Habarlar
Täze mekdepleriň açylmagy — döwletiň ösüp gelýän nesil baradaky aladasynyň nyşany

Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenildi

Ahal welaýaty, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli şanly senäni — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýän eziz Diýarymyzda çagalar üçin gapylaryny giňden açan täze mekdepleriň birnäçesi ulanylmaga berildi. Bu desgalaryň gurluşygy ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan amala aşyryldy, olar öz öňünde goýlan wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldiler. Täze binalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda gurlan ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdep hem bar. Bu mekdebe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda şöhratly taryhymyzy, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryny hem-de baý ruhy mirasyny düýpli öwrenmek, olary gaýtadan dikeltmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dürli döwürlerde Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşine uly goşant goşan meşhur ildeşlerimize belent sarpa goýulýar, olaryň atlaryny ebedileşdirmek barada alada edilýär.

Mugallym, okuw-terbiýeçilik işiniň işjeň guramaçysy, ähli bilimini we tejribesini Diýarymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ýaş nesle döwrebap bilim hem-de terbiýe bermäge bagyşlan, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk görkezen watançy esger Annak Sähetmyradowyň zähmet we durmuş ýoly şu günki türkmen ýaşlary üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.

Ir bilen täze mekdebiň ýanynda baýramçylyk hem-de ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Mekdebiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Şanly waka mynasybetli sungat işgärleri aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz öz Gutlagynda giňden bellenilýän baýramçylyk hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.

“Bilim almak, hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen durmuş kadasydyr. Sebäbi ylym-bilim bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilimiň we ylmyň jemgyýetimiziň döredijilik güýjüniň binýady hökmünde yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda türkmenistanlylaryň ýaş nesline okuwda üstünlikleri, mugallymlara bolsa Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.

Dabarada çykyş eden A.Sähetmyradowyň gyzy D.Orazdurdyýewa we beýlekiler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallalary netijesinde, bu gün bilim ulgamynyň innowasiýa esasynda yzygiderli ösdürilýändigini, onuň düzüminiň, okatmagyň usulyýetiniň hem-de maksatnamalarynyň halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrylýandygyny bellediler.

Eziz Diýarymyzyň obalarynda we şäherlerinde häzirki zaman mekdepleriniň hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurulýandygy, şolaryň iň döwrebap kompýuterler, beýleki zerur enjamlar we okuw gollanmalary bilen üpjün edilýändigi, okuw işlerine ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň, interaktiw-multimedia hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygy nygtaldy. Bu ulgam üçin ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyna, mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Ýygnananlar milli Liderimize ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watançylyk ruhuna hem-de halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarly ýaşlaryň kemala gelmegi barada edýän atalyk aladasy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Dabaranyň dowamynda işde tapawutlanan gurluşykçylara döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär — ilkinji jaň nobatdaky okuw ýylynyň başlanandygyny mälim edýär. 960 okuwçy orunlyk ajaýyp mekdep oglanlary we gyzlary özlerine garaşyp duran giň synp otaglaryna çagyrýar. Täze mekdebiň açylmagy mynasybetli okuwçylar baýramçylyk çykyşlaryny taýýarladylar.

Dabara gatnaşyjylar täze mekdep bilen tanyşdylar, bu ýerde okuwlaryň, terbiýeçilik işiniň, bedenterbiýe-sport we medeni çäreleriň ýokary derejede guralmagy üçin ähli şertler döredildi. Okuwçylar döwrebap enjamlar, öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de dürli dersler boýunça okuw kitaplary bilen üpjün edilen synp otaglarynda bilim alarlar.

Hususan-da, lingafon otagynda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Bilimleri üstünlikli özleşdirmek üçin matematika, informatika, biologiýa, himiýa we beýleki derslere niýetlenen otaglarda degişli amatlyklar döredildi. Zähmet sapagy hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin zerur enjamlar ornaşdyryldy.

