Habarlar
Telekeçilik ösüş ýolunda

Güneşli Diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagyny ösdürmek we goldamak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmekde telekeçilige uly orun degişlidir. Telekeçiler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen badalga berilýän maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bu gün döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmekde, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri nusgalykdyr» diýen sözleri munuň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe hem-de durmuş şertleri döredilýär. Döwlet derejesinde edilýän aladalar telekeçilerimizi netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, daşary ýurt bazarlarynda-da barha giň orun almagy juda guwandyryjydyr. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ata Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmek, telekeçilik işi bilen meşgullanýanlary goldamak üçin has amatly şertleri üpjün edýän resminamalaryň kabul edilmegi, her ýylda işewür telekeçileriň gazananlarynyň gözden geçirilişiniň, öndürýän önümleriniň sergisiniň guralmagy, olara ýeňillikli karz serişdeleriniň yzygiderli berilmegi telekeçileriň has öndürijilikli işlemeklerine ýardam edýär. 

Ýurdumyzyň telekeçileriniň medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalary gurmakda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýär. Döwlet tarapyndan berilýän hemaýat-goldawlardan, döredilýän giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan telekeçileriň gazanýan zähmet üstünlikleri abadan we bagtyýar durmuşymyza gönükdirilýär. Türkmen telekeçileri bolsa özleri hakynda edilýän uly aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.

Tuwakgylyç Weliýew,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

26.04.2024
Günbatar sebitde işewürlik işjeňleşýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyny we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde türkmen telekeçileri möhüm orny eýeleýär. Çünki häzirki döwürde önümçiligiň tehniki ösüşi, sarp edijileriň islegleriniň döwrebap derejede kanagatlandyrylmagy, esasan, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň alyp barýan işleriniň netijeliligine bagly bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamy ösdürmäge berýän goldaw-hemaýatlaryndan ruhlanyp, Balkan welaýatynyň telekeçileri hem uly üstünlikleri gazanýar. Soňky 15 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda welaýat boýunça dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berlen häzirki zaman orta mekdepleriňdir çagalar baglarynyň, medeni we sport maksatly desgalaryň, dürli görnüşli önümleri, senagat harytlaryny öndürýän kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny ýerli hususy kärhanalaryň gurluşykçylarynyň ýokary hil ülňülerine laýyk derejede bina edendiklerini hem aýratyn nygtamak gerek. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň hususyýetçileri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Günbatar sebitiň şäherlerinde, obadyr şäherçelerinde gurulýan ymaratlaryň, senagat maksatly dürli desgalaryň, ýollaryň gurluşyklaryny amala aşyrmakda ussatlyk görkezdiler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Günbatar sebitde dürli senagat harytlaryny, çörek we konditer önümlerini öndürýän kärhanalaryň, miweleri, gök-bakja we et-süýt önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlaryň, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň, bekre balygyny we onuň işbilini ýetişdirýän hem-de balygy gaýtadan işleýän häzirki zaman kärhanasyny we beýleki önümçilik desgalarynyň gurluşygyny ýerine ýetirdiler. Häzirki wagtda sebitde ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini öndürmek, ir-iýmişleri, gök we bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek, olary gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan, ilata dürli görnüşli hyzmatlary ýola goýýan telekeçileriň sany hem barha artýar.

Hususy pudakda gazanylýan üstünliklerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň agzalary tarapyndan alnyp barylýan wagyz-ündew işleriniň hem paýy bar. Häzirki wagtda partiýa agzalarymyzyň sany 3,5 müňden geçýär. Balkanabat şäherindäki «Giňdere», «Batly gadam», «Altyn nur zamany», «Zürýada hyzmat» hususy kärhanalarynyň, Türkmenbaşy etrabyndaky «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň we «Hazarbalyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Bereket etrabyndaky «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli 17 — 19-njy mart aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen sergä üstünlikli gatnaşandyklaryny hem aýratyn nygtasymyz gelýär. Şonuň ýaly-da, häzirki wagtda welaýatymyzdaky hususy kärhanalaryň öndürýän önümlerine daşary ýurt bazarlarynda hem islegiň barha artýandygy buýsandyrýar. Hut häzirki günlerde Balkan welaýatynyň telekeçileri beýik akyldarymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden belleniljek ýyly bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny belent sepgitlere beslemek üçin has-da gaýratly zähmet çekýärler. Türkmen telekeçileri döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna alyp barýan giň gerimli işleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Toýmämmet HAJYÝEW,

TSTP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.

