Içerki we daşarky bazarlarda islegli

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we oňa dahylsyz pudagy ösdürmek möhüm ugur bolup orta çykýar. Ykdysady özgertmelerde telekeçiligiň ähmiýetli orny bar. Türkmen telekeçileri bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar. Içerki hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, dünýä ülňülerine laýyk gelýän harytlaryň öndürilişi barha artýar. Önümçilige täze tehnologiýalar batyrgaý ornaşdyrylyp, önümleriň görnüşleri giňeldilýär. Bazar bolçulygyny döretmäge önjeýli goşant goşýan hojalyk jemgyýetleriniň biri-de «Ak ýaprakdyr». Golaýda bu hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Merdan MÄMMETSÄHEDOW bilen söhbetdeş bolduk. 

                                                                   

 — Merdan, bagtyýar halkymyz milli Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýuny uly dabaralar bilen belledi. Toý-baýramy sowgatly garşylamak indi asylly däbe öwrüldi. Bu işlerde türkmen işewürleriniň mynasyp paýy bar. Hojalyk jemgyýetiňiziň alyp barýan işleri dogrusynda gürrüň beräýseňiz! 

                                                                   

— Döwlet Baştutanymyzyň «Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzyň ösüşine goşýan mynasyp goşantlary, gazanýan üstünlikleri bizi buýsandyrýar» diýen sözleri biz — telekeçileri täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar, has-da gujurly işlemäge borçly edýär. Soňky döwürde telekeçiligi ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirildi. Salgyt we maliýe ulgamlarynda telekeçileriň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilendigini-de aýtmak gerek. Hojalyk jemgyýetimiz bazar bolçulygynyň üpjün edilmegine, milli ykdysadyýetiň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşup gelýär. Bäherden etrabynyň Sünçe obasynda miwe we bakja ekin önümleriniň şiresini öndürýän kärhanany bina etdik. 5 gektar meýdany tutýan kärhanada önümleriň hiliniň ýokary bolmagy üçin iň kämil, döwrebap enjamlary oturtdyk. Anyk aýtsam, olar Şwesiýanyň «Tetra Pak» we Türkiýäniň «Naturaelsu» kompaniýalarynyň tehnologik enjamlarydyr. Olaryň iş öndürijiligi juda ýokary.  

                                                                   

 — Önümleriňiz barada durup geçäýseňiz... 

                                                                   

— Häzirki wagtda miwe şireleriniň ýedi görnüşini alyjylara hödürleýäris. Alma, ülje, şetdaly, pyrtykal, multifrukt-tropik, gara smorodina, multifrukt-ir-iýmiş şirelerini «7 gün» haryt nyşanly gaplara gaplaýarys. Pomidoryň şiresinem öndürýäris. Önümleri 1 litrlik gaplarda söwda nokatlaryna ugradýarys. 

                                                                   

Kärhananyň miwe şirelerini öndürmekdäki kuwwaty sagatda 8000 litre barabardyr. «Içäý» haryt nyşanly gara we gök sowuk çaýlar hem bize degişli. Mohita, pina-kola, gyzyl ir-iýmiş içgileriniň önümçiligini-de ýola goýduk. Olar 0,33 litrlik gaplara gaplanýar. Bu içgileriň sagatda 9 müňüsi çykarylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda täze önümlerimizi-de halka hödürläp başladyk. Olar alma, limon, narpyz tagamly suwlardyr. Datly önümlerimiz baýramçylyk saçaklarymyzy bezedi. 

                                                                   

 — Dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleriňiziň hili-de ýokary eken. 

                                                                   

— Içgilerimiz hil babatda daşary ýurtlardan getirilýän şirelerden kem däl. Ýurdumyzda öndürilýän şol şirelere isleg barha artýar. Alyjylaryň islegini kanagatlandyrmak, bazar bolçulygyna mynasyp goşant goşmak maksady bilen, içgileriň mukdaryny artdyrmagy, görnüşini köpeltmegi meýilleşdirýäris. 

                                                                   

Häzirki wagtda taýýar önümlerimizi ýurdumyzyň ähli söwda nokatlaryndan, dükanlaryndan elýeter nyrhdan satyn alyp bolýar. Buýurmalar esasynda eltip hem berýäris. Munuň üçin hojalyk jemgyýetimizde 14 sany awtoulagymyz bar. Olaryň kömegi bilen ekologiýa taýdan arassa önümlerimizi söwda nokatlaryna ugradýarys. Bäherdende-de ýörite dükanymyzyň bardygyny belläsim gelýär. 

                                                                   

 — Önümçilikde zähmet çekýän hünärmenleriň başarjaňlygyna köp zat bagly bolsa gerek?! 

                                                                   

— Önümçilik awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Hünärmenlerimiz kompýuterlere, innowasion tehnologiýalara başarjaňlyk bilen erk edýärler. Häzir hojalyk jemgyýetimizde hünärmenleriň 100-e golaýy zähmet çekýär. Olaryň aglabasy ýaşlardyr. Kärhananyň çäginde işgärleriň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler bar. Ýörite naharhanamyz, ýaşamak üçin niýetlenilen jaý işgärlerimiziň hyzmatynda. Lukmançylyk otagynyň gapysy elmydama açyk. Barlaghana-da hereket edýär. Ol ýerde önümleriň hili gözden geçirilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümlerimiz bilen halkymyzy mundan beýläk-de begendirip durarys. Saçaklaryň naz-nygmatynyň bol bolmagyna önjeýli goşandymyzy goşarys. 

                                                                                                           

Söhbetdeş bolan Akmyrat NURALYÝEW.

                       

«Türkmenistan».