Bilim — bahasyz baýlyk

Milli bilimi döwrebaplaşdyrmak babatda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ulgamyň dolandyryş, düzüm, kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek, milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmunyny baýlaşdyrmak, ylmy-usulyýet ugurlaryny kämilleşdirmek boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýan sanly bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklandy.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli basgançaklary üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara bitewi tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda Bilim ministrliginiň 2020-nji ýylda döredilen Innowasiýa maglumat merkezi sanly bilim ulgamyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän giň gerimli işlerde täze tapgyr boldy.

Ýeri gelende bellesek, Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek» taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde innowasion özgertmeleriň, şol sanda elektron bilim serişdeleriniň wirtual giňişligini ösdürmek üçin halkara «Moodle» portalyny döretmek we onuň mümkinçiliklerini peýdalanmak üçin ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň sanlylaşdyrmak boýunça bilimini ýokarlandyrmaga işjeň goldaw bermäge gönükdirilen ýörite okuwlar geçirildi. Ýörite sapaklara gatnaşylmagy netijesinde, bu halkara binýat ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-siniň okuw maksatnamasyna ornaşdyryldy.

«Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek» taslamasynyň Milli bilim institutynyň ylmy-usulyýet mümkinçilikleriniň berkidilmegine hem ýardam edendigini bellemek gerek. Bu ýerde portal, web-saýt we elektron kitaphana döredildi. Olar häzirki döwürde üstünlikli hereket edip, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde usulyýetçi alymlara, bilim işgärlerine amatly mümkinçilikleri açýar. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäginde, irki döwürden başlap, çagalary terbiýelemek, okatmak hem-de olaryň beden we ruhy taýdan saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek maksady bilen, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 22-nji maýyndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini hem-de mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» aýdyň mysaldyr. Milli we oňyn halkara tejribelere salgylanmak bilen, çaganyň irki ösüşini hem-de mekdebe taýýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen bu maksatnama mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksadyny, wezipelerini, şeýle-de ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde, körpe nesil üçin irki ýaşdan başlap, mekdebe çenli bilimiň elýeterliligini we bäş ýaşly çagalaryň mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek boýunça işler kämilleşdiriler. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işine bilim we terbiýe bermegiň iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri, usullary giňden ornaşdyrylar. Pedagogikanyň, psihologiýanyň we okatmagyň usulyýetiniň täze gazananlarynyň esasynda mekdebe çenli bilim hem-de terbiýe bermegiň usulyýeti, okuw maksatnamalarydyr kitaplary yzygiderli kämilleşdiriler.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 8-nji fewralynda geçiren iş maslahatynda ýaşlaryň ene dilinden başga-da, daşary ýurt dillerini düýpli öwrenmegi üçin çagalarda bu endigi artdyryp, höwes döretmegi, mugallymlaryň ýokary taýýarlykly we tejribeli bolmagyny gazanmagy ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Bu derwaýys wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Konsepsiýanyň esasy maksady bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda (mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, umumy orta, başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär, ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi) bitewi bilim gurşawyny döretmekden, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmakdan, dil öwrenýänleriň dil we medeni biliminiň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw-döredijilik işini ele almagyny üpjün edýän okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakdan, olary durmuşa ornaşdyrmakdan ybarat bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä giňişligine üstünlikli aralaşmagyny üpjün etmäge ýardam berer.

«Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek» taslamasynyň çäklerinde umumybilim berýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin «Iňlis dilini okatmagyň usulyýeti» diýen tema boýunça geçirilen okuw maslahatlary bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle-de ussatlygyny kämilleşdirmäge ýardam berdi. Şol okuw maslahatlaryny bu ugurda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, iňlis dilini okatmagyň hilini gowulandyrmak maksady bilen, tälimçi-usulyýetçileri taýýarlamaga ýöriteleşen «Pearson» halkara bilim kompaniýasynyň wekilleriniň geçirendigini-de bellemeli.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň gyzyklanmasyna we höwes edýän ugruna laýyklykda, olaryň saýlap alan hünäri boýunça ukybyny ösdürmegiň möhüm bolup durýandygyna, şeýle edilende öz işine hemmetaraplaýyn düşünýän ýaş hünärmenleriň ýetişjekdigine iş maslahatyna gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Bu ugurda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hatarynda hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» uly orun tutýar. Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça durmuşa geçirilmeli işleriň meýilnamasynda anyk çäreler göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda ýaşlaryň tebigy we takyk ylmy ugurly dersler boýunça dürli tejribe-konstruktorçylyk ukyplaryny ösdürmek, robot tehnikasy babatda ylmy-döredijilik işlerini kämilleşdirmek, bu ugurlara laýyk gelýän sapaklaryň çuňlaşdyrylyp okadylmagyny guramak, döwrebap bilim bermegiň hem-de ýaşlary sazlaşykly terbiýelemegiň täze usullaryny synagdan geçirmek, şeýle hem bilim ulgamyna ornaşdyrmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak işlerini yzygiderli alyp barmak ýaly çäreler bar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip toýlanýan ýylynda bolsa bilim edaralarynda häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä ülňülerine laýyklykda ýokarlandyrmak babatda döwlet tarapyndan öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde ulgamyň işgärleri öz döredijilikli zähmetlerini, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, has-da tutanýerli işleýärler.

Sapargeldi DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/25653