Habarlar
Bilim syýasaty: talaplar, zerurlyklar, netijeler

Ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamy uly üstünliklere beslenip, belent sepgitleri nazarlaýar. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, Diýarymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde-de milli bilim ulgamyny ösdürmäge we ýaşlar syýasatyny amala aşyrmaga köp möçberde serişde goýmagyň dowam etdirilmelidigini belläp, bilim maksatnamalarynydyr meýilnamalaryny kämilleşdirmegiň, mekdepleri okuw kitaplary, gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. 

                                                                   

Aslynda, islendik okuwyň hili oýlanyşykly we kämil işlenip taýýarlanylan, usuly taýdan ähmiýetli okuw meýilnamalaryna bagly bolup durýar. Şunda ýaşlara ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň we amala aşyrylýan taslamalaryň wajyplygyny, türkmen jemgyýetinde döwletiň halk bilen sazlaşykly gatnaşygyny öwretmek möhüm bolup durýar. Şeýle hem býujet-salgyt ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça banklaryň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrmagyň usullaryny, erkin ykdysady zolaklary, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny, ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri, döwrebap kärhanalary döretmegi, daşary ykdysady aragatnaşygyň häzirki zaman gurluşyny, makroykdysady durnuklylygyň üpjün edilmegini, söwda toplumynyň önümçilik kuwwatynyň doly peýdalanylmagyny, Watanymyzyň içeri we daşary syýasat ugruny, hukuk nazaryýetini we kanun çykaryjylyk işini, pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy düýpli öwretmek bilen baglanyşykly derwaýys mowzuklar taýýarlygyň degişli ugurlary boýunça bilim meýilnamalarynyň esasyny düzýär.  

                                                                   

Türkmenistanyň ýyllyk statistiki neşirinden alnan maglumatlardan görnüşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamagyň hakyky merkezi bolan ýokary bilimiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, bu ugurda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmen ýaşlarynyň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. 

                                                                   

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dünýäniň abraýly bilim ojaklaryna okuwa iberilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy olaryň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da bilim almaklary üçin zerur şertleriň döredilýändigini aýdyň görkezýär.  

                                                                   

Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly nesliň kemala gelmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär, olaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazaryýet bilimleriniň kämilleşdirilmegine, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijelerini hem-de tehnologik tilsimleri özleşdirmegine möhüm üns berilýär. Zehinli ýaşlarymyzyň sanly ulgamy ösdürmek babatda gazananlarynyň we işläp taýýarlamalarynyň hem-de tejribeleriniň milli ykdysadyýetimiziň ähli önümçilik pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagy bellenilmäge mynasypdyr. 

  Ýokary bilim ulgamy kämilleşdirilip, döwletimiziň ol ýa-da beýleki hünärlere bolan zerurlyklary hasaba alnyp, ýylyň-ýylyna täze ugurlar girizilýär. Şunlukda, ýokary hünär biliminiň ylmy binýady hem pugtalandyrylýar. Ýokary hünär bilimi edaralarynyň ylmy merkezlerinde bilim maksatnamalary kämilleşdirilýär, ylym bilen bilimiň arabaglanyşygy berkidilýär. Ýaşlaryň tebigy zehinini we bilime höwesini ösdürmek, olara täze, döwrebap hünärleri düýpli öwretmek maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýokary hünär bilimi edaralarynda ylmy işleriň we bilim bermegiň utgaşykly alnyp barylmagynyň netijesinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmen oba hojalyk instituty, Telekommunikasiýalar we informatika instituty hem-de Döwlet energetika instituty Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. 

                                                                   

Häzirki döwürde bütin dünýäde bilimiň üznüksiz amala aşyrylmagyna bildirilýän talaplar barha ýokarlanýar. Üznüksiz bilim, ösen döwletleriň, halkara jemgyýetçiligiň gurşawyna aralaşyşy ýaly, ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin hem häsiýetlidir. «Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 38-nji maddasynda: «Türkmenistanyň döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň tälim almagy, özbaşdak bilim almagy üçin degişli derejede şertler döredilýär» diýlip bellenilýär. 2008-nji ýylda döwlet gullukçylary üçin ýokary bilimden soňky çuňlaşdyrylan bilimi berýän ilkinji okuw edarasynyň — Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döredilmegi ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. 

                                                                   

Okuw möwsüminiň dowamynda döwlet gullukçylary hukuk we ykdysady-ynsanperwer bilimler boýunça dersler toplumyny özleşdirýärler. Şeýle-de diňleýjiler Türkmenistanyň Mejlisinde, Adalat, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Maliýe we ykdysadyýet ministrliklerinde önümçilik tejribeligini geçip, nazary bilimlerini berkidýärler, ylmy barlaglaryň görnüşi bolan ýyllyk işini ýazýarlar we goraýarlar. Okuwyň dowamynda geçilen sapaklar diňleýjileriň nazary bilimleriniň kämilleşdirilmeginde, döwrebap ylmy taglymatlary, tehnologik tilsimleri hem-de öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijelerini özleşdirmeklerinde, döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagynda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda ähmiýetlidir. 

                                                                   

Ýokary hünärli döwlet gullukçylaryny taýýarlaýan iri bilim merkezi hökmünde abraýyny barha ýokarlandyrýan bu okuw edarasynyň uçurymlary, şol sanda ýaş hünärmenler döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň pudaklarynda, aýratyn-da, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda, iri senagat kärhanalarynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, jemgyýetçilik guramalarynda jogapkärli wezipelerde zähmet çekip, Watana hyzmat etmegiň, milli bähbitleri goramagyň göreldesini görkezýärler. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin zerur şertleri döretmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, röwşen geljegi nazarlaýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

                       

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.

28.07.2023
San­ly bi­lim ul­ga­my ösdürilýär

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry­nyň esa­syn­da mil­li bi­lim ul­ga­my in­no­wa­sion ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ynam­ly ga­dam bas­ýar. Mil­li bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, giň göz­ýe­tim­li, mak­sa­da ok­gun­ly, päk ah­lak­ly, ru­hy taý­dan sag­dyn, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry do­lan­dyr­ma­ga ukyp­ly, ýo­ka­ry hü­när­li, taý­ýar­lyk­ly ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ne­ti­je­de, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan yl­my-bar­lag ugur­la­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy we ola­ryň ne­ti­je­li­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy, ýur­du­my­zyň yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň yl­my-bar­lag müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ut­ga­şyk­ly peý­da­la­nyl­ma­gy üns mer­ke­zin­de sak­la­ny­lyp, ýaş alym­la­ra döw­let ta­ra­pyn­dan äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär hem-de ola­ryň hö­wes­len­di­ril­me­gi üçin uly gol­daw be­ril­ýär. 

                                                                   

Mu­nuň özi in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan, döw­re­bap yl­my-bar­lag­lar­dan oňat baş çy­kar­ýan ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­tyn­da ýur­du­my­zyň elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gyn­da­ky dür­li ugur­lar bo­ýun­ça kä­mil hü­när­men­le­ri taý­ýar­lap ýe­tiş­dir­mek mak­sat edi­ni­lip, ta­lyp­la­ra de­giş­li hü­när­ler bo­ýun­ça bi­lim ber­me­giň in­no­wa­sion usu­lyn­dan peý­da­la­nyl­ýar. Ta­lyp ýaş­la­ry tas­la­ma we yl­my bäs­le­şik­le­re çek­mek bi­len, olar­da yl­ma ta­rap il­kin­ji ädim­le­riň ädil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Bu bol­sa ta­lyp ýaş­lar­da mag­lu­mat­la­ry jem­le­mek we sel­jer­mek, öz­baş­dak pi­kir­len­mek, de­giş­li ede­bi­ýat çeş­me­le­rin­den peý­da­la­nyp, ne­ti­je­li çöz­gü­di ka­bul et­mek ýa­ly en­dik­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ne ge­tir­ýär. 

