Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutjak önümleri öndürýän döwrebap desgalary gurmak, şol bir wagtyň özünde-de azyk önümleriniň öndürilişini ep-esli artdyrmak, artyk bölegini eksport etmek ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Şu jähetden hem kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, işewürlere amatly şertleriň döredilmegi öňde goýlan maksatlaryň barha rowaçlanmagyna ýardam berýär.
Ýurdumyzyň gündogar sebitinde-de hususy önümçilikleriň gerimi barha giňelýär. Dürli önümler bilen birlikde gök-bakja önümlerini öndürýän ýyladyşhanalaryň işleri bolsa aýratyn öwgä mynasypdyr. Olarda zähmet çekýän işçi-hünärmenler tamamlanyp barýan ýyly uly üstünlikli jemlemek ugrunda tagalla edýärler. Ýyladyşhana şertlerinde gök we bakja önümlerini öndürmekde welaýatyň Çärjew etrabynyň çäginde hereket edýän «Altyn Bürgüt» hususy kärhanasynyň ýyladyşhanalar toplumy hem iri hususy önümçilikleriň hatarynda tanalýar. Bu toplum alty bölekden ybarat bolup, 8,5 gektar meýdany tutýar. Onda işleýänleriň üstünlikli zähmet çekmegi, dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini bellemek gerek.
Ýyladyşhanada indi ençeme ýyldan bäri pomidoryň bol hasyly ýetişdirilip gelinýär. Bu işlerde ýaşlaryň ýüzlerçesi zähmet çekýär. Önümçilik dolulygyna innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen. Pomidor nahallaryny iýmitlendirmek, howa çalşygy, ýylylyk ulgamy doly awtomatlaşdyrylan usuldadyr. Bular hünärmenler tarapyndan kompýuterleriň üsti bilen gözegçilikde saklanylýar. Pomidorlaryň dürli kesellere garşy durnuklylygyny we tagamlylygyny gazanmak ugrunda-da tagalla edilýär. Bu ýerde pomidoryň morwelans, makseza, furioza, perimos, martinik ýaly görnüşleriniň bol hasyly ýetişdirilip, bu önümler görnüşi, tagamlylygy hem-de uzak aralyga daşamaga ýaramlylygy bilen tapawutlanýar. Önümçiligiň ähli tapgyrlary ylmy esasda alnyp barylýar. Pomidorlar güllän döwründe olary tozanlandyrmak işi hem ýörite işçi arylaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Bu bolsa hasylyň deň ululykda, bol kemala gelmegine ýardam edýär.
Ýyladyşhanada hasyl ýygnamaga noýabr aýyndan başlanyp, bu iş tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Pomidor nahallarynyň her biri ortaça 15 — 20 kilogram hasyl berýär. Her ýylda ýyladyşhanalar toplumy boýunça 2 müň tonnadan gowrak hasyl alynýar. Alnan hasylyň bir bölegi Russiýa, Gazagystan ýaly ýurtlara eksport edilýär.
Önüm öndürilişini yzygiderli ýokarlandyrmagy maksat edinýän «Altyn Bürgüdiň» agzybir işçi-hünärmenleri döredilýän giň mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza alkyş aýdýarlar.
Atanyýaz HANGELDIÝEW,
žurnalist.