Hormatly ýaşulular ýola goýlan asylly däbe görä, 1-nji synpa gelen körpelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgat hökmünde “Bilimli” kompýuterlerini gowşurdylar. Munuň özi bilimler dünýäsine gadam basýan körpe okuwçylaryň şatlygyny has-da artdyrdy.

Umuman, Babarap obasyndaky Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdep milli Liderimiziň başyny başlan we yzygiderli amala aşyrýan täze bilim syýasatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Şu gün Ahal welaýatynyň Änew şäherinde 720 orunlyk, Ak bugdaý etrabynda 960 orunlyk, Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde 640 orunlyk, Babadaýhan etrabynda 960 orunlyk täze, döwrebap umumybilim berýän mekdepleriň ýene-de dördüsi açyldy. Şu baýramçylyk güni täze mekdepleriň okuwçylary üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň adyna ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň abadançylygy barada edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.

***

Lebap welaýaty, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün — Bilimler we talyp ýaşlar gününde Saýat etrabynyň Çowdur we Lebaby geňeşliklerinde gurlan döwrebap mekdepleriň 2-si Lebap welaýatynyň umumybilim berýän edaralarynyň üstüni ýetirdi. Şolaryň her biri 600 okuwça niýetlenendir.

Täze mekdepler baýramçylyga beslenip, dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu şanly waka bilen okuwçylary hem-de mugallymlary bilim ulgamynyň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gutladylar.

Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, bilim ulgamynda başyny başlan özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Türkmenistanda ýaş nesliň oňat bilim almagy we hemmetaraplaýyn ösmegi, mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi bellenildi. Dabaralara gatnaşyjylar milli Liderimize ýurdumyzyň bilim ulgamyny düýpli kämilleşdirmäge hem-de dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilen oňyn strategiýasy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Täze mekdepleriň açylmagy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Mekdeplerde giň we ýagty synp otaglary, lingafon hem-de ders otaglary, sport we maslahat zallary, naharhanalar, saglygy goraýyş bölümleri ýerleşdirildi.

Döwrebap kompýuterler hem-de beýleki zerur enjamlar, innowasion tehnologiýalar fizika, himiýa, matematika we beýleki dersler boýunça okuw işlerini netijeli alyp barmaga mümkinçilik berýär. Mekdepleriň her birinde kitaphanalar hem-de okuwçylaryň döredijilik zehinlerini özleşdirmekleri üçin niýetlenen saz otaglary bar. Oglanlardyr gyzlar zähmet sapagy üçin, degişli enjamlar bilen üpjün edilen synp otaglarynda bilim alarlar.

Täze mekdepleriň abadanlaşdyrylan çäklerinde futbol, woleýbol we basketbol meýdançalaryny, ylgaw ýodalaryny öz içine alýan sport şäherjikleri bar.

Şu günki dabaranyň şanyna bu ýerde, ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan 1-nji synplaryň okuwçylaryna “Bilimli” kompýuterleri gowşuryldy.

Şeýlelikde, şu gün gapylaryny giňden açan täze umumybilim berýän mekdeplerde okuwçylaryň aň-bilim we beden taýdan kämilleşmekleri, döwrebap bilimlere eýe bolmaklary üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Şol bilimler ýaşlara geljekde ata Watanymyzy has-da ösdürmäge mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik berer.

Surata düşürenler Aýdo ŞEKEROW, Dörtguly MYRATGULYÝEW, Merdan ORAZOW.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39272

02.09.2021
Sanly bilim — döwrüň zerurlygy

Sanly ykdysadyýetiň bilim üpjünçiligini ösdürmek «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmagyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamynyň ylym we önümçilik bilen baglanyşygy pugtalandyrylýar, täze hünärler girizilýär, döwrüň talaplaryna laýyklykda, hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýetine aýratyn üns berilýär, döwrebap okuw meýilnamalary işlenip taýýarlanylýar. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň çygrynda ýokary hünär bilimli ýaşlary taýýarlamak wezipesi döwrüň talaby bolup öňe çykýar.