                                                                   

Dün­ýä bo­ýun­ça ýyl-ýyl­dan uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýan, «ýa­şyl ener­ge­ti­ka» ady­na eýe bo­lan döw­re­bap, eko­lo­gi­ýa taý­dan howp­suz­ly­gy su­but edi­len, ener­gi­ýa tyg­şyt­la­ýan teh­no­lo­gi­ýa­lar has giň­den ula­nyl­ýar. Mu­nuň özi «ýa­şyl ener­ge­ti­ka­nyň» ösü­şi we kä­mil­leş­di­ril­me­giň ener­gi­ýa ýet­mez­çi­li­gi­niň öwe­zi­ni dol­dur­mak, bug­ha­na gaz­la­ry­nyň daş­ky gur­şa­wa tä­si­ri­ni azalt­mak me­se­le­le­ri­ni çöz­mek we dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň teh­no­lo­gi­ki ösü­şi­niň tä­ze tap­gy­ry bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr.  

                                                                   

Ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri, adat­ça, Gün we ýel ener­gi­ýa­sy, der­ýa­la­ryň gid­raw­li­ki ener­gi­ýa­sy, bio­mas­sa­nyň ener­gi­ýa­sy, um­man ener­gi­ýa­sy, geo­ter­mi­ki ener­gi­ýa, gel­git ener­gi­ýa­sy, dür­li ga­lyn­dy­lar we ýy­ly­lyk na­sos­la­ry bi­len bi­le­lik­de pes de­re­je­li ýy­ly­ly­gy öz içi­ne al­ýar. Gün we ýel ener­gi­ýa­sy­nyň ka­dast­ry se­bit­dä­ki de­giş­li ener­gi­ýa gor­la­ry­nyň muk­da­ry­ny kes­git­le­mä­ge hem-de elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny öz­ger­di­ji gur­naw­la­ryň iş ka­da­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän ener­ge­ti­ki hä­si­ýet­na­ma­la­ryň top­lu­my­ny öz içi­ne al­ýar. 

                                                                   

Ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek ba­ba­tyn­da ka­bul edi­len Döw­let mak­sat­na­ma­la­ryn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri yk­dy­sa­dy pu­dak­la­ra or­naş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Gün we ýel ener­gi­ýa­sy­nyň gor­la­ry­na ba­ha ber­mek­de yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zin­de mil­li prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi iş­le­ni­lip dü­zül­di. Gün we ýel ener­gi­ýa­sy­nyň kes­git­le­nen se­bit­dä­ki ba­ha­la­ry­ny ta­kyk we tiz wagt­da hem-de yg­ty­bar­ly usul­da ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin «Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň in­ter­net por­ta­ly» at­ly no­bat­da­ky mil­li prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi iş­le­ni­lip taý­ýar­la­nyl­dy.  

                                                                   

Bu mil­li prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­niň ýel we Gün elekt­rik stan­si­ýa­la­ry­nyň ýer­leş­di­ril­me­gi üçin iň amat­ly ýer­le­ri saý­lap al­mak­da, san­ly mag­lu­mat­lar go­ru­ny dö­ret­mekde, şeý­le hem saý­la­ny­lyp al­nan se­bit­de Gün we ýel ener­gi­ýa gor­la­ry­na ba­ha ber­mek­de ge­çi­ril­ýän ha­sap­la­ma­la­ry gys­ga wagt­da ta­kyk al­mak­da peý­da­la­nyp bol­jak müm­kin­çi­li­gi­niň bar­dy­gy kes­git­le­nil­di. Iş­le­ni­lip dü­zü­len mil­li prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi ins­ti­tu­ty­myz­da «Ada­ty däl we gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri» hü­nä­ri bo­ýun­ça bi­lim al­ýan ta­lyp­la­ryň ýyl­lyk we dip­lom tas­la­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de, şeý­le hem as­pi­rant­la­ryň we ýaş alym­la­ryň yl­my iş­le­rin­de peý­da­la­nyp bil­mek­le­ri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerdir. 

                                                                                                           

Ka­ka­gel­di SA­RY­ÝEW,

                       

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň «Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri» yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi­niň di­rek­to­ry, teh­ni­ki ylym­la­ryň kan­di­da­ty.

06.02.2023
Bilim — bagtyň çyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz ösüşli ýollarda ynamly öňe barýar. Döwletimizde gazanylýan üstünlikler bagtyýar ýaşlarymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä derejesine laýyk bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. 

                                                                   

Bilim babatda kabul edilen kanunlar giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk derejede pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, saýlan hünärine yhlasly bolan türkmen ýaşlaryny terbiýelemäge, bilim işgärleriniň has netijeli işlemekleri üçin uly mümkinçilikleri açdy.  

                                                                   

Türkmenistanyň ylym-bilim edaralarynyň internet ulgamyna birikdirilmegi bolsa, Watanymyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanan üstünliklerini dünýä ýüzüne ýaýmak üçin şert döredýär. Şeýle hem bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak,  ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça dünýä tejribesinden ugur alnyp, sanly bilim ulgamyna geçmek babatynda giň möçberli işler alnyp barylýar. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenmegine badalga berýär. Türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, döwletli işleri rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Şamyrat MERETDURDYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.

24.01.2023
Täze ulgamyň rowaç ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýeti çalt depginlerde durnukly ösdürilýär. Ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygy ösüşli ýol bilen öňe barýar. Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň möçberli işleriň bady artýar.  

                                                                   

2019-njy ýylyň başynda ýurdumyzda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edilenden soň, döwletimizde sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine giň ýol açyldy. Bu kämil ulgamyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen döwleti, halk hojalygymyzyň önümçiligini dolandyrmakda, beýleki ulgamlarda has netijeli ösüşleri gazanmakda täze mümkinçilikler peýda boldy. Kämil ulgamyň ösdürilmegi beýleki ugurlar bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Ýaşlara bilim berip, hünär öwretmekde goşmaça amatlyklara ýol açdy. Biz muňa gündelik iş tejribämizden göz ýetirýäris. Mekdebimiziň mugallymlary täze usuldan netijeli peýdalanyp, gowy görkezijileri gazanýarlar. 

                                                                   

 Çeper BEGMYRADOWA. 

                                                                   

 Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

24.10.2022
Sement önümçiligi hem-de ekologik howpsuzlyk

Ekologik howpsuzlygyň üpjün edilmegi hereket edýän önümçilikleriň daşky gurşawa bölüp çykarýan zyýanly galyndylary bilen hem baglydyr. Şonuň üçin-de ýurdumyzda hereket edýän zawod-fabrikleriň ekologik taýdan oňaýly bolmagyna aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

Hereket edýän önümçilikler köpugurlylygy bilen tapawutlanyp, olaryň agramly bölegi senagat pudagyna degişlidir. Senagat pudagyndaky önümçiliklerde öndürilýän önümleriň bir bölegi gurluşyk materiallarydyr. Şolaryň arasynda sement önümçiligine aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň gurluşyk meýdançasyna öwrülmegi bilen, semente bolan talaplar hem artdy. Ylmy maglumatlara görä, köp mukdarda, ýagny 1 tonna sement öndürilende, takmynan, 0,7 tonna kömürturşy gazy bölünip çykýar. Diýmek, bu önümçiligiň ekologiýasyny gowulandyrmak has-da derwaýys meseleleriň biridir. Şeýle ýagdaý nazara alnyp, TYA-nyň Himiýa institutynda bu ugurdan degişli ylmy-amaly barlaglar geçirilip, oňyn netijeler alyndy. Bu işde, ilki bilen, sement önümçiliginde daşky gurşawa bölünip çykýan kömürturşy gazynyň iki çeşmesi ýüze çykaryldy. Birinjisi, klinker almak üçin çig mal garyndysy 900 — 950°C gyzdyrylyp, kalsinasiýa prosesi geçirilende emele gelýär. Has takygy, şeýle ýagdaý çig mal garyndysynyň, takmynan, 80 göterimini düzýän hek daşynyň, ýagny kalsiý karbonatynyň 900 — 950 dereje gyzgynlykda dargamagy bilen bolup geçýär. Kalsiý karbonatynyň 44 göterimi kömürturşy gazydyr. Çig mal garyndysynyň bolsa, takmynan, 80 göterimi hek daşydyr. 

