuň döredijilikli zähmete bolan höwesini ösdürýär.

Milli Liderimiziň teklipleri BMG tarapyndan uly goldawa eýe bolýar we ýurdumyzyň sporty ösdürmek, Olimpiýa hem-de bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek, jemgyýetiň möhüm ugry hasaplanylýan ekologiýa medeniýetini pugtalandyrmak ugrunda gazanýan üstünlikleri dünýäde doly ykrar edilýär we ýokary baha mynasyp bolýar.

Halkyň saglygy hakyndaky alada, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň üstünlikli alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Amala aşyrylýan özgertmeleriň, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň we iri taslamalaryň özeninde döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş gymmatlygy hasaplanylýan adamlaryň saglygy durýar.

Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri adamlaryň öz mümkinçiliklerini doly açmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nusgalyk görelde görkezip, watandaşlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bu ugra ruhlandyryp, nusgalyk görelde bolýandygyny bellemeli.

Milli Liderimiz bu ýerde sport maşklaryny ýerine ýetirip, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine gönükdirilen çäreleriň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi we bu ýerden ugrady.

* * *

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Saglygy dikeldiş merkezi we anyklaýyş barlaghanasy binasynda degişli işleri alyp barmak üçin ýokary derejeli mümkinçilikler üpjün edildi. Bu ýerde türgenleriň halkara ýaryşlara kybap gelýän ýagdaýyny kesgitlemek, olaryň saglyk derejesini anyklamak we zerur bolan dikeldiş çärelerini amala aşyrmak üçin zerur şertleriň ählisi bar. Bu binanyň enjamlaşdyrylyş derejesiniň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek.

Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bu ýerde bolup, öňde boljak dünýä çempionatynyň guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamany ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, degişli taýýarlyk işlerine girişildi.

Şu nukdaýnazardan, ýörite okuwlary geçen lukmanlar we hünärmenler bu ýerde degişli işleri alyp bararlar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri bu binada dünýä çempionatyny geçirmekde zerur hasaplanylýan ähli işleri ýokary derejede ýerine ýetirerler. Munuň özi halkara ýaryşlara gatnaşýan türgenleriň saglyk ýagdaýyny we olaryň bäsleşige ýaramlylyk derejesini ýola goýmagyň möhüm şertini emele getirer.

* * *

Olimpiýa şäherçesiniň Halkara teleýaýlyma beriş merkezi toplumyň çägindäki ähmiýetli binalaryň biridir. Bu ýerde ýaryşlara taýýarlyk işleriniň, olaryň guramaçylyk derejesiniň we bäsleşikleriň giňden beýan edilmegine we dünýä ýurtlarynda alnyp görkezilmegine ýardam berýän zerur şertler döredildi.

Binada oturdylan häzirki zaman enjamlary täzeçil tehnologiýalar arkaly ýaryşlaryň gidip duran pursatlaryny teleýaýlymlara ugratmaga we dünýä ýurtlarynyň tomaşaçylaryny bu ýerde guralýan bäsleşikler bilen tanyşdyrmaga giň mümkinçilik berýär.

Şu gün ýurdumyzyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri paýtagtymyzda geçiriljek dünýä çempionatynyň bäsleşiklerini teleýaýlymlarda görkezmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem olar öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň anyk ugurlaryny kesgitlediler.

Bu ýerde degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda zerur bolan taýýarlyk işlerine badalga berildi. Şunda häzirki zamanyň ösen tejribesinden, sanly tehnologiýalardan we Internet ulgamynyň kämil serişdelerinden netijeli peýdalanylar.

Munuň özi ýaryşlary geçýän pursadynda olary teleýaýlymlarda görkezmek mümkinçiligini üpjün eder. Bu ýerde badalga berlen taýýarlyk işleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüler.

Şeýlelikde, ähli ugurlarda bolşy ýaly, milli sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary belent derejelere göteriler. Bu bolsa «parahatçylygyň ilçisi» diýlip ykrar edilen sportuň has-da dabaralanmagyna giň ýol açar.

Umuman, munuň özi türkmen sportunyň abraýynyň belende galmagyna we dünýäde sport ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleriniň işjeň häsiýete eýe bolmagyna toplumlaýyn çäreleriň gönükdirilýändigini aňladýar.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18709?type=feed

21.01.2021
Beýik işlere badalga

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly menzillerinde bedew bady bilen öňe barýar. Ýyldan-ýyla guwandyryjy üstünliklere, ösüşlere beslenýän Watanymyzda uly ruhubelentlik ýagdaýynda garşylanýan her bir täze ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Çünki ýylyň döwrüň ruhuna kybap äheňde atlandyrylmagy şol ýylda amala aşyryljak işlere, gazanyljak ösüşlere, ýetiljek sepgitlere badalgadyr.

Şu nukdaýnazardan, geçen 2020-nji ýyl halkara ähmiýetli möhüm wakalara beslenen ýyllaryň biri boldy. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilip geçildi. Bu şanly baýramçylyk mynasybetli, ýylyň dowamynda Watanymyzyň paýtagtynda we ähli sebitlerinde ykdysady, durmuş-medeni maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açyldy. Şeýle-de, tamamlanan ýylda ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirildi.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl hem halkymyz üçin gowy netijeler, uly zähmet üstünlikleri bilen jemlenen 2020-nji ýylyň özboluşly dowamy hökmünde ösüşlere beslenjek ýyllaryň biri bolar. Bu ýylda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy giňden belleniler. Şunuň bilen baglylykda, watandaşlarymyzyň, şol sanda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň ýokary derejede bellenilmegi “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny has-da şöhratlandyryp, ýurdumyzyň belent abraý-mertebesini ýene bir ýola bütin dünýä aýan eder.

Parahatçylyk, birek-birege bolan ynam adamzat üçin ilkinji zerurlyk hasaplanylýar. Çünki olar dünýäniň abatlygyny, adamzadyň abadan, asuda ýaşaýşyny, halklaryň dostlugyny kesgitleýän gymmatlyklardyr. Olaryň ähmiýeti, gadyr-gymmaty häzirki zaman dünýäsiniň syýasy giňişliginde has-da artýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy aýratyn bellärliklidir. Şeýle-de Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmekdäki ähmiýeti bilen baglylykda ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi milli Liderimiziň, Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki hormat-sarpasynyň, abraý-mertebesiniň barha belende galýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

2021-nji ýyl — “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly hem möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalar bilen taryha ýazyljak ýyllaryň biri bolar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary şu ýylyň mart aýynda geçiriler. Öňde durýan wezipeleri abraý bilen üstünlikli berjaý etmek, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýurdumyzyň täze ösüşli menzillere ýetmegine goşant goşmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Goý, halkyny abadan, asuda durmuşda bagtyýar ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Altyn DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18173

15.01.2021
Öňde – wajyp wezipeler, belent sepgitler

Mähriban Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze ýylyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisinde tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemledi. Bu ýyl biziň üçin örän agyr we çylşyrymly boldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Dünýäde koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýramagyna, ykdysadyýetiň pese düşmegine, ähli döwletlerde işewürligiň we serhetleriň ýapylmagyna garamazdan, Türkmenistanyň daşary syýasy hem-de ykdysady işjeňligini pese düşürmedi. Koronawirus pandemiýasy sebäpli, köp ýurtlaryň çäklendirme çärelerini girizen şertlerinde, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz dürli senagat pudaklarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny ýokary hilli işläp düzüp hem-de amala aşyryp, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlarynyň kesgitlenilendigini nygtady. Döwlet dolandyryşy, içerki hem-de daşarky maliýe, söwda ulgamlary, zähmet we haryt bazarlary ugurlarynda özgertmeleri geçirmegiň depgini güýçlendirildi. Bu bolsa önümçiligiň mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzda wekilçilikli hem-de kanun çykaryjylyk häkimiýet edaralaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak alnyp barylýar. Milli Liderimiz geljek ýyl üçin gowy Döwlet býujetiniň kabul edilendigini hem belledi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi ýene-de 10 göterim artdyryldy.

Bu gün ýurdumyzda bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan önümçilik we durmuş maksatly iki ýarym müňe golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Jemi bahasy 7 milliard manada golaý bolan iri desgalaryň 45-si işe girizildi. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy hem-de beýleki halkara taslamalaryny durmuşa geçirmek dowam etdirilýär. Umuman, 2020-nji ýyl hemmeler üçin örän kynçylykly boldy, syýasy we ykdysady babatda dürli ýaramaz wakalar köp bolup geçdi. Ýöne, muňa garamazdan, biz jemi içerki önümiň ösüş depgininiň şu ýyl hem gowy, ýagny 5,9 göterim derejede bolmagyna garaşýarys. Hormatly Prezidentimiz täze ýylyň belent sepgitleriň eýeleniljek ýyly boljakdygyny aýtdy.

2021-nji ýylda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläris. Milli Liderimiz halkymyz üçin örän möhüm bolan bu senäni anyk işler we täze taslamalary amala aşyrmak bilen belläp geçjekdigimizi nygtady. Ýurdumyzyň syýasy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işini hem yzygiderli dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Türkmenistanyň Milli Geňeşine geljek ýyl geçiriljek saýlawlar ýene-de bir möhüm waka bolar. Ykdysadyýetde, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda giň möçberli işleri durmuşa geçirmek, saglygy goraýşyň milli ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak dowam etdiriler.

Mähriban Arkadagymyz halkymyzyň agzybirliginiň, her bir raýatyň Garaşsyzlyk gymmatlyklarymyzy gözüniň göreji ýaly goramagynyň örän möhümdigini aýratyn nygtady. Milli bähbitlerimizi berk gorap, häzirki köp ugurly dünýäde özüniň netijelidigini görkezen sazlaşykly we oýlanyşykly daşary syýasatymyzy yzygiderli dowam ederis diýip, milli Liderimz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň maglumatyna görä, deputatlar we halkymyz bilen giňden ara alyp maslahatlaşmagyň netijesinde teklip edilýän geljek, 2021-nji ýylyň şygaryny «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etdi we nyşanyny makullady. Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen ykrar edilen bu şygaryň manysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama gabat gelýär.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18180

15.01.2021
Habarlar

2021-nji ýylyň şygary dabaralandyrylýar

11-nji ýanwarda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarynyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi. Mukamlar köşgünde geçirilen dabara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Dabarada 2021-nji ýylyň şygarynda döwletimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm ugurlary, Diýarymyzyň oňyn ösüşe we ählumumy parahatçylyga gyzyklanmalarynyň öz beýanyny tapýandygy bellenildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bellenilýän bu ýylda döwletimiziň, jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynyň giň möçberli täze üstünliklere beslenjekdigi nygtaldy.

Çärä gatnaşyjylaryň çykyşlary paýtagtymyzyň teatrlarynyň, halk we estrada ýerine ýetirijileriň aýdym-sazlary bilen utgaşdy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

* * *

Žurnallaryň nobatdaky sany

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar 2020-nji ýylyň şanly wakasyna — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.

* * *

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar Bitaraplyga, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen ýylda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine we onuň çäklerinde geçirilen dabaralara bagyşlandy.

TDH-niň habarlary esasynda taýýarlanyldy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18102

14.01.2021