20.04.2024
Işewürleriň işleri ileri

Halkymyzyň çekýän asylly zähmetinden rowaçlanýan eziz Diýarymyz bu gün dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işler, oňyn özgertmeler ata Watanymyzyň ykdysady binýadyny berkitmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ajaýyp zamanamyzda milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde hususy telekeçileriň mynasyp paýynyň bardygyny olaryň alyp barýan işlerinde aýdyň görmek bolýar. Ýurdumyzyň telekeçileri dünýäniň ösen tehnologiýalaryny, öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak arkaly, içerki bazarlary öz ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün edýärler. Hormatly Prezidentimiziň hususy ulgamy höweslendirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň telekeçilerini öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Döwlet tarapyndan hususyýetçilere edilýän goldaw-hemaýat oňyn netijesini berýär. Soňky ýyllarda hususy işewürleriň ilata hödürleýän ýokary hilli, elýeterli önümlerine uly isleg bildirilýär. Bu gün bereketli saçaklarymyzy güneşli ýurdumyzda öndürilýän dürli önümler we harytlar bezeýär. Şol önümleriň ýurdumyzyň bazarlarynda eýeleýän orny artýar, bäsdeşlige ukyplylygy barha ýokarlanýar, bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimi bolsa has-da giňeýär.

Ýurdumyzda önüm bolçulygyny döretmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenýändigi hemmämizi buýsandyrýan hakykatdyr.

Toýmämmet Hajyýew,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy.

19.04.2024
Telekeçilige — giň ýol!

Ýurdumyzyň altyn gaznasy

Dogrusy, telekeçilik Garaşsyzlyk ýyllarynda peýda bolup, indi ol müňlerçe işdeşlerimiziň kesp-kärine öwrüldi. Hakyky, telekeçi üçin bu kär ýeňil kär däl. Onuň aladasam, hysyrdysam ýetik bolup, ol hemişe ýöredýän işiniň telekesini etmeli bolýar. Şol bir wagtda telekeçiligiň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli ugurdygyny guwanç bilen ýatlamaga haklydyrys. Ýaňy--ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy bellenilip geçildi. Şol günler täze kärhanalaryň ulanmaga berilmegi guwanjymyzy goşalandyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, Bitarap döwletimizde bazar ykdysadyýetiniň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna, bazar gatnaşyklarynyň hil taýdan kämil derejelere çykarylmagyna uly ähmiýet berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz çygrynyň — hususyýetçiligiň ösdürilmegine, kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagyna gönükdirilen tutumly işlere badalga berildi. Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady ösüşli döwrümiziň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Şeýlelikde, telekeçiligiň çalt depginlerde ösdürilmegi bilen ilatyň ýokary hilli harytlara, önümlere we hyzmatlara barha ösýän islegini has doly kanagatlandyrmakda guwançly netijeler gazanylýar. Aslynda, türkmen telekeçiligi hakynda gürrüň açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň: “Biz öz milli telekeçilerimiziň alyp barýan giň gerimli işlerine guwanmaga haklydyrys” diýen parasatly jümlesi ýadyňa düşýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berýän goldaw-ýardamyndan ruhlanýan welaýatymyzyň telekeçileriniň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tagallalaram guwandyrýar. Olar ilatyň islegli harytlaryny we önümlerini öndürmekde, dürli hyzmatlary edip bermekde uly işleri bitirýärler. Harytlaryň bolçulygyny döretmekde guwançly sepgitlere eýe bolýarlar. Dürli önümleri we harytlary öndürmek, gurluşyk-gurnama işlerini etmek, oba hojalyk önümlerini köp mukdarda öndürmek bilen meşgullanýan hususy kärhanalaryň, firmalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň sany artyp, işleri barha rowaç alýar.

Telekeçilerimiziň hususy işlerini talaba laýyk ýola goýmaklary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we önümleriň ýerini tutýan harytlaryň bolçulygyny döretmäge mümkinçilik berdi. Şol bir wagtda telekeçilerimiziň özleriniň harytlaryny we önümlerini daşary ýurtlara eksport edýändikleri guwanç duýgusyny döredýär. Ýene bir bellemeli zat bolsa, hususyýetçiligiň ösdürilmegi täze-täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berdi. Işewürlerimiziň şeýle bähbitli, tutumly işleri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda täze belentliklere çykýar.

Täzegül JUMADURDYÝEWA.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, welaýat zenanlar bölüminiň geňeş agzasy..

01.04.2024
Işeňňiriň işi ileri

Ýurdumyzyň ak bazarlaryna, söwda nokatlaryna aýlananyňda, ýokary hilli süýji önümleriniň dürli görnüşleriniň bolçulygyna şaýat bolýarsyň. Şunda Mary şäherindäki «Kilwan» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän «Hojaly» hojalyk jemgyýetiniň hem mynasyp goşandy bar.

Bu hojalyk jemgyýetiniň işe başlanyna köp wagt bolmadyk hem bolsa, ol özüniň tagamly kökeleridir waflileri bilen halkymyzyň arasynda meşhurlyk gazanmagy başardy. Dükanlara baranymyzda, «Kilwan» önümlerine ýygy-ýygydan gabat gelýäris. Alyjylara hödürlenýän bu önümler datly tagamy, ýokary hili, ekologiýa taýdan arassalygy bilen ünsüňi özüne çekýär.