  Sement önümçiligindäki kömürturşy gazynyň emele gelmeginiň ikinji çeşmesi klinker pejini 1400 — 1500°C temperaturada gyzdyrmak üçin ulanylýan ýangyjyň ýakylmagydyr. Ýurdumyzdaky sement zawodlarynda ýangyç hökmünde tebigy gaz ulanylýar. Tebigy gazyň himiki düzümi, esasan, metandan ybarat bolup, ol ýananda emele gelýän önümiň biri kömürturşy gazydyr. Has anygy, şunda kömürturşy gazy sarp edilýän tebigy gazyň göwrüm mukdaryna barabar bolan göwrümde emele gelýär. 

                                                                   

Şeýlelikde, çeşmeleriň ikisiniň hem klinker taýýarlananda ulanylýan çig mallardan we tebigy gazdan emele gelýändigi kesgitlenildi. Diýmek, önümçiligiň ekologik oňaýlylygyny üpjün etmek üçin öndürilýän önümiň bir birligine sarp edilýän çig mallary we ýangyjy azaltmagyň üstünde degişli işleri geçirmek maksadalaýykdyr. Elbetde, bu ugurda sarp edilýän maddy we energiýa serişdelerini tygşytlamagyň netijeli ugurlarynyň biri-de mineral goşundyly sement önümçiligini ýola goýmakdyr. Şunda sement klinkerine pussolan magdanlary görnüşindäki mineral goşundylar bilelikde owradylyp goşulsa, has uly netijeleri gazanyp bolýandygy ylmy çeşmelerde aýratyn bellenilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda hereket edýän sement zawodlarynda mineral goşundyly sementi öndürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça geçirilen ylmy-amaly barlaglaryň netijesinde döwlet standartyna laýyklykda, ýerli çig mallaryň esasynda 20 göterim goşundyly sementi öndürip boljakdygy ýüze çykarylyp, bu eýýäm önümçilige ornaşdyryldy. Şeýle hem adaty portland sementiniň maddy balansyndan ugur alyp, 1 tonna 20 göterim mineral goşundyly sement öndürmek üçin sarp edilýän maddy we energiýa serişdeleri boýunça hasaplamalar geçirilip, şunda 20 göterim mineral goşundyly sement öndürilende, maddy we ýangyç-energetika serişdeleriniň tygşytlanylyşy aýratyn bellemäge degişlidir. Netijede, 20 göterim mineral goşundyly sement öndürilende, sementiň her tonnasynda 142,4 kg kömürturşy gazynyň daşky gurşawa bölünip çykmagynyň öňüni alyp boljakdygy anyklanyldy. Ylmy barlaglaryň önümçilige ornaşdyrylmagy ekologik abadançylygy üpjün etmekdäki köpugurly tagallalara mynasyp goşant bolar. 

                                                                                                           

Rejepnur NURBERDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň senagat himiýasy barlaghanasynyň müdiri, himiýa ylymlarynyň kandidaty.

04.07.2022
Zehinli ýaşlar ýüze çykarylýar

Ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan biziň institutymyzda häzirki günlerde talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda medeni hepdelikler dowam edýär. Gyzykly we täsirli çäräniň maksady zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmakdan, olarda medeni we milli mirasymyza söýgi döretmekden ybaratdyr.  

                                                                   

Ýokary okuw mekdebimiziň talyplaryna bäsleşikde öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny, bilim derejelerini görkezmäge giň mümkinçilik döredilýär. Olar çykyşlarynda özleriniň hünärleri boýunça durmuşda gabat gelýän wakalary gysgajyk sahnalaryň üsti bilen janlandyrýarlar. Çykyşlaryň daşary ýurt dillerinde alnyp barylmagy bolsa geljekki bilim işgärleriniň kämilleşmegine uly ýardam berýär. Bu babatda fizika hem-de türkmen dili we edebiýaty hünärleriniň talyplarynyň çykyşlary ýatdagalyjy boldy.  

                                                                   

Golaýda hepdeligiň dowamynda pars dili we edebiýaty hünäriniň talyp ýaşlary hem çykyş etdiler. Olaryň hepdeligiň dowamynda «Dünýä dilleri — dostluk ýollary» ady bilen pars dilinde taýýarlan çykyşlary çuň mazmunlylygy bilen tapawutlandy. Tomaşaçylar joşgun bilen ýerine ýetirilen aýdymlardan, gysgajyk sahnalardan we halklaryň doganlyk-dostlugyny wasp edýän edebi-sazly kompozisiýadan ruhy lezzet aldylar. Talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döredýän medeni hepdelik dowam edýär.  

                                                                                                           

Selbi  GURBANOWA,

                       

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.

26.03.2022
Arkadagly zamanada innowasion özgertmeler rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýyla at berilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Geljek, 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak hakyndaky başlangyç hem ildeşlerimiziň her biriniň kalbynda ýurdumyzy bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan çäksiz buýsanç duýgusyny artdyrdy. Bu teklibi ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň wekilleri, şol sanda ylym-bilim ulgamynyň işgärleri hem biragyzdan goldaýarlar. Şu günler Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, bilim-terbiýeçilik edaralarynda guralýan maslahatlardyr duşuşyklarda-da bu şygaryň ýüreklerde döreden joşguny, onuň mähriban halkymyzy milli Liderimiziň daşyna has-da jebisleşdirip, täze belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrjakdygy baradaky buýsançly gürrüňlere giň orun berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň 2007-nji ýylda döwlet baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinde bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly Permana gol çekmegi, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak üçin milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda anyk wezipeleri kesgitlemegi örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Çünki häzirki zaman dünýäsinde ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek islendik döwletiň bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion taýdan kuwwatlylygyny artdyrmagyň möhüm şertleriniň biri hökmünde öňe çykýar. Şoňa görä-de, bu günki gün ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň işini düýpli özgertmek, elektron senagaty döretmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şunda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanyp, häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» uly orun degişlidir.

Milli Liderimiz: «Bäsdeşlige ukyply, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrýarys. Bu ugurdan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berýäris. Sebäbi innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar» diýip belleýär. Şu babatda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän maglumat-tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen döredilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hem netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Häzirki wagtda bu bilim ojagynda maglumatlary gaýtadan işlemek boýunça awtomatlaşdyrylan ulgamlary döretmek, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi, kompýuter ulgamlarynyň programma üpjünçiligi, şeýle hem önümçiligi awtomatlaşdyrmak bilen bagly senagat elektronikasy boýunça täze hünärleriň birnäçesi açylyp, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň köpugurly tagallalary netijesinde Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny sanlylaşdyrmaga mynasyp goşant goşjak ýaş hünärmenleriň täze nesli kemala gelýär. Olar Türkmenistany ösen innowasion ykdysadyýetli ýurda öwürmek, milli Liderimiziň özlerine bildirýän ynamyny ödemek ugrunda yhlasly işlemegi we döretmegi baş maksady hasaplap, dünýäniň tehnologik ösüşleri bilen deň gadam urmak üçin şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Bazargeldi TÖRÄÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.




06.12.2021
Ylym-bilim — täzelenişiň, ösüşiň we döredijiligiň çeşmesi

1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslary we miweleri, ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň wezipe borçlary hakynda giňişleýin gürrüň etmegi ylym-bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde-de möhüm wezipeleri kesgitledi. Şular dogrusynda gürrüň etmek maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory Nurýagdy SUWHANOWYŇ, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Hezretguly DURDYÝEWIŇ, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň pedagogika kafedrasynyň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Janabaý ŞYHYÝEWIŇ, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Kömek KULYÝEWIŇ, Aşgabat şäherindäki 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri Hemra ARAMEDOWYŇ gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik taýýarladyk.

— Hormatly Prezidentimiziň umumy okuw sapagynda öňe süren garaýyşlary täze eýýamyň paýhas esasyny düzýär. Olar döwrebap nesli kemala getirmegiň binýadydyr.

Nurýagdy Suwhanow:

— Şanly toýuň öňüsyrasynda milli Liderimiziň türkmen ýaşlaryna geçen umumy okuwynyň many-mazmunynda beýik Garaşsyzlygymyzyň esaslary, miweleri, täze eýýamyň ýol-ýörelgeleri açylyp görkezilýär. Bu eýýamyň mazmundyr maksadynyň adam gymmatlygy bilen baglydygy sebäpli, onuň täzeçilligi hem adam gymmatlygyna esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda türkmen jemgyýetiniň ýaşaýyş sütünlerini düzýän saglyk, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dostluk, ynsaplylyk, agzybirlik ýaly gymmatlyklar giňden derňelýär. Şol gymmatlyklar, ozaly bilen, ylymly-bilimli adamlaryň döredijiliginiň miwesidir. «Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşy üpjün etmegiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir» diýýän döwlet Baştutanymyzyň öwüt-ündewleri halkymyzyň medeni-durmuş tejribesi arkaly şol taglymatyň paýhas esaslaryny kesgitleýär. Şunda ylym-bilim wajyp orna eýedir.