Ýokarda agzalan Konsepsiýanyň maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça täze hünärleri girizmek, has köp isleg bildirilýän hünär ugurlary, esasan-da, inžener-tehniki we tehnologiýa ugurlary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýete geçilýän häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde pudaklar üçin zerur bolan programmaçylary, inženerleri we tehnologlary taýýarlamak wezipesine möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty netijesinde, bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, döwrebap ýokary okuw mekdepleri gurlup, hünärmenleri taýýarlamagyň milli ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary hünär bilim edaralarynyň işi kämilleşdirilýär.

Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sanly ykdysadyýet, maglumat tehnologiýalary, programma üpjünçiligi, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri ulgamlaýyn esasda taýýarlamagyň netijeliligi tapgyrlaýyn ýokarlandyrylýar. Talyp ýaşlaryň döwrebap bilimleri we ylymlary özleşdirip, geljekde döredijilikli zähmetini, ylmy-inženerçilik pikirleridir senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy-barlaglaryny ykdysadyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmagyň bähbidine gönükdirmekleri üçin maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýaşlara hemmetaraplaýyn döwrebap bilim bermek üçin häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary, täzeçil tejribeler, öňdebaryjy usullar okuw işinde giňden ulanylýar.

Tejribäniň görkezişi ýaly, ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy uzak geljek üçin durnukly bolýar. Sanly ykdysadyýete mahsus şertlerde kämil hünärmenleri taýýarlamak, olarda zähmet işine uýgunlaşmak we bäsdeşlige ukyplylyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek hem-de ösdürmek esasy wezipeleriň birine öwrülýär. Şunda zerur bolan bilimleriň sanly görnüşde alynmagyna möhüm ähmiýet berilýär, sebäbi täzeçil intellektual tehnologiýalary ulanyp bilmegi başarmak maglumat jemgyýetini döretmegiň esasy şertidir.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bilim işinde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ulanýarlar.

Bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak onuň netijeli işlemegini üpjün edýän ýollaryň biri hasaplanylýar. Bilim tehnologiýalarynyň kemala getirilmegi innowasion usullara, sanly ulgamlara, şeýle hem okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklarynyň şertlerine esaslanýan bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi we okuw işiniň guralyşy bilen häsiýetlendirilýär.

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary az ilatly, barmasy kyn, uzakdaky ilatly ýerlerde işleýän pedagogik işgärleriň uzak aralykdan hünär derejesini ýokarlandyrmagy üçin hem niýetlenilýär. Bilim edaralary bilim işini guranlarynda bilim tehnologiýalaryny, şol sanda okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklaryna esaslanýan tehnologiýalary, elektron okuwy hem-de uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanýarlar.

«Uzak aralykly bilim tehnologiýalary» diýlip uzak aralykdan okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklaryny üpjün edýän maglumat-telekommunikasiýa torlaryny ulanmak arkaly, bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň we okuw işini guramagyň gurallaryna düşünilýär. Uzak aralykly bilim tehnologiýalary ulanylyp, bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende we okuw işi guralanda, bilim edarasy okaýanlara elektron okuw-usulyýet toplumynyň, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we maglumat-telekommunikasiýa torlarynyň toplumynyň, degişli tehnologik serişdeleriň elýeterliligini üpjün edýär.

Kommunikasiýa we sanly tehnologiýalar ulgamynda Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklar möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» beýan edilen wezipeleri durmuşa geçirmek üçin Ýewropa Bileleşiginiň taslamalarynyň çäklerinde bilelikdäki degişli çäreler geçirilýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Okatmagyň täzeçil usullaryny işjeň ornaşdyrmak, häzirki zamanyň bilim maksatnamalaryny we okuw serişdelerini ulanmak, bilim edaralarynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek babatda anyk çäreler görülýär. Okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr orta mekdepleriň okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler.

