Islegli senagat önümleri

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpgöter gowulandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu maksadyň üstünlikli amala aşyrylmagyna türkmen telekeçileri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda tutuş Balkan welaýaty boýunça öndürilen senagat önümleriniň deň ýaryna golaýynyň hususy eýeçilikdäki kärhanalar tarapyndan taýýarlanylyp, gazanylan ösüş depgininiň 142 göterimden geçirilmegi-de muny doly tassyklaýar.

Has takygy, geçen ýylda günbatar sebitde öndürilen 20 milliard 632,5 million manatlyk senagat önümleriniň 10 milliard manatlyga golaýy hususy bölegiň paýyna düşýär. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda iş alyp barýan gurluşyk garyndy materiallaryny we gipskartonyny öndürýän kärhanasynyň hem mynasyp paýy bar. Bu ýerde önümçilige gerek bolan çig mallaryň agramly böleginiň Akdaş şäherçesiniň golaýyndaky tebigy känlerden alynmagy önümleriň bahasyna öz täsirini ýetirýär. Çig mallar taýýar haryt görnüşine getirilýänçä, edilýän işleriň ählisi kämil tehnologik enjamlarda amala aşyrylýar. Gurluşyk serişdeleri üçin zerur goşundylaryň belli bir bölegi bolsa Ispaniýa, Bolgariýa, Hytaý, Türkiýe ýaly döwletlerden getirilýär.

Ata Watanymyz Türkmenistan, bu gün, sözüň doly manysynda, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli desgalaryňdyr ymaratlaryň, täze-täze önümçilik düzümleriniň gurluşyklarynyň ýokary depginde alnyp barylýan mekanyna öwrüldi. Bu kärhananyň hünärmenleri hem öz taýýarlaýan serişdeleriniň şol gurluşyklarda giňden ulanylýandygyna çäksiz buýsanýarlar. Bu ýerdäki önümhanalarda, ammarlarda, sorujy desgada, ätiýaçlyk üçin ýörite gaplarda (rezerwuar), mehanizmleri abatlaýyş bölüminde işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Kärhanada hemişelik iş orunlary bilen üpjün edilen raýatlarymyzyň sany bolsa 40-dan hem geçýär.

— Hojalyk jemgyýetimiziň bu kärhanasynda önümçilik işleriniň ählisi diýen ýaly dolandyryş merkezinden kämil kompýuterler arkaly awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar. Bize gelip gowuşýan çig mallar hem, taýýar önümlerimiz hem zerur enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanada doly gözden geçirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, sarp edijilere hödürleýän gurluşyk serişdelerimiziň ýokary hilli bolmagyna, olaryň uly islegden peýdalanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gurulýan binalaryň ýokary hilli, netijeli zähmet çekmek, ýaşamak üçin amatly, ekologik taýdan howpsuz bolmagyny hemişe baş wezipe edip goýýar. Kärhanamyzyň bölümlerinde bitirilýän işleriň bu ynama mynasypdygyna buýsanýarys. Geçen ýyl ýokary hilli gurluşyk garyndy materiallarynyň 63 müň tonnasy we desgalaryňdyr ymaratlaryň içki gurluşynyň üçegasty hem-de diwar örtükleri üçin zerur bolan gipskartonynyň 4,5 million inedördül metri taýýarlanylyp, sarp edijilerden gelip gowşan sargytlar doly berjaý edildi. Önümçiligiň ösüş depgini bolsa 120 göterime çenli ýokarlandyryldy.

Taýýarlaýan gurluşyk serişdelerimizi Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan ýaly döwletler hem uly isleg bilen satyn alýarlar. Gurluşyk serişdelerini taýýarlamak üçin zerur çig mallaryň ählisiniň diýen ýaly Balkan welaýatynyň çäklerinden alynýandygyny hem aýratyn nygtamaly. Bu bolsa öndürýän önümlerimiziň özüne düşýän bahasyny peseltmäge, wagty tygşytlamaga oňyn täsirini ýetirýär — diýip, kärhananyň ýolbaşçysy Döwlet Annagulyýew buýsanç bilen aýdýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.

«Türkmenistan».