Döwletlilik ýörelgesi ylma, paýhasa esaslanýar. Muny biz halkymyzyň aňyna ornaşan «Ylymly ozar» diýen ýörelgede görýäris. Ata-babalarymyzyň şu ýörelgeden ugur alyp, ylymly-bilimli nesilleri ýetişdirmek bilen baglanyşykly tagallalary hormatly Prezidentimiziň ýurt Baştutanlygyna saýlanyp, işe girişmeginiň yzysüre yglan eden bilim syýasatynda hil taýdan täze derejede öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzda berk maddy-tehniki binýatly kämil bilim ulgamy döredildi, hünärmenleriň täze neslini terbiýelemek ünsden düşürilmeýän ugurlaryň birine öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň «Akyl ýaşda däl, başda», «Akyl Allanyň gözüdir, ynsap halk gözüdir», «Akyl aňlanylýan we aňlanylmaýan dertleriň baryndan halas edýändir», «Akyl kämilligi Watanyň nämedigine düşünmekdir», «Akylyň iň ýokary derejesi parasatdyr» ýaly pähimli pikirleri döredendigini, akyl-paýhasyň könelmeýändigini, wagt geçdigiçe, onuň manysynyň dür bolup öwşün atýandygyny belleýär. Şu ýerden bolsa gün-günden özgerýän ýurdumyzda ylym bilen paýhasyň sazlaşykly baglanyşygyny gazanmagyň ähmiýeti aýdyň görünýär. Milli Liderimiz ýaşlara sargytlarynda türkmen döwletinde ýaşap, adamzadyň paýhas hazynasyna saldamly goşant goşan akyldarlaryň köpüsiniň eden işlerini ýatlady. Şu gün şol danalaryň işini dowam etdiriji — gurujy, dörediji, täze nesli kemala getirmek iň derwaýys meseledir. Şolaryň hatarynda çaganyň ukybyny açmagyň wajypdygyna üns çekilýär. Çünki çagalaryň häsiýetleriniň dürli-dürlüdigine garamazdan, olaryň her birinde şeýle ukybyň bardygy gümansyzdyr. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň haýsy ugurda ukybynyň bardygyny açmagyň zerurdygyny nygtap, şu wezipäni mekdep mugallymlarynyň amal etmelidigini yzygiderli belleýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim syýasaty türkmen halkynyň döredijilik, gurujylyk, oýlap tapyjylyk ukyplaryny açmagy göz öňünde tutýar. Bu meseläniň ylym-bilim ulgamynyň durnukly kämilleşmegi, onuň bäsdeşlige ukyply hünärmenleri ýetişdirmegi esasynda çözülýändigini görýäris. Bu gün jemgyýetiň islegleri bazar ykdysadyýetiniň täsiri bilen kemala gelýär, bilime bilermen garaýyşly çemeleşme giňden ýaýraýar. Döwrüň talaplaryny amal etmäge ukyply täze nesli ýetişdirmek köp taraply işdir. Şunda halkyň toplan durmuş tejribesinden, medeni mirasyndan ugur almak gerek. Şoňa görä-de, milli Liderimiz öz ylmy-filosofik eserlerinde halkyň medeni mirasynyň, däp-dessurlarynyň ýurtda bolup geçýän tehnologik özgerişler bilen baglanyşygyny derňeýär.

Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynda hem halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary ylmy taýdan öwrenilip, olaryň ähmiýeti açylyp görkezilýär. Şonuň üçin onda öňe sürlen belent maksatlary, ilki bilen, ýaşlarymyz çuňňur özleşdirmelidirler.

— Ýurdumyzda ýaş alymlaryň täze nesli kemala gelýär. Milli Liderimiz ýaşlara türkmen alymlarynyň nusgalyk ýoluny dowam etdirmegi ündeýär.

Hezretguly Durdyýew:

— 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabry türkmen biliminiň, ylmynyň taryhyna täze sahypa ýazdy. Şol gün hormatly Prezidentimiziň umumy okuw sapagyny geçmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şonda alym Arkadagymyz ylymdyr bilimiň jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny nygtap: «Biz toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda XXI asyrda durnukly ösüşi üpjün edýäris» diýip belledi. Munuň özi ylym-bilimiň arabaglanyşygynyň has-da pugtalanýandygyny ýene bir gezek tassyklap, şu ulgamlary dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.

Bu gün döwlet Baştutanymyzyň ylym ulgamynda geçirýän düýpli özgertmeleri günsaýyn çuňlaşýar, türkmen ylmy täze belentliklere çykýar. Bu ynsanperwer ylymlar babatda-da şeýledir. Hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalary netijesinde ene dilimizi, edebiýatymyzy we milli golýazma mirasymyzy öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz: «Ýaşlara berjek öwüdim — hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne boluň!» diýmek bilen, ýaşlarymyza kämilligiň gözbaşlaryny salgy berýär. «Biziň topragymyzda ýene-de dünýä ylmynda iňňän wajyp ähmiýetli açyşlary edip, şamçyrag — ýolgörkeziji boljak eserleri döretjek birunylaryň, lukman hekimleriň, mäne babalaryň, horezmileriň, farabylaryň, merwezileriň, amulylaryň, zamahşarylaryň, kubralaryň, nesewileriň, massonlaryň we sarianidileriň, jykyýewleriň hem-de atanyýazowlaryň dörejekdigine men berk ynanýaryn» diýmek bilen, olara uly ynam bildirýär.

Alym Arkadagymyzyň oýlanyşykly ylym syýasaty esasynda geçirilýän özgertmeler ene dilimiziň, edebiýatymyzyň, milli golýazma mirasymyzy öwrenmegiň möhüm meselelerini çözmäge giň ýol açýar. Ýurdumyzyň ylym ulgamyny düýpli kämilleşdirip, döredijilikli işlemäge ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt, dünýä ähmiýetli başlangyçlarynda hemişe rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

— Sapakda döwrebap sanly tehnologiýalary peýdalanmak mugallymyň ussatlygyny talap edýär. Söhbedimizi ýaşlaryň terbiýesinde göreldäniň orny barada dowam edäýsek!

Janabaý Şyhyýew:

— Gahryman Arkadagymyz sanly bilim ulgamyna geçilýän döwürde sapaga döwrebap tehnologiýalar esasynda taýýarlanmagyň, okuw işinde olary netijeli peýdalanmagyň, uzak aralykdan bilim bermek ýaly häzirki zaman mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň ussatlygyny görkezdi.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýulýan möhüm wezipeleriň biri-de ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek bilen birlikde, olary milli ruhda terbiýelemekden ybaratdyr. Bu babatda göreldäniň orny uludyr. Hormatly Prezidentimiz Watany söýmek, ony gözüň göreji ýaly gorap saklamak, ýaşuly nesli sylamak, kiçä hormat goýmak, milli däp-dessurlary, edep-kadalarymyzy sarpalamak meselelerine aýratyn üns berýär hem-de bu babatda hemmelere görelde görkezýär. Ajaýyp eserlerinde salamlaşmak edebinden başlap, türkmen maşgalasyna mahsus ähli aýratynlyklary giňişleýin beýan edýär. Edebiň başy salamdyr. Salam edepliligiň esasy alamatydyr. Salamlaşylýan pursat özboluşly, gyzykly pursatdyr. Salam şahsyýetara gatnaşyklaryň başlangyjy hasaplanýar. Milli Liderimiz şeýle hem ata-babalarymyzyň guýyny, akar ýaby, çörekdir tamdyry mukaddes hasaplandyklaryna aýratyn ünsi çekýär.