Hojalyk jemgyýeti ilkibaşda «Seýrana», «Altyn däne», «Pasyllar» atly şekerli kökeleri öndürip başlady. Häzir önümleriň görnüşleriniň sany 100-e golaýlap, olardan «Wasp» karamel huruşly şokolad örtülen petir kökesine, «Mardop» zefir huruşly şokolad örtülen petir kökesine, «Kesp» huruşly şekerli kökesine, «Rende» huruşly şekerli kökesine alyjylar tarapyndan isleg has ýokarydyr. Süýjülikler 2017-nji ýyldan bäri saçaklarymyzyň berekedine bereket goşup gelýär. Öndürilýän kökedir waflileriň hyrydarlary, esasan, çagalardyr. Bu önümler özüniň datlylygy bilen dünýä bazarlarynda hem mynasyp ornuny tapdy.

— Öz önümlerimiz bilen diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda guralýan sergilere hem gatnaşýarys. Bu bolsa harytlarymyza bolan islegleriň artmagyna, eksport mümkinçiligimiziň artmagyna ýardam edýär. Türkiýede geçirilen «F-Stambul — 2022», «F-Stambul — 2023» halkara sergilerine gatnaşanymyzda, daşary ýurtly işewürler biziň önümlerimize uly gyzyklanma bildirdiler. Häzirki wagtda önümlerimizi Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana, Özbegistana, Azerbaýjana, şeýle hem Owganystana eksport edýäris.

Hojalyk jemgyýetimizde ähli işler awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Bu kuwwatly enjamlar Germaniýanyň, Türkiýäniň önümleri bolup durýar. Öndürijilik kuwwatymyz taýýar görnüşde ýylda 1700 tonnadan hem geçýär. Harytlaryň agramly bölegi üçin ýurdumyzdaky çig mallary ulanýarys. Önümlerimiziň düzümini, tagamyny işine ökde hünärmenler, tehnologlar taýýarlaýarlar. Täze ýylyň öňüsyrasynda «Mardop» zefir huruşly, şokolad örtülen petir kökäniň hem-de «Tans» şokolad örtükli wafliniň kokosly görnüşlerini baýramçylyk sowgady hökmünde ilata hödürledik. Bu önümlerimiz hem alyjylar tarapyndan oňat garşylandy. Şeýle-de «Has» atly huruşly, şekerli kökämiz islegli önümleriň hatarynda durýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny bize peşgeş berdi. Hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň ýaşlara bagyşlanmagy bize uly ynam bildirilýändiginiň ýene bir aýdyň görkezijisi boldy. «Hojaly» hojalyk jemgyýetimizde zähmet çekýän agzybir işgärleriň 80 göterimden gowragy ýaşlar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem önümleriň täze görnüşlerini işläp taýýarlamagy, ozal bar bolan kökedir waflilerimiziň hil derejesini has-da ýokarlandyrmagy, öndürijilik kuwwatymyzy artdyrmagy maksat edindik. Ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys — diýip, hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Şageldi Babalyýew buýsanç bilen gürrüň berdi.

Baýnazar BAÝHANOW.

«Türkmenistan».

15.02.2024
Islegli senagat önümleri

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpgöter gowulandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu maksadyň üstünlikli amala aşyrylmagyna türkmen telekeçileri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda tutuş Balkan welaýaty boýunça öndürilen senagat önümleriniň deň ýaryna golaýynyň hususy eýeçilikdäki kärhanalar tarapyndan taýýarlanylyp, gazanylan ösüş depgininiň 142 göterimden geçirilmegi-de muny doly tassyklaýar.

Has takygy, geçen ýylda günbatar sebitde öndürilen 20 milliard 632,5 million manatlyk senagat önümleriniň 10 milliard manatlyga golaýy hususy bölegiň paýyna düşýär. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda iş alyp barýan gurluşyk garyndy materiallaryny we gipskartonyny öndürýän kärhanasynyň hem mynasyp paýy bar. Bu ýerde önümçilige gerek bolan çig mallaryň agramly böleginiň Akdaş şäherçesiniň golaýyndaky tebigy känlerden alynmagy önümleriň bahasyna öz täsirini ýetirýär. Çig mallar taýýar haryt görnüşine getirilýänçä, edilýän işleriň ählisi kämil tehnologik enjamlarda amala aşyrylýar. Gurluşyk serişdeleri üçin zerur goşundylaryň belli bir bölegi bolsa Ispaniýa, Bolgariýa, Hytaý, Türkiýe ýaly döwletlerden getirilýär.

