Sanly bilim — döwrüň zerurlygy

Sanly ykdysadyýetiň bilim üpjünçiligini ösdürmek «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmagyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamynyň ylym we önümçilik bilen baglanyşygy pugtalandyrylýar, täze hünärler girizilýär, döwrüň talaplaryna laýyklykda, hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýetine aýratyn üns berilýär, döwrebap okuw meýilnamalary işlenip taýýarlanylýar. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň çygrynda ýokary hünär bilimli ýaşlary taýýarlamak wezipesi döwrüň talaby bolup öňe çykýar.

Ýokarda agzalan Konsepsiýanyň maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça täze hünärleri girizmek, has köp isleg bildirilýän hünär ugurlary, esasan-da, inžener-tehniki we tehnologiýa ugurlary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýete geçilýän häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde pudaklar üçin zerur bolan programmaçylary, inženerleri we tehnologlary taýýarlamak wezipesine möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty netijesinde, bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, döwrebap ýokary okuw mekdepleri gurlup, hünärmenleri taýýarlamagyň milli ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary hünär bilim edaralarynyň işi kämilleşdirilýär.

Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sanly ykdysadyýet, maglumat tehnologiýalary, programma üpjünçiligi, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri ulgamlaýyn esasda taýýarlamagyň netijeliligi tapgyrlaýyn ýokarlandyrylýar. Talyp ýaşlaryň döwrebap bilimleri we ylymlary özleşdirip, geljekde döredijilikli zähmetini, ylmy-inženerçilik pikirleridir senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy-barlaglaryny ykdysadyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmagyň bähbidine gönükdirmekleri üçin maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýaşlara hemmetaraplaýyn döwrebap bilim bermek üçin häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary, täzeçil tejribeler, öňdebaryjy usullar okuw işinde giňden ulanylýar.

Tejribäniň görkezişi ýaly, ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy uzak geljek üçin durnukly bolýar. Sanly ykdysadyýete mahsus şertlerde kämil hünärmenleri taýýarlamak, olarda zähmet işine uýgunlaşmak we bäsdeşlige ukyplylyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek hem-de ösdürmek esasy wezipeleriň birine öwrülýär. Şunda zerur bolan bilimleriň sanly görnüşde alynmagyna möhüm ähmiýet berilýär, sebäbi täzeçil intellektual tehnologiýalary ulanyp bilmegi başarmak maglumat jemgyýetini döretmegiň esasy şertidir.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bilim işinde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ulanýarlar.

Bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak onuň netijeli işlemegini üpjün edýän ýollaryň biri hasaplanylýar. Bilim tehnologiýalarynyň kemala getirilmegi innowasion usullara, sanly ulgamlara, şeýle hem okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklarynyň şertlerine esaslanýan bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi we okuw işiniň guralyşy bilen häsiýetlendirilýär.

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary az ilatly, barmasy kyn, uzakdaky ilatly ýerlerde işleýän pedagogik işgärleriň uzak aralykdan hünär derejesini ýokarlandyrmagy üçin hem niýetlenilýär. Bilim edaralary bilim işini guranlarynda bilim tehnologiýalaryny, şol sanda okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklaryna esaslanýan tehnologiýalary, elektron okuwy hem-de uzak aralykly bilim tehnologiýalaryny ulanýarlar.

«Uzak aralykly bilim tehnologiýalary» diýlip uzak aralykdan okaýanlaryň we pedagogik işgärleriň özara gatnaşyklaryny üpjün edýän maglumat-telekommunikasiýa torlaryny ulanmak arkaly, bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň we okuw işini guramagyň gurallaryna düşünilýär. Uzak aralykly bilim tehnologiýalary ulanylyp, bilim maksatnamalary durmuşa geçirilende we okuw işi guralanda, bilim edarasy okaýanlara elektron okuw-usulyýet toplumynyň, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we maglumat-telekommunikasiýa torlarynyň toplumynyň, degişli tehnologik serişdeleriň elýeterliligini üpjün edýär.

Kommunikasiýa we sanly tehnologiýalar ulgamynda Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklar möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» beýan edilen wezipeleri durmuşa geçirmek üçin Ýewropa Bileleşiginiň taslamalarynyň çäklerinde bilelikdäki degişli çäreler geçirilýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Okatmagyň täzeçil usullaryny işjeň ornaşdyrmak, häzirki zamanyň bilim maksatnamalaryny we okuw serişdelerini ulanmak, bilim edaralarynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek babatda anyk çäreler görülýär. Okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr orta mekdepleriň okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler.

Berkarar döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň mundan beýläk-de uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36260