Sözüň güýjüne şahyrana döredijiligiň iň ilkinji nusgalary hasaplanýan türkmen nakyllarydyr atalar sözleri güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly ajaýyp kitapda söz bilen baglanyşykly şeýle nakyllar getirilýär: «Sözüň bilip sözleseň, ýüzüň nury dökülmez», «Egri sözüň güýji ýok», «Edep başy — dil», «Göz bilen gör, dil bilen bil», «Az söz bilen köp many aljak bol», «Ajy hem bolsa, çyn söz ýagşy», «Akylla bir söz besdir, akmaga müň söz hebesdir», «Aýdylmadyk gep ýok, eşidilmedik gep bar», «Gözüňi bek sakla, diliňi bekle», «Dil — bela, diş — gala», «Köp bil, az sözle», «Utanç — gözde, görk — agyzda», «Seresap gürleseň, dildir başyň galasy, biseresap gürleseň, dildir başyň belasy».

Halkymyzda ulynyň sözi kiçi üçin hökmany hasap edilýär. Şonuň ýaly-da, kiçä sarpa goýmak ulular üçin belent adamkärçilik sypaty hökmünde görülýär. Nesil terbiýesi babatda öňde durýan wezipeleri oňyn çözmek biziň çagalara salyhatly, medeniýetli, mylaýym häsiýetleri öwretmegimize köp derejede baglydyr. Ýagşy gylyk-häsiýet, hoş söz, edeplilik her bir adamda hoşniýetliligi döredýär. Terbiýeçilik işinde mugallymyň sözi esasy serişde bolup hyzmat edýär. Şahyr Kerim Gurbannepesow «Mugallymyň sözi» atly goşgusynda:

Mugallymyň sözi — Watanyň sözi!
Ol sözde ýerleşýär dünýä dek mazmun.
Mugallymyň sözi kanun mekdepde,
Mugallymyň sözi öýde-de kanun —

diýmek bilen, mugallymyň sözleýiş edebiniň ýokary bolmalydygyny nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň umumy okuw sapagynda sözleýiş medeniýetiniň ussatlygyny görkezmegi biz — mugallymlar üçin nusgalykdyr.

— Döwlet Baştutanymyz ýaşlygyndan halkymyzyň durmuşyny, dünýägaraýşyny, watançylygyny, ahlak kadalaryny, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän nakyllary depderlerine belläp almagy endik edinendigini nygtaýar. Şundan ugur alyp, «Paýhas çeşmesiniň» dürdänelerini ýaşlaryň terbiýesinde ýolgörkeziji hasaplamak bolar...

Kömek Kulyýew:

— Gahryman Arkadagymyzyň talyplar we okuwçylar bilen duşuşygyndaky eden çykyşyny «Zamanamyzyň Beýik Mugallymynyň taryhy sapagy» diýip atlandyrasym gelýär. Bu çuň manyly çykyşdan diňe ýaşlar däl, halypa mugallymlaram, alymlaram, döredijilik işgärlerem gaty kän zat öwrenen bolsa gerek. Hormatly Prezidentimiziň sadadan düşnükli, parasatly sözleri göz öňümizde ata Watanymyzyň şan-şöhrata beslenen geçmişini, bagtyýar şu gününi, eşretli geljegini aýdyň suratlandyrdy.

Şu ýerde milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynyň ylmy esasda ösdürilmelidigi baradaky pentlerini ýene-de bir gezek ýatlamagymyz zerur. Bu parasatly ýörelgä eýermek milli medeniýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Aslynda, medeniýet bilen ylym-bilim ulgamyny biri-birinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Ylym-bilimden ýüki ýetik, dana Magtymguly aýtmyşlaýyn, «manydan dok» kişiniň işdäki, durmuşdaky, döredijilikdäki medeniýetem başgaça bolýar. Berkarar döwletimizde medeniýet ulgamynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülmegi-de şonuň üçindir. Gahryman Arkadagymyzyň öz çykyşynda bu ulgamy «medeni diplomatiýa» diýip atlandyrmagy hem-de onuň döwlet syýasatynyň möhüm düzüm bölegidigini aýratyn nygtamagy medeniýet ulgamynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň şatlykdyr buýsanjyny, güýç-gaýratyny, jogapkärçilik duýgusyny ýokarlandyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen parasatly sözleri bu gün her birimiz üçin beýik şygara, aýdyma öwrüldi. Şol kalpdan çykan, ata-babalarymyzdan miras galan ruhy, medeni gymmatlyklaryň hemmesine biz gadymy hem beýik medeniýetiň ajaýyp nusgalary hökmünde guwanmaga, buýsanmaga haklydyrys. Atalar sözleridir nakyllar-da, ilkinji nobatda, şol dürdäne gymmatlyklaryň hataryna girýär. Alym Arkadagymyzyň şol nakyllary toplap, tertipleşdirip, bir ulgama salmagy we şol esasynda «Paýhas çeşmesi» atly gymmatly kitabyň elimize gowuşmagy hem şol ägirt buýsançdan nyşandyr. Çeper sözüň gadyryny bilýän dörediji Liderimiziň şol nakyllary öz eserlerinde, çykyşlarynda jaýdar ulanmagy-da alymlarymyz, ýazyjy-şahyrlarymyz üçin nusgalyk göreldedir.

Hormatly Prezidentimiziň örän möhüm döwlet işleriniň arasynda wagt tapyp, Bilimler we talyp ýaşlar gününde talyplardyr okuwçylar bilen umumy okuw sapagyny geçmegi biziň üçin taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Şol duşuşyga Türkmen döwlet medeniýet institutyndan hem talyplardyr mugallymlaryň birnäçesi gatnaşdy. Duşuşyk tamamlanyp, okuwa dolanyp gelenlerinde, olaryň ählisiniň ýüzünden nur ýagýardy. Gahryman Arkadagymyzyň nurana keşbini görüp, göwünleri galkyndyrýan parasatly sözlerini ýakyndan diňlän ýaş ýigitlerdir gyzlaryň kalby joşmazmy, ýüzi ýagtylmazmy, eýsem!

«Ýaşlar, siz pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam edip, ýagşy gylyk-häsiýetleriňiz, adamkärçiligiňiz, başarnygyňyz bilen tanalyp, hakyky türkmen bolup dünýä çykmalysyňyz!.. Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň akyly jöwher dek bolmalydyr. Çünki siz özüni taýsyz zehini bilen dünýä tanadan halkyň neslisiňiz!» diýip, öz raýatlarynyň uludan-kiçä hemmesine şeýle zerur sözleri jaý wagtynda aýdyp, olaryň göwünlerini baýdak deý belende göterip bilýän hormatly Prezidentimiziň ömri uzak, mertebesi hemişe belent bolsun!

— Hormatly Prezidentimiz çykyşynda bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeleriň many-mazmunyna aýratyn üns berdi. Bu gün bilim özgertmeleri döwrüň ösüşleri bilen deň gadam urup, barha giň gerim alýar.

Hemra Aramedow:

— Gündogaryň meşhur alymy Jelaleddin Rumynyň: «Bilimdedir haýyr işleň toplumy» diýşi ýaly, bilim adamlary diňe gowulyga tarap özgerdýär. Bilim haýyr işleri, ýagşylyklary hem-de gözellikleri döredýär.

Aýdylyşy ýaly, wagt iň beýik täzelikçidir. Wagt adamyň durmuşynyň ähli ugurlaryna, şol sanda bilim ulgamyna-da öz täsirini ýetirýär, şoňa görä-de, oňa täzelikleri, oňyn tejribeleri yzygiderli ornaşdyrmak zerurdyr. Ylym-bilim döwletiň we jemgyýetiň öňe gitmeginiň berk binýady hasaplanýar. Ýaşlara döwrebap bilim berip, ylym-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmäge goşant goşmak bolsa mugallymlaryň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir.

Gahryman Arkadagymyz parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen batly gadam urýan hem-de bu ýolda ajaýyp üstünlikleri gazanýan döwletimiziň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipeleri baradaky maksatnamalaýyn çykyşynda bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, ruhubelent, maksadaokgunly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemek, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak, kämil şahsyýetleri kemala getirmek wezipelerini goýdy. Şunda okuwçynyň şahsyýet bolup ýetişmegi, onuň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy bilen baglanyşykly wezipeleri durmuşa geçirmekde umumy orta bilimiň ornuny ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenýär.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň taryhy taýdan uzak bolmadyk döwründe bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy, ony kämilleşdirmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk getirmek, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, iň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzyň bilim ojaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanmak işi göwnejaý ýola goýuldy. Döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen bilim-terbiýeçilik edaralarynda ökde hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredildi.