Ata Watanymyz Türkmenistan, bu gün, sözüň doly manysynda, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli desgalaryňdyr ymaratlaryň, täze-täze önümçilik düzümleriniň gurluşyklarynyň ýokary depginde alnyp barylýan mekanyna öwrüldi. Bu kärhananyň hünärmenleri hem öz taýýarlaýan serişdeleriniň şol gurluşyklarda giňden ulanylýandygyna çäksiz buýsanýarlar. Bu ýerdäki önümhanalarda, ammarlarda, sorujy desgada, ätiýaçlyk üçin ýörite gaplarda (rezerwuar), mehanizmleri abatlaýyş bölüminde işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Kärhanada hemişelik iş orunlary bilen üpjün edilen raýatlarymyzyň sany bolsa 40-dan hem geçýär.

— Hojalyk jemgyýetimiziň bu kärhanasynda önümçilik işleriniň ählisi diýen ýaly dolandyryş merkezinden kämil kompýuterler arkaly awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar. Bize gelip gowuşýan çig mallar hem, taýýar önümlerimiz hem zerur enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanada doly gözden geçirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, sarp edijilere hödürleýän gurluşyk serişdelerimiziň ýokary hilli bolmagyna, olaryň uly islegden peýdalanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gurulýan binalaryň ýokary hilli, netijeli zähmet çekmek, ýaşamak üçin amatly, ekologik taýdan howpsuz bolmagyny hemişe baş wezipe edip goýýar. Kärhanamyzyň bölümlerinde bitirilýän işleriň bu ynama mynasypdygyna buýsanýarys. Geçen ýyl ýokary hilli gurluşyk garyndy materiallarynyň 63 müň tonnasy we desgalaryňdyr ymaratlaryň içki gurluşynyň üçegasty hem-de diwar örtükleri üçin zerur bolan gipskartonynyň 4,5 million inedördül metri taýýarlanylyp, sarp edijilerden gelip gowşan sargytlar doly berjaý edildi. Önümçiligiň ösüş depgini bolsa 120 göterime çenli ýokarlandyryldy.

Taýýarlaýan gurluşyk serişdelerimizi Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan ýaly döwletler hem uly isleg bilen satyn alýarlar. Gurluşyk serişdelerini taýýarlamak üçin zerur çig mallaryň ählisiniň diýen ýaly Balkan welaýatynyň çäklerinden alynýandygyny hem aýratyn nygtamaly. Bu bolsa öndürýän önümlerimiziň özüne düşýän bahasyny peseltmäge, wagty tygşytlamaga oňyn täsirini ýetirýär — diýip, kärhananyň ýolbaşçysy Döwlet Annagulyýew buýsanç bilen aýdýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.

«Türkmenistan».

30.01.2024
Islegli senagat önümleri

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpgöter gowulandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu maksadyň üstünlikli amala aşyrylmagyna türkmen telekeçileri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda tutuş Balkan welaýaty boýunça öndürilen senagat önümleriniň deň ýaryna golaýynyň hususy eýeçilikdäki kärhanalar tarapyndan taýýarlanylyp, gazanylan ösüş depgininiň 142 göterimden geçirilmegi-de muny doly tassyklaýar.

Has takygy, geçen ýylda günbatar sebitde öndürilen 20 milliard 632,5 million manatlyk senagat önümleriniň 10 milliard manatlyga golaýy hususy bölegiň paýyna düşýär. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda iş alyp barýan gurluşyk garyndy materiallaryny we gipskartonyny öndürýän kärhanasynyň hem mynasyp paýy bar. Bu ýerde önümçilige gerek bolan çig mallaryň agramly böleginiň Akdaş şäherçesiniň golaýyndaky tebigy känlerden alynmagy önümleriň bahasyna öz täsirini ýetirýär. Çig mallar taýýar haryt görnüşine getirilýänçä, edilýän işleriň ählisi kämil tehnologik enjamlarda amala aşyrylýar. Gurluşyk serişdeleri üçin zerur goşundylaryň belli bir bölegi bolsa Ispaniýa, Bolgariýa, Hytaý, Türkiýe ýaly döwletlerden getirilýär.

Ata Watanymyz Türkmenistan, bu gün, sözüň doly manysynda, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli desgalaryňdyr ymaratlaryň, täze-täze önümçilik düzümleriniň gurluşyklarynyň ýokary depginde alnyp barylýan mekanyna öwrüldi. Bu kärhananyň hünärmenleri hem öz taýýarlaýan serişdeleriniň şol gurluşyklarda giňden ulanylýandygyna çäksiz buýsanýarlar. Bu ýerdäki önümhanalarda, ammarlarda, sorujy desgada, ätiýaçlyk üçin ýörite gaplarda (rezerwuar), mehanizmleri abatlaýyş bölüminde işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Kärhanada hemişelik iş orunlary bilen üpjün edilen raýatlarymyzyň sany bolsa 40-dan hem geçýär.

