Ýetilen sepgitler täze üstünliklere ruhlandyrýar

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi we täze ýylyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň elimize gowuşmagy, onda beýik ykbalymyzyň üstünliklere beslenjek täze bir sahypasynyň many-mazmunynyň giňişleýin açylyp görkezilmegi uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň ýaşlara ynama we söýgä, Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasyna sarpa ýugrulmagy bagtyýar geljegimiz hakyndaky aladalar bilen baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, üstümizdäki ýylyň adynyň akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many bar. Magtymguly Pyragynyň eserlerine ornan döwletliligiň, söz we paýhas berekediniň, ylham-döredijiligi joşdurjak rysgal çeşmesiniň, tutuş barlyga, ýaşaýşa, ynsana mahsus gözellikleriň has kämil hem-de döwrebap röwüşde hasyl boljakdygynyň buşlugydyr.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şahsyýet kämilliginiň gözbaşydyr. Onuň paýhasy, giň dünýägaraýşy maşgala bagtyýarlygynyň, jemgyýetiň agzybirliginiň, döwlet berkararlygynyň çeşmesidir. «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyň mazmunyndan görnüşi ýaly, halkymyz, Watanymyz, döwletimiz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy biziň üçin ylham çeşmesi, üstünliklerimize badalgadyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de partiýasynyň agzasy bolan ýaşlaryň gazanan üstünlikleri-de beýan edilýär. Ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça alnyp barylýan işleriň geriminiň has-da giňeldilýändigi, ýaşlar parlamentarizmini ösdürmegiň, ýaşlary Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge çekmegiň çäklerinde, ýaşlar telekeçiligi ulgamynda öňdebaryjy tejribäniň öwrenilýändigi aýdylýar. Milli telekeçilik ulgamynda gelin-gyzlaryň alyp barýan işlerine aýratyn baha berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly üstünliklere beslendi. 2023-nji ýyl türkmen telekeçileriniň durmuşynda-da ýatdan çykmajak, şanly wakalara, hoş habarlara baý boldy. Ýeri gelende bellesek, ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahata hem-de köpugurly sergä Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary-da işjeň gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, hususyýetçileriň birnäçesi «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.

Geçen ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de maslahat ýokary derejede geçirildi. Soňky 15 ýylda telekeçileriň ýeten sepgitleri hususy pudagyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Partiýanyň agzalary ýurdumyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Kiçi we orta telekeçilik milli ykdysadyýetimiziň esasy üns merkezindäki ugurlaryň biri bolup, Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, iş üpjünçiliginde hususy pudaga möhüm orun degişlidir. Tamamlanan ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy, ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi aýratyn buýsandyryjydyr. Döwlet ähmiýetli şäheriň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, senagat desgalarynyň gurluşygyna-da uly ähmiýet berilýär. Bu ýerde ekologik talaplara doly laýyk gelýän önümçilikleri ýola goýmak, şol önümleri dünýä bazarlaryna eksporta ugratmak, müňlerçe adamy iş bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, bazar gatnaşyklary şertlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasaty alyp barmak, netijede, içerki bazary ýurdumyzda öndürilen önümler bilen doly üpjün etmek ýaly möhüm işler durmuşa geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegi bilen, üýtgedip gurmak gyşarnyksyz dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmaga ugur alyndy.

Şanly ýylda ýaş telekeçileri, ýaşlar kärhanalaryny höweslendirmek hem‑de goldamak boýunça giň gerimli işler amala aşyryldy. Ýaşlar kärhanalary üçin salgydyň bellenen möçberiniň işiniň birinji salgyt ýylynda 50 göterim, ikinji we üçünji salgyt ýyllarynda 25 göterim azaldylmagy, ýaşlar telekeçiligine degişli edilen ýaşlar üçin salgydyň bellenilen möçberiniň işiniň birinji salgyt ýylynda 50 göterim, ikinji we üçünji salgyt ýyllarynda 25 göterim azaldylmagy ýaşlar üçin döredilýän ýeňillikleriň kanunçylyk esasynda kepillendirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Döwlet syýasatynyň aňyýet esaslaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, gazanylýan üstünlikleriň, şeýle-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek boýunça işleri alyp barýarlar. Halkymyzy belent maksatlarda jebisleşdirip, ýurdumyzy röwşen geljege alyp barýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Saparmyrat OWGANOW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.