Ilatyň umumy bilim derejesiniň ösüşi, adamyň medeniýetine we hünär taýýarlygyna talaplaryň ösmegi, üznüksiz bilim ulgamynyň döremegi, umumy orta bilim almagyň möhletiniň uzalmagy, jemgyýetiň çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalar, maglumatlar jemgyýetine geçilmegi, medeni gatnaşyklaryň göwrüminiň giňelmegi, jemgyýetiň demokratiýalaşmagy, bazar ykdysadyýetiniň ösmegi, adam mümkinçilikleriniň ornunyň ýokarlanmagy bilim ulgamynda düýpli özgerişleri alamatlandyrýan dünýä ösüşiniň esasy ýörelgeleridir. Şoňa laýyklykda, ösen ýurtlaryň bilim ulgamyndaky bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmegiň ugurlaryny içgin öwrenip, bilimiň mazmunynyň has kämilleşen görnüşlerini işläp taýýarlamak meselesi ýüze çykdy. Ýurdumyzyň häzirki zaman geosyýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýy, dünýä bilim giňişligine işjeň goşulyşmagy umumy orta bilimiň has-da kämilleşdirilmegini talap edýär. Bu bolsa mekdep biliminiň maksadynyň, gurluşynyň hem-de mazmunynyň, okatmagyň möhletiniň uzaldylmagynyň zerurdygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan döwrebap özgertmeler ýaşlaryň bilimler ummanynyň çuňluklaryna ynamly aralaşmaklarynda, beden taýdan sagdyn, ýokary ahlakly şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde aýratyn orun tutýar we bu ugurda alnyp barylýan işler mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriler.

Söhbetdeş bolan Rahmanberdi GÖKLEŇOW.

«Türkmenistan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39687

07.09.2021
Täze mekdepleriň açylmagy — döwletiň ösüp gelýän nesil baradaky aladasynyň nyşany

Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenildi

Ahal welaýaty, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli şanly senäni — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýän eziz Diýarymyzda çagalar üçin gapylaryny giňden açan täze mekdepleriň birnäçesi ulanylmaga berildi. Bu desgalaryň gurluşygy ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan amala aşyryldy, olar öz öňünde goýlan wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldiler. Täze binalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdep hem bar. Bu mekdebe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda şöhratly taryhymyzy, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryny hem-de baý ruhy mirasyny düýpli öwrenmek, olary gaýtadan dikeltmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dürli döwürlerde Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşine uly goşant goşan meşhur ildeşlerimize belent sarpa goýulýar, olaryň atlaryny ebedileşdirmek barada alada edilýär.

Mugallym, okuw-terbiýeçilik işiniň işjeň guramaçysy, ähli bilimini we tejribesini Diýarymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ýaş nesle döwrebap bilim hem-de terbiýe bermäge bagyşlan, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk görkezen watançy esger Annak Sähetmyradowyň zähmet we durmuş ýoly şu günki türkmen ýaşlary üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.

Ir bilen täze mekdebiň ýanynda baýramçylyk hem-de ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Mekdebiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Şanly waka mynasybetli sungat işgärleri aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz öz Gutlagynda giňden bellenilýän baýramçylyk hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.

“Bilim almak, hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen durmuş kadasydyr. Sebäbi ylym-bilim bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilimiň we ylmyň jemgyýetimiziň döredijilik güýjüniň binýady hökmünde yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda türkmenistanlylaryň ýaş nesline okuwda üstünlikleri, mugallymlara bolsa Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.

Dabarada çykyş eden A.Sähetmyradowyň gyzy D.Orazdurdyýewa we beýlekiler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallalary netijesinde, bu gün bilim ulgamynyň innowasiýa esasynda yzygiderli ösdürilýändigini, onuň düzüminiň, okatmagyň usulyýetiniň hem-de maksatnamalarynyň halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrylýandygyny bellediler.

Eziz Diýarymyzyň obalarynda we şäherlerinde häzirki zaman mekdepleriniň hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurulýandygy, şolaryň iň döwrebap kompýuterler, beýleki zerur enjamlar we okuw gollanmalary bilen üpjün edilýändigi, okuw işlerine ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň, interaktiw-multimedia hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygy nygtaldy. Bu ulgam üçin ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyna, mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Ýygnananlar milli Liderimize ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watançylyk ruhuna hem-de halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarly ýaşlaryň kemala gelmegi barada edýän atalyk aladasy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Dabaranyň dowamynda işde tapawutlanan gurluşykçylara döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär — ilkinji jaň nobatdaky okuw ýylynyň başlanandygyny mälim edýär. 960 okuwçy orunlyk ajaýyp mekdep oglanlary we gyzlary özlerine garaşyp duran giň synp otaglaryna çagyrýar. Täze mekdebiň açylmagy mynasybetli okuwçylar baýramçylyk çykyşlaryny taýýarladylar.

Dabara gatnaşyjylar täze mekdep bilen tanyşdylar, bu ýerde okuwlaryň, terbiýeçilik işiniň, bedenterbiýe-sport we medeni çäreleriň ýokary derejede guralmagy üçin ähli şertler döredildi. Okuwçylar döwrebap enjamlar, öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de dürli dersler boýunça okuw kitaplary bilen üpjün edilen synp otaglarynda bilim alarlar.

Hususan-da, lingafon otagynda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Bilimleri üstünlikli özleşdirmek üçin matematika, informatika, biologiýa, himiýa we beýleki derslere niýetlenen otaglarda degişli amatlyklar döredildi. Zähmet sapagy hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin zerur enjamlar ornaşdyryldy.

Hormatly ýaşulular ýola goýlan asylly däbe görä, 1-nji synpa gelen körpelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgat hökmünde “Bilimli” kompýuterlerini gowşurdylar. Munuň özi bilimler dünýäsine gadam basýan körpe okuwçylaryň şatlygyny has-da artdyrdy.

Umuman, Babarap obasyndaky Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdep milli Liderimiziň başyny başlan we yzygiderli amala aşyrýan täze bilim syýasatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Şu gün Ahal welaýatynyň Änew şäherinde 720 orunlyk, Ak bugdaý etrabynda 960 orunlyk, Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde 640 orunlyk, Babadaýhan etrabynda 960 orunlyk täze, döwrebap umumybilim berýän mekdepleriň ýene-de dördüsi açyldy. Şu baýramçylyk güni täze mekdepleriň okuwçylary üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň adyna ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň abadançylygy barada edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.

***

Lebap welaýaty, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün — Bilimler we talyp ýaşlar gününde Saýat etrabynyň Çowdur we Lebaby geňeşliklerinde gurlan döwrebap mekdepleriň 2-si Lebap welaýatynyň umumybilim berýän edaralarynyň üstüni ýetirdi. Şolaryň her biri 600 okuwça niýetlenendir.

Täze mekdepler baýramçylyga beslenip, dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu şanly waka bilen okuwçylary hem-de mugallymlary bilim ulgamynyň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gutladylar.

Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, bilim ulgamynda başyny başlan özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Türkmenistanda ýaş nesliň oňat bilim almagy we hemmetaraplaýyn ösmegi, mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi bellenildi. Dabaralara gatnaşyjylar milli Liderimize ýurdumyzyň bilim ulgamyny düýpli kämilleşdirmäge hem-de dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilen oňyn strategiýasy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Täze mekdepleriň açylmagy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Mekdeplerde giň we ýagty synp otaglary, lingafon hem-de ders otaglary, sport we maslahat zallary, naharhanalar, saglygy goraýyş bölümleri ýerleşdirildi.

Döwrebap kompýuterler hem-de beýleki zerur enjamlar, innowasion tehnologiýalar fizika, himiýa, matematika we beýleki dersler boýunça okuw işlerini netijeli alyp barmaga mümkinçilik berýär. Mekdepleriň her birinde kitaphanalar hem-de okuwçylaryň döredijilik zehinlerini özleşdirmekleri üçin niýetlenen saz otaglary bar. Oglanlardyr gyzlar zähmet sapagy üçin, degişli enjamlar bilen üpjün edilen synp otaglarynda bilim alarlar.