— Hojalyk jemgyýetimiziň bu kärhanasynda önümçilik işleriniň ählisi diýen ýaly dolandyryş merkezinden kämil kompýuterler arkaly awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar. Bize gelip gowuşýan çig mallar hem, taýýar önümlerimiz hem zerur enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanada doly gözden geçirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, sarp edijilere hödürleýän gurluşyk serişdelerimiziň ýokary hilli bolmagyna, olaryň uly islegden peýdalanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gurulýan binalaryň ýokary hilli, netijeli zähmet çekmek, ýaşamak üçin amatly, ekologik taýdan howpsuz bolmagyny hemişe baş wezipe edip goýýar. Kärhanamyzyň bölümlerinde bitirilýän işleriň bu ynama mynasypdygyna buýsanýarys. Geçen ýyl ýokary hilli gurluşyk garyndy materiallarynyň 63 müň tonnasy we desgalaryňdyr ymaratlaryň içki gurluşynyň üçegasty hem-de diwar örtükleri üçin zerur bolan gipskartonynyň 4,5 million inedördül metri taýýarlanylyp, sarp edijilerden gelip gowşan sargytlar doly berjaý edildi. Önümçiligiň ösüş depgini bolsa 120 göterime çenli ýokarlandyryldy.

Taýýarlaýan gurluşyk serişdelerimizi Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan ýaly döwletler hem uly isleg bilen satyn alýarlar. Gurluşyk serişdelerini taýýarlamak üçin zerur çig mallaryň ählisiniň diýen ýaly Balkan welaýatynyň çäklerinden alynýandygyny hem aýratyn nygtamaly. Bu bolsa öndürýän önümlerimiziň özüne düşýän bahasyny peseltmäge, wagty tygşytlamaga oňyn täsirini ýetirýär — diýip, kärhananyň ýolbaşçysy Döwlet Annagulyýew buýsanç bilen aýdýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.

«Türkmenistan».

24.01.2024
Amatly şertleriň aýdyň netijeleri

Täze taryhy döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösüşini işjeňleşdirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň hususy telekeçilik düzümleri tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümleriň täze görnüşleri özleşdirilýär. Häzirki döwürde milli kärhanalar tarapyndan öndürilýän ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply harytlaryň möçberleridir görnüşleri barha artýar. Bu bolsa ýurduň jemi içerki önüminiň düzüminde döwlete dahylsyz bölegiň paýynyň artmagyny şertlendirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda jemi içerki önümiň düzüminde döwlete dahylsyz bölegiň paýy 70 göterimden geçýär.

Döwletimiz kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň täze hukuk esaslarynyň döredilmegine-de uly ähmiýet berýär. «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi, «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz sebit we ählumumy ýagdaýlaryň üýtgeýän şertlerini nazara alyp, Türkmenistanyň çeýe eksport syýasatynyň emele gelmegi üçin dünýä bazarlarynyň ulgamlaýyn derňelmeginiň möhümdigini yzygiderli nygtaýar. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz telekeçiligiň ösdürilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýoludygyny belleýär. Şeýlelikde, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ulgamynda uly ösüşlere ýetilýär. Munuň özi Watanymyzyň telekeçileriniň işleriniň ugurlaryny, ygtyýarlyklaryny giňeltdi, iri maýa goýum we döwlet taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaklaryny şertlendirdi. «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu ugurda döwlet kärhanalary bilen kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň hyzmatdaşlygy barha ösdürilýär. Bu günki gün türkmen telekeçileri ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzyň mineral-çig mal baýlyklaryny işläp taýýarlamakda, sanly ykdysadyýeti, elektron senagaty ösdürmekde geljegi uly taslamalary durmuşa geçirýär.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda: «Biz ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň dünýä bazarlarynda eýeleýän ornuny giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns berýäris. Täze bazarlary özleşdirmäge, bar bolanlaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýäris. Şunuň bilen birlikde, hususy ulgamyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, halkara bazarlara erkin bäsleşikli şertlerde çykmak, harytlaryň päsgelçiliksiz hereketini üpjün etmek üçin tagalla etmelidiris» diýen sözleri türkmen işewürlerini has-da netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda halkymyzyň eşretli durmuşy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda amala aşyrylýan beýik işlere mynasyp goşant goşmak uly hormatdyr.

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty.