Berkarar döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36260

02.08.2021
Innowasiýalar döwletiň gülläp ösüşiniň esasydyr

Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçirilýär

AŞGABAT, 3-nji maý (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly geçirilýän “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanan bu forumyň işi berkarar döwletimiziň okgunly innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýetini beýan etmekden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, alymlaryň we hünärmenleriň täze işläp taýýarlamalaryny milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda netijeli peýdalanmak meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzyň tehnologiýa binýadynyň döredilmegi, sanlylaşdyrmak, informatizasiýa, elektron tehnikasy, senagat biotehnologiýasy ýaly ugurlaryň ösdürilmegi döwlet innowasiýa syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ylym we bilim belent maksatlara ýetmegiň ýolunda jemgyýeti jebisleşdirýän, döwletimiziň kuwwatyny artdyrýan baýlyk bolup durýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geçirilýän ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly ulgamlary ornaşdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň ugurlaryny giňeltmek bu gün ylmy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleriniň hatarynda aýratyn ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň 30-njy aprelde geçirilen mejlisinde ylym-bilim işlerini ösdürmek, häzirki zaman işläp taýýarlamalary we innowasion tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak, giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň aýratyn möhümdigini ýene bir gezek belledi.


Bu we beýleki möhüm meseleler şu halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenildi.

“Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyşy Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde boldy. Şu ýerde bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň bio- hem-de biolukmançylyk tehnologiýalary, nanoelektronika we maddalaryň interneti, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, kiberhowpsuzlyk ulgamynda taýýarlan bilelikdäki ylmy işleriniň sergisi guraldy. Onda dürli programmalar we taslamalar, intellektual ulgamlar, tehniki işläp taýýarlamalar, robotlar, dökünlere himiki hem-de biologik goşundylar we önümçilikde ulanylmaga gönükdirlen beýleki innowasiýa ugurly teklipler görkezilýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan maslahata gatnaşyjylar göni ýaýlymda sergi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Halkara forum ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylaryny, alymlary, dürli ulgamlaryň hünärmenlerini, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny we talyplaryny bir ýere jemledi. Sanly ulgam arkaly maslahata dünýäniň ýigrimi ýurdundan iri ylmy merkezleriňdir ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar. Munuň özi giň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berer.

Umumy mejlisde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Azerbaýjanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Efiopiýanyň, Polşanyň, Hytaýyň, Palestinanyň, Italiýanyň, Russiýanyň görnükli alymlary çykyş etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan ylmy we tehnologiýalary ösdürmekde ägirt uly ösüş gazandy, türkmen alymlarynyň ylmy gazananlary muňa şaýatlyk edýär, olar ykdysadyýetiň köp ulgamlarynda netijeli peýdalanylýar.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda amatly içerki syýasy ýagdaýyň kemala gelmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn ornuny biragyzdan bellediler, munuň özi ylmy barlaglaryň işjeňleşdirilmegine, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.


Ýurdumyzyň ylym ulgamy dünýä derejesinde ösüşe eýe boldy, onuň kanunçylyk we ylmy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, synag-önümçilik barlaghanalarynda düýpli barlaglar geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda ylym ulgamyny sanly ulgama geçirmek boýunça kabul eden Maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda himiýa ylmyny we tehnologiýalary toplumlaýyn ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti nygtaldy.

Çykyş edenler bilim ulgamy barada aýtmak bilen, Bilim ministrliginiň 2020-nji ýylda döredilen Innowasiýa maglumat merkeziniň ähmiýetini nygtadylar, onuň wezipesi sanly bilim konsepsiýasynyň meselelerini ilerletmekden ybaratdyr. Daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmek, bilim hem-de terbiýeçilik işine öňdebaryjy ylmy usullary, tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän netijeli çäreler hökmünde 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmek boýunça Konsepsiýanyň hem-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” orny bellenildi. Hususan-da, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de ugurdaş edaralaryň resmi web-saýtlaryny döretmek barada gürrüň edildi.

Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň ylmy açyşlaryny önümçilikde peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi. Ykdysady taýdan düşewüntli, ýerli çig mal esasynda işleýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply senagat önümçiliklerinde maksatnamalaýyn ylmy barlaglaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, iň gowy daşary ýurt tejribesini öwrenmegiň, halkara ylmy alyşmalary işjeňleşdirmegiň, beýleki döwletleriň ylmy edaralary, uniwersitetleri hem-de iri bilim merkezleri bilen innowasiýa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýardam berýän ýakyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyldy.

Ählumumy häsiýete eýe bolan innowasiýa işleri dünýä bileleşigini ösüşiň täze, has ýokary derejesine çykardy. Innowasiýa işleri öz gözbaşyny ylmyň aýry-aýry pudaklaryndan alýar hem-de önümçilikde dowam edip, oňyn özgertmelere getirýär. Biziň günlerimizde innowasiýalar kimdir biriniň islegi bolmak bilen çäklenmän, adamzadyň öňe gitmegi, bäsdeşlige ukyplylygy saklamak hem-de geljekde ösmek üçin zerurlykdyr diýip, çykyş edenler bellediler.

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmeginiň ähmiýetini nygtadylar. Bularyň ählisi Ýer ýüzünde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmak ugrunda ylmy diplomatiýanyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, maslahatyň umumy mejlisiniň barşynda bellenildi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa maslahaty guramaga döredilen mümkinçilik, ylym-bilim ulgamynyň özgerdilmegine, dünýä giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna ägirt uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Ertir Halkara ylmy-amaly maslahat öz işini “Innowasion ykdysadyýet — ösüşleriň gözbaşy”, “Nebitgaz pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti”, “Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary hem-de halkara hyzmatdaşlyk” diýen ýörite üç bölümde dowam eder. Bölümleriň mejlisleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem-de Telekommunikasiýalar we informatika institutynda dowam eder.

Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.

04.05.2021
Bilim — bahasyz baýlyk

Milli bilimi döwrebaplaşdyrmak babatda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ulgamyň dolandyryş, düzüm, kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek, milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmunyny baýlaşdyrmak, ylmy-usulyýet ugurlaryny kämilleşdirmek boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýan sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklandy.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli basgançaklary üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara bitewi tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda Bilim ministrliginiň 2020-nji ýylda döredilen Innowasiýa maglumat merkezi sanly bilim ulgamyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän giň gerimli işlerde täze tapgyr boldy.

Ýeri gelende bellesek, Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek» taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde innowasion özgertmeleriň, şol sanda elektron bilim serişdeleriniň wirtual giňişligini ösdürmek üçin halkara «Moodle» portalyny döretmek we onuň mümkinçiliklerini peýdalanmak üçin ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň sanlylaşdyrmak boýunça bilimini ýokarlandyrmaga işjeň goldaw bermäge gönükdirilen ýörite okuwlar geçirildi. Ýörite sapaklara gatnaşylmagy netijesinde, bu halkara binýat ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-siniň okuw maksatnamasyna ornaşdyryldy.

«Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek» taslamasynyň Milli bilim institutynyň ylmy-usulyýet mümkinçilikleriniň berkidilmegine hem ýardam edendigini bellemek gerek. Bu ýerde portal, web-saýt we elektron kitaphana döredildi. Olar häzirki döwürde üstünlikli hereket edip, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde usulyýetçi alymlara, bilim işgärlerine amatly mümkinçilikleri açýar. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäginde, irki döwürden başlap, çagalary terbiýelemek, okatmak hem-de olaryň beden we ruhy taýdan saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek maksady bilen, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 22-nji maýyndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini hem-de mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» aýdyň mysaldyr. Milli we oňyn halkara tejribelere salgylanmak bilen, çaganyň irki ösüşini hem-de mekdebe taýýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen bu maksatnama mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksadyny, wezipelerini, şeýle-de ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde, körpe nesil üçin irki ýaşdan başlap, mekdebe çenli bilimiň elýeterliligini we bäş ýaşly çagalaryň mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek boýunça işler kämilleşdiriler. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işine bilim we terbiýe bermegiň iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri, usullary giňden ornaşdyrylar. Pedagogikanyň, psihologiýanyň we okatmagyň usulyýetiniň täze gazananlarynyň esasynda mekdebe çenli bilim hem-de terbiýe bermegiň usulyýeti, okuw maksatnamalarydyr kitaplary yzygiderli kämilleşdiriler.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 8-nji fewralynda geçiren iş maslahatynda ýaşlaryň ene dilinden başga-da, daşary ýurt dillerini düýpli öwrenmegi üçin çagalarda bu endigi artdyryp, höwes döretmegi, mugallymlaryň ýokary taýýarlykly we tejribeli bolmagyny gazanmagy ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Bu derwaýys wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Konsepsiýanyň esasy maksady bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda (mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, umumy orta, başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär, ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi) bitewi bilim gurşawyny döretmekden, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmakdan, dil öwrenýänleriň dil we medeni biliminiň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw-döredijilik işini ele almagyny üpjün edýän okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakdan, olary durmuşa ornaşdyrmakdan ybarat bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä giňişligine üstünlikli aralaşmagyny üpjün etmäge ýardam berer.

«Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek» taslamasynyň çäklerinde umumybilim berýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin «Iňlis dilini okatmagyň usulyýeti» diýen tema boýunça geçirilen okuw maslahatlary bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle-de ussatlygyny kämilleşdirmäge ýardam berdi. Şol okuw maslahatlaryny bu ugurda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, iňlis dilini okatmagyň hilini gowulandyrmak maksady bilen, tälimçi-usulyýetçileri taýýarlamaga ýöriteleşen «Pearson» halkara bilim kompaniýasynyň wekilleriniň geçirendigini-de bellemeli.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň gyzyklanmasyna we höwes edýän ugruna laýyklykda, olaryň saýlap alan hünäri boýunça ukybyny ösdürmegiň möhüm bolup durýandygyna, şeýle edilende öz işine hemmetaraplaýyn düşünýän ýaş hünärmenleriň ýetişjekdigine iş maslahatyna gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Bu ugurda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hatarynda hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» uly orun tutýar. Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça durmuşa geçirilmeli işleriň meýilnamasynda anyk çäreler göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda ýaşlaryň tebigy we takyk ylmy ugurly dersler boýunça dürli tejribe-konstruktorçylyk ukyplaryny ösdürmek, robot tehnikasy babatda ylmy-döredijilik işlerini kämilleşdirmek, bu ugurlara laýyk gelýän sapaklaryň çuňlaşdyrylyp okadylmagyny guramak, döwrebap bilim bermegiň hem-de ýaşlary sazlaşykly terbiýelemegiň täze usullaryny synagdan geçirmek, şeýle hem bilim ulgamyna ornaşdyrmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak işlerini yzygiderli alyp barmak ýaly çäreler bar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip toýlanýan ýylynda bolsa bilim edaralarynda häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä ülňülerine laýyklykda ýokarlandyrmak babatda döwlet tarapyndan öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde ulgamyň işgärleri öz döredijilikli zähmetlerini, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, has-da tutanýerli işleýärler.

Sapargeldi DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/25653

12.04.2021
Ylym-bilim — ýolumyzyň şamçyragy

Ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy tehniki döwrebaplaşmak, ähli ulgamlarda innowasiýalary ornaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda umumymilli maksatnamalar durmuşa geçirilýär, şolaryň hatarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy hem ileri tutulýar. Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Ylym-bilim — beýik daragt. Olar ýolumyza şugla saçýar. Ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ylmyň kuwwatyny we ornuny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda ylmy işleri amala aşyrmak, ylmy gözlegleriň gerimini giňeltmek, olaryň netijesini işe ornaşdyrmak üçin hemme şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge berýän uly ünsi netijesinde ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda internetiň we elektron kitaphanalaryň üsti bilen maglumatlara ýokary tizlikli elýeterlilik giňden ornaşdyrylýar.

Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy maksadydyr. Şol syýasatyň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Türkmenistan dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşýan durnukly ykdysadyýeti bolan ýurda öwrüldi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, telekeçiligi, täzeçil başlangyçlary höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny we gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek, ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala-aşyrmak milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýeti, durmuş we ynsanperwer ulgamyny sanlylaşdyrmaga ugur alyndy, ähli ýerde häzirki zaman kompýuter ulgamy we aragatnaşyk serişdeleri, elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döredilen amatly şertlerden ýurdumyzyň telekeçileri hem netijeli peýdalanýarlar. Olar önümçiligiň we marketingiň döwrebap tehnologiýalaryny özleşdirmek bilen halkara derejelere çykarylýar. Türkmen önüm öndürijileri hormatly Prezidentimiziň öňe gitmek üçin bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, munuň üçin bolsa işewürlige innowasiýany ornaşdyrmagyň zerurdygy barada aýdanlaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler. Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Soltanjemal SÄHETMYRADOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21435

22.02.2021
Bilim bermegiň döwrebap usullary

Paýtagtymyzdaky 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinden söhbet

Ak ertirlerimiziň röwşenligi şu günki ýaş nesil hakdaky aladadan başlanýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda döwrebap çagalar baglarydyr orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi aýdyň mysaldyr. Şolaryň biri-de, 2020-nji ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde gözel paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy köçesi bilen A.Nyýazow şaýolunyň çatrygynda ulanylmaga berlen 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebidir. Ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde okuwçylar gyşky dynç alyşdan soň, üçünji çärýege täze güýç bilen başladylar. Ine, bu babatda gyzyklanyp, golaýda täze bilim toplumynda myhmançylykda bolduk.

Bilim toplumynyň müdiriniň mekdebe taýýarlaýyş bölümi boýunça orunbasary Ogulmaral Useýingulyýewa çagalar bilen alnyp barylýan işler barada şeýle gürrüň berdi:

— Okuw toplumymyzda sapaklar ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň tassyklan okuw maksatnamasy esasynda alnyp barylýar. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» esasynda hem işler ýola goýuldy. Milli bilim institutynyň hünärmenleri bilen geçirilýän usuly-amaly maslahatlar terbiýeçi-mugallymlaryň işini täsirli guramaga, ýagny geçilýän sapaklar arkaly çagalaryň bilimini artdyrmaga ýardam edýär.

Mekdebe taýýarlaýyş bölüminde 16 topar bolup, çagalar ir ertirden sagat 18:00-a çenli wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Rus, iňlis dillerinde sowat öwrediş, sözleýiş dili, ýönekeý matematika düşünjesi, aýdym-saz, daşky gurşaw barada, surat çekmek ýaly sapaklar körpeleriň düşünjelerini artdyrýar. Sapaklaryň arasynda hereketli oýunlar, ýagny aýdym-saz, sport ýaryşlary ýaly çäreler geçilýär. Mart aýynda ýarym ýylyň dowamynda geçilen sapaklar bilen baglanyşykly barlagnamalar geçiriler. Şonda alnyp barlan işleriň netijesi hem kesgitlener. Şeýle-de körpeler bilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde dürli ugurlar boýunça bäsleşik geçirmegi-de meýilleşdirýäris. Ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, bilimli bolup ýetişmekleri ugrunda alada edýän Gahryman Arkadagymyza bimöçber alkyş aýdýarys.

Mekdebe taýýarlaýyş toparynda terbiýelenýän körpeleriň wagtlaryny täsirli geçirmekde terbiýeçi-mugallymlardan Aýna Altyýewa, Oksana Kalinina, Walida Hoşzabana, Arzygül Babaýewa, Nurşat Bäşimowa, Oguldursun Serdarowa, Gülbahar Akgaýewa, Gülkamar Soltanowa dagynyň zähmetiniň uludygyny belläsimiz gelýär. Biz olaryň körpeler bilen geçýän sapaklarynyň käbirine gatnaşanymyzda, eýjejik balalaryň çaga kalbyndan joşup çykýan türkmen, rus, iňlis dillerinde Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerini wasp edip aýdan goşgudyr aýdymlaryny diňlemek, çeken suratlaryny hem-de dürli maşklary ýerine ýetirýän pursatlaryny synlamak ýakymly boldy.