Täze mekdepleriň abadanlaşdyrylan çäklerinde futbol, woleýbol we basketbol meýdançalaryny, ylgaw ýodalaryny öz içine alýan sport şäherjikleri bar.

Şu günki dabaranyň şanyna bu ýerde, ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan 1-nji synplaryň okuwçylaryna “Bilimli” kompýuterleri gowşuryldy.

Şeýlelikde, şu gün gapylaryny giňden açan täze umumybilim berýän mekdeplerde okuwçylaryň aň-bilim we beden taýdan kämilleşmekleri, döwrebap bilimlere eýe bolmaklary üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Şol bilimler ýaşlara geljekde ata Watanymyzy has-da ösdürmäge mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik berer.

Surata düşürenler Aýdo ŞEKEROW, Dörtguly MYRATGULYÝEW, Merdan ORAZOW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39272

02.09.2021
Sanly bilim — döwrüň zerurlygy

Sanly ykdysadyýetiň bilim üpjünçiligini ösdürmek «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmagyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamynyň ylym we önümçilik bilen baglanyşygy pugtalandyrylýar, täze hünärler girizilýär, döwrüň talaplaryna laýyklykda, hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýetine aýratyn üns berilýär, döwrebap okuw meýilnamalary işlenip taýýarlanylýar. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň çygrynda ýokary hünär bilimli ýaşlary taýýarlamak wezipesi döwrüň talaby bolup öňe çykýar.

Ýokarda agzalan Konsepsiýanyň maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça täze hünärleri girizmek, has köp isleg bildirilýän hünär ugurlary, esasan-da, inžener-tehniki we tehnologiýa ugurlary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýete geçilýän häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde pudaklar üçin zerur bolan programmaçylary, inženerleri we tehnologlary taýýarlamak wezipesine möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty netijesinde, bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, döwrebap ýokary okuw mekdepleri gurlup, hünärmenleri taýýarlamagyň milli ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary hünär bilim edaralarynyň işi kämilleşdirilýär.

Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sanly ykdysadyýet, maglumat tehnologiýalary, programma üpjünçiligi, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri ulgamlaýyn esasda taýýarlamagyň netijeliligi tapgyrlaýyn ýokarlandyrylýar. Talyp ýaşlaryň döwrebap bilimleri we ylymlary özleşdirip, geljekde döredijilikli zähmetini, ylmy-inženerçilik pikirleridir senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy-barlaglaryny ykdysadyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmagyň bähbidine gönükdirmekleri üçin maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýaşlara hemmetaraplaýyn döwrebap bilim bermek üçin häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary, täzeçil tejribeler, öňdebaryjy usullar okuw işinde giňden ulanylýar.

Tejribäniň görkezişi ýaly, ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy uzak geljek üçin durnukly bolýar. Sanly ykdysadyýete mahsus şertlerde kämil hünärmenleri taýýarlamak, olarda zähmet işine uýgunlaşmak we bäsdeşlige ukyplylyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek hem-de ösdürmek esasy wezipeleriň birine öwrülýär. Şunda zerur bolan bilimleriň sanly görnüşde alynmagyna möhüm ähmiýet berilýär, sebäbi täzeçil intellektual tehnologiýalary ulanyp bilmegi başarmak maglumat jemgyýetini döretmegiň esasy şertidir.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bilim işinde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ulanýarlar.

Bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak onuň netijeli işlemegini üpjün edýän ýollaryň biri hasaplanylýar. Bilim tehnologiýalarynyň kemala getirilmegi innowasion usullara, sanly ulgamlara, şeýle hem okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklarynyň şertlerine esaslanýan bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi we okuw işiniň guralyşy bilen häsiýetlendirilýär.

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary az ilatly, barmasy kyn, uzakdaky ilatly ýerlerde işleýän pedagogik işgärleriň uzak aralykdan hünär derejesini ýokarlandyrmagy üçin hem niýetlenilýär. Bilim edaralary bilim işini guranlarynda bilim tehnologiýalaryny, şol sanda okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklaryna esaslanýan tehnologiýalary, elektron okuwy hem-de uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanýarlar.

«Uzak aralykly bilim tehnologiýalary» diýlip uzak aralykdan okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklaryny üpjün edýän maglumat-telekommunikasiýa torlaryny ulanmak arkaly, bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň we okuw işini guramagyň gurallaryna düşünilýär. Uzak aralykly bilim tehnologiýalary ulanylyp, bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende we okuw işi guralanda, bilim edarasy okaýanlara elektron okuw-usulyýet toplumynyň, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we maglumat-telekommunikasiýa torlarynyň toplumynyň, degişli tehnologik serişdeleriň elýeterliligini üpjün edýär.

Kommunikasiýa we sanly tehnologiýalar ulgamynda Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklar möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» beýan edilen wezipeleri durmuşa geçirmek üçin Ýewropa Bileleşiginiň taslamalarynyň çäklerinde bilelikdäki degişli çäreler geçirilýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Okatmagyň täzeçil usullaryny işjeň ornaşdyrmak, häzirki zamanyň bilim maksatnamalaryny we okuw serişdelerini ulanmak, bilim edaralarynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek babatda anyk çäreler görülýär. Okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr orta mekdepleriň okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler.

Berkarar döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36260

02.08.2021
Innowasiýalar döwletiň gülläp ösüşiniň esasydyr

Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçirilýär

AŞGABAT, 3-nji maý (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly geçirilýän “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanan bu forumyň işi berkarar döwletimiziň okgunly innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýetini beýan etmekden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, alymlaryň we hünärmenleriň täze işläp taýýarlamalaryny milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda netijeli peýdalanmak meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzyň tehnologiýa binýadynyň döredilmegi, sanlylaşdyrmak, informatizasiýa, elektron tehnikasy, senagat biotehnologiýasy ýaly ugurlaryň ösdürilmegi döwlet innowasiýa syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ylym we bilim belent maksatlara ýetmegiň ýolunda jemgyýeti jebisleşdirýän, döwletimiziň kuwwatyny artdyrýan baýlyk bolup durýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geçirilýän ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly ulgamlary ornaşdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň ugurlaryny giňeltmek bu gün ylmy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleriniň hatarynda aýratyn ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň 30-njy aprelde geçirilen mejlisinde ylym-bilim işlerini ösdürmek, häzirki zaman işläp taýýarlamalary we innowasion tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak, giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň aýratyn möhümdigini ýene bir gezek belledi.


Bu we beýleki möhüm meseleler şu halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenildi.

“Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyşy Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde boldy. Şu ýerde bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň bio- hem-de biolukmançylyk tehnologiýalary, nanoelektronika we maddalaryň interneti, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, kiberhowpsuzlyk ulgamynda taýýarlan bilelikdäki ylmy işleriniň sergisi guraldy. Onda dürli programmalar we taslamalar, intellektual ulgamlar, tehniki işläp taýýarlamalar, robotlar, dökünlere himiki hem-de biologik goşundylar we önümçilikde ulanylmaga gönükdirlen beýleki innowasiýa ugurly teklipler görkezilýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan maslahata gatnaşyjylar göni ýaýlymda sergi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Halkara forum ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylaryny, alymlary, dürli ulgamlaryň hünärmenlerini, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny we talyplaryny bir ýere jemledi. Sanly ulgam arkaly maslahata dünýäniň ýigrimi ýurdundan iri ylmy merkezleriňdir ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar. Munuň özi giň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berer.

Umumy mejlisde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Azerbaýjanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Efiopiýanyň, Polşanyň, Hytaýyň, Palestinanyň, Italiýanyň, Russiýanyň görnükli alymlary çykyş etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan ylmy we tehnologiýalary ösdürmekde ägirt uly ösüş gazandy, türkmen alymlarynyň ylmy gazananlary muňa şaýatlyk edýär, olar ykdysadyýetiň köp ulgamlarynda netijeli peýdalanylýar.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda amatly içerki syýasy ýagdaýyň kemala gelmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn ornuny biragyzdan bellediler, munuň özi ylmy barlaglaryň işjeňleşdirilmegine, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.