20.01.2024
Ýetilen sepgitler täze üstünliklere ruhlandyrýar

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi we täze ýylyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň elimize gowuşmagy, onda beýik ykbalymyzyň üstünliklere beslenjek täze bir sahypasynyň many-mazmunynyň giňişleýin açylyp görkezilmegi uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň ýaşlara ynama we söýgä, Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasyna sarpa ýugrulmagy bagtyýar geljegimiz hakyndaky aladalar bilen baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, üstümizdäki ýylyň adynyň akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many bar. Magtymguly Pyragynyň eserlerine ornan döwletliligiň, söz we paýhas berekediniň, ylham-döredijiligi joşdurjak rysgal çeşmesiniň, tutuş barlyga, ýaşaýşa, ynsana mahsus gözellikleriň has kämil hem-de döwrebap röwüşde hasyl boljakdygynyň buşlugydyr.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şahsyýet kämilliginiň gözbaşydyr. Onuň paýhasy, giň dünýägaraýşy maşgala bagtyýarlygynyň, jemgyýetiň agzybirliginiň, döwlet berkararlygynyň çeşmesidir. «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyň mazmunyndan görnüşi ýaly, halkymyz, Watanymyz, döwletimiz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy biziň üçin ylham çeşmesi, üstünliklerimize badalgadyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de partiýasynyň agzasy bolan ýaşlaryň gazanan üstünlikleri-de beýan edilýär. Ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça alnyp barylýan işleriň geriminiň has-da giňeldilýändigi, ýaşlar parlamentarizmini ösdürmegiň, ýaşlary Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge çekmegiň çäklerinde, ýaşlar telekeçiligi ulgamynda öňdebaryjy tejribäniň öwrenilýändigi aýdylýar. Milli telekeçilik ulgamynda gelin-gyzlaryň alyp barýan işlerine aýratyn baha berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly üstünliklere beslendi. 2023-nji ýyl türkmen telekeçileriniň durmuşynda-da ýatdan çykmajak, şanly wakalara, hoş habarlara baý boldy. Ýeri gelende bellesek, ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahata hem-de köpugurly sergä Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary-da işjeň gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, hususyýetçileriň birnäçesi «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.

Geçen ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de maslahat ýokary derejede geçirildi. Soňky 15 ýylda telekeçileriň ýeten sepgitleri hususy pudagyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Partiýanyň agzalary ýurdumyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Kiçi we orta telekeçilik milli ykdysadyýetimiziň esasy üns merkezindäki ugurlaryň biri bolup, Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, iş üpjünçiliginde hususy pudaga möhüm orun degişlidir. Tamamlanan ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy, ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi aýratyn buýsandyryjydyr. Döwlet ähmiýetli şäheriň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, senagat desgalarynyň gurluşygyna-da uly ähmiýet berilýär. Bu ýerde ekologik talaplara doly laýyk gelýän önümçilikleri ýola goýmak, şol önümleri dünýä bazarlaryna eksporta ugratmak, müňlerçe adamy iş bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, bazar gatnaşyklary şertlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasaty alyp barmak, netijede, içerki bazary ýurdumyzda öndürilen önümler bilen doly üpjün etmek ýaly möhüm işler durmuşa geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegi bilen, üýtgedip gurmak gyşarnyksyz dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmaga ugur alyndy.

Şanly ýylda ýaş telekeçileri, ýaşlar kärhanalaryny höweslendirmek hem‑de goldamak boýunça giň gerimli işler amala aşyryldy. Ýaşlar kärhanalary üçin salgydyň bellenen möçberiniň işiniň birinji salgyt ýylynda 50 göterim, ikinji we üçünji salgyt ýyllarynda 25 göterim azaldylmagy, ýaşlar telekeçiligine degişli edilen ýaşlar üçin salgydyň bellenilen möçberiniň işiniň birinji salgyt ýylynda 50 göterim, ikinji we üçünji salgyt ýyllarynda 25 göterim azaldylmagy ýaşlar üçin döredilýän ýeňillikleriň kanunçylyk esasynda kepillendirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Döwlet syýasatynyň aňyýet esaslaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, gazanylýan üstünlikleriň, şeýle-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek boýunça işleri alyp barýarlar. Halkymyzy belent maksatlarda jebisleşdirip, ýurdumyzy röwşen geljege alyp barýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Saparmyrat OWGANOW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

17.01.2024
Azyk bolçulygy – saçaklaryň berekedi

Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bazarlarymyzy, toý saçaklarymyzy ýylyň bütin dowamynda özümizde öndürilen ter gök önümler bilen üpjün etmek baradaky görkezmelerinden ugur alyp, «Altyn — Nur Zamany» hususy kärhanasynyň zähmetsöýer işgärleri hem bu işe öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. Bu kärhanada zähmet çekýänleriň köpüsiniň ýaşlardygy has-da buýsandyryjydyr. Olaryň ählisi diýen ýaly Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işjeň agzalary.

Ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň döredijilikli hem-de yhlasly işleri netijesinde öňler bazarlarda we söwda nokatlarynda ildeşlerimize diňe möwsümleýin ýetirilýän azyk önümleriniň ýylyň bütin dowamynda elýeterli bolmagy azyk bolçulygynyň nyşanydyr. Mysal üçin, tebigatyň peşgeşi, nygmaty bolan kömelekler diňe ýaz paslyna mahsus bolan ýokumly azyk önümi. Emma, häzirki wagtda bu önümi ter görnüşinde gyş paslynda hem bazarlardan satyn alyp bolýandygy geň däl.

Çünki biziň gürrüňini edýän kärhanamyzda kömelekleriň birnäçe görnüşini ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhananyň işe girizilmegi bilen, obaly ýaşlaryň onlarçasyna iş orunlary hem döredildi. Ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän kömelek hasyly terligi bilen Balkanabat şäheriniň ilatyna ýetirilýär.

