Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlarynyň esasynda milli bilim ulgamy innowasion ösüşleriň täze belentliklerine ynamly gadam basýar. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, maksada okgunly, päk ahlakly, ruhy taýdan sagdyn, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Netijede, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda alnyp barylýan ylmy-barlag ugurlarynyň artdyrylmagy we olaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag mümkinçilikleriniň utgaşykly peýdalanylmagy üns merkezinde saklanylyp, ýaş alymlara döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär hem-de olaryň höweslendirilmegi üçin uly goldaw berilýär.
Munuň özi innowasiýa tehnologiýalardan, döwrebap ylmy-barlaglardan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyndaky dürli ugurlar boýunça kämil hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek maksat edinilip, talyplara degişli hünärler boýunça bilim bermegiň innowasion usulyndan peýdalanylýar. Talyp ýaşlary taslama we ylmy bäsleşiklere çekmek bilen, olarda ylma tarap ilkinji ädimleriň ädilmegine aýratyn üns berilýär. Bu bolsa talyp ýaşlarda maglumatlary jemlemek we seljermek, özbaşdak pikirlenmek, degişli edebiýat çeşmelerinden peýdalanyp, netijeli çözgüdi kabul etmek ýaly endikleriň kemala gelmegine getirýär.
Dünýä boýunça ýyl-ýyldan uly meşhurlyga eýe bolýan, «ýaşyl energetika» adyna eýe bolan döwrebap, ekologiýa taýdan howpsuzlygy subut edilen, energiýa tygşytlaýan tehnologiýalar has giňden ulanylýar. Munuň özi «ýaşyl energetikanyň» ösüşi we kämilleşdirilmegiň energiýa ýetmezçiliginiň öwezini doldurmak, bughana gazlarynyň daşky gurşawa täsirini azaltmak meselelerini çözmek we dünýä ykdysadyýetiniň tehnologiki ösüşiniň täze tapgyry bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, adatça, Gün we ýel energiýasy, derýalaryň gidrawliki energiýasy, biomassanyň energiýasy, umman energiýasy, geotermiki energiýa, gelgit energiýasy, dürli galyndylar we ýylylyk nasoslary bilen bilelikde pes derejeli ýylylygy öz içine alýar. Gün we ýel energiýasynyň kadastry sebitdäki degişli energiýa gorlarynyň mukdaryny kesgitlemäge hem-de elektrik energiýasyny özgerdiji gurnawlaryň iş kadalaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän energetiki häsiýetnamalaryň toplumyny öz içine alýar.
Ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek babatynda kabul edilen Döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri ykdysady pudaklara ornaşdyrmak maksady bilen, Gün we ýel energiýasynyň gorlaryna baha bermekde ylmy-önümçilik merkezinde milli programma üpjünçiligi işlenilip düzüldi. Gün we ýel energiýasynyň kesgitlenen sebitdäki bahalaryny takyk we tiz wagtda hem-de ygtybarly usulda ýerine ýetirmek üçin «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» atly nobatdaky milli programma üpjünçiligi işlenilip taýýarlanyldy.
Bu milli programma üpjünçiliginiň ýel we Gün elektrik stansiýalarynyň ýerleşdirilmegi üçin iň amatly ýerleri saýlap almakda, sanly maglumatlar goruny döretmekde, şeýle hem saýlanylyp alnan sebitde Gün we ýel energiýa gorlaryna baha bermekde geçirilýän hasaplamalary gysga wagtda takyk almakda peýdalanyp boljak mümkinçiliginiň bardygy kesgitlenildi. Işlenilip düzülen milli programma üpjünçiligi institutymyzda «Adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň ýyllyk we diplom taslamalaryny ýerine ýetirmekde, şeýle hem aspirantlaryň we ýaş alymlaryň ylmy işlerinde peýdalanyp bilmekleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerdir.
Kakageldi SARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory, tehniki ylymlaryň kandidaty.