Ýurdumyzyň ylym ulgamy dünýä derejesinde ösüşe eýe boldy, onuň kanunçylyk we ylmy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, synag-önümçilik barlaghanalarynda düýpli barlaglar geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda ylym ulgamyny sanly ulgama geçirmek boýunça kabul eden Maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda himiýa ylmyny we tehnologiýalary toplumlaýyn ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti nygtaldy.

Çykyş edenler bilim ulgamy barada aýtmak bilen, Bilim ministrliginiň 2020-nji ýylda döredilen Innowasiýa maglumat merkeziniň ähmiýetini nygtadylar, onuň wezipesi sanly bilim konsepsiýasynyň meselelerini ilerletmekden ybaratdyr. Daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmek, bilim hem-de terbiýeçilik işine öňdebaryjy ylmy usullary, tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän netijeli çäreler hökmünde 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmek boýunça Konsepsiýanyň hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” orny bellenildi. Hususan-da, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de ugurdaş edaralaryň resmi web-saýtlaryny döretmek barada gürrüň edildi.

Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň ylmy açyşlaryny önümçilikde peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi. Ykdysady taýdan düşewüntli, ýerli çig mal esasynda işleýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply senagat önümçiliklerinde maksatnamalaýyn ylmy barlaglaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, iň gowy daşary ýurt tejribesini öwrenmegiň, halkara ylmy alyşmalary işjeňleşdirmegiň, beýleki döwletleriň ylmy edaralary, uniwersitetleri hem-de iri bilim merkezleri bilen innowasiýa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýardam berýän ýakyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyldy.

Ählumumy häsiýete eýe bolan innowasiýa işleri dünýä bileleşigini ösüşiň täze, has ýokary derejesine çykardy. Innowasiýa işleri öz gözbaşyny ylmyň aýry-aýry pudaklaryndan alýar hem-de önümçilikde dowam edip, oňyn özgertmelere getirýär. Biziň günlerimizde innowasiýalar kimdir biriniň islegi bolmak bilen çäklenmän, adamzadyň öňe gitmegi, bäsdeşlige ukyplylygy saklamak hem-de geljekde ösmek üçin zerurlykdyr diýip, çykyş edenler bellediler.

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmeginiň ähmiýetini nygtadylar. Bularyň ählisi Ýer ýüzünde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmak ugrunda ylmy diplomatiýanyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, maslahatyň umumy mejlisiniň barşynda bellenildi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa maslahaty guramaga döredilen mümkinçilik, ylym-bilim ulgamynyň özgerdilmegine, dünýä giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna ägirt uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Ertir Halkara ylmy-amaly maslahat öz işini “Innowasion ykdysadyýet — ösüşleriň gözbaşy”, “Nebitgaz pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti”, “Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary hem-de halkara hyzmatdaşlyk” diýen ýörite üç bölümde dowam eder. Bölümleriň mejlisleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem-de Telekommunikasiýalar we informatika institutynda dowam eder.

Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.

04.05.2021
Bilim — bahasyz baýlyk

Milli bilimi döwrebaplaşdyrmak babatda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ulgamyň dolandyryş, düzüm, kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek, milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmunyny baýlaşdyrmak, ylmy-usulyýet ugurlaryny kämilleşdirmek boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýan sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklandy.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli basgançaklary üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara bitewi tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda Bilim ministrliginiň 2020-nji ýylda döredilen Innowasiýa maglumat merkezi sanly bilim ulgamyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän giň gerimli işlerde täze tapgyr boldy.

Ýeri gelende bellesek, Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek» taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde innowasion özgertmeleriň, şol sanda elektron bilim serişdeleriniň wirtual giňişligini ösdürmek üçin halkara «Moodle» portalyny döretmek we onuň mümkinçiliklerini peýdalanmak üçin ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň sanlylaşdyrmak boýunça bilimini ýokarlandyrmaga işjeň goldaw bermäge gönükdirilen ýörite okuwlar geçirildi. Ýörite sapaklara gatnaşylmagy netijesinde, bu halkara binýat ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-siniň okuw maksatnamasyna ornaşdyryldy.

«Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek» taslamasynyň Milli bilim institutynyň ylmy-usulyýet mümkinçilikleriniň berkidilmegine hem ýardam edendigini bellemek gerek. Bu ýerde portal, web-saýt we elektron kitaphana döredildi. Olar häzirki döwürde üstünlikli hereket edip, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde usulyýetçi alymlara, bilim işgärlerine amatly mümkinçilikleri açýar. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäginde, irki döwürden başlap, çagalary terbiýelemek, okatmak hem-de olaryň beden we ruhy taýdan saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek maksady bilen, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 22-nji maýyndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini hem-de mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» aýdyň mysaldyr. Milli we oňyn halkara tejribelere salgylanmak bilen, çaganyň irki ösüşini hem-de mekdebe taýýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen bu maksatnama mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksadyny, wezipelerini, şeýle-de ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde, körpe nesil üçin irki ýaşdan başlap, mekdebe çenli bilimiň elýeterliligini we bäş ýaşly çagalaryň mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek boýunça işler kämilleşdiriler. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işine bilim we terbiýe bermegiň iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri, usullary giňden ornaşdyrylar. Pedagogikanyň, psihologiýanyň we okatmagyň usulyýetiniň täze gazananlarynyň esasynda mekdebe çenli bilim hem-de terbiýe bermegiň usulyýeti, okuw maksatnamalarydyr kitaplary yzygiderli kämilleşdiriler.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 8-nji fewralynda geçiren iş maslahatynda ýaşlaryň ene dilinden başga-da, daşary ýurt dillerini düýpli öwrenmegi üçin çagalarda bu endigi artdyryp, höwes döretmegi, mugallymlaryň ýokary taýýarlykly we tejribeli bolmagyny gazanmagy ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Bu derwaýys wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Konsepsiýanyň esasy maksady bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda (mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, umumy orta, başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär, ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi) bitewi bilim gurşawyny döretmekden, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmakdan, dil öwrenýänleriň dil we medeni biliminiň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw-döredijilik işini ele almagyny üpjün edýän okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakdan, olary durmuşa ornaşdyrmakdan ybarat bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä giňişligine üstünlikli aralaşmagyny üpjün etmäge ýardam berer.

«Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek» taslamasynyň çäklerinde umumybilim berýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin «Iňlis dilini okatmagyň usulyýeti» diýen tema boýunça geçirilen okuw maslahatlary bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle-de ussatlygyny kämilleşdirmäge ýardam berdi. Şol okuw maslahatlaryny bu ugurda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, iňlis dilini okatmagyň hilini gowulandyrmak maksady bilen, tälimçi-usulyýetçileri taýýarlamaga ýöriteleşen «Pearson» halkara bilim kompaniýasynyň wekilleriniň geçirendigini-de bellemeli.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň gyzyklanmasyna we höwes edýän ugruna laýyklykda, olaryň saýlap alan hünäri boýunça ukybyny ösdürmegiň möhüm bolup durýandygyna, şeýle edilende öz işine hemmetaraplaýyn düşünýän ýaş hünärmenleriň ýetişjekdigine iş maslahatyna gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Bu ugurda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hatarynda hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» uly orun tutýar. Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça durmuşa geçirilmeli işleriň meýilnamasynda anyk çäreler göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda ýaşlaryň tebigy we takyk ylmy ugurly dersler boýunça dürli tejribe-konstruktorçylyk ukyplaryny ösdürmek, robot tehnikasy babatda ylmy-döredijilik işlerini kämilleşdirmek, bu ugurlara laýyk gelýän sapaklaryň çuňlaşdyrylyp okadylmagyny guramak, döwrebap bilim bermegiň hem-de ýaşlary sazlaşykly terbiýelemegiň täze usullaryny synagdan geçirmek, şeýle hem bilim ulgamyna ornaşdyrmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak işlerini yzygiderli alyp barmak ýaly çäreler bar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip toýlanýan ýylynda bolsa bilim edaralarynda häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä ülňülerine laýyklykda ýokarlandyrmak babatda döwlet tarapyndan öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde ulgamyň işgärleri öz döredijilikli zähmetlerini, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, has-da tutanýerli işleýärler.

Sapargeldi DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/25653

12.04.2021