Bu hususy kärhanada günüň dowamynda 300 kilogramdan gowrak ter kömelek, 2 müňden gowrak çüýşe gapda gaplanan marinadly gelin kömelegi öndürilýär. Kärhana degişli bolan mellek ýerlerde ýetişdirilen gök-bakja we miwe önümlerinden 4 müň sany 0,5 litr sygymly çüýşe gaplarda gaplanan şerbetler, 4 müň sany 480 gram sygymly çüýşe gaplarda gaplanan mürepbeler hem söwda nokatlaryna ugradylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýän gök önümler bilen üpjün etmek babatdaky talaplaryna laýyk işleriň buýsançly netijeleridir.

Halkymyz hakynda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Näzbibi KUBAÝEWA,

TAP-nyň Balkan welaýat komitetiniň baş hünärmeni.

25.12.2023
Ilatyň täze ýyl saçagyna

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutjak önümleri öndürýän döwrebap desgalary gurmak, şol bir wagtyň özünde-de azyk önümleriniň öndürilişini ep-esli artdyrmak, artyk bölegini eksport etmek ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Şu jähetden hem kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, işewürlere amatly şertleriň döredilmegi öňde goýlan maksatlaryň barha rowaçlanmagyna ýardam berýär.

Ýurdumyzyň gündogar sebitinde-de hususy önümçilikleriň gerimi barha giňelýär. Dürli önümler bilen birlikde gök-bakja önümlerini öndürýän ýyladyşhanalaryň işleri bolsa aýratyn öwgä mynasypdyr. Olarda zähmet çekýän işçi-hünärmenler tamamlanyp barýan ýyly uly üstünlikli jemlemek ugrunda tagalla edýärler. Ýyladyşhana şertlerinde gök we bakja önümlerini öndürmekde welaýatyň Çärjew etrabynyň çäginde hereket edýän «Altyn Bürgüt» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanalar toplumy hem iri hususy önümçilikleriň hatarynda tanalýar. Bu toplum alty bölekden ybarat bolup, 8,5 gektar meýdany tutýar. Onda işleýänleriň üstünlikli zähmet çekmegi, dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini bellemek gerek.

Ýyladyşhanada indi ençeme ýyldan bäri pomidoryň bol hasyly ýetişdirilip gelinýär. Bu işlerde ýaşlaryň ýüzlerçesi zähmet çekýär. Önümçilik dolulygyna innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen. Pomidor nahallaryny iýmitlendirmek, howa çalşygy, ýylylyk ulgamy doly awtomatlaşdyrylan usuldadyr. Bular hünärmenler tarapyndan kompýuterleriň üsti bilen gözegçilikde saklanylýar. Pomidorlaryň dürli kesellere garşy durnuklylygyny we tagamlylygyny gazanmak ugrunda-da tagalla edilýär. Bu ýerde pomidoryň morwelans, makseza, furioza, perimos, martinik ýaly görnüşleriniň bol hasyly ýetişdirilip, bu önümler görnüşi, tagamlylygy hem-de uzak aralyga daşamaga ýaramlylygy bilen tapawutlanýar. Önümçiligiň ähli tapgyrlary ylmy esasda alnyp barylýar. Pomidorlar güllän döwründe olary tozanlandyrmak işi hem ýörite işçi arylaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Bu bolsa hasylyň deň ululykda, bol kemala gelmegine ýardam edýär.

Ýyladyşhanada hasyl ýygnamaga noýabr aýyndan başlanyp, bu iş tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Pomidor nahallarynyň her biri ortaça 15 — 20 kilogram hasyl berýär. Her ýylda ýyladyşhanalar toplumy boýunça 2 müň tonnadan gowrak hasyl alynýar. Alnan hasylyň bir bölegi Russiýa, Gazagystan ýaly ýurtlara eksport edilýär.

Önüm öndürilişini yzygiderli ýokarlandyrmagy maksat edinýän «Altyn Bürgüdiň» agzybir işçi-hünärmenleri döredilýän giň mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza alkyş aýdýarlar.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,

žurnalist.

20.12.2023
Içerki we daşarky bazarlarda islegli

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we oňa dahylsyz pudagy ösdürmek möhüm ugur bolup orta çykýar. Ykdysady özgertmelerde telekeçiligiň ähmiýetli orny bar. Türkmen telekeçileri bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar. Içerki hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, dünýä ülňülerine laýyk gelýän harytlaryň öndürilişi barha artýar. Önümçilige täze tehnologiýalar batyrgaý ornaşdyrylyp, önümleriň görnüşleri giňeldilýär. Bazar bolçulygyny döretmäge önjeýli goşant goşýan hojalyk jemgyýetleriniň biri-de «Ak ýaprakdyr». Golaýda bu hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Merdan MÄMMETSÄHEDOW bilen söhbetdeş bolduk. 