Soňra biz döwrebap bilim toplumynyň terbiýeçilik-okuw mekdebine bardyk. Bu ýerde saglyk bilen baglanyşykly ýörite düzgüne laýyklykda, degişli zyýansyzlandyryjy çäreleri geçirmek, sanitariýa kadalaryny berk berjaý etmek, irden okuwa gelenlerinde okuwçylaryň beden gyzgynlygyny ölçemek, zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmak ýokary derejede ýola goýlupdyr. Okuwçylardyr bilim işgärleriniň agyz-burun örtüklerini hereket edýän kadalara laýyklykda ulanmagy, olaryň iki metrden az bolmadyk howpsuz aralygy saklamagyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmegi hem üpjün edilýär.

Mekdebe gireniňden, owadan zallaryň diwarlaryndaky bilim bilen baglanyşykly ajaýyp jümleler bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Okamaga, öwrenmäge ähli şertler döredilen arassa hem ýagty otaglarda milli egin-eşikdäki okuwçylaryň geçilýän sapagy doly özleşdirýändiklerini, mugallymyň berýän sowallaryna biri-birinden öň jogap berjek bolup, ellerini galdyrýan bagtyýar çagalary göreniňde, olara bolan buýsanjyň artýar. Mekdepde bolanymyzda, birinji hem ýokary synpda okaýan okuwçylaryň, esasan-da, geografiýa, türkmen, iňlis, rus dilleri boýunça dersleri oňat bilýändigini we berlen sowallara kanagatlanarly jogap berip, ýumuşlary doly özleşdirýändiklerini görmek has ýakymly boldy. Şonuň ýaly-da, olar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda barha dabaralanýandygyny çaga kalbyndan buýsanç bilen beýan etdiler.

— Täze bilim ojagymyzda mekdep okuwçylarynyň döwrebap bilim we terbiýe almagy, iň häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp, giň dünýägaraýyşly, akyl we beden taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilen. 720 okuwçy orunlyk mekdebi hem-de 320 çaga niýetlenen taýýarlaýyş toparyny öz içine alýan bilim ojagymyzda okuw derslerini we terbiýeçilik işlerini ýokary derejede geçirmek, çagalara daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmek üçin ähli şertler bar. Bu işleriň ýurdumyzda ilkinji gezek döredilýän bilim bermegiň täze, milli görnüşde çuňlaşdyrylan umumybilim maksatnamasy boýunça alnyp barylýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Bilim ojagymyza ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar gelip, okuwçylar bilen sapakdan daşary iş alyp barýarlar.

Çagalaryň daşary ýurt dilleriniň ýene-de ikisini öwrenmegini göz öňünde tutup, ol dilleri ýörite meýilnamamyza goşmagy maksat edinýäris. Şeýle-de sazçylyk, çeperçilik, sport, konstruktorçylyk ýaly dürli ugurda döredijilik işleri bilen gyzyklanýan okuwçylaryň bilimleri artdyrylýar. Bu ajaýyp bilim ojagynda okamak, öwrenmek, zähmet çekmek okuwçylardyr mugallymlaryň jogapkärçiligini artdyrýar. Häzirki wagtda biziň esasy maksadymyz şu ýylyň sentýabr aýynda uludan toýlanyljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp sowgatly garşylamakdyr.

Ösüp gelýän ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! — diýip, bilim toplumynyň müdiri Gurbangül Halmyradowa söhbetdeş bolanymyzda aýtdy.

Sona DURDYÝEWA.

«Türkmenistan». Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20399

10.02.2021