Beýik işlere badalga

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly menzillerinde bedew bady bilen öňe barýar. Ýyldan-ýyla guwandyryjy üstünliklere, ösüşlere beslenýän Watanymyzda uly ruhubelentlik ýagdaýynda garşylanýan her bir täze ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Çünki ýylyň döwrüň ruhuna kybap äheňde atlandyrylmagy şol ýylda amala aşyryljak işlere, gazanyljak ösüşlere, ýetiljek sepgitlere badalgadyr.

Şu nukdaýnazardan, geçen 2020-nji ýyl halkara ähmiýetli möhüm wakalara beslenen ýyllaryň biri boldy. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilip geçildi. Bu şanly baýramçylyk mynasybetli, ýylyň dowamynda Watanymyzyň paýtagtynda we ähli sebitlerinde ykdysady, durmuş-medeni maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açyldy. Şeýle-de, tamamlanan ýylda ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirildi.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl hem halkymyz üçin gowy netijeler, uly zähmet üstünlikleri bilen jemlenen 2020-nji ýylyň özboluşly dowamy hökmünde ösüşlere beslenjek ýyllaryň biri bolar. Bu ýylda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy giňden belleniler. Şunuň bilen baglylykda, watandaşlarymyzyň, şol sanda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň ýokary derejede bellenilmegi “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny has-da şöhratlandyryp, ýurdumyzyň belent abraý-mertebesini ýene bir ýola bütin dünýä aýan eder.

Parahatçylyk, birek-birege bolan ynam adamzat üçin ilkinji zerurlyk hasaplanylýar. Çünki olar dünýäniň abatlygyny, adamzadyň abadan, asuda ýaşaýşyny, halklaryň dostlugyny kesgitleýän gymmatlyklardyr. Olaryň ähmiýeti, gadyr-gymmaty häzirki zaman dünýäsiniň syýasy giňişliginde has-da artýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy aýratyn bellärliklidir. Şeýle-de Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmekdäki ähmiýeti bilen baglylykda ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi milli Liderimiziň, Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki hormat-sarpasynyň, abraý-mertebesiniň barha belende galýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

2021-nji ýyl — “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly hem möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalar bilen taryha ýazyljak ýyllaryň biri bolar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary şu ýylyň mart aýynda geçiriler. Öňde durýan wezipeleri abraý bilen üstünlikli berjaý etmek, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýurdumyzyň täze ösüşli menzillere ýetmegine goşant goşmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Goý, halkyny abadan, asuda durmuşda bagtyýar ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Altyn DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18173