                                                                   

 — Merdan, bagtyýar halkymyz milli Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýuny uly dabaralar bilen belledi. Toý-baýramy sowgatly garşylamak indi asylly däbe öwrüldi. Bu işlerde türkmen işewürleriniň mynasyp paýy bar. Hojalyk jemgyýetiňiziň alyp barýan işleri dogrusynda gürrüň beräýseňiz! 

                                                                   

— Döwlet Baştutanymyzyň «Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzyň ösüşine goşýan mynasyp goşantlary, gazanýan üstünlikleri bizi buýsandyrýar» diýen sözleri biz — telekeçileri täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar, has-da gujurly işlemäge borçly edýär. Soňky döwürde telekeçiligi ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirildi. Salgyt we maliýe ulgamlarynda telekeçileriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilendigini-de aýtmak gerek. Hojalyk jemgyýetimiz bazar bolçulygynyň üpjün edilmegine, milli ykdysadyýetiň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşup gelýär. Bäherden etrabynyň Sünçe obasynda miwe we bakja ekin önümleriniň şiresini öndürýän kärhanany bina etdik. 5 gektar meýdany tutýan kärhanada önümleriň hiliniň ýokary bolmagy üçin iň kämil, döwrebap enjamlary oturtdyk. Anyk aýtsam, olar Şwesiýanyň «Tetra Pak» we Türkiýäniň «Naturaelsu» kompaniýalarynyň tehnologik enjamlarydyr. Olaryň iş öndürijiligi juda ýokary.  

                                                                   

 — Önümleriňiz barada durup geçäýseňiz... 

                                                                   

— Häzirki wagtda miwe şireleriniň ýedi görnüşini alyjylara hödürleýäris. Alma, ülje, şetdaly, pyrtykal, multifrukt-tropik, gara smorodina, multifrukt-ir-iýmiş şirelerini «7 gün» haryt nyşanly gaplara gaplaýarys. Pomidoryň şiresinem öndürýäris. Önümleri 1 litrlik gaplarda söwda nokatlaryna ugradýarys. 

                                                                   

Kärhananyň miwe şirelerini öndürmekdäki kuwwaty sagatda 8000 litre barabardyr. «Içäý» haryt nyşanly gara we gök sowuk çaýlar hem bize degişli. Mohita, pina-kola, gyzyl ir-iýmiş içgileriniň önümçiligini-de ýola goýduk. Olar 0,33 litrlik gaplara gaplanýar. Bu içgileriň sagatda 9 müňüsi çykarylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda täze önümlerimizi-de halka hödürläp başladyk. Olar alma, limon, narpyz tagamly suwlardyr. Datly önümlerimiz baýramçylyk saçaklarymyzy bezedi. 

                                                                   

 — Dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleriňiziň hili-de ýokary eken. 

                                                                   

— Içgilerimiz hil babatda daşary ýurtlardan getirilýän şirelerden kem däl. Ýurdumyzda öndürilýän şol şirelere isleg barha artýar. Alyjylaryň islegini kanagatlandyrmak, bazar bolçulygyna mynasyp goşant goşmak maksady bilen, içgileriň mukdaryny artdyrmagy, görnüşini köpeltmegi meýilleşdirýäris. 

                                                                   

Häzirki wagtda taýýar önümlerimizi ýurdumyzyň ähli söwda nokatlaryndan, dükanlaryndan elýeter nyrhdan satyn alyp bolýar. Buýurmalar esasynda eltip hem berýäris. Munuň üçin hojalyk jemgyýetimizde 14 sany awtoulagymyz bar. Olaryň kömegi bilen ekologiýa taýdan arassa önümlerimizi söwda nokatlaryna ugradýarys. Bäherdende-de ýörite dükanymyzyň bardygyny belläsim gelýär. 

                                                                   

 — Önümçilikde zähmet çekýän hünärmenleriň başarjaňlygyna köp zat bagly bolsa gerek?! 

                                                                   

— Önümçilik awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Hünärmenlerimiz kompýuterlere, innowasion tehnologiýalara başarjaňlyk bilen erk edýärler. Häzir hojalyk jemgyýetimizde hünärmenleriň 100-e golaýy zähmet çekýär. Olaryň aglabasy ýaşlardyr. Kärhananyň çäginde işgärleriň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler bar. Ýörite naharhanamyz, ýaşamak üçin niýetlenilen jaý işgärlerimiziň hyzmatynda. Lukmançylyk otagynyň gapysy elmydama açyk. Barlaghana-da hereket edýär. Ol ýerde önümleriň hili gözden geçirilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümlerimiz bilen halkymyzy mundan beýläk-de begendirip durarys. Saçaklaryň naz-nygmatynyň bol bolmagyna önjeýli goşandymyzy goşarys. 

                                                                                                           

Söhbetdeş bolan Akmyrat NURALYÝEW.

                       

«Türkmenistan